21:18
Şahyryñ döredijilik dünýäsi
ŞAHYRYŇ DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

Häzirki zaman edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň şygryýetini, şahyrana ussatlygyny düýpli hem ylmy nukdaýnazardan öwrenmäge üns güýçlendirilýär. Ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligini içgin öwrenmek, olaryň eserlerini ylmy taýdan seljermek alymlaryň paýyna düşýär. Biz hem makalamyzda ýurdumyzda belli şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň döredijilik dünýäsi dogrusynda gysgajyk durup geçmekçi.
Bilşimiz ýaly, 1960—1970-njy ýyllaryň poeziýasy türkmen edebiýatynda özboluşly orun eýeläpdi. Şonuň üçin bu ýyllaryň şygryýeti ýokary kämilligi bilen öz döwründe hem, häzirki wagtda hem uly baha eýedir.
Ine, şol döwürde Atamyrat Atabaýew poeziýa älemine gadam basdy. Şahyryň döredijiligi, eserleriniň tema taýdan köpdürlüligi, diliniň baýlygy, çeperçilik özboluşlylygy, olarda duş gelýän keşpler ýaly onlarça meseleler ylmy taýdan doly işlenilmäge degişli.
Ol zähmet adamlarynyň ümmülmez ädimler bilen öňe ädim ädişine, olaryň aladasyna, şatlygyna, söýgüsine, durmuşyna bagyşlanan goşgulary bilen tanalyp başlaýar. Onuň poeziýasy ideýa-çeperçilik, mazmun jähetden Watan, il-gün bilen bagryny baglaýar. Şahyr üçin bu kämilligiň gözbaşy bolýar. Halkyň kämil şahyry bolmak belent bagtdyr, bagtyýarlykdyr. Garaşsyzlyk ýyllary şahyryň çeper döredijiliginiň gülläp ösen pursadydyr. Şu döwrüň içinde ol okyjylaryň söýgüsini gazanmagy başarýar. Häzirki zaman türkmen poeziýasyny ösdürmekdäki uly hyzmatlary üçin şahyr 1992-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly ada mynasyp bolýar.
Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny gazanmagy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň zehinini has-da joşdurýar. Çünki ol ata Watanymyzyň Garaşsyzlyga eýe bolmagyna ilkinji bolup seslenenleriň biridir. Ömrüniň kyrk ýyldan gowrak wagtyny şygryýete bagyş eden şahyryň döreden goşgulary we poemalary joş urýan zamanamyzyň şahyrana waspydyr. 1998-nji ýylda çap edilip halkymyza ýetirilen «Garaşsyzlyk — ganatym» atly goşgular ýygyndysyna şahyryň iň gowy goşgulary we poemalary girizilýär. Şahyr olarda ýurdumyzyň gün-günden gülläp ösmegi üçin irmän-arman zähmet çekýän merdana türkmen halkyny, Garaşsyz hem baky Bitarap ýurdumyza bolan beýik hormatyny, edebiýatyň müdimi temasy bolan päk söýgini wasp edýär.
Kitabyň ilkinji sahypasy «Garaşsyz» atly goşgusy bilen açylýar. Bu ýöne ýere däl, çünki ata Watan bilen bagry badaşan şahyryň il-ýurda, Watana ogullyk borjy, türkmeniň milli häsiýetleri, Garaşsyzlyk alan gadymy ýurdumyza bolan beýik söýgüsi şygryň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Goşgy şeýle setirler bilen başlanýar:

Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde,
Asmanam, goý, rahmet nuruny saçsyn.
Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde
Türkmenistan — ata mekan garaşsyz!

