12:35
Sagdyn durmuş ýörelge – geljek nesle görelde
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGE - GELJEK NESLE GÖRELDE

Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ilkinji bolup wagyz eden we ony okuw meýilnamasyna girizen türkmeniň dana beýik şahsyýeti barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden baýram edilýän günlerinde söhbet etmeklik diýseň ýakymlydyr
Ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerini nazara alyp, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen bir hatarda «bedenterbiýe dersi» we «Sport» ýaly düşünjeleri türkmen halkynyň aňyna ilkinji ornaşdyran örän ajaýyp ynsan – hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewdir. Çünki, bu ajaýyp Ynsan öz ýolbaşçylyk edýän mekdebinde bütin Türkmenistanyň orta mekdepleriniň arasyndan ilkinji bolup «bedenterbiýe dersi» sapagyny okatmagy gurnap, ýola goýan diýseň beýik şahsyýetdir. Bu babatda milli Liderimiz özüniň «Älem içre at gezer» romanynda öz mähriban atasynyň mekdep direktory bolup işlän döwri barada söz açanynda: «Galina Iwanownanyň getiren kitaplaryndan türgenleşik işleriniň nähili geçirilýändigini ýuwaş-ýuwaşdan öwrenen ýaş direktor ol maşklary ilki özi edip başlady. Ertir ir bilen meýdançada ylgap ýören, esli beýikligi bolan uzyn nawyň üstünden ýykylman ýöreýän, ýogyn agaçdan ýasalan «eşegiň» üstünden ellerine daýanyp bökýän, turnikden arasyny üzmän aslyşyp, telim ýola özüni çekýän Berdimuhamedi görenler başda onuň bolup ýörşüni geňlediler. Oňa ilde ýok iş edýän ýaly garadylar. Soňra irdenki türgenleşiklere beýleki mugallymlar, oba sowetiniň işgärleri, okuwçylar goşulyşyp gidensoňlar, bu bir adaty zat ýaly bolup galdy. Her anna güni geçirilýän futbol, woleýbol oýunlaryna tomaşa etmäge bolsa eli boş adamlaryň, okuwçylaryň bary gelerdi.» – diýip beýan eden setirleri hem doly tassyklaýar. Bu ajaýyp romanda nygtalşy ýaly, ýaş direktoryň her günki ýerine ýetirýän maşklaryny, türgenleşik işlerini oba ilatynyň geň görüp, oňa ilde ýok iş edýän ýaly garamagynyň özi hem, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň «bedenterbiýe dersi» we «Sport»ýaly düşünjeleri türkmen halkynyň aňyna ilkinji ornaşdyran ajaýyp ynsandygyny mese-mälim aýan edýär. Ýöne, elbetde häzirki zaman sport oýunlarynyň meşhur görnüşleri bolan göreş, küşt, atçapyşyk türkmen halkynyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli oýunlarydyr. Bu milli oýunlar aslyýetinde döredilende häzirki zaman sport oýunlary maksadynda döredilip, milletbaşymyz Oguz han atamyzyň döwründen XV-XVI asyrlara çenli dowam eden Atabeglik mekdeplerinde türkmen ýigitlerini beden taýdan sagdyn, hakyky gerçek kämil şahsyýetler edip ýetişdirmeklikde peýdalanylypdyr. Emma, göreş, küşt, atçapyşyk ýaly türkmen halk oýunlaryna XV-XVI asyrlardan başlap XX asyryň birinji çärýegine çenli sport oýunlary hökmünde garalman, eýsem toý-tomaşanyň şowhunyny artdyrmaga niýetlenen milli däp hökmünde garalypdyr. Ine, şunuň özi hem Berdimuhamet Annaýewiň mekdep direktory bolup işlän döwrüne ýagny 1930-njy ýyla çenli «bedenterbiýe dersi», «sport» ýaly düşünjeleriň bolmandygyny görkezýär. Çünki, 1930-njy ýylda biziň ýurdumyzda ählumumy hökmany başlangyç okuw girizilipdir . Şol wagt Aşgabat oblastynyň Kirow raýonynyň «Gyzyl çarwa» kolhozyndaky 6-njy doly däl mekdebiň direktory wezipesine bellenen, 26 ýaşly Berdimuhamet Annaýew öz işini täze mekdep gurmakdan başlapdyr. Sebäbi, onuň işe bellenen mekdebi Tejen derýasynyň aýak ujunda, Garagumuň eteginde ýerleşip, depesinden gum dökülip duran kepbe jaýlardan biri eken. Hut şonuň üçinem, ýaş direktor oba ilatynam giňden çekip beýleki oba mekdeplerine nusgalyk täze bir mekdebi bişen kerpiçden saldyrypdyr. Milli