08:01
Şäher ahwalaty
ŞÄHER AHWALATY

Dynç güni.
Arkaýyn ýatansyň irden.
Birden,
Birdem azan sesi oýadar seni.

Soňam Gökdepe ýa Gäwers tarapdan
Geleniň sesi
Goýmaz günüňe.
Misli aşhanada gezýän alaka.

"Malaka, malaka, malaka...“
Ilki düşünmersiň näme diýýänne,
Soň düşünip, käýinersiň özüňe.
Alajyň ýok, çök düşersiň dyzyňa.

"Malaka, malaka, malaka.“
"Malaka bar, malaka...“
Gözüň açak-ýumalak,
Howludan eşdiler şaňňydan şaňňy
Ýene bir ses, ol maryly Taňňy.

Buşluk habaryny getiren ýaly,
Gygyrar zowladyp:
"Balyk bar, balyk“,
"Рыба есть, pыба“.
"Balyk bar, balyk“,
"Рыба есть, рыба...“

Şo gün birje datmasaň-da balykdan
Doýgun borsuň balyk atly şalykdan.
"Wah, gapsady sesin birsalym“ diýip,
Dilegiňdir halykdan.

Ses ýatar birsellem, ine-de, birden
Gygyrýar howluda çüýşe ýygnaýan.
Zorruk, çakyr, şaňňy sesi eşidip,
Öýmüze däl, giň şähere sygmaýan.

"Кlubnik bar, кlubnik,“
"Gawun bar, gawun“,
"Kädi bar, kädi“,
"Garpyz bar, garpyz“...
Senem içiňden diýersiň,
"Merez bar, merez“.
Şeýdip geçip gider bir günüň, garaz.
- Sese bat bermäň-ä, a-ho-ow, oglanlar,
Bisähet günlerde aňkaw doglanlar...
Diýip, öz-özüňe hüňürdän borsuň.
Haýry ýok, barybir eşidýän zadyň:
“Klubnika bar“,
"Gawun – garpyz bar“‘
"Kädi bar“.
"Balyk bar, balyk“,
"Рыба есть, рыба“.
"Sübse bar, sübse...“

04.03. 2016.





Категория: Goşgular | Просмотров: 59 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 2.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Kaýyllyk / Goşgular - 30.01.2021
Sen maňa dymma diýme!.. / Goşgular - 10.02.2021
Arzanladyş / Goşgular - 11.04.2021
Garaşmak / Goşgular - 13.03.2021
Yşk öýüm / Goşgular - 26.02.2021
Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Syr / Goşgular - 01.06.2021
Ýerkümede dörän goşgular / Goşgular - 15.04.2021
Gamgyn goşgy / Goşgular - 11.02.2021



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
Dynç güni.
Arkaýyn ýatansyň irden.
Birden,
Birdem azan sesi oýadar seni.

Birahat ediji sesleriň başynda azanyň hem agzalmagyna geň galdym…
Irdenki azanda “Namaz ukudan haýyrlydyr” diýilýär. O sebäpden ýatyp haýyrdan galmasaň gowy ahyryn.
Umuman… Allaýar aga jan saglygy dileýän.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]