11:39
Sähram
SÄHRAM

Dört diwar suslugy irizdi meni,
Çilim ysly kabinetden ýadadym.
Sähram, söýmezlige ýok meniñ hakym,
Çünki söýgüsi sen barça adamyñ.

Seniñ begres gollaryña aşyk men,
Şahyr kalbym gül düzüñe bendiwan.
Kerwen geçen egrem-bugram ýollañda,
Aýdymlaryñ iñ ilkinji bendi bar.

Şeýle näzik müñ aýdym bar gursakda,
Saña bolan gyzgyn söýgimden nyşan.
Göz ýetirdim, maña sensiz dünýäde,
Maña sensiz ömür-de ýok, eý aman!

Parahat deñiz deý gök asmanyñda,
Erkana bürgüt deý gaýyp uçsadym.
Ýagmyr ýagyp, derman suwun täzelän,
Kaklaryñdan ýatyp-ýatyp içsedim.

Per ýassyk deý eziz gerşiñ ýassanyp,
Çopanlañ goşunda ajy çaý süzsem.
Syzlaşýança baldyrlaryñ damary,
Şemalyña döşüm açyban gezsem.

Sähram,
Sen bir myhmansöýer gojasyñ,
Ine, men señ giñ gujagña dolaryn.
Selmeli, syrkynly goluñ gujaklap,
Señ göwsüñde surat bolup galaryn.

Wagt geler,
Ýene dolanaryn men.
Öz keşbimi seniñ bilen barlaryn.
...Birden bir wagt kemlik tapsam özümden,
Sähra meñzäp bilmänime aglaryn.

Annameret DURDYMÄMMEDOW.

"Oktýabryñ ýalkymy" gazeti, 13.02.1982 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 24 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Bagtly boldum / Goşgular - 20.02.2022
Величие Божие / Goşgular - 15.02.2022
Men ýazyp ýeterin seniň ýanyňa... / Goşgular - 02.02.2022
A dream of Rosetta. Ship goes to Italy / Goşgular - 26.01.2022
Не бойся / Goşgular - 27.02.2022
Ýetginjek / Goşgular - 15.01.2022
Аксакал / Goşgular - 25.02.2022
Ýagyş we Sen / Goşgular - 21.01.2022
«Были павлины с перьями звездными...» / Goşgular - 17.01.2022
Hudaýa şükür! / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]