21:22
Rus sowet teatry
RUS SOWET TEATRY

1917-nji ýylyň 9(22)-njy noýabryndan başlap teatrlar Halk Komissarlar Sowetiniň dekreti boýunça Magaryfdyrma Döwlet komissiýasynyň sungat bölüminiň ygtyýaryna berilýär. Bu edara soň, Halk Magaryf komissariatyna öwrülýär. 1919-njy ýylyň 26-njy awgustynda W.I.Leniniň gol çeken dekreti esasynda "Teatr işleriniň birleşigine” öwrülýär. Şeýlelikde teatryň öňünde täze tomaşaçylaryň islegini kanagatlandyryp bilýän spektakllary sahna çykarmaklyk wezipesi öňe sürülýär.
Teatrlaryň öňünden gelýän klassyky mirasy gorap saklamak we rewolýusiýanyň gazananlaryny, Kommunistik partiýanyň öňe sürmelerini halka beýan etmeklik borçlary teatrlardan talap edilip başlanýar. Bu ýagdaýlary ösdürmekde erkin ýaryşlar we döredijilik gatnaşyklary görnükli ýeri eýelemeli bolupdyr. Şeýle ýaryşlar öňden gelýen teatrlar bolan Kiçi teatryň, MHT-yň, Aleksandrynskiý (Leningradyň A.S.Puşkin adyndaky drama teatrynyň arasynda gurnalypdyr. 1919-nji ýylda akademiki diýen hormatly atlar alty sany teatra dakylypdyr. Moskwanyň Uly we Kiçi teatrlaryna, Moskwanyň Çeperçilik (Häzirki M.Gorkiý adyndaky MHAT), Aleksandrinskiý) Häzirki A.S.Puşkin adyndaky drama teatry) teatryna, Marinskiý (Häzirki S.M.Kirow adyndaky opera we balet teatry) teatryna, Mihaýlowskiý (Häzirki Sankt-Peteburgdaky Kiçi opera teatry) teatryna şol at berlipdir. Akademiki at berlen teatrlar 1920-nji ýylda özbaşdak bir Assosiasiýa birleşdirilipdir. Bu assosiasiýa 1921-nji ýyla çenli döwam edipdir. 1920-nji ýylda MHAT-yň gapdalynda 3-nji studiýa açylyp, bu studiýa A.Ýa.Wahtangow ýolbaşçylyk edipdir. Onuň aradan çykmagy bilen studiýa teatra öwrülip A.Ý.Wahtangowyň ady dakylýar. 1920-1930-njy ýyllar aralygynda Akademiki teatrlaryň sany epesli artypdyr. Şon-da A.Ý.Wahtangow teatrynada akademiki diýlen hormatly at berlipdir. 1922-nji ýylda Moskwada Rewolýusiýa teatry (Häzirki W.W.Maýakowskiý teatry) açylýar. Onuň yz ýanyndan Moskwada MOSPS (Häzirki Mossowet teatry) peýda bolýar. 1919-njy ýylda Peterburgda Uly drama teatry (Häzirki M.Gorkiý adyndaky Uly drama teatr) işe başlapdyr. Odessada 1920-nji ýylda "Gyzyl alaw” teatry açylýar. 1932-nji ýylda şeýle at bilen Nowosibirskide teatr öz işine başlapdyr.1918-1920-nji ýyllarda çagalar teatrlary döräp başlap-dyr. 1918-nji ýylda Mossowet Çagalar teatry açylýar. 1921-nji ýylda Moskwa Çagalar teatry işe başlaýar. Bu teatr 1936-njy ýylda Merkezi Çagalar teatry atlandyrylýar. 1922-nji ýylda Petrogradda Ýaş tomaşaçylar teatry öz işine başlapdyr. Bu teatr häzir Leningradyň Ýaş Tomaşaçylar teatry atlandyrylýar. Sowetleriň ilkinji ýyllarynda döredilen rus teatr sungaty rewolýusiýadan soň halkyň taze durmuşyny, täze gahrymançylyklary wasp edip onuň esasy wagyzçysyna öwrülipdir. Petrogradyň Kommuna sazly teatrynda W.E.Meýerholdyň režissýorçylyk etmeginde 1918-nji ýylda W.W.Maýakowskiniň "Misteriý-Buffi” sahna çykarylýar. Spektaklda esasy keşplerde düýplilik, joşgunlylyk öňe sürlüpdir. Şu ýerde spektaklyň ýiti syýasy, rewolýusiýanyň ruhy bilen ruhlanan arzuwçyllygy, graždanlyk urşu döwründäki wagzy öňe sürmegiň teatr sungatynda "Misteriýa-Buffdan” başlandygyny teatr sungatyny öwrenijileriň köpüsi belläp geçipdir. "Misteriýa-Buffiň” 2-nji redaksiýasy 1922-nji ýylda RSFSR-1 teatrynyň sahnasyna çykarylýar. Teatrlaryň wagzçylykdaky özboluşly we häsiýetli tarapy "inissirowka” edilen köpçülikleýin hereketiň şäherleriň köçelerine, meýdançalatyna çykarylmagy bolupdyr. Şeýle çykyşlar belli günler, baýramçylyklar bilen baglanyşykly bolup, rewolýusiýanyň gazananlaryny wasp edipdir, şöhlelendiripdir. Petrgradda "III Internasionalyň hereketleri hakynda”, (1919) "Zähmetiň azat edilişi” (1920), "Dünýä kommunasyna tarap” (1920), "Gyş köşgüniň alnyşy” (1920), Moskwada "Beýik rewolýusiýadaky pantomima” (1918), Woronežde "Rewolýusiýanyň şöhratlandyrylyşy” (1918), Irkutskide "Zähmet we haryt ugrundaky göreş” (1921) ýaly teatrlaşdyrylan konsertler ýurduň köp şäherleriniň köçelerinde we meýdançalarynda yzygideli dowam etdirilipdir. Teatrlarda wagyz etmek meselesem döwlet derejede alnyp barlypddyr. Graždanlyk urşundaky çaknyşyklar hakyky keşpleri suratlandyrmaklyk arkaly tomaşaça ýetirilipdir. A.A.Wermişýewiň "Gyzyl hakykat” (1919), A.Serafimowiçiň (Popow) "Marýana” (1920) pýesalary Moskwanyň Merkezi teatrynyň Proletkult studiýasynda sahna çykarylypdyr. Bu pýesalardaky keşpler taryhdaky belli personažlaryň üsti bilen berlipdir.
