18:40
Şahyr, ne tiz gojaldyñ sen?
ŞAHYR, NE TIZ GOJALDYÑ SEN?

Bilbil bolup girdim baga,
Perwaz urdum sola, saga.
Sesim siñdi müñ pudaga.
Diñdi çemen, diñdi gülşen:
- Şahyr, ne tiz gojaldyñ sen?

Köñül berdim müñ agşama,
Perwana dek ýandym şeme.
Gözünden ýaş dama-dama,
Şem-de dile geldi birden:
- Şahyr, ne tiz gojaldyñ sen?

Mejlislere düşdi ýolum,
Ýazlyk aldy sagym-solum.
Diýdim: "Ýatyp dynç alaýyn".
Sowal çykdy her ýürekden
- Şahyr, ne tiz gojaldyñ sen?

Tüpeñ alyp çykdym awa,
Dogdy güneş, güldi howa.
Jerenleri kowa-kowa,
Owaz geldi güllerinden:
- Şahyr, ne tiz gojaldyñ sen?

Weýran köñlüm warak-warak,
Ösdi hazan, düşdi ýaprak.
Dogduk depäm - ene toprak,
Bir ah urdy synasyndan:
- Şahyr, ne tiz gojaldyñ sen?

Düýnem maña öz elinde,
Gül getiren bir gelin-de,
Gözlerinde ýalñyz sowal,
Heýkel kimin dymdy ol - Lal.
Men okadym gözlerinden:
- Şahyr, ne tiz gojaldyñ sen?

Bürgüt bolup ganat açdym,
Zamanlardan zaman aşdym,
Adamlardan alyslaşdym.
Seda geldi ýerden, gökden:
- Şahyr, ne tiz gojaldyñ sen?

Polat synam, döz bu derde,
Güneş batmaz ir säherde.
Adam donly üflisler-de,
Bakyp maña diýr bilkastdan:
- Şahyr, ne tiz gojaldyñ sen?

Saç agardy, emma ýürek
Alawlydyr öñküsi dek
Saç agardy, çekme sen gam,
Eliñdedir entek galam.
Bir söýgülim, bir-de Watan
Bilýärin men asla diýmez:
- Şahyr, ne tiz gojaldyñ sen?

Samat WURGUN.

Azerbaýjançadan türkmençä geçiren: Atajan TAGAN.





Категория: Goşgular | Просмотров: 49 | Добавил: Haweran | Теги: Samat Wurgun | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Готическая миниатюра / Goşgular - 17.01.2022
"Guşlar güldi için tutup..." / Goşgular - 13.01.2022
Зима / Goşgular - 21.02.2022
«Ты тайна тайн моих...» / Goşgular - 25.01.2022
Hudaýa şükür! / Goşgular - 11.01.2022
Клянусь / Goşgular - 11.01.2022
Как высказать себя в любви?.. / Goşgular - 02.02.2022
Посвященные стихи / Goşgular - 22.02.2022
Syrlar / Goşgular - 07.01.2022
Watanym / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]