11:46
Şahyr ýaly
ŞAHYR ÝALY

(Eşitmediksiränlerimden)

Oturşyň şahyr ýaly,
Turuşyň şahyr ýaly,
Okaýşyň şahyr ýaly,
Duruşyň şahyr ýaly,
Durmuşyň şahyr ýaly,
Ýöne sen şahyr ýaly,
Şahyr däl.

OGLANLYGYŇ ÇAKLAMASY

Ýada salyp gyz gylygňy,
Bahar geldi gyzgalaňly.
Rehm eýleýip, dep etmezmiň,
Ýüregimiň gozgalaňny.

Kalbymyň bu jokramasy -
Ýarymyň gujaklamasy.
Haçan, kaýda çak bolarka,
Oglanlygyň çaklamasy.

Ol söýgümiň ilkisidir,
Berlen bagtyň ikisidir:
Ýazyp ýörsem yşgym bilen,
Bir galamda iki setir.

Süleýman HAÝDAROW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 122 | Добавил: SüleýmanHAÝDAR | Теги: Süleýman Haýdarow | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Деревенская любовь / Goşgular - 20.01.2022
Gahrymanyň gelni / Goşgular - 14.01.2022
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje! / Goşgular - 05.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
Boljak bolsa, bolýar bolmajak zadam / Goşgular - 18.01.2022
Марьонетки / Goşgular - 20.01.2022
Gussa / Goşgular - 14.01.2022
Iň mähriban adam / Goşgular - 12.01.2022
Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022



Всего комментариев: 6
1
6 Haweran   [Материал]
Birinji goşgy meñem göwnüme ýarady.

1
5 Şirhan   [Материал]
"Il agzy keramat" diýipdirler. Her bir işde "şahyr ýaly" boljak bolup ýörme-de, çyndan şahyr bolaý...

1
4 SüleýmanHAÝDAR   [Материал]
Pikir paýlaşmalarňyza sag boluň..!

1
3 Hyýalkeş   [Материал]
Gysga setirlerde çuñ many bermek diýip şuña diýilýär Süleýman awtor. Al menden size bir "Ba-yıl-dım". :)

2
2 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Eşitmediksireme!

1
1 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Bähhhhh, şahyr ekeniñ-ä Süleýman HAÝDAR!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]