19:09
Şahyr
شاهئر

یؤر, گیده لی, شاهئر, گؤتر غۇشونگئ
( واخ, سنده غۇش بارمئ, گؤتر غۇشغئ‌ نگئ! )
اؤز ایلینگده دینگلنمه دیک غازالئ,
اؤز دیلینگده اؤنگلانمادئق غازالئ,
باشغا یورت-ده, باشغا دیلده یازالئ.

گیجه لر تۇولانئپ, ایچینگه سئغمان
یازان شئغرئنگ غالسا نئشانا دگمأن,
بیری ذهینینگه دؤداق چؤوۆرسه,
خئجوو, ائخلاصئنگئ یله سۇوورسا,
یا سنگ غالامئنگا خۇجایئنسئراپ,
کأته یۆزۆنگ, کأ ینگسه سین اؤوۆرسه,
یا توتوش غۇشغئ نگئ زئنگسا غاپدالا,
یادا سطیرلرنگی تاشلاسا سۇوروپ,
شیدیپ اؤلدۆرسه لر عزیز بأبه گینگ,
نأتجک دینگ دۇقوز آی گؤتریپ, دؤغروپ؟!

کیچی دیلدن بأرده یازئپ بیلمه سنگ,
شؤهرات عوممانئندا یۆزۆپ بیلمه سنگ,
سۆرینگ اۇرتاسئندا گزیپ بیلمه سنگ,
غازالئنگ تۆرکمنه گره کدیر اؤیدۆپ,
اومید ساپاغئنئ اۆزۆپ بیلمه سنگ.

یؤر, گیده لی, شاهئر, سۇراما نیرأ,
کیم چشمه کۆیسه یأر,
کیمسه شؤر دنگیز.
غؤی, کسیلسین, غۇی, زئنگئلسئن سطیرلر,
بلکی, شۇلار بیلن شاهئردئرئس بیز.

✏️ شیرآلئ نورمئرادۇو

• ŞAHYR

Ýör, gideli, şahyr, göter goşuňy
(Wah, sende goş barmy, göter goşgyňy!),
Öz iliňde diňlenmedik gazaly,
Öz diliňde oňlanmadyk gazaly
Başga ýurtda, başga dilde ýazaly.

Gijeler towlanyp, içiňe sygman
Ýazan şygryň galsa nyşana degmän,
Biri zehiniňe dodak çöwürse,
Hyjuw, yhlasyňy ýele sowursa,
Ýa seň galamyňa hojaýynsyrap,
Käte ýüzün, kä ýeňsesin öwürse,
Ýa tutuş goşgyňy zyňsa gapdala,
Ýa-da setirlerňi taşlasa sowrup,
Şeýdip öldürseler eziz bäbegiň,
Nätjekdiň dokuz aý göterip, dogrup?!

Kiçi dilden bärde ýazyp bilmeseň,
Şöhrat ummanynda ýüzüp bilmeseň,
Süriň ortasynda gezip bilmeseň,
Gazalyň türkmene gerekdir öýdüp,
Umyt sapagyny üzüp bilmeseň.

Ýör, gideli, şahyr, sorama nirä,
Kim çeşme küýseýär, kimse şor deňiz.
Goý, kesilsin, goý, zyňylsyn setirler,
Belki, şolar bilen şahyrdyrys biz.

Şiraly NURMYRADOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 85 | Добавил: Revo | Теги: Şiraly Nurmyradow | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Adam / Goşgular - 21.03.2021
"Çiliñ añyrsynda güne..." / Goşgular - 14.04.2021
Arzuwlarmy gözleýärkam / Goşgular - 23.05.2021
Горянка / Goşgular - 14.04.2021
Umman kartinasy / Goşgular - 16.02.2021
Çilimkeş / Goşgular - 16.02.2021
Meñ zeminim... / Goşgular - 12.02.2021
Watan mähri / Goşgular - 09.01.2021
Dagdan / Goşgular - 03.02.2021
Şowhunly söýgini halamaýaryn / Goşgular - 02.03.2021



Всего комментариев: 10
0
9 Hyýalkeş   [Материал]
Sorasalar menem şahyrdyryn.Bir günem menem "şahyr"diýip ýazarynda goşgy . :)

0
7 mango   [Материал]
Şahyr Şiraly: Ýör, gideli, şahyr, göter goşuňy…
Şahyr Ýelena: Gitmeli welin, şu wagt nädip gitjek? Ýollaryñ açylmagyna garaşýan.

1
Hawa. Näme? Kime ýüzleneniniñ näme tapawudy bar?

0
10 baharaliyeva39   [Материал]
Mango bey
Gülmekten bayıldım. Doğru söze ne denir. Ağzına sağlık.

0
Şahyr diyen goşgymy paylaşaryn bir gün. Bymat gözüm agyryar

0
Gitmeli welin, şu wagt nädip gitjek? Ýollaryñ açylmagyna garaşýan.

0
3 Pegas   [Материал]
Ol şahyra ýüzlenipdir-ä, Елена))

0
4 mango   [Материал]
Goý, arzuw etsin :-)

0
Men onsoñ şahyr dälmi?

1
1 Hyýalkeş   [Материал]
Gowy ýazýa şu şahyr.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]