08:40
Şahyr oglan
ŞAHYR OGLAN

Şu günki gazette çykypdyr goşgyñ,
Ýanyna-da ýelmenipdir suratyñ.
Goşgularñy şeýle gowy göremsoñ,
Suratyñam içgin-içgin synladym.

Goşgyñ bilen syrdaş bolup oturdym,
Ýazypsyñ bir gyzy çaksyz söýýäniñ.
Arzuw etdim,
"Wah, şol gyz men bolsadym",
Hem düşündim nämedigne söýmäniñ.

Ah, gizläp nädeýin, seni haladym,
Sen bolarly, şu çaka çen gözlänim.
Seniñ gözleñdäki üýtgeşik mähri,
Görmedim men gözlerinde özgäniñ.

Öñler "Söýgi näme?" diýseler maña,
Jogabyna egnim gysyp oñýardym.
Söýgä duşup, ykbalymy tapdym men,
Täleýimiñ sendedigni añmandym...

Aýjeren ÝAZDURDYÝEWA,
Wekilbazar etraby.





Категория: Goşgular | Просмотров: 55 | Добавил: Haweran | Теги: Aýjeren Ýazdurdyýewa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Iki ýylyñ sepgidinde / Goşgular - 04.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Agam / Goşgular - 14.01.2022
Ertir bilerin / Goşgular - 05.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Bäbejik / Goşgular - 12.01.2022
Ýyl täzelenýär / Goşgular - 07.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Hyýalkeş   [Материал]
Öñ şuña meñzeş goşguny Batyr agañ döredijiliginde-de okapmydyk? Goşguñ çykypdyr ýanynda-da suratyñ bar diýip duran bolmaly.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]