Teatrlarda syýasy wagz etmeleri spektakl-mitingleriň üsti bilen bermek häsiýetleri W.E.Meýerholdyň döredijiliginde degişli bolup galýar. Ol 1920-nji ýylda "Teatrly Oktýabr” maksatnamasyny jar edýär. Onuň ilkinji tejribe hökmünde sahna çykaran eseri E.Werharnynyň "Gözýetim” (1920 ý. RSFSR I teatrynda) spektakly bolupdyr. W.E.Meýerhold wagyz ediji tomaşany döretmekde spektakllarda batyrgaýlyk bilen dürli görnüşli serişdeleri, sahnada dürli görnüşli şertleýinligi, adaty däl geňlikleri ulanmagy başarypdyr we ony teatr äleminde ýola goýupdyr. Režissýor tarapyndan girizilen bu täzelik howaýy alamatlandyrmalar esasynda kynlyk bilen galyba salnypdyr.
Şol döwürlerde täzeligiň teatrlarda heniz berkemändigi sebäpli howplar peýda bolsa, köne teatrlarda öňden dowam edip gelýän buržuaz-syýasy garaýyşlar aradan aýrylman olam geregiçe howp salypdyr. Oktýabr rewolýusiýasynyň üstün çykmagy bilen, şonuň ilkinji ýyllarynda rus teatrlary täzeki tomaşalara tarap ilkinji ädimlerini ädip başlapdylar.
Şol döwürde nusgawy dramaturgiýa ýüzlenip olardan rewolýusiýanyň sesine ses goşup bilýän spektakllary taýýarlamaklygyň wajyplygyny öňe sürüpdirler. Klassyky dramaturgiýanyň sahna çykarylan spektakllarynyň personažlarynyň gahrymançylyklary täzeki tomaşaçylar üçin golaý bolupdyr.
K.A.Marjanow (Marjanişwili) Lope de Weganyň "Faunteowehunasyny” (1919) Kiýewde sahna çykarýar. Spektalda baş keşbi Laurensiýany Ýurenýewa döredipdir. K.S.Stanislawskiý D.Baýronyň "Kainini” (1920) MHAT-da goýupdyr. Spektalkdaky baş keşbi Kaini-Leonidow suratlandyrypdyr. K.S.Stanislawskiý A.K.Tolstoýyň "Oturtmasyny” (1918) Kiçi teatryň sahnasyna çykarypdyr. Bu spektaklda baş gahrymanlar Gleb Mironowiçiň keşbini Ýužin, Çermnoýyň keşbini Sadowskiý, Mamelfa Dmitrýewanyň keşbini Ýermolowa ýerine ýeiripdir. Ý.M.Ýurýew tarapyndan Sofoklyň "Edip şasy” (1918) Petrgradyň Çinizelli sirkiniň arenasynda goýulýar. Petrogradyň Uly drama teatrynda "Don Karlos” (1919) sahna çykarylýar. Teatrlaryň nusgawy eserlere ýüzlenmeginiň, ünsüň eserleriň baş gahrymanlaryna berilmeginiň düýp sebäbi ýurtda emele täze jemgyýetiň, täzeçe pikirlenmekçi bolýan tomaşaçynyň nusgawy eserliň gahrymallarynyň nusga alarlyk keşpleriniň üsti bilen öz ýaşaýan jemgyýetçilik-syýasy düzgüniniň täzeçe gahrymanlaryny göreşmekden ybarat bolupdyr. Klassyky eserleri sahna sungatynyň täzeçe işlenen görnüşiniň üsti bilen bermeklik özüniň sosial beýanyny tapyp başlapdyr. K.S.Stanislawskiý A.S.Griboýedowyň "Akyl zerarly hasratyny” (1917) Kiçi teatryň sahnasynda goýýar. Spektakldaky baş keşbi Famusowy Ýužin döredipdir. K.S.Stanislawskiý N.W.Gogolyň "Derňewçisini” (1921) MHAT-da goýupdyr. Bu spektaklda baş keşpler Gorodniçini I.Moskwin, Hlestakowy M.Çehow (A.P.Çehowyň doganynyň ogly. Ol ABŞ-da aradan çykýar) suratlandyrylypdyr. K.S.Stanislawskiý bu drama eserlerini täze garaýyşly tomaşaçy dogry we doly düşüner ýaly edip sahna çykarypdyr.
Häzirki zaman eus teatr sungatynyň ösmeginde M.Gorkiniň tagallasy
uly bolupdyr. Ol Petrogradda Uly drama teatrynyň gurulmagynyň tarapdary
bolup, onuň gurluşyna gatnaşypdyr. Teatr häzir Sankt-Petrburgyň M.Gorkiý adyndaky adyndaky Uly drama teatry atlandyrylýar. M.Gorkiý teatrlaryň üsti bilen rus medeniýetiniň dünýä medeniýetine tarap ýol çekmegini isläpdir. Ol sosialistik dramaturgiýanyň düýbini tutujylary biri bolmak bilen ähli zadyň sakasynyň dogry hakykatdygyny öňe sürüpdir. Sosialistik dramaturgiýanyň düýbüni tutujy M.Gorkiniň "Garry” (1919) pýesasy Petrogradyň drama teatrynda (öňki Aleksandrinskiý teatry) goýulýar. Onuň "Meşanlar” (1918), "Na dne” (1919) pýesalary merkezden uzakdaky teatrlarda goýlupdyr.
