16:31
Şahyryň monology
ŞAHYRYŇ MONOLOGY

Aýdylmadyk syrym galdy jigerde,
Aýdylmadyk şygrym galdy jigerde,
Sokur boldy didäm – ýaşyndan jyda,
Hijran boldy bijäm – ýarymdan jyda,
Zybanym şel açdy – diýsem ysmady.
Dergähiňde günäm näme, eý, Huda,
Berer ýaly maňa beýle kysmaty?!
Kapasda pelesaň urýan wagşy deý
Örtendi ýüregim panyň ejrinden,
Örtendi ýüregim panyň hijrinden.
Bu jahanda serden jyda sergezdan,
Agtardym – tapmadym dünýä aýlanyp.
Iki gerçek gardaşymdan aýryldym,
Iki gözmüň garasyndan aýryldym,
Wysal ýok, pelegi aldy aýralyk.
Är tapmadym baryp gulluk ederge,
Ýol tapmadym başym alyp giderge,
Bagrym başa berip, kalbym dildirdim.
Didäm ýaşa berip, urunyp her ýan
Hem agladym,
Hem özümi diňdirdim.
Hakyň hatyryna gorkmadym hakdan,
Ajal möhür basaýmasa dahanma.
Ýok!
Matlaply ýaşap bolmajak eken,
Aslynda bimatlap gurlan jahanda.
Dünýä gezdi ömrüm berip pidaýa,
Gamym iýip, bagrym ýaşyn içdim men.
Hem Hudaýa elin seren gedaýa
Iň soňky teňňämi berip geçdim men.
Men jahandan agtarmadym dünýäni,
Men jahandan agtarmadym altyny.
Men zeminiň soňsuz ýollaryn söküp,
Agtardym öz dargap giden halkymy.
Ýandym,
ýakyp bilmän dünýäniň tümün,
Ýandym,
ýyldyp bilmän dünýäň ýüregin.
Gygyrdym,
bolmady sesimi eşden,
Oýanyň,
oýanyň ykbaly keçlem!
Türkmenim!
Seniň bedewiň bar göwne ýeterge,
Seniň dutaryň bar baýram ederge.
Kimdigiňe gözüň ýeterdi seniň
Yzyňa bir ser salsadyň eger-de.
Başyňyzda paýhasyňyz jem bolsun,
Kuwwatyňyz jem bolsun bir göwrede.
«Bir suprada eda bolup aşyňyz»,
Binýat guruň mizemez bir döwlete.

Nobatguly REJEBOW




Категория: Goşgular | Просмотров: 94 | Добавил: mango | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gybat / Goşgular - 26.02.2021
Umman kartinasy / Goşgular - 16.02.2021
Gizlin / Goşgular - 19.03.2021
Gaýrat gerekdir / Goşgular - 22.02.2021
Guşjagazym / Goşgular - 16.03.2021
Derýam / Goşgular - 02.06.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Вчера ещё в глаза глядел / Goşgular - 04.04.2021
Talantlar / Goşgular - 01.03.2021
Huşsuz nazarym / Goşgular - 12.02.2021



Всего комментариев: 9
0
8 mango   [Материал]
serdar daýy...
bir surata gabat geldim.
edil şol jokrama güneşe gara-ört bolup ygyp ýören zyýaratçy-ykmanda-sergezdanlary ýada salyp gitdi....
şu ýerde:
https://allpainters.ru/wp-cont....key.jpg
suratçy: Жан Дюбюффе
stil: Ар брют

0
9 Bagabat   [Материал]
Aý, men-ä şuň ýaly goşa dyrnakdaky "sungaty"-"žiwopisi" düýbünden kabul edip bilemok. Maýýalaň motiwleri ýaly. Dogrusyny aýtsam, maňa-ha birhili Aýhan Hajam düşnüksiz gelýär. Ýewropa Renessans klassikasy has ýakyn gelýär. Elbetde olam sungatdyr. Ýöne, käbir edebiýat "muşdaklary" Wenedikt Ýerofeýewdenem, Markiz de Sad-danam, Zaher Mazohdanam lezzet alýarlar. Men-ä dogrusy Jebran Halyl Jebranam özüme ýakyn saýamok. Ýogsa Injil (döreýiş) motiwleri Najib Mahfuzda-da kän welin, onda-da Jebran Halyldan şo maňa ýakyn. Klassikada Iýeranim Boshy kabul edip bilemok. Ýöne, Brodskiý edil Blok ýaly ümürli düşnüksiz bulançaklyk bilen täze tilsimiň altyn ortalygyny tapyp bilipdir.

