06:12
Şahyr

ŞAHYR

— Ne adam şekilli gürleşip bilýär,
Bir görseň, dargursak, birde giň ýaly.
— Ne ýakyny bilen syr alşyp bilýär,
Ne köplükde sözläp bilýär il ýaly.

— Içimtap ol, beýdip ýörmek bolarmy,
Heniz agyzda dil, dilde söz barka?!
— ...Hut şo bolşuna-da, geň galaýmaly,
Ol munça goşgyny nirden ýazýarka?!

...Şahyr hakda gürrüň gidýär.
Söhbetler
bir gyzdymy, yza Alla gaýtarsyn!
Wah, şahyryň, asyl, özgeler ýaly
Gürläp başarmansoň, goşgy ýazýanyn
Bu giden jemendä nädip aýdarsyň?!

Kakamyrat REJEBOW.

"Nesil" gazeti.

Категория: Goşgular | Просмотров: 56 | Добавил: Aksary | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 4.2/4
Всего комментариев: 1
2
1 mango   [Материал]
gepler-gürrüňler şahyryň özi barada bolmaly....
olam jogabyny berip bilipdir: "Gürläp başarma(m)soň, goşgy ýazýa®yn"
hemem oňarýan dili bilen, goşgy bilen jogap berýär...
haý berekella! :-)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]