Rewolýusiýanyň ilkinji ýyllarynda rewolýusion halk teatrlaryny döretmek ideýalary köp sanly Rus teatrlary tarapyndan goldaw tapypdyr. Şu ideýany ilkinji goldan uly režissýorlaryň biri Ý.B.Wahtangow öňdebaryjy sahna hudožnikleriniň gözlegine çykmak bilen: "...hakyky çyn hakykaty ýaýan halk teatry ösýän rewolýusion ruhy suratlandyrmaly...” (Ý.B.Wahtangow "Makalalar we ýazgylar” 1959 ý. sah. 164). Ýa.B.Wahtangow tarapyndan sahna çykarylýan spektakllaryň esasy maksady "buržuaziýany tagmalamakdan” ybarat bolup, sahnada örän ýiti satirany adatdan daşgary ulaltmak (grotesk) öňe sürlüpdir. Ol A.P.Çehowyň "Toý” (1920) Materlinkanyň "Keramatly Antoniýanyň gudraty” (1921) atly pýesalaryny öz ýolbaşçylyk edýän MHAT-yň 3-nji studiýasynda goýmabilen "buržuaziýany tagmalamak” ruhundaky "şygaryny” tomaşaça ýetiripdir.
Rewolýusion-arzuwçyllyk häsiýetleri özünde jemläp, keşplerde täzeçe pikirlenmäniň adatlaryny döretmek ruhynda ýazylan A.W.Lunaçarskiniň "Faust we şäher” (1920) atly taryhy rewolýusion pýesasy Petrogradyň Döwlet Akademiki drama teatrynda režissýor N.W.Petrow tarapynda sahnalaşdyrylypdyr. A.W.Lunaçarskiniň başga bir taryhy rewolýusion pýesasy "Oliwer Kromwel” (1921) Moskwanyň Kiçi teatrynda goýlupdyr. Sahnada baş keşbi Kroweli aktýor Ýužin döredipdir.
Giň halk köpçüligini sosializmiň gurluşygyna çekmekde halk döredijiliginiň täsirini güýçlendirmek maksady bilen çeper höwesjeňler sungatyna uly üns berlipdir. Ýerlerde köp sanly kružoklar açylyp, olaryň esasy düzümi işçilerden, daýhanlardan, gyzyl esgerlerden, talyplardan, okuwçylardan bolupdyr.
Köpçülikleýin wagyz ediş teatrlarynyň ösmeginde esasy "Proletarkultyň" hatarynda durýan toparlar aýratyn güýç bolupdyr. Bu zatlara garamazdan "Proletarkultyň” ýolbaşçylarynyň garaýyşlarynda ýalňyşlyklar az bolmandyr. Olaryň esasy ýalňyşy halkyň öňden gelýän medeni mirasyny äsgermezlik, onuň deregine daşky görnüş (formalizme) adatlaryna, döredijilik taýdan özbaşdak bolmadyk (epigon) gatnaşyklaryna, edebiýatda we sungatda realizmi inkär edip daşky görnüşe üns berýän (futurizme), däp-dessurlary inkär edýän (simwolizm) akymlara ýüz urmaklary bolupdyr. Şeýle garaýyşlara garamazdan onuň tersine rewolýusion teatrlarda täze sosializm gurluşy goldaýan köpçüliklaýin wagyz ösmegini dowam etdiripdir. Sowet gurluşynyň ilkinji ýyllaryndaky ösüş 20-nji ýyllaryň ortalarynda işçi-ýaşlar teatrlarynyň emele gelmegine alyp gelipdir. Şol teatrlaryň ilkinjileri TRAM (Işçi Ýaşlar teatry, ýarym professional teatr hasaplanypdyr) "Sinaýa bluza” ("Gök köýnek” - estrada-teatrlaşdyrylan çykyşlar) teatrlary bolupdyr.
Köne we täzäniň arasyndaky gatnaşyk esasan sosialistik gurluşyň talaplary esasynda çözülipdir. Bu ýerde sungata täzelik girizilende könä bolan gatnaşyga eserdeň garamalydyny, sosialistik medeniýetiň gurluşynyň düýp alamatynyň şondan ybaratdygy bellenilipdir.
XX asyryň 20-nji ýyllarynyň ortalarynda häzirki zaman rus dramaturgiýasynyň ösüşi mese-mälim duýlupdyr. Şol ösüş teatrlaryň ösmeginiň esasy bolup rus teatr sungatynyň taryhyna giripdir. Rus teatrlary realizmyň çuňlaşdyrylmagyna baglanyşykly bolup, rewolýusiýanyň gahrymanlaryny beýgeltmek, şol bir ýagdaýda-da haýasyzlyga, daşky görnüşe uýma bolan garaýyşlara göreş yglan edipdir. Teatrda täze akymlary emele getirýän döredijilik erkinligi dürli şertlerinde, dürli çekişmelerde ösüp ugrapdyr. R(b)KP MK "Çeper edebiýaty ösdürmekde partiýa-syýasaty hakynda” (1925) kararynda şeýle çekişmeleriň gerekdigi, şeýle edilmese ähli meseleleriň býurokratiýa ýugrulan ýalan çözgütdigi aýan bolar diýlip, bellenipdir. ("Partiýa we sowet metbugaty hakynda” ýygyndy, 1954 ý. sah. 346) Bu kararda gürrüň diňe bir edebiýatda däl-de, çeperçilik medeniýetini tutuşlaýyn öz içine almak bilen buržuaz garaýyşlara we protestant sektantçylyk (öz bähbitlerini öňde goýýan, garaýyşlary boýunça çäkli adamlar) adatlaryna ýykgyn edýänleri ýeňip geçmek dogrusynda-da gürrüň edilýär.