0
5 mango   [Материал]
tema içinde tema bolup gitdi.
bagabadyň terjimesiniň esasynda menem synanyşyp gördüm.
ýöne orsçasyndaky kapiýalary tutdyrmak mümkin däl,,,
"капищ - кладбищ" -däki кладбищ-äni-mazar diýip aşak setirdäki "базаров" bilen kapiýalap boljak eken. mazar-bazar....

terjime kämil däldir, ondada.....

Sergezdanlar

Deňinden tomaşahana, buthanaň,
deňinden ybadathana, meýhanaň,
bezelen mazar deňinden,
şowhunly bazar deňinden,
rahat we hasrat deňinden,
deňinden Mekge hem Rimiň,
gök Güneş epgegine ýanyp,
barýar zemin üste sergezdanlar.
hem şikesli, küýki, aç,
hem ýarymýalaňaç,
gözleri doly agşam şapagyndan,
jigerleri doly daň şapagyndan.
Arkada galdy hiňlenýän çöller,
Ýalpyldyly ýyldyrymlar,
petreýän ýyldyzlar,
we gyryk ses bilen gygyrýar guşlar:
dünýe öňküsi deý üýtgemän galar,
hawa, üýtgemän galar,
göz alyjy aklygy bilen,
şübheli näzikligi bilen,
dünýäň şol ýalançylygy,
dünýäň şol ebediligi,
belki-de düşünse bolar,
ýöne, barybir soňsuz bolar,
diýmek, hiç hili many bolmaz,
ynanmakdan özüňe ýa Hudaýa.
...Diýmek, galýar diňe,
ham-hyýal hem ýol.
Bolar bu zeminde güneş ýaşmasy,
bolar bu zeminde güneş dogmasy.
Esgerler zemine garylar gider.
Şahyrlaň bar işi goldamak bolar.

0
6 Bagabat   [Материал]
Terjime erbet däl. Çagalykdan "ристалище" diýilse, göz öňümizde diňe biri-birine naýza gönüläp okdurylýan rysarlar janlanýar. Hakykatda "ýaryşhana", "tomaşahana" diýseň dürs boljak ekeni.
"пилигрим" bolsa, ilkinji nobatda, göni manysynda "dini gezende", "dini jahankeşde" - iki däl-de bir sözde aýdaňda bolsa "zyýaratçy" bolaýýan ýaly.
"зарница" sözünem "ýyldyrym" diýlip dogry alnypdyr. Ýöne sowal:
Ýalpyldysyz ýyldyrym barmyka?
Megerem: "ýyldyrymlar ýalpyldaýar" ýa-da "ýyldyrymlaň ýalpyldysy" diýlip alynsa, dogry bolaýjak ýaly.

0
7 Myhman0430   [Материал]
bir gowy goşgyň iki gowy terjimesi. iki gowy terjimäň ikinjisi (mangoňky) has gowy bolupdyr.

goşgy diýseň gowy, jemleme super. 18 ýaşlyň ýazanyna ynanyp bolanok. 18 ýaşlylaryň organizmleriniň nähili garmonlary öndürýänini bilýäňiz-ä.

aýratyn tema edip açsaňyzam boljak eken. iki terjimänem goýup.

0
4 mango   [Материал]
Удобрить ее солдатам.
Одобрить ее поэтам.
----
bu şerde "удобрение" we "одобрение" ulanýar.
"esgerler topraga ders borlar" -diýen ýalyrak, şahyrlaram o manysyzlygy goldarlar dien ýalyrak....
hemem "Пилигрим" zyýaratçydan beter gezende bolýamyka....
zyýaratçy barjak ýerini, zyýarat etjek ýerini bilip hereket edýäler....
iosif dädäňki, ykmanda, ýa-da gezegenmi.... sergezdanmy.... özüýä başga zat...
terjime etmek kyn zatdyrlaý bu....

0
2 Bagabat   [Материал]
Ebeteýsiz, öwrenje terjimesi:

Zyýaratçylar

Jeňhanalaň, seždegähleň deňinden,
deňinden ybadathana, meýhanalaň,
zynatly mazargähleň deňinden,
deňinden mähnet söwdahanalaň,
dünýäň hem hasratyň deňinden,
deňesinden Mekgäň hem Rimiň,
gök Günüň epgegine ýanyp,
zemin üste barýar zyýaratçylar.
Maýyp olar, küýki,
aç, ýarymýalaňaç,
gözleri doly agşam şapagyndan,
jigeri püre-pür daň şapagyndan.
Arkasynda çöller hiňlenýär,
ýalpyldaýar şapaklaň aly,
depelerinde ýyldyzlar titreýär,
we gyryk gygyrýar olara guşlar:
dünýäň öňküligine galjagy hakda,
göz gamaşdyryjy gar kibi,
hem-de şübheli mähriban,
dünýe galar ýalançylygyna,
dünýe galar ebediligine,
belki-de, aň ýetirmäge elýeter,
ýöne barybir tükeniksiz.
Diýmek, hiç hili şeý bolmaz,
özüňe ynamdanam, uýmakdanam Hudaýa.
...Diýmek, galýar diňe,
ham-hyýal hem ýol.
We bolar zemin üste agşam şapaklary,
We bolar zemin üste säher şapaklary.
Esgerlerem ony gany bilen suwarlar.
Şahyrlaram şony sözi bilen unarlar.

