15:27
Şäher

ŞÄHER

Şatlygym syganok uly şähere,
Içgin garar göz-göz bolan arçalar,
Söhbetdeş bolmaga sebäp agtarar.

Gök asman şäheri gujaklap ýatyr,
Söýgiň göýä seniň çagalyk dostuň
Ýüregiň töründe jaýlaşyp otyr.

Lift bolsa buýrugyňa garaşýar,
Talyplar okuwdan henek atyşyp,
Şat şäheriň hümerine gowuşýar.

Ejesiniň golun tutan çagalar,
Bazardan “Ýedigen”, bal-süýji alýar.
Beýik gatdan seredip, şol bazara,
Ýaş alym äýnegi bilen ynjalýar.

Kiosklar, bazarlar, naharhanalar,
Dolupdyr şäherli, şäherli dälden.
Gyzlar aşygyny witrinadaky
Gözel gyzyň suratyndan gabanar.

Seret, seýilgähde goja hem garry,
Ýaşlygyny ýatlap alýar-la ylham,
Şäher garrylygam ýigdeldýän borly.

Aljyraman otyr kitaphanalar,
Birin goýup, beýlekisin okaýan
Okyjylar talap, hyň berýär munda,
Ümsümligiň sesi diňlenýär munda.

Maşynlar bir-birinden, gör, ozup barýar,
Gözýetimden çogup çykýan asmanda
Güneşem uýalyp gyzaryp barýar.

...Şeýdip, şäher gije-gündiz ýadaman
Çyny bilen hyzmat edýär Adama...

2011 ý.

Категория: Goşgular | Просмотров: 65 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 1
0
1 Aksary   [Материал]
Gowy goşgy eken
Haýsy gazetde çykanlygynam ýazsañ!

Ýa men çalyşýanmykam.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]