Rewolýusion hakykatyň görnetin açyk täsiri şol ýyllarda Moskwanyň MHAT, Kii teatrlarynyň döredijiligine has aýdyň duýlupdyr. MHAT teatryda goýulýan spektakllarda teatryň keşperi açmakda özüne mahsus filosofiki-umumylaşdyrma, psihologik çuňluk aýdyňlyk bilen ýüze çykarylypdyr. MHAT teatry häzirki zaman dramaturglary golaý aragatnaşykda bolup rewolýusiýanyň döreden gahrymanlary bilen geçmiş taryhy gahrymanlaryň real hakykatyny açmaga çalşypdyr. Taryhy beýan edýän dramaturg K.A.Trenýewiň "Pugaçýewçilk” (1925) pýesasy W.I.Nemirowiç-Dançenkonyň režissýorçulyk etmeginde MHAT-yň sahnasyna çykarylýar. Graždanlyk urşy döwründe dogan-dogana garşy uruş alyp barýan täze gahrymanlaryň keşplerini suratlandyrmak, olary düşnükli edip tomaşaça ýetirmek W.Iwanowyň "Bronepoezd 14-69” (1927) spektaklynda aýdyňlaşdyrylýar. Bu spektakl K.S.Stanislawskiniň ýolbaşçylygy bilen režissýor I.Ý.Sudakow tarapyndan MHAT-yň sahnasynda goýlupdyr. Spektaklda hereket edýän Peklewanowyň keşbini Hmelýew, Werşininiň keşbini Kaçalow, Waska Okorogyň keşbini Batalow döredipdir. Adatlary, wakalary ösdürmek, olary baýlaşdyrmak, keşplerdäki gahrymançylykly qrzuwçyllygy aýdyňlaşdyrmak Kiçi teatryň esasy wezipesine öwrülipdir. Sosialistik ideýalary ýaragly çakçaknyşyklaryň şertlerinde dabaralandyrmak Kiçi teatrda günsaýyn ösdürilipdir. K.A.Trenýewiň "Lýubow Ýarawaýasy” (1926) Kiçi teatrda goýulýar. Spektakldaky esasy hereket edýän Ýarawaýanyň keşbini Paşennaýa, Koşkiniň keşbini Sadowskiý, Şwandýanyň keşbini Kuznesow janlandyrypdyr. Kiçi teatr parahatçylyk döwründe-de rewolýusiýanyň gazananlaryny wasp etmekligini, dabaralandyrmaklygyny dowam etdirmek bilen B.S.Romaşowyň "Otly köpri” (1929) öz sahnasyna çykarýar.
Rewolýusiýanyň gazananlarynyň netijesinde täze teatr repertuary döretmek meselesem teatrlaryň öňünde goýlan esasy şertleriň biri bolupdyr.
Bu işe ilkinjileriň hatarynda baş goşmaklyk Ýe.B.Wahtangow adyndaky teatrda has ýörgünli bolupdyr. Teatryň durmuşynda K.Gossiniň "Şa gelni Turandotynyň” (1922) sahna çykarylmagy ajaýyp tejribe hökmünde kabul edilipdir. Pýesany sahnalaşdyran režissýor Ý.B.Wahtangowyň özi bolupdyr.
Şertleýin, aýdyň teatr görnüşlerini dowam etdirmek bilen bu teatr häzirki zaman janly duýgyny döredýän eserlere ýüz urmaklyk arkaly L.N.Seýfulinanyň we W.P.Prawduhiniň bilelidäki "Wirineýa” (1925ý), B.A.Lawrenýewiň "Çat açan” (1927) pýesalaryny sahnasyna çykarypdyr. Spektakllaryň ikisine-de režissýorlyk eden A.D.Popow. Köpçülikleýin gahrymançylyklary keşpleriň üsti bilen ýokary götermek, olary joşgunly ýagdaýda suratlandyrmak MGSPS teatrynda öz ornuny tapypdyr. Teatrda W.N.Bill-Belosekowskiniň "Gom” (1925 ý. Bratişanyň keşbini Wanin), D.A.Furmanow bilen S.Poliwanowyň "Pitne” (1927) pýesalary MGSPS teatrynyň sahnasynda goýulyp, ýokarda bellän adatlatymyzy dowam etdirilipdir. Pýesalaryň ikisine-de režissýorluk eden Ýe.O.Lýubimow-Lanskaýa.