Atamyrat Atabaýewiň ilkinji kitaby «Diýarym» (1975) diýen at bilen «Türkmenistan» neşirýatynda çapdan çykdy. Şol ýyl ol şol wagtky SSSR-iň Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edildi. «Seni söýmedik bolsam» (1977) atly kitaby neşir edilenden soň, ol Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy.
Şahyryň jemi 30-dan gowrak çeper hem terjime kitaplary neşir edilip, şolaryň ona golaýy hem çagalara niýetlenilendir. Atamyrat Atabaýewiň «Gumsagat» atly kitaby 1989-njy ýylda çap edildi.
Ussat şahyryň «Восход солнца», «Глубина до небес», «Журавли Хорасана» diýen kitaplary rus dilinde Moskwada, «У огня» atly eseri Aşgabatda neşir edildi.
Atamyrat Atabaýew ussat terjimeçi hökmünde hem giňden tanalýar. Onuň terjime etmeginde rus edebiýatynyň gadymy edebi ýadygärligi bolan «Слово о полку Игорове» (Igoryň ýörişi hakynda kyssa) M.Ý .Lermontowyň, N.A.Nekrasowyň, S.A.Ýeseniniň goşgulary aýratyn kitap bolup çykaryldy. Ol A.S.Puşkiniň «Daş myhman» diýen dramasyny, «Balykçy we balyjak hakda erteki» atly eserini, şeýle-de şahyryň ýüzden gowrak goşgularyny terjime edip, olar gazet-žurnallarda çap edildi. Ol dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyrlary Gýotanyň, Baýronyň, Şilleriň, Şewçenkonyň we başga-da onlarça şahyrlaryň goşgularyny türkmen diline terjime etdi.
Şahyr yslam dünýäsiniň keramatly kitaby bolan Gurhany Döwletmyrat Kerimow bilen bilelikde türkmen diline geçirdi we bu kitap neşir edildi.
Atamyrat Atabaýewiň goşgularydyr poemalary türkmen halkynyň taryhy geçmişinden, şu gününden, geljeginden söz açýar. Onuň watançylyk duýgularyna ýugrulan goşgulary ýokary ussatlyk bilen ýazylandygyndan başga-da, filosofiki pikirlere baýdyr. Şahyryň söýgi hakynda, durmuş hakynda, adamzat gatnaşyklary, tebigat barada ýazan eserleri diňe bir içki mazmun bilen özüne çekmän, üýtgeşik forma gözlegleri bilen-de okyjyny gyzyklandyrýar.
Ine-de, Atamyrat Atabaýewiň çuň many-mazmuna ýugrulan «Döwletli döwrany». Munda Atamyrat Atabaýewiň ona golaý poemasy hem-de iki ýüzden gowrak goşgulary ýerleşdirilipdir. Kitap häzirki zaman türkmen edebiýatynyň aýnasy kimin çeper poeziýadan habar berýär. Onda döwür, durmuş, adam, ol baradaky alada, garaz, gozgalýan meseleler, beýan edilýän derwaýys hem möhüm temalar köp.
Şahyryň «Oguz han hakynda rowaýat», «Ýesir» hem-de beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragy hakynda ýazan «Dowamat dowam» ýaly poemalary taryhy temalardan ýazylan bolsa, onuň «Ýüpek ýoluň parçasy», «Dogry söz», «Sary sähraň ýaşyl göli», «Döwletli», «Arçman», «Bugdaý», «Mähir bolup akýar türkmeniň gazy» ýaly birnäçe poemalary türkmen halkynyň, Garaşsyz Türkmenistanyň bagtyýarlyk zamanasynyň şu günki gününden söhbet açýar.
Atamyrat Atabaýewiň goşgulary iňlis, rus, gazak, özbek, täjik ýaly ençeme dile terjime edildi. Şahyryň zähmetine döwletimiz tarapyndan mynasyp baha berlip, ol «Galkynyş», «Bitaraplyk» ordenleri, «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medallar bilen sylaglandy.
Irginsiz gözlegler bilen ýadawsyz zähmet çeken şahyr «Halypalar we galamdaşlar» diýen ýatlamalar, «Toslanmadyk tymsallar» atly esse eserlerini ýazdy. Atamyrat Atabaýew ömrüniň köp bölegini «Güneş» žurnalyna bagyşlady. Bu ýerde birnäçe ýyllar zähmet çekip, žurnalyň şowly çykmagyna mynasyp goşant goşdy.
Tanymal şahyr il-gününe hyzmat etmekden lezzet alypdy. Şonuň üçin hem halkyň şat ýerinde şat, gamly gününde hesretli. Ol «Ýok meniň» goşgusynda watansöýüjiligi, bagrynyň toprak bilen badaşandygyny, öz halkyny öz bagty diýip bilýändigini, ykbalyny il-gününden, Watanyndan aýry saýmaýandygyny beýan edipdi. Muňa aşakdaky setirler güwä geçýär:

