09:29
Şahyr gerek däl
ŞAHYR GEREK DÄL

(Bir başlygyñ dilinden)

Getirdiler şahyr diýen şum gepi,
Jan agalar, maña şahyr gerek däl.
Obam üçin onuñ ýokdur hiç nepi,
Jan agalar, maña şahyr gerek däl.

Diýip Gurbangylyç, diýip Pyhy siz
Ýüregime sanjypsyñyz myhy siz.
Wehimi diýbem çekdirýäñiz ahy siz,
Jan agalar, maña şahyr gerek däl.

Maña bähbit toprak bilen sygyrdan,
Garyn doýmaz, ne peýda bar şygyrdan?
Bärik gadam basaýmasyn çygyrdan,
Jan agalar, maña şahyr gerek däl.

Bejergi diýp ýörkäk başagaýlykda
Walla, şygyr-pygyr durmaz söýlüp-de.
Geçiripjik düşüräýiñ Göýnükde,
Jan agalar, maña şahyr gerek däl.

Kemçilik kän, meñzär çaýra, kerebe,
Şahyr ony görse, pürker şerebe.
Derýadan geçiriñ, gitsin Faraba,
Jan agalar, maña şahyr gerek däl.

Pul bereýin dikeltmäge galany,
Sowsañyz bor başymdan şol belany.
Satirikler - dagyñ gara ýylany,
Jan agalar, maña şahyr gerek däl.

Şükür GURBANOW.

"Watan" gazeti, 1996 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 59 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Şükür Gurbanow | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Ölmez mähribanym saña ýar bolan / Goşgular - 12.02.2021
Arşy yşk / Goşgular - 11.02.2021
Okap bersene / Goşgular - 01.06.2021
Diýebilmediklerim / Goşgular - 02.06.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Daşary ýurtdan gelen türkmeniň aşgabatly garyndaşy bilen söhbeti / Goşgular - 15.02.2021
Habar / Goşgular - 16.02.2021
Yşk nyşanlary / Goşgular - 12.02.2021
,,Poeziýada mozaikalar" goşgular toplumyndan / Goşgular - 16.03.2021
Goşgular / Goşgular - 06.04.2021
Всего комментариев: 1
0
1 sabyrly   [Mowzuga geç]
Awtor "Gitsin Faraba" diýip, näme üçin edil Faraba kowdy-ka? Farap bilen niräni göz öňne getirdi-kä?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]