Leningradyň Akademiki drama teatry yzygiderli klassyky eserlere ýüzlenenem bolsa, öz sahnasyna häzirki zaman pýesalaryny çykarmak bilen olara ýiti, özboluşly häsiýetleri berip başlaýar. Ws.Iwanowyň "Bronepoýezd 14-69” (1927), Ý.Ýanowskiniň "Gazaplanmak” (1930) pýesalaryna täzeçe ýiti garýyşlar girizilip sahna çykarylypdyr. Pýesalaryň ikisem režissýor
N.W.Petrow tarapyndan sahnalaşdyrylypdyr. Režissýor W.E.Meýerhold öz adyny göterýän teatrda Martin bilen S.M.Tretýakowyň bilelikde ýazan "Ýer asmana galýar” (1923), S.M.Tretýakowyň "Arla Hytaý!” (1926) pýesalaryny suratladyrmakda täze sahna serişdelere ýüzlenipdir. Spektakllarda çeperçiligi kabul etmegiň kadalaryna daýanyp adatdan daşgary ulaltmalara
(groteske) ýüz urup, konstruktiwizme golaý, biomehanika bilen gyzyklanmanyň üsti bilen bermegi başarypdyr. Moskwanyň Rewolýusiýa teatry, Leningradyň Uly drama teatry dramaturglar E.Tolleriň, G.Kaýzeriň pýesalary goýlandaky ekspressionizm akymdan halas bolmak, saplanmak üçin belli bir işleri edipdirler. Konstruktiwizm käbir ýagdaýlarda futuristik” täsirler A.Ý.Taýyrowyň Kamerniý teatrynda Ýujin O”Niliň "Negr” (1929) pýesasynda sosial ýitilige, keşpleri açmakdaky kyn psihologik çözgütlere golaýlaşandygyna garamazdan ýokarda bellänlerimiz saklanyp galypdyr. MHAT-2-de sahna çykarylan Beliniň "Peterburg” (1925) spektaklynda baş keşbi Ableuhowy M.Çehow döredipdir. Bu spektaklda esasy wezipe idealistik dünxägaraýyşlaryň alamatlaryny ýeňip geçmekden ybarat bolupdyr. Şol teatrda sahna çykarylan A.K.Tolstoýyň "Ioanna Grozniniň ölümi” (1927) spektaklynda ekspressionistik şekillendirmekligi aradan aýyrmak dogrusynda-da belli bir işler edilipdir. MHAT-2-de Ýe.I.Zamýatynyň insinirowkasynda sahna çykarylan N.S.Leskowyň "Tagtabitinde” (1925 ý., režissýory A.D.Dikiý), A.N.Afinogenowyň "Samsygynda” (1929 ý., režissýorlary I.N.Bersenýew, A.I.Çeban, baş keşbi Wolgin-Azarin döredipdir) durmuşy bolşy ýaly edip tomaşaça ýetirmeklik belli bir derejede öz tassyklamasyny tapypdyr.
Realistik adatlara garşy çykyşlara garşy göreşler režissýorlar K.S.Stanislawskiniň, W.I.Nemirowiç-Dançenkonyň, A.I.Ýužiniň döredijiliginde we olaryň edebi çykyşlarynda özüniň wajyp ähmiýetini tapypdyr. Olaryň öňe sürmeleri sowet teatrlarynda realizmiň esasy garaýyşlaryny, mazmunyny goramakdan ybarat bolupdyr. K.S.Stanislawskiý özüniň "Meniň ömrüm sungatda” kitabynda: "Häzirki zaman täzelikçileri, teatr rewolýusenerleri sahnada durmuşyň şertleýinlikleri dogrusyndaky göreşe baş goşup, sowet teatrlarynda "osowremeniwaniýa” (döwrebaplyga), "sosial gurluşa” baş goşmak bilen nusgawy esrelere özleriçe çemeleşipdirler. Şeýle çemeleşmeler dürli-dürli bolupdyr. Meýerhold teatrynyň sahnasyna A.N.Ostrowskiniň "Jeňňel” (1924) pýesasyny sahna çykarmak bilen pýesadaky sosial gurluşy dürli serişdeler arkaly wagyz edipdir we şol bir wagtyň özünde spektakly gülküli halk tomaşasyna öwrüpdir. A.N.Ostowskiniň başga bir pýesasy "Ähli akyldarlara mahsus sadalyk” (1923 ý., režissýory S.M.Eýzenşteýn) Proletarkultyň merkezi studiýasynda sahna çykarylypdyr. Bu pýesada döwrüň syýasy wagyz ediş tomaşasyna öwrülipdir” diýip, ýazypdyr. Ajaýyp nusgawy eserleri sahnadan okamaklyk "döwrebaplyga” täzeçe tejribe hökmünde hem ulanylypdyr. MHAT-yň sahnasyna A.N.Ostrowskiniň "Gyzgyn ýürek” (1926) pýesasy çykarylýar. Spektaklda Hlynowyň keşbini Moskwin, Gradoboýewiň keşbini Tarhanow, Silanyň keşbini Hmelýew döredipdir. Bu teatrda P.Bomarşeniň "Figaronyň öýlenişi” (1927 ý. bu komediýa "Dälilik güni“ ady bilenem berilýär) komediýasy saha çykarylýar. Komediýada Figaronyň keşbini Batalow, Sýuzannanyň keşbini Andreýewskaýa suratlandyrypdyr. Sahna eserleriniň ikisine-de K.S.Stanislawskiý režissýorçylyk edipdir. Şol döwürde Kiçi teatryň sahnasyna
G.Uspenskiniň "Aljyraňňy köçäniň gylyk häsiýeti” eseri boýunça "Aljyraňňy köçe” (1929) spektakly sahna çykarylýar. Ýokarda ady agzalan pýesalaryň üçüsem howaýy, emeli döwrebaplyga garşy goýlan eserler bolmak bilen teatrlarda tejribe hökmünde kabul edilipdir.
20-nji ýyllarda teatrlary ösüşi we baýlygy dramaturgiýanyň, sahnanyň dürli janrlary öz içine almagyna bagly bolupdyr. Sowet satiriki komediýalarynyň iň ajaýyplaryny W.W.Maýakowskiý döredipdir. Onuň döreden komediýalary "Tagtabit” (1929), "Hammam” (1930) ajaýyp komediýalar bolmagy bilen Meýerhold teatrynyň sahnasyna çykarylýar. Satiriki komediýalar beýleki teatrlaryň repertuarlaryna hem goşulyp ugrapdyr. B.S.Pomaşowyň "Çişirilen içlekli” (1925) komediýasy Rewolýusiýa we "Krasnyý fakel”, B.R.Erdmanyň "Mandat” (1925) komediýasy Meýerhold adyndaky, A.W.Lunaçarskiniň "Awy” (1925) komediýasy Leningradyň Akademiki drama teatrynyň repertuarina girizilipdir. Bu komediýalarda möwritini ötüren geçmişiň dürli hadysalary suratlandyrylypdyr. Sahna sungaty özünde zähmetkeşleriň halkara raýdaşlygyny goldaýan, imperializmiň garşysyna olaryň alyp barýan göreşini suratlandyrýan eserleri tomaşaça hödürläp ugrapdyr. W.N.Bill-Beloserkowskiniň "Çep rulda” (1926) Kiçi teatryň sahnasyna çykarylypdyr. Iň oňat hasaplanan sowet rus pýesalary Moskwanyň, Leningradyň teatrlarynyň repertuaryna girizilip ugraýar. Rus sahna sungaty 20-30-njy ýyllarda öz örüsini giňeldip merkezden uzakdaky teatrlaryň repertuarlaryny dolduryp ugrapdyr.
