17:58
Şahyr dostlaryma
ŞAHYR DOSTLARYMA

Az-uşak zat üçin
Birek-birege
Kineli goşgy ýazmalyñ.

Içine güjük atylan sözler:
Gazet ýüzünden
Jabjynyp dursa,
Kitap gatyndan
Hyñranyp dursa,
Ýagşymy?

Kineli goşgy ýazmalyñ!
Birden onuñ
Näkesiñ bagty çüwşi dek,
Bagty çüwüp,
Asyrlarda galaýmagy mümkindir.
Onsoñ:
Teýeneli sözler
Gotan kimin alkymyny çişirip,
Hoññuldap ýörse,
Ýagşymy?!

Entek gazanmadyk şöhratymyza
Emenen
Hem az görüp büçe goýlan sarpany,
Haý diýmedik nebsimize eýlenen
Sözler:
Aç gözlerimiz
Sereçläp ýörse,
Ýagşymy?!

Şu günüñ kinesi ertire galsa,
Bir gabahatlygy köpeler ertäñ.
Meger,
Ol ertire artygrak deger
Şu günden ertä geçirmän,
Gabahatlyk baryn saplamak gerek.
Şeýdip
Gün geldiksaýy
Ertirleñ göwnüni aklamak gerek.

Az-uşak zat üçin
Birek-birege
Kineli goşgy ýazmalyñ,
Ýagşymy?!

Ahmet GURBANNEPESOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 71 | Добавил: Haweran | Теги: Ahmet Gurbannepesow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Стихи на русском языке / Goşgular - 22.02.2022
Сначала страдать / Goşgular - 25.02.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022
Bagtly boldum / Goşgular - 20.02.2022
Во льдах / Goşgular - 28.02.2022
Gitme! / Goşgular - 27.01.2022
Aýdaýynmy?! / Goşgular - 23.01.2022
Öten agşam / Goşgular - 28.01.2022
"Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim..." / Goşgular - 14.01.2022
Sen... / Goşgular - 01.02.2022



Всего комментариев: 1
0
1 aylarshabayramowa   [Материал]
Hak aýdylan setirler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]