1958
Iosif Brodskiý

0
3 mango   [Материал]
18 ýaşlyň ýazany.
boljak oglan başdan bellidir diýilýämi, xxx-dan bellidir diýilýämi, garaz, ol özüni belli edipdir.

Анализ стихотворения «Пилигримы» Бродского

И. Бродский – один из самых оригинальных и самобытных советских поэтов, насильственно высланный за границу. Его жизнь в Советском Союзе была мучительной, наполненной непониманием окружающих и преследованием властей. Причем свой индивидуальный протест поэт заявлял уже в самом раннем возрасте. Даже критически относящиеся к его творчеству люди уважают его непоколебимость в отстаивании своих убеждений. Очень характерно выглядит стихотворение «Пилигримы», написанное Бродским в возрасте 18 лет (1958 г.).

Произведение совершенно не укладывалось в рамки советской идеологии. Особенно настораживало то, что оно было написано очень молодым человеком. В СССР было принято воспевать героев эпохи, которые не щадя жизни приближают человечество к счастливому будущему. Молодые люди были обязаны стремиться к подвигу, к служению высшей идее, под которой подразумевалось строительство коммунизма.

Произведение Бродского ни к чему не призывает. Его главные герои – пилигримы, то есть простые странники, которые не приносят никакой пользы. Они несут в себе пессимизм и разочарование в мире.

Советская идеология вообще признавала символизм, как упадочное течение. Пилигримы у Бродского – не какие-то реальные люди, это символ странничества. Они медленно бредут по своим неведомым дорогам вне времени и пространства «Мимо ристалищ, капищ, мимо храмов и баров…», «мимо Мекки и Рима». Автор подчеркивает, что достижения человечества, главные центры величия и культуры – просто пыль под ногами вечных скитальцев. Бесконечное странствие сделало их нищими и оборванными, они воплощают в себе все страдания и горести мира. На их пути рождаются и повергаются в прах империи, но ничто не способно их остановить.

Важная мысль автора – вечное странствие убедило пилигримов, что мир не меняется. Все происходящие в нем великие события имеют значение только для непосредственных участников. Пилигримы видят мир со стороны и отмечают его главные не меняющиеся качества – лживость и вечность. Это приводит их к познанию того, что нет никакого смысла ни в вере в самого себя, ни в Бога. Остаются лишь две неизменных составляющих мира: человеческая иллюзия, как вера в счастливое будущее, и дорога вечных странников.

Последние строки еще больше подчеркивают пессимизм автора. Солдаты, воюющие за высшие цели, служат всего лишь удобрением для земли, а поэты, воспевающие эти идеалы, просто одобряют эти бессмысленные жертвы.

Стихотворение «Пилигримы» является пророческим предсказанием Бродского о своей судьбе. Он покинул свою страну, но и на Западе не чувствовал себя как дома. У Бродского отсутствовало чувство Родины, он всегда ощущал себя вечным странником.

0
1 Bagabat   [Материал]
Пилигримы

Мимо ристалищ, капищ,
мимо храмов и баров,
мимо шикарных кладбищ,
мимо больших базаров,
мира и горя мимо,
мимо Мекки и Рима,
синим солнцем палимы,
идут по земле пилигримы.
Увечны они, горбаты,
голодны, полуодеты,
глаза их полны заката,
сердца их полны рассвета.
За ними поют пустыни,
вспыхивают зарницы,
звезды дрожат над ними,
и хрипло кричат им птицы:
что мир останется прежним,
да, останется прежним,
ослепительно снежным
и сомнительно нежным,
мир останется лживым,
мир останется вечным,
может быть, постижимым,
но все-таки бесконечным.
И, значит, не будет толка
от веры в себя да в Бога.
…И значит, остались только
иллюзия и дорога.
И быть над землей закатам,
и быть над землей рассветам.
Удобрить ее солдатам.
Одобрить ее поэтам.

1958

Иосиф Бродский
Источник: https://brodskiy.su/piligrimy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]