20-nji ýyllaryň aýaklarynda 30-njy ýyllaryň başlarynda Sowet respublikalary bolan Ukrainanyň Kiýew şäherinde 1926-njy ýylda Lesi Ukrainka adyndaky Rus teatry, Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde 1926-njy ýylda häzirki A.S. Puşkin adyndaky Rus teatry, Gazagystanyň Alma-Ata şäherinde 1933-nji ýylda Alma-Ata Rus teatry, Özbegistanyň Daşkent şäherinde 1934-nji ýylda Daşkent Rus teatry döredilip işe başlapdyr. Şol bir wagtyň özünde RSFSR-iň öz içinde 1931-nji ýylda Wladiwostok ülke teatry, Rostow şäherinde Rostow-Don teatry, RSFSR-iň köp şäherlerinde M.Gorkiý adyndaky teatrlar açylypdyr. Tatarstan awtonom respublikasynyň Kazan şäherinde 1948-nji ýylda Rus teatry işe başlapdyr. Şol ýyl Ýaroslaw şäherinde F.G.Wolkow adyndaky teatr açylypdyr.
30-njy ýyllaryň başlarynda oba tomaşaçylary üçin niýetlenen kolhoz-sowhoz, Gyzyl Goşun esgerleri we çagalar üçin teatrlar döredilip ugrapdyr.
Şeýle teatrlaryň sany güngeldikçe köpelipdir.
1932-nji ýylyň 23-nji aprelinde kabul edilen BKP(b) MK-niň "Edebiýat we çeperçilik guramalarynyň işini täzeden gyramak hakyndaky" ýörite kararyndan soň, ýurtda erkin döredijilik ýaryşyna giňden ýol açylýar. Bu ugur sahna sungatynam geljekgi realistik ýokary göterilişine tarap giň ýol çekmegine alyp barypdyr. Şeýle öňe sürmeler 30-njy ýyllar edebiýatda we sungatda sosialistik realizm ygry atlandyrylypdyr. Sosialistik realizm bilen ýaraglanan rus teatry öz saýlap alan täze jemgyýetçilik ugrunyň kanunalaýyklygyndan peýdalanyp, hakykaty dogry suratlandyrmak, onuň ösüşini täze sepgitlere alyp gitmek işine baş goşupdyr.
Rus teatrynda sosialistik realizmiň K.S.Stanislawskiniň, W.I.Nemirowiç-
Dançenkonyň döredijiliginde öz wajyp ornuny eýeländigi, şol ugurda olaryň bütin ömürlerini bagş edendiklerini aýtmak esasy hökmanlyklaryň biri hasaplanýar. Olaryň döredijiliginiň düýp manysy täze sowet režissura mekdebini döretmekden we özünde dürli baýlygy jemlän şahsy çeperçilikden ybarat sungaty ýola goýmak bolupdyr. Olaryň döredijiligi öňdebaryjy realistik adatlary özünde jemlän, sungatyň nusgawy realistik görnüşlerini tapmagy, olary tazeçe many-mazmunda dünýä indermegi göz öňünde tutupdyr. Pýesalarda ideýa mazmuny we olaryň bütewiligini, dowamlylygyny, sahna çykarmakçy bolunýan drama eseriniň "adam durmuşynyň ruhyny” özünde jemlemelidigini öňe sürüpdirler. Biziň şu ýokarda bellänlerimiz K.S.Stanislawskiniň, W.I.Nemirowiç-Dançenkonyň sahna sungaty baradaky öňe sürmeleiniň diňe rus teat-rynda däl-de dünýä teatr sungatynda öz ornuny tapandygyny bellemelidiris. Şol döwürlerde K.S.Stanislawskiniň sistemasy teatr sungatynda ymykly ornuny tapdy. Onuň "Senet hakynda” (1921) atly makalasy, "Meniň ömrüm sungatda” (1926) dünýä belli kitaby "Aktýoryň öz üstünde işlemegi” (1938) kitapçasy sahna realizmini ösdürmekde rus režissurasyna, aktýor ussatlygyna uly täsirini ýetirmek arkaly gollanma bolup hyzmat etdi. Ol eserler dünýä teatr sungatynyň aýrylmaz bölegi hökmünde şu günlerem ýaşamagyny dowam etdirip ýör.
Döwrüň uly resžissýorlarynyň biri W.E.Meýerhold ilki realistik adatlara
garşy bolanam bolsa, 30-njy ýyllardan soň, sahnada şertleýin keşpleri, sahnada aýratyn sosial pikirleri, mazmunlary çuň psihologiýanyň, dürli sahna serişdeleriniň üsti bilen bermek arkaly K.S.Stanislawskiniň ýoluna golaýlaşypdyr. Onuň K.S.Stanislawskiniň sistemasyna gabat gelýän ilkinji sahna eseri Ý.P.Germanyň "Girişmek" (1933) romanynyň inssenirowka edip öz adyny göterýän Meýerhold teatrynyň sahnasyna çykarmagyndan başlanýar. W.E.Meýerholdyň ömrüniň ahyryndaky döredijiligi döwrüň öňe çykaran sosialistik realizmine golaý bolupdyr.
