08:06
Şahyrana başlangyç

ŞAHYRANA BAŞLANGYÇ

Şatlanyň, eziz adamlar – şahyr doguldy.
Sandyraň, zalym namartlar – şahyr doguldy.
Ýaşyl ýaýla elter ol päk ýürek ynsanlary,
akar çeşmä elter hoşgöwün sadalary.
Äkider olary Ylahy sesiň gelýän ugruna.
Äkider olary Taňrynyň buýran ýerine.
Akmak, näletkerdeler galarlar porsy ýerzeminde,
gowylary halas eder, ýamanlykdan uzak tutar.
Düýpsiz uçuryma taşlar zalym, jellat, ogry we akmaklary.
Şany beýik bolsun şahyryň doglan gününiň.
Aglaň, uwlaň, çyňsaň şagallar,
çünki, etmişiňiz alnyňyza geljek.
Şahyryň doglan güni mübärek bolsun, mübärek bolsun onuň doglan ýurdy.
Şahyr - gözenegiň arkasynda-da erkindir, şahyr - oňa ok tär etmez.
Şahyrdyr özüni sorag edeni soraga çeken.
Şahyrdyr adalatsyz kazylary hasaba çeken.
Şahyrdyr Taňry sesini eşden we eştdiren.
Şahyrdyr şeýtany tanan hem oňa höküm eden.
Bagtyýar ýurtdyr ol, şahyry bolsa!
Bagtyýar şahyrdyr ol, ýurdy bolsa!

Ýan RYBOWIÇ.

Terjime: Mango.

Категория: Goşgular | Просмотров: 69 | Добавил: mango | Теги: Ýan Rybowiç | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 6
0
4 Pegas   [Материал]
Dünýä inen bäbegiň şahyrdygyny nädip bilmelikä? Ýa kapyýalaşdyryp aglaýarmyka?))

1
5 mango   [Материал]
gowy sorag :-)
diýmek, şahyryň dogluşy eneden dogulmak bilen baglanyşykly däl bolarly.
dogrudanam şahyr haçan dogulýar?
kapiýaşdyrmagy öwrenen günümi?
ýa sesini eştdirip bilen günümi?

0
6 Pegas   [Материал]
Jogabam gowy boldy, mango akga.

0
3 Hyýalkeş   [Материал]
Diñe Ýanmy? Ilki jemlemäni tapma tilsimini ulanýan gaty kän goşguçy bar.Süýem barmagymy ilki bilen özüme batyrýan :)

0
2 Myhman0430   [Материал]
şu Ýan ilki soňky iki setirini ýazyp, soň goşgyň öňüni ýazýa öýdýän. köp goşgusyny okaňda şeýle pikir etdirýä.

mango akga ýetirenine, şu şahyry tanadanyna minnetdar.

gowy goşgy, gowy terjime.

0
1 mango   [Материал]
Поэтический дебют

Радуйтесь, люди добрые, – родился поэт.
Трепещите, злые и малодушные, – родился поэт.
Честных людей поведет он в зелёное поле,
к водам спокойным поведёт он людей простых.
Он поведёт их туда, куда ведёт его голос Божий.
Он поведёт их туда, куда велит Господь.
Дураки и подонки останутся в смрадных подвалах,
а добрых он спасёт, оторвёт их от зла.
В чёрную бездну низвергнет он тиранов, палачей, воров и глупцов.
Люди добрые, славьте день, когда родится поэт.
Плачьте, скулите шакалы,
ибо зло ваше обратится против вас.
Благословен день, когда родился поэт, благословенна страна, где он родился.
Поэт, который свободен даже за решёткой, поэт, которого пуля не берёт.
Поэт, который допрашивает тех, кто допрашивает его.
Поэт, который судит неправедных судей.
Поэт, который слышит и возвещает голос Божий.
Поэт, который знает Сатану и властвует над ним.
Счастлива страна, у которой есть поэт!
Счастлив поэт, у которого есть страна!

Ян Рыбович

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]