Watanymyň dostuna dost, duşmanyndan arly men,
Toprak meniň bar baýlygym, şonuň bilen barly men,
Aslym toprak, şonuň üçin ne gumly, ne dagly men,
Öz halkymyň — öz bagtymyň, öz ýurdumyň ogly men,
Öz ilimden, Watanymdan aýry zadym ýok meniň.

Hakyky şahyr adamlaryň gaýgysyny, şatlygyny, tolgunmasyny esere salmak üçin, olaryň gapdalyndan däl-de, şolar bilen deň gaýgylanyp, deň şatlanýar. Ol eserde suratlandyrjak hadysasyny diňe görmek bilen çäklenmän, onuň içine çuňňur aralaşýar. Adam gynananda ýüreginiň neneňsi tolgunyşyny, begenende näderejede göwrüminiň giňeýändigini hut öz durkunda duýmagy başarýar.
Şeýle etmek üçin bolsa, şahyr, ilki bilen ynsanperwer bolup, dünýä wakalaryna biperwaý garaman beýleki adamlaryň şatlygyna begenmeli, derdini deň paýlaşmaly. Garaz, bir söz bilen aýdylanda, ol dünýädäki adamlaryň, döwürdeşleriniň şatlygyny, gaýgysyny görkezýän barometre öwrülmeli. Päk ýürekli ynsanlaryň oý-hyýallarynyň ählisini özünde jemlemeli. Bu barada şahyr A. Atabaýew jaýdar pikirleri aýdýar:

Owal-ahyr dosta wepaly bolmak,
Duz-tagamy mydam dost bilen iýmek,
Dost hasrat çekende, saralyp-solmak,
Oň derdin deň çekip, ýagşy söz diýmek,
Mydam düzüw tutmak pälim-niýetim,
Dost-ýara söýenmek - milli häsiýetim.

