05:15
Sähram, seniñ ýelleriñden...

SÄHRAM, SENIÑ ÝELLERIÑDEN..

Sähram, seniñ ýelleriñden -
Ötüp, ötüp, ötüp ölsem!
Bu topragyñ ýüzlerinden,
Öpüp, öpüp, öpüp ölsem!
Ýöne ýatyp ölmesem!..

Razy, ozal dilberimden ~
Gagşap, gagşap, gagşap ölsem!
Çörek ýapan ellerinden ~
Ogşap, ogşap, ogşap ölsem!
Ýöne ýatyp ölmesem!..

Gökden inen ýüz belany ~
Gapyp, gapyp, gapyp ölsem!
Hanasyndan öz alamyñ ~
Akyp, akyp, akyp ölsem!
Ýöne ýatyp ölmesem!..

Dowzahyñ haramy, beti ~
Ýakyp, ýakyp, ýakyp ölsem!
Kim bulasa şu ymmaty ~
Tapyp, tapyp, tapyp ölsem!
Ýöne ýatyp ölmesem!..

Gök gürläp joşanda gaty ~
Çakyp, çakyp, çakyp ölsem!
Baş ýoldaşym bedew aty ~
Çapyp, çapyp, çapyp ölsem!
Ýöne ýatyp ölmesem!..

Baýram JÜTDIÝEW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 343 | Добавил: Нawеran | Теги: Baýram Jütdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
Keramat / Goşgular - 14.02.2021
Başga biz... / Goşgular - 12.02.2021
Okap bersene / Goşgular - 01.06.2021
Aşyklaryñ şäheri / Goşgular - 18.02.2021
Näme boldy? / Goşgular - 26.05.2021
Goşgular / Goşgular - 06.04.2021
Gar ýagyp dur... / Goşgular - 12.02.2021
"Çiliñ añyrsynda güne..." / Goşgular - 14.04.2021
Meniň Diýarym / Goşgular - 10.02.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]