21:42
"S"
"S"

Söýgülim, seni soraglap,
Señ saýañda saýalaýyn.
Saba säher seni synlap,
Señ saýañda saýalaýyn.

Sözlem señki, sazlam señki,
Sagym señki, solum señki.
Syýa saçlam, salym señki,
Señ saýañda saýalaýyn.

Serden sypyp sämemäýin,
Synaglarñy sanamaýyn.
Söýegim sen-saýawanym,
Señ saýañda saýalaýyn.

Sag-salamatlyk soradym,
Sensiz sumatdyr syratym.
Sazlaşdyryp saz sungatym,
Señ saýañda saýalaýyn.

Sabyr senden sowulmasyn,
Syrly sapak süzülmesin,
Sensiz söýgi syzylmasyn,
Señ saýañda saýalaýyn.

Nartäç ÝUSUPDURDYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 495 | Добавил: Нawеran | Теги: Nartäç Ýusupdurdyýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aýdaýynmy?! / Goşgular - 23.01.2022
Базар / Goşgular - 19.02.2022
Kerwen / Goşgular - 22.02.2022
Öten agşam / Goşgular - 28.01.2022
Во льдах / Goşgular - 28.02.2022
A dream of Rosetta. Ship goes to Italy / Goşgular - 26.01.2022
Iogann Wolfgang Gýote / Goşgular - 27.01.2022
Sen... / Goşgular - 01.02.2022
Мерцающий свет / Goşgular - 22.02.2022
Men daglaryň reňkin söýdüm / Goşgular - 19.02.2022



Всего комментариев: 1
0
1 S   [Материал]
Gowy goşgy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]