14:28
Salang köteli

SALANG KÖTELI

Kyrk iki ýaş, golumda-da awtomat,
Bilimde-de ýüz ýigrimi okum bar.
Salang köteli...
Ömri ortalap ~
Atmaga-da, atylmaga hakym bar...

Ýagşy günleñ erbet düýşleri ýaly,
Hakym bar guduzlap, oka tutmaga.
Silleriñ getiren daşlary ýaly
Honda ~ gury hanalarda ýatmaga.

Buýruk bolar, senem eñip ýörensiñ,
Sowuk alyp barýar ~ gar bolsa dyzdan.
Meger, didiwana münüp ýörensiñ,
Aýdan aýdymlaryñ galandyr yzda...

Atly şahyrmyñ sen, ýa daýhan ~ des-deñ,
Öñünde ajalyñ hem ganym gülläñ.
Şahyr, bäbek hemem bigünä esger ~
Kabulhanasynda deñmişin Allañ...

Olar diñlenermiş, arzy-hallary ~
Tañryñ ýazuw depderine girermiş.
Bagry gan öýdürip, geçen ýollary
Şahyr kalba nurlar bolup inermiş.

Onsoñ olañ gözlerine ilende,
Garaja gyrnaklar peri bolarmyş!
Aýyp oña kesek atmak ilinde ~
Mysaly Was ýaly ýeri bolarmyş!

Munda ýeke gülle paýy ~ ýalanyñ,
Ýetdigi gidiber ~ agy bolmaýar.
Kötellerden geçmedikleñ ~ ynanyñ,
Arka diremäge dagy bolmaýar!

Baýram JÜTDIÝEW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 352 | Добавил: Нawеran | Теги: Baýram Jütdiýew | Рейтинг: 4.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Watan mähri / Goşgular - 09.01.2021
Dag çekýän / Goşgular - 13.03.2021
Eşidipdim gurduň ykbaly hakda... / Goşgular - 10.02.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Dostluk we söýgi / Goşgular - 09.03.2021
Derwüşe / Goşgular - 20.02.2021
Ejeme / Goşgular - 03.02.2021
Dagy böwsüp çykan gül / Goşgular - 07.04.2021
Ýodajyk / Goşgular - 08.02.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]