10:09
Şäheriň peýzažy
GIJÄŇ GÖZLERINDÄKI ŞÄHER

Gözlerine ýyldyz gaçan gijeleň
Süýt dökülen ýaly köçelerine.
Göze görnen gyz deý gözel ho:l Aýam,
Şöhlesini ýere seçelär, ine.

Şeýle bir süýt reňke boýalar asman,
Eliň aýasyna gonar ak şäher.
Gökdäki bulut deý tämiz ak öýler,
Göge göteriljek üfleseň sähel.

Gözlerini gyrpýan uzyn ýolçyra,
Bagta sary ataryp dur ýollary.
Seýilgäh şeýle bir ýagty görünýär,
Nur saçyp dur onuň köz deý gülleri.

Bu gijeler seýle çyksaň şähere,
Ädimleriň ädimsaýy tijener.
Hem uçarsyň,
hem düşersiň goýnuna
bu gijeleň, ýyldyz gözli gijeleň...

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 72 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Diýýärler agydyr ölüm bezegi..." / Goşgular - 28.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Инквизитор / Goşgular - 24.01.2022
Ýolkaň aýdymy / Goşgular - 25.01.2022
Ромео и Джульетта / Goşgular - 15.01.2022
Meň arzuwym - Sen / Goşgular - 20.01.2022
Gelsene... / Goşgular - 19.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Лилии / Goşgular - 21.01.2022
Göwün / Goşgular - 27.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Nurdan   [Материал]
"Bu gijeleñ, ýyldyz gözli gijeleñ"

Şu mahal ýagyp duran gar bilen-ä hasam gözel şäher peýzažy şu pursat.

Owadan goşgy.

0
1 mango   [Материал]
Gökdäki bulut deý tämiz ak öýler...
ak elitkalaň ak öý bolan boluşşyny halamanam durmadym.

goşguda ýolçyralar, ýollar, seýilgähler, güller.... baram bolsa adam ýok ekeni.
ýogsam özüň "..gijeler seýle çykýaňam" welin, ýene-de adam ýok...
şoň üçinem ýüregim gysdy.
(ýa-da ýüregimi gysdyrasym gelýä, bilmedim)...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]