02:54
"Salam, meň gülli dünýäm..."
"SALAM, MEŇ GÜLLI DÜNÝÄM!"

Salam, meň gülli dünýäm!
Salam, tesbih dänelerim
Noýbalarym!
Siziň ýanyňyza geldim
öýden.
Öýde basyp aldy şygyr leşgeri.
Men bir çabyt tikindim
on iki süňňi keşdeli.
Geldim ýanyňyza ýörite
çabydymam ütükläp,
ýöne siz oň aýryp beriň keşdesin,
bozup beriň ütügini,
ah, size ýetdim men ahyrky demde,
ölsem, şu - soňky sargydym:

Noýbalardan - monjugym,
Güllerden - çabydym,
Otlardan - tabydym,
Giň mazarym welin,
Şygyrdan bolsun!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 84 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.6/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Рикша / Goşgular - 11.01.2022
Waspnama / Goşgular - 16.01.2022
Sen gelýäň... / Goşgular - 12.01.2022
Gutlaglar / Goşgular - 19.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
Ýüregimiň zary / Goşgular - 23.01.2022
Исповедь / Goşgular - 24.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022
Боль Вьетнама / Goşgular - 11.01.2022
Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
Dünýäňi, ýeke-täk dünýäňi 99 däneli tesbih dänelerine deňemek…. ters ýalam welin….
dünýä - günlerden, pursatlardan… ybarat bolany üçin deňeseňem boljak ýaly tesbih dänelerine…
—-
Ýöne, ol 12 süňňi keşdeli, ütükli çabydyň keşdesini sökdürip, ütügini bozduruşyňy original gördüm…
Berekella.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]