02:21
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..."
"SAGAT-SAGAT GEÇIP BARÝAR BU ÖMÜR..."

Sagat-sagat geçip barýar bu ömür,
Bu maksat däl:
Berlen ömri ötürmek.
Ah, tapmag-a bir kyn, soňam kyn düşýär,
Iň mähriban adamlarňy ýitirmek.

Yzda galdy dostlaryň gör näçesi,
Diňe ýürek şeýle gysan mahaly.
Men dostumyň kimligini tanadym,
Ykbalymyň bir ajaýyp säheri.

Kän ýalňyşdym, her ýalňyşan gezegim,
Daramady, üstümdenem gülmedi.
Men ömrümde kän-kän dostlary gördüm,
Birem oň ýerini tutup bilmedi.

Düşün, maňa müň sany dost gerek däl,
Goý, müň adam ýürek syrym bilmesin!
Soňra syrym saljak bolsa bazara,
Şol dostlaryň ýeke birem bolmasyn.

Ýöne, haýyş, girmezden öň dünýäme,
Bolýan däldir, oňa hasrat getirmek.
Ýürek demir däl-ä, oňa kyn düşýär,
Iň mähriban adamsyny ýitirmek.

2014 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 139 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Ýürekde agym bar..." / Goşgular - 12.01.2022
Возвращение птиц / Goşgular - 16.02.2022
Ironiýa / Goşgular - 29.01.2022
Грибы / Goşgular - 17.02.2022
Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022
Atama / Goşgular - 15.01.2022
Mende daşa-da söýgi bar / Goşgular - 21.02.2022
Конец героя / Goşgular - 03.02.2022
Dykma serdar / Goşgular - 30.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Mahremlik   [Материал]
Goşgy gaty gowy hakykatdanam syryň ile ýaýjak dost bolanyndan bolmany gowy hemem iň ýakynyňy ýitirmek dünýädäki iň agyr jeza

0
1 mango   [Материал]
– 2014-de bir harasat-a gopupdyr, suraý hanymyň dünýäsinde....
– hawa, 2014 seriýasynda duýulýar diýýäniň.
– gowja ken bu goşgusy, ýöne arman sanawaç sanamandyrda.
– bar-a sanawaç: "Sagat-sagat geçip barýar bu ömür".
– edil, sanawajam däl-dä...
– ....

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]