16:53
Sagat
SAGAT

Giñ eýwanly, ak otaglar içinde,
Otyrdy giñ kalply, ak saçly ene.
Mähir paýlap, ömür diläp otyrdy,
Ýadaman, ýetýänçä iñ soñky deme.

Nesillerne ömür diläp oturan,
Ol enäniñ paýawlady peýmany.
Ene soñky demin sanap ýatyrdy,
Hemme otyr, dolduryp giñ eýwany.

Çäresiz kysmatyñ, ýüzüne bakyp,
Kalbymyzy, hassañ haly gynaýar.
Hem-de, diwardaky ullakan sagat,
Jyk-jyklap enäniñ demin sanaýar,

Şu pursatda juda ýowuz sagadyñ,
Oturmak, diñ salyp jykgyldysyna.
Ynha birden sakga sagadam durdy,
Enäñ soñky demde hykgyldysyna.

Ählimize ömür diläp oturan,
Ine şeýdip, ene bilen hoşlaşdyk.
Kyn pursatda kalbymyzy jyk-jyklap,
Paralaýan sagatdanam daşlaşdyk.

Başga wagt, üns bermedik sagadyñ,
Sekunt saýy, ömrümizden gätýänin.
Duýmadyk peýkam deý, dilleri bilen,
Soñky pellämize ädim ätýänin...





Категория: Goşgular | Просмотров: 510 | Добавил: Adalat19 | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Meň arzuwym - Sen / Goşgular - 20.01.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Балладе о Виттингтоне / Goşgular - 16.02.2022
Gysga satiralar, kelte setirler / Goşgular - 04.02.2022
Дьявол / Goşgular - 21.01.2022
Men daglaryň reňkin söýdüm / Goşgular - 19.02.2022
Апельсинные цветы / Goşgular - 21.02.2022
Günleriñ yşky / Goşgular - 03.01.2022
Boljak bolsa, bolýar bolmajak zadam / Goşgular - 18.01.2022
Söwdügim / Goşgular - 26.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]