07:55
Şahyryñ göwün ýüwürtmesi
ŞAHYRYŇ GÖWÜN ÝÜWÜRTMESI

Ömrüm boýy gazananym – aýdymlam,
Galar meniň gidenimde yzymda.
Hiňlenerler joşgun bilen aşyklar,
Hem ýüz ýaşly oglum, naçar gyzym-da.

Bir ölmejek aýdym goýdum yzymda,
"Ir säher, giç agşam ýaňlansyn!“ diýip.
Ol dogduk mekanym Könekesirde,
"Bäş ýaşly gowlugym hiňlensin!“ diýip.

Dagda goýun bakan çopan hiňlener,
Hiňlener dagly gyz – çeşmäge gelen.
Bu aýdymy aýtman durup bilmezler,
Myhman bolup munda gyşlaga gelen.

Harwar-harwar baýlygymy däl-de, men,
Aýdymlarmy öz yzymda goýaryn.
Gulagyma eşidilse bir owaz,
Men özümiň barlygymy duýaryn.

17.12.2017.





Категория: Goşgular | Просмотров: 72 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Люблю? / Goşgular - 20.01.2022
Täze ýylym / Goşgular - 04.01.2022
Iogann Wolfgang Gýote / Goşgular - 27.01.2022
Magnit / Goşgular - 25.01.2022
Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022
Debýut / Goşgular - 21.01.2022
Men Aý bilen söhbet etdim / Goşgular - 11.01.2022
Öten agşam / Goşgular - 28.01.2022
"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Рикша / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Jeksparro   [Материал]
Allaýar Çüri hem Könekesirli ekenow...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]