22:24
Saba şähriniñ üç haramzadasy
SABA ŞÄHRINIÑ ÜÇ HARAMZADASY

Saba köwüş gutusy ýaly uly şäherdi.
Uly, giñ we uzyndy. Gämi pisint.
On şäheriñ halky ol ýere jemlenipdi. Hemmesi-de ýüzleri ýuwulmadyk üç kişiden ybaratdy.
Ol ýerde san-sajaksyz adam bardy, hemmesi diñe haýwan etini iýýän üç ham adamdy.
Üç kişiden biri alyslary görerdi: Kördi!
Beýlekisiniñ gulagy çakgyñ çüýi ýaly eşderdi: Kerdi!
Üçünjisi çuw ýalañaçdy, eşikleriniñ syýy uzyndy.
Kör şeýle diýdi: "Ine, şundan kazy-kelanlar gelýär. Olar haýsy kowumdan we näçe kişiden ybarat, hemmesi görýän".
Ker "Hawa, menem ses eşitdim, ogryn-dogryn gürrüñlerem gulagyma gelip dur" diýdi.
Ýalañaç: "Wah-eý! Geläýseler geýimlerimiñ syýyny keserler!" diýdi.
Kör: "Serediñ, golaýlaşdylar. Gaçalyñ".
Ker: "Güwwüldi alkymymyza gelip diredi, gitdik!"
Ýalañaç: "Waý, dat! Eşiklerim aýagyma çolaşýar!"
Şäheri taşlap ökjä tüýkürdiler. Ylgaý-ylgaý bir obanyñ çetinden girdiler. Ol obada semiz guş tapdylar, guşuñ endamynda et ýokdy. Guşy iýdiler, hajymelik açan ýaly iýdiler, gerk-gäbe doýdular. Garynlaryny gäberdip gapynyñ arasyna zordan sygdylar.
Gitdiler pullaryny gözlemäge. Olar üçekleriñ üstünde gaýmalap ýördüler. Öñlerinden çykana-da "Pullarymyzy gördüñizmi?" diýip soraýardylar.
Gijedi. Ybraýym Edhemiñ patyşalyk sürýän döwri. Patyşa ýatmaga hyýallanyp durdy. Şol wagt üçekden güpür-tapyr sesler eşdildi. "Kim het edip bilýär!" diýip, ýerinden turdy we köşgüñ penjiresinden "Kim bar o taýda, gijäñ bu çagy näme işläp ýörsüñiz?" diýip gygyrdy.
Üç ýigrenji adam üçekden seslendi:
- Ýitigimiz bar, şony gözleýäs.
- Näme gözleýäñiz?
- Pullarymyzy.
- Heý, üçekdenem pul gözlenermi?
- Eý, giñ göwünli adam. Sen tagtda otyrkañ Hudaýy gözleýäñ-ä. Näme bolupmyş beýle, bizem şu taýdan pul gözleýäs-dä.
Ybraýym Edhem erbet utandy. Şondan soñ ony gördüm-bildim bolmady.
Üç bihaýa Edhemiñ tagtyna oturyp, Sabany dolandyrdy.
Rugsatsyz gurlan willa ýaly uly şäherdi ol ýer.
Harsydünýälik bilen dolandyrdylar, bar zady iýip-içip gutardylar.
Kördüler, kerdiler, ýalañaçdylar.
Emma olar Sabada hökmürowanlyk süren döwürlerinde elhençlige meñzemeýän ýeke düýşem görmediler.

Gürsel KORAT.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Awtoryň başga makalalary

Просмотров: 48 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gürsel Korat | Рейтинг: 5.0/1
bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]