15:18
Şafika

ŞAFIKA

Seniñ gara gözleñ gara üzümden,
Şafika!
Hiç gitmediñ bilseñ, gara gözümden,
Şafika!

Aşgabatda diýdiñ: "Baryñ Käbile",
Şafika!
Beýle oýun bormy, heý, ykbal bile,
Şafika!

Geldim oturberdim uly çillede,
Şafika!
Hol köne aýdymda söýülen Nergiz,
Şafika!

Keýik aşygy dek bir ýagşyzada,
Şafika!
Biz şeýle gyz üçin urýarys oda,
Şafika!

* * *

Men arka diremän oñup biljek däl,
Topraga,
                il-güne,
                              ähdi-peýmana.
Änew galasyndan tapylan galla,
Ganyma çenelip giden peýkama.
Damarlary yzlap, bogun-bogundan,
Magtymgulyñ ruhuna sygyndym!

Men arka diremän oñup biljek däl
Watanyma,
                      ganatymy ýaýdygym.
Üstünde iýilen halal çörege!
Dosta,
             är wepasy bilen söýdügim.
Ala-baharlarda bugaranda ýer,
Ol meniñ gözümiñ nuruny iýer!

Men arka diremän oñup biljek däl
Gaýratly şygyra,
                              bir ýagşy söze.
"Geläýdiñmi, oglum, gözleriñ aýdyñ!" -
Hem iliñ egnine,
                              hem öz garyma,
Magtymgula, Berdinazar, Kerime.

Men arka diremän oñup biljek däl
Bir öwrümde owazyna dutaryñ.
Ogullarma, gyzlaryma... onsoñam
Saña -
gara gözi ýollarda galan
                                      wepaly ýarym!

Baýram JÜTDIÝEW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 40 | Добавил: Haweran | Теги: Baýram Jütdiýew | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Seni beýle görsem dag çökýär egne.. / Goşgular - 02.01.2021
Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
Tomus günleri / Goşgular - 08.02.2021
Dünýäñ aýdymy / Goşgular - 03.06.2021
Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
Şahyry atdylar gara zyndana / Goşgular - 07.04.2021
"Я бы хотела жить с Вами…" / Goşgular - 19.03.2021
Sen meniñ dünýämdiñ? / Goşgular - 22.02.2021
Eý, dost! / Goşgular - 25.03.2021
Men geldim!.. / Goşgular - 09.03.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]