Liderimiziň «Döwlet guşy» romanynda-da beýan etmegine görä , bu mekdebiň sport, bedenterbiýe meýdançasy bolup, meýdançada futbol oýnamak üçin derweze, şeýle hem turnik bada-bat göze ilýär. Diýmek,ilhalar mugallym Berdimuhamet Annaýewiñ bişen kerpiçden saldyrdan täze mekdebi öz döwrüniñ Türkmenistanda ýerleşýän ähli mekdeplerinden daşky we içki görnüşi boýunça-da, enjamlaşdyrylyşy boýunça-da düýpli tapawutlanypdyr. Çünki, bu mekdebiñ içki sport zaly we daşyndaky sport meýdançasy, onda ýerleşdirilen sport enjamlary şol döwürde ýurdumyzda hereket edýän beýleki ähli mekdepleriň hiç birinde bolmandyr. Muňa hormatly Prezidentimiziň: «Älem içre at gezer» romanyndaky: «Direktor haýyş edip, ýalbaryp diýen ýaly, Tejenden bu ýere rus dili mugallymyny – Galina Iwanowna Droninany hem getirip bilipdi. Droninanyň adamsy Tejen demir ýol stansiýasynda ýolbaşçy işde bolansoň, onuň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy ýadyndan çykarmady. Sport meýdançasy nähili bolmaly, sportuň özi nämelerden ybarat? – ine, bu sowallara jogaby direktor rus dili mugallymy bilen bile gözledi. Iki-üç sany kitap tapyldy, şondaky sport enjamlarynyň çyzgylarynyň esasynda demir ýol stansiýasynyň ussahanalarynda ençeme esbaplar ýasaldy. Olaryň birentegi açyk meýdandaky sport meýdançasynda oturdyldy, birnäçesi bolsa boş otaglaryň birinde oturdylyp, mekdep sport zally boldy. Kynlyk bilen tapylyp getirilen dört sany pökgi bilen birlikde «woleýbol, futbol» diýen sözler çagalaryň dilinde gaýtalanyp başlandy.» – diýen beýan etmelerini okan mahalymyz anyk-aýdyň göz ýetirýäris. Diýmek, Berdimuhamet Annaýew öz mekdebinde okuwçylarynyň sport bilen meşgullanyp, sagdyn nesil bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredipdir. Olara sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmekde özüniň nusga alarlyk şahsy göreldesini görkezipdir. Ol kakasy Anna aganyň «Akyl sandygynda» miras goýup giden ýazgylaryndaky «Saglygyna seretmeýän adam iki tarapyndan ýakylan şem ýalydyr» diýen parasatly taglymyndan ugur alyp, türkmen sährasynda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri barada öz obadaşlarynyň, okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat edipdir . Ýaş direktor her bir adamyň sport bilen yzygider meşgullanmaklyk, dermanlyk ot-çöplerinden ýerlikli peýdalanmaklyk arkaly öz saglygyny berkidip, sagdyn jemgyýeti kemala getirmelidigini, bu halk ähmiýetli işi amal etmekligiň bolsa her bir ynsanyň özüne baglydygyny häli şindi dile getirmeklik bilen: «Hemme zat öz elimizdedir», «Ýaşamak üçin göreşmek gerek» diýen pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp taglymlaryny okuwçylarynyň we oba jemagatynyň aňyna guýup durupdyr. Şonuň üçin hem, bu ajaýyp Ynsanyň durmuş ýoly tutuş türkmen halkyna nusgalyk mekdepdir. Çünki, ol sport bilen dermanlyk ösümlikleri sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy hasaplapdyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, «Ata kesbi – ogla halal», «Ata dünýäsi – ogla gönezlik» diýen parasatly atalar sözünden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň: «Men özüm üçin çendenaşa mähriban we ýakyn, ýöne meni görüp bilmedik adamyň agtygy bolanyma biçak buýsanýaryn. Bütin ömrüme men özümi atama deňedim hem-de hemme mesele babatda oňa meňzemäge çalyşdym.» – diýen ajaýyp jümleleriniň wysalyny biz özümiziň gündelik durmuşymyzda görýäris. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýaş nesliň sagdynlygyna aýratyn üns berilmegi, mekdep maksatnamasyna bedenterbiýe dersiniň girizilmegi, ýaş-ýetginjekleriň sport bilen meşgullanmaga höweslendirilmegi, has kämilleşmekleri we ussatlardan ýeterlik tälim almagy üçin sport mekdepleriniň giň gerim bilen gurulmagy hem bu sözlerimiziň aýdyň güwäsidir. Diňe bir paýtagtymyzda däl, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, oba-şäherlerinde ulanylmaga berlen we gurluşygy dowam edýän sport desgalar sanardan kändir. Mundan başga-da, ynsan saglygyny hemme zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda hereket edýän şypahanalaryň durky düýpli täzelenip, döwrebap görnüşe getirildi we raýatlarymyzyň saglyklaryny bejerdip, rahat dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredildi. Döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlaryna degişli täze gurlup ulanylmaga berlen halkara bejeriş merkezleriniň sany hem sanardan kändir. Ýurdumyzyň sport we saglygy goraýyş ulgamynyň şeýle ýokary derejede ösmeginde milli Lidermiziň peşgeş beren «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistan – sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy», «Türkmenistan – melhemler mekany», «Saglyk – bagtyýarlykdan başlanýar», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitaplarynyň, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly 13 tomluk kitabynyň ähmiýeti örän uludyr.
Hormatly Prezidentimiz düýnki – 2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisiniň ahyrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlap, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 13-nji tomuny tamamlandygyny habar bermekligi, bu pudagyň işgärleri üçin bahasyna ýetip bolmajak, gymmatly baýramçylyk sowgady boldy. Diýmek, hormatly Prezidentimiz hem mähriban atasy ýaly ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň ähmiýetini wagyz edip, sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekde şu günki nesle özüniň nusga alarlyk şahsy görledesini görkezýär, sport enjamlarynda türgenleşik işlerini geçmekligiň inçe tilsimlerini öwredýär. Şonuň üçin hem, milli Lidermiz biz ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.

Toýly JÄNÄDOW.

Çeşme:

1. Gurbanguly Berdimuhamedow. – Älem içre at gezer. A.:, Türkmen döwlet neşirýat gullugy , 2011. 145-nji sahypa.
2. Türkmenistanyň taryhy. Orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň taryhdan başga hünärleri üçin synag okuw kitaby. Çapa taýýarlan S.Jumaýew. Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Aşgabat – 2011. 304-nji sahypa.
3. Gurbanguly Berdimuhamedow. Döwlet guşy. – A.:, Türkmen döwlet neşirýat gullugy,2013. 182-nji sahypa
4. Gurbanguly Berdimuhamedow. Döwlet guşy. – A.:, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013. 13-nji sahypa
5. Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer. – A.:, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011. 143 – 144-nji sahypalar.
6. Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer. – A.:, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011. 105-nji sahypa
7. Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer. – A.:, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011. 110-111-nji sahypa.
8. Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer. – A.:, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011. 168-nji sahypa.
9. Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer. – A.:, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011. 170-nji sahypa.
10. Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer. – A.:, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011. 4-nji sahypa.
11. Toýly Jänädow. «Nusgalyk mekdebi» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2017-nji ýylyň 14-nji fewralynda çykan sanynyň 5-nji sahypasy.
Категория: Publisistika | Просмотров: 30 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Toýly Jänädow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]