08:22
Saklanyp galan pursatlar
SAKLANYP GALAN PURSATLAR

Söýgüli gazetimiziň okyjylaryny tanyşdyrmak isleýän suratym indi elli ýyldan gowrak wagt bäri biziň maşgalamyzda saklanylýar. Kakam Derýaguly Baýramgulyýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda mugallym bolup işledi.
Ol şahyr Gurbannazar Ezizow hem-de kompozitor Nury Halmämmedow bilen dost eken. 1970-nji ýylyň ýaz günleriniň birinde ol öz dostlary bilen şähere gezelenç edipdir. Şonda olara belli heýkeltaraş Jumadurdy Jumadurdyýew bilen asly bäherdenli Şygryýetiň hem aýdym-sazyň çyn muşdagy bolan Aýnazar Işangulyýew duşupdyr. Tötänleýin bolan duşuşykda olar bile surata düşüpdirler.

Merjen BAÝRAMGULYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň Daşary ýurt dilleri kafedrasynyň iňlis dili mugallymy.

Suratda: (çepden) Gurbannazar Ezizow, Derýaguly Baýramgulyýew, Aýnazar
Işangulyýew, Juma Jumadurdyýew we Nury Halmämmedow, 1970-nji ýylyň maý aýy.

© “Edebiýat we sungat” gazeti, 2022-nji ýylyň 13-nji maýy. 4-nji sahypa.

Makalaň çapa çykan ýyly: 13.05.2022 ýyl
Makalaň WEB çeşmesi
Makalaň metbugat çeşmesi: “Edebiýat we sungat” gazeti

Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 86 | Добавил: Bagabat | Теги: Merjen Baýramgulyýewa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]