Liriki eserlerde häsiýet poeziýany durmuşa ýakynlaşdyrýan alamatlaryň biridir. Häsiýet lirikany has täsirli, görnükli edýär, onuň mazmunyny tassyklaýar. Elbetde, haýsy nukdaýnazardan seredilende hem häsiýet adam bilen berk bagly ýüze çykýar. Özüniň dünýägaraýşy, düşünjesi bilen şahyr esasy öňdebaryjy orny eýeleýär. Şahyryň islendik duýgulary, ruhy halaty durmuş wakalary bilen aýrylmaz baglanyşykly bolýar. Liriki eserlerde häsiýet şahyryň durmuş wakalary netijesinde, başdan geçiren duýgulary esasynda awtoryň belli bir zada bolan gatnaşygynyň mazmuny hökmünde çykyş edýär.
Çeper eserlerde häsiýet dogrusynda filologiýa ylymlarynyň doktory Jora Allakow şeýle pikir ýöredýär: «Her bir çeper eseriň baş wezipesi gaýtalanmaýan, özboluşly, ýatda galýan adam häsiýetlerini döretmek. Eserdäki ähli serişdeler çeper adam häsiýetlerini döretmäge hyzmat etdirilýär».
Diýmek, döredilýän islendik eserde, goý, ol kyssa eseri bolsun ýa-da şygyr, esasy maksat ynsan häsiýetini döretmek we şol häsiýetiň üsti bilen okyjylarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, ruhubelentligi, zähmetsöýerligi we beýleki ynsan gözelliklerini terbiýelemek hem-de döredilen häsiýetleri durmuşa ýakynlaşdyrmak, durmuş wakalary bilen baglanyşdyrmak. Jemläp aýdanymyzda, eserdäki ähli wakany ýatdagalyjy adam häsiýetlerini döretmäge gönükdirmek.
Şahyr zamanasynyň ýaşaýan, işleýän, döredýän, gurýan raýatyny, isle ol mugallym bolsun, isle-de lukman, ýa halyçy, isle ol gurluşykçy bolsun ýa-da nebitçi tapawudy ýok, olaryň jemgyýete goşandy, döredijilikli zähmeti dogrusynda ýazan eserinde öz pikirlerini liriki gahrymanyň üsti bilen berýär. Bu ýerde liriki gahryman şahyryň özi däl. Bu barada belli edebiýatçy alym Öde Abdyllaýew: «Lirikada durmuş wakalarynyň täsiri bilen liriki gahrymanda emele gelen duýgy, pikir beýan edilýär, ol hem gös-göni liriki gahrymanyň öz adyndan aýdylýar. Ýöne liriki gahryman duýgusyny, pikirini ýüze çykaranda, ol şonuň bilen baglanyşykly durmuş wakalary, adamlaryň gapma-garşylykly hereketleri barada örän gysga hem-de köplenç epizodik häsiýetde maglumat berýär. Ol maglumat hem liriki gahrymanyň duýgusy bilen doly maglumatdyr. Liriki gahryman durmuşyň aýry-aýry taraplary barada söz açmak bilen, özüniň şoňa bolan söýmek, ýigrenmek, guwanmak we ş.m. duýgusyny, garaýşyny beýan edýär» diýip belleýär.
Şunlukda, şahyr häsiýet döredýär. Şahyra şol döreden häsiýetini okyja dolulygyna açyp görkezmekde çeper garşylygyň, portretiň hyzmaty uludyr. Liriki garşylyk, ýagny, poeziýada konflikt meselesi barada söz açylanda, «Lirikada häsiýet, garşylyk barmy?» diýen sorag ýüze çykýar. Elbetde, bar.
Bu barada belli edebiýatçy alym Rahman Rejebow: «Häsiýet bolmadyk ýerinde obraz we şahsyýet ýokdur» diýýär. Şahyryň bu pikiri bilen ylalaşmazlyk mümkin däl.
Türkmen şygryýetiniň ähli döwürlerinde Watan, ata-ene, toprak, zähmet, şol sanda söýgi, ahlak, halallyk meseleleri sünnälenip işlenildi. Mynasyp nusgawy edebiýaty bolan türkmen şygryýetinde işlenilen bu temalar bagtyýarlyk döwrüniň şygryýetiniň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen şygryýetiniň taraşlap, sünnäläp, paýhas eleginden eläp, orta çykaran şahsyýetleriniň her biriniň Watan diýip urýan ýüreginden syzylyp çykýan setirlerde Watanyň ezizligi, ýeke-täkligi açylyp görkezilýär. Şahyr bolsa esasy meseleleriň biri bolup gelýän watansöýüjiligi ösdürijidir.
Şahyr Atamyrat Atabaýew: «Ruhy baýlyk hiç wagt gutarmaýan hakyky baýlykdyr. Türkmeniň halk döredijiligi, nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyzyň nusgawy eserleri hemişe halka hyzmat edýär. Biz hem öz halkymyza ömürlik hyzmat edip biljek eserleri döretmek üçin güýç-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Şeýle zähmet çekmäge, döretmäge şert döredýän baý Döwletimiz, onuň ilhalar Prezidenti arkamyzda dag ýaly bolup durka, bitmejek iş ýokdur» diýip belleýär. Bu sözler hakyky watançy, öz halkyna, hormatly Prezidentine ýürekden hyzmat eden, ýadawsyz zähmet çekip, il-güni özüniň ajaýyp eserleri bilen begendiren, ruhy goldaw beren çyn şahyryň sözleridi.

Şasenem HEKIMOWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 49 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Şasenem Hekimowa | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]