21:16
Şahruhyñ suraty ýelmenen çagalygym
ŞAHRUHYÑ SURATY ÝELMENEN ÇAGALYGYM

Bu filmi görmedikler kän eken. Haýran galdym. Golliwudyň iň gowy filmleriniň biri. Bu kinony özüm 77 gezeg-ä görendirin. Her görende çagalygym ýadyma düşýär. Görmegi maslahat berýän, durşuna romantika, durşuna gözellik, beýik söýgiň taryhy. Çagalyk hakynda gürrüň etmek hemişe gyzykly. Häzirkileriň çagalygyny görýäň, telefon, pleý steýşin, ösen bir dünýä. Ýöne barybir biziň çagalygymyz gyzyklydy, dogry dälmi? Mekdepden gelip nahary ýarym ýalta iýip köçä ylgardyk. Köçedäki futbol, leňňer, aşyk, atma top, gyzlar bilen awçy we ördek, gyşda ýaplar doňanda hokkeý. O döwürler klasdaşlaň albomyna, anketalaryna hindi surat ýelmemek modady. Baýramçylyklarda gyzlara Şahruk, Salman, Aişwariýany sowgat bererdik. Klasymyzda bir gyz bardy, ýok mekdebimizde bir gyz bardy, sebäbi ol mekdebimizde ýekejedi. Her gün mekdebe gelende meň ýüregimiň üstünden ýöräp gelýärdi. Titanikdäki Roza meňzeşdi. Beýleki klasdaş gyzlar bilen arkaýyn gürleşýärdim. Emma oňa gezek gelende ufff gyşyň günem derläp başlaýadym. Mekdepde gowy okaýardym. Klaskomdym. Bizi mugallymymyz höweslendirmek üçin her hepde iň köp bäşlik alanlary prezident partada oturdýardy. Bir klasdaş gyzymyz hemişe şo partada oturýardy, ökdedi, biz diňe ikinji ýer üçin söweşýärdik. Bir günem ýaňky Roza meň ýanyma geldi. Gözlerime seredip Massimus näçe bäşligiň bar diýdi.
Menem zoorrrddaaaannnn ooooonnnn diýdim. Ol gynandy. Mende dokuz sany bar, bu hepde men oturyp bilmeýändä diýdi. Içimden wah sen ýatybam bilýäň ýekejäm diýdim. Ertesi hemme sapakdan dörtlük aldym. Ol jemi 11 bäş alypdyr. Men muňa 1x bet-de stawkam çykan ýaly begendim. Oň gözlerindäki bagty görmek üçin men hemme zada taýyndym. Hakyky dälidim. Bir gün ol ýanyndaky jorasyna marojny iýesim gelýä, ýöne pulum ýokda diýdi. Pula meňem ýanymda ýokdy. Marojny satýan oglan agamyň klasdaşy ýazga alaryn, okuwdan soň oklaryn diýip pikir etdim. Rozaň boýdaşynyň ýanyna bardym. --Uly jaňda marojna gidelimi.
-Pulum ýog-a.
- Men joşýan.
- Diňe ikimizmi?
- Rozanam ýanyňa alaý.
- Ok.
Biz köçäň ugrunda gidip barýas. Roza gürlänok. Men boýdaşy bilen gürleşip barýan. Näme gürleýänimi özümem bilemok.
- Öýüňizde itiňiz barmy?
- It? ýok?
- 8-lerdäki Mergen bilen Atabaý urşupdyr?
- Näme üçin?
- Aý ikisiniňem gözi gögeripdir, urşup bilmeýän bolsa uruşmaly dällä (özümçe Wandam).
- Hmmmm.
- Ozon gatlagy diýlen zat ýok bolsa biziň barymyzam gyrlarys. Aslynda howada kisloroddan azot köp eken (Albert Eýnşteýni neneň gördüňiz).
- Gyrylmankak marojny iýdiräýin diýdiňmi?
-ähä, ähä, ähä, ähä (iň gorkunç gülki).
Gyzlar köçede garaşyp durlar, men öýe almaga girdim. Barsam agamyň klasdaşy ýok, oň ýerine şerraý ejesi otyr. Ol puluňy berseň zordan berýä (marojnyny). Özümi çümmükläp gördim ukudan oýanmak üçin, bolmady ýene çümmükledim.
- Kimiň ogly sen balagyňa garynja girdimi, näme gaşynyp dursuň?
- Ataş ýokmy?
- Ýok Ataş, hä näme?
- Ataşyň maňa bergisi bardy. Şony sorap gelipdim.
- Näçe manat?
- Bäş müň manat, ýöne ýerine 5 marojny berseňizem bolýa.
- Ok, pul ber diýmeseň bolýar, başga soran zadyňy bereýin (marojnyny). Bir güni men Roza hat ýazdym. Hatymy şeýle rehmiňi getiriji, ýürek awadyjy sözlerden doldurdym. Men bu haty Bill Geýtse ugradanymda ol maňa öz baýlygynyň ýaryny bererdi. Harp ýalňyşy bolaýmasyn diýip haty gaýtalap okanymda her gezek özümem aglapdym. Men bilýän öýünde Roza-da aglandyr. Iki günden hatymyň jogaby geldi.
- Sen gowy oglan Massimus, entek sen mendenem owadan gyza duşarsyň, meni bagyşla, men okamaly instituta girmeli. Meniň ilkinji söýgimiň kiçijik taryhy şu ýerlerde gutardy öýdýän. Soň ol gyza kän ýerde kän gezek her hili ýagdaýlarda gabat geldim. Bir gezek ony ölümdenem halas etdim. Emma bu eýýäm başga bir taryh...

Maksat ESENOW.





Просмотров: 110 | Добавил: Aksary | Теги: Maksat Esenow | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 Jeksparro   [Материал]
Okap, özümem gynanyp gitdim. Şo döwürde telefonuň ýoklugy gowy zat. Bolmasa marožna satýan Ataşyň ejesi ogluna jaň edip sorardy: ''Bergiň barmy Massimusa diýip? :D

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]