Özüniň režissýorçylyk işine MHT-dan başlan A.D.Popowyň döredijiligine mahsus durmuşyň göwrümli wakalaryny özüne giň we çuňlygy bilen dartmak, keşplerdäki şahsy häsiýetleri açyp bilmek aýdyňlygy bilen duýlypdyr. MHAT-yň adatlary bilen ýaraglanan režissýorlar Ý.B.Wahtangow, Ý.A.Zawadskoý öz döredijiliklerinde sahna çykarýan spektakllarynda esasy eseriň ideýa-mazmunyny doly açyp we ony tomaşaça ýetirip bilmekden ybarat bolupdyr. Ý.B.Wahtangowyň tejribesini özlerine kabul eden režissýorlar P.I.Simonyň, B.Ýe.Zahawyň döredijiliginde dowam etdirilipdir. Režissuranyň has öndümli bolmagy, sahna çykarylýan spektaklaryň ilkinji çeşmelerine, gözbaşlaryna golaý bolmagy MHAT teatrynda režissýor A.D.Dikiniň döredijiliginde aýdyň ýüze çykarylypdyr. Onuň sahna çykaran spektakllarynyň mazmunynda hakykaty ýiti kabul etmeler bilen geljege bolan uly ynam şöhlesini tapypdyr.
Režissýor N.P.Ohlopkowyň esasy döredijilik ugry spektakllarda halk-gahrymanlarynyň düýpli, ägirt görnüşlerini gözlemekden ybarat bolupdyr.
Şol bir ýagdaýda onuň režissýurasy W.W.Maýakowskiniň poýetikasy, W.E.Meýerholdyň tejribesine golaý bolupdyr. Režissýorlar N.W.Petrowyň, L.S.Wiwýeniň döredijilikleri syýasy we psihologik ýagdaýlara çuňňyr häsiýetler
bermekden ybarat bolupdyr. Režissýor N.M.Akimow sahna çykarýan komiki-satiralarynda ähli ünsüni özüne mahsus ýiti, kähalatlarda adatdan daşgary, geň (ekssentriçniý) hadysalara ýykgyn edipdir. Şu eden belliklerimiz MHAT teatrynda işlän we K.S.Stanislawskiniň sistemasy bilen terbiýelenen režissýorlar bolupdyrlar.
Rewolýusion hakykatynyň täsirleri öňde baryjy Sowet dramaturgiýasynda täze sosial sütünli teatrlarynyň döremegine getiripdir.Şeýle teatra ýykgyn eden režissýor A.Ýa.Tairow öz döredijiligini sintezlemek usulynda realistik adatlar arkaly ýokarlandyrypdyr. Bu bellänlerimiz A.Ýa.Tairowyň döreden Kamerniý teatrynda esasy orny eýeläpdir.
Rus režissurasynyň görnükli wekilleri N.M.Gorçakowyň, M.N.Kedrowyň, M.O.Knebeliň, W.G.Sahnowskiniň, B.M.Suşkewçiň, I.Ý.Sudakowyň, Ý.S.Teleşýewanyň, I.M.Raýewskiniň döredijiligi MHAT-yň režissura mekdebi bilen bagly bolupdyr.
Rus teatrynyň ösmegine uly goşant goşup, häzirki zaman teatrlarynda gözleg ýollaryny birleşdiren režissýorlar I.N.Barsenýew, L.A.Wolkow, K.A.Zuýew, A.M.Lobanow, Ýe.A.Brill, A.A.Brýansew, W.P.Redlih, K.P.Hohlow we beýlekiler gözleglerini dowam etdiripdirler. Şol döwrüň uly režissýorlary N.I.Sobolşikow-Samarin, N.N.Sinelnikow, I.A.Rastowsew, A.I.Kanin, B.S.Bitýuskiý, N.A.Pokrowskiý RSFSR-iň welaýatlarynda, şäherlerinde teatrlaryň döremeginde, ösmeginde uly täsirlerini, kömeklerini hemme taraplaýyn ýetiripdirler.
Rus teatrlatynyň uly, kiçi nesilleriniň hemmesi ýurtda halkyň sosialistik jemgyýet gurluşynda alyp barýan işlerine ruhy taýdan hyzmatlaryny gaýgyrmandyrlar. Teatrlar 30-njy ýyllarda Sowet gurluşynyň esasy mazmunyny, öz spektakllardaky köp taraplaýyn keşpleriň üsti bilen şöhlelendirip tomaşaçylar köpçüligine ýetiripdir. Teatrlaryň sahnasyna çykarylýan esasy pýesalary graždanlyk urşuny, rewolýusiýadan ozalky geçmişi suratlandyrmakdan ybarat bolupdyr. Ws.W.Wişnewskiniň "Optimistik tragediýasy” (1933) spektakly Kamerniý teatrda sahna çykarylýar. Spektaklyň režissýory A.Ýa.Tairow, Komissaryň keşbini Konen, Alekseýiň keşbini Žarow döredipdir. Ws.W.Wişnewskiniň "Ilkinji atly goşuny” (1930) Rewolýusiýa teatrynda, A.Ý.Korneýçugyň "Eskadrilýanyň heläk bolmagy” (1934) Gyzyl Goşunyň Merkezi teatrynda, L.I.Slawiniň "Interwensiýasy” (1933) Ý.B.Wahtangow adyndaky teatrynda sahnada goýlupdyr. Sosialistik gurluş, täze durmuş oba, kolhoz ýerlerinde-de uly depgin bilen alnyp barlypdyr. Şol depgine bagyşlanan W.M.Kirşonyň "Çörek” (1930-1931) MHAT-da, N.F.Pogodininiň (hakyky familiýasy Stukalow) "Baldan soňy” (1934) Moskwanyň rewolýusiýa teatrynda, M.Gorkiý adyndaky drama teatrynda, işçi-daýhan raýdaşlygyny wasp edýän N.Ý.Wirtynyň "Topragy” (1937) MHAT-da, ýurdyň sosialistik agyr senagatyny şöhlelendirýän A.I.Bezymenskiniň "Atyş” (1929), W.E.Meýerhold adyndaky teatrynda, N.F.Pogodiniň "Depgini” /1930ý./ Ýe.B.Wahtangow adyndaky teatrynda "Palta hakynda poemasy”, "Meniň dostumy” (1931-1932) Rewolýusiýa teatrynda, režissýory A.D.Popow, ýurtda täze häsiýetli intelligensiýany taýýarlamak, olaryň dünýä garaýşyny ösdürmeklige ýykgyn edýän A.N.Afinogenowyň "Gorkunjy” (1931) Leningradyň Akademiki drama teatrynda, režissýory N.W.Petrow, Borodiniň keşbini Pewsow, Klaranyň keşbini Korçagina-Aleksandrowskaýa, şol ýyl bu spektakl MHAT teatrynda-da sahna çykarylyp Borodiniň keşbini Leonidow döredipdir. A.Ýe.Korneýçugyň "Platon Kreçeti” (1935) MHAT-da goýulýar. Spektaklda Platonyň keşbini Dobronrawow, Brestiň keşbini Toporkow, Lidanyň keşbini Stepanowa, L.M.Leonowyň "Skutarýewskisi” (1934) Kiçi teatrda sahnada goýlupdyr. Sowet adamlarynyň, Sowet Goşunlarynyň watançylygyny görkezýän W.W.Wişnewskiniň "Soňky çözgüdi” (1931) W.E.Meýerhold adyndaky, B.S.Romaşowyň "Esgerleri” (1934) Kiçi we Gyzyl Goşunyň Merkezi teatrlarynda, K.M.Simenowyň "Biziň şäherimizden bolan ýigidi” (1941) Moskwanyň Lenin komsomoly teatrynda, W.M.Gusýewiň "Şöhrady” (1936) Kiçi teatrda sahna çykarylypdyr. Geljekde sahnada komediýa-satira žanrynyň ösdürilip başlanmagy A.Ý.Korneýçugyň "Ukrainanyň sähralarynda” (1941) pýesasynyň Kiçi teatrda goýulmagy bilen täzeden ýola düşüpdir.
Rus teatrynyň şol döwürde ýeten ýokary derejesi A.F.Pogodinyň "Tüpeňli adam” (1937) Ý.B.Wahtangow adyndaky teatrynda sahna çykarylmagy bilen kesgitlenipdir. Spektakla R.N.Simonow režissýorçylyk edipdir. Rus teatrynyň ýeten ýokary derejesi hasaplanýan spektaklda W.I.Leniniň keşbiniň döredilmegi bilen baglanyşykly. Spektaklda Leniniň keşbini Şukin döredipdir. Şol ýylyň dowamynda bu spektakl Woronež teatrynynyň sahnasynda görkezilipdir. Bu ýerde Leniniň keşbini Florinskiý ýerine ýetiripdir. Sahnada W.I. Leniniň keşbini döretmeklik A.Ýe.Korneýçugyň "Hakykat” pýesasynda dowam etdirilipdir. Pýesa Rewolýusiýa teatrynda sahna çykarylýar. Spektaklda Leniniň keşbini Ştrauh janlandyrypdyr. Proletarýatyň serdary W.I.Leniniň keşbiniň döredilmegi bilen ideýa-mazmun, çeperçilik ugra ýykgyn edilip, häzirki zaman sosialistik realizmiň täze gahrymanlaryny döretmeklige giň ýol yglan edilipdir. By ugra ýykgyn edilmegimde edebiýatda we dramaturgiýada sosialistik realizmiň düýbüni tutujy M.Gorkiý esasy beýiklikde durupdyr. M.Gorkiniň 30-36-njy ýyllarda döreden ajaýyp eserleri hasaplanýan "Duşmanlary” (1935) MHAT-da sahnada goýlupdyr. Spektakla režissýorlyk eden W.I.Nemirowiç-Dançenko bolupdyr. Sahnada Nikolaý Skrobotowyň keşbini Hmelýew, Zahar Bardiniň keşbini Kaçalow, Polina Bardinanyň keşbini Knipper-Çehowa, Tatýana Lugowaýanyň keşbini Tarasowa döredipdir. M.Gorkiniň "Ýegor Buliçýew we beýlekileri” (1933) Ý.B.Wahtangow adyndaky teatrda sahnalaşdyrylypdyr. Spektakla režissýorçylyk eden B.Ý.Zahawa bolupdyr. Spektaklda Buliçýewiň keşbini Şukin, şol teatrda M.Gorkiniň "Dostigaýew we beýlekiler” (1933) pýesasam goýlupdyr. M.Gorkiniň "Daçnikleri” (1939) Leningradyň M.Gorkiý adyndaky Uly drama teatrynda sahna çykarylypdyr. Spektakla režissýorluk eden B.A.Baboçkin. M.Gorkiniň "Wagşysy” (1941) Kiçi teatrda goýulýar. Onuň "Wagşysy” (1943) Gorkiý welaýatynyň drama teatrynda-da sahna çykarylypdyr. M.Gorkiniň "Meşanlary” (1935) Gyzyl Goşunyň Merkezi teatrynda tomaşaça ýetrilipdir. Şu sahna çykarylan spektakllaryň hemmesinde hereket edýän keşplerde sosial-filosofiki hadysalaryň düýp esaslaryny, çuň psihologiýany, sosial häsiýetlerdäki ýiti hakykaty sungatda belli bir kada sal-mak, sosialistik realizm şertlerinde režessurada, aktýor ussatlygyndaky ýokary göterilişi gazanmak esasy wezipe bolup hyzmat edipdir. M.Gorkinyň rus teatrlarynda ideýa-çeperçilik ösüşini yzygiderli öňe tarap dowam etdirmegi teatrlarda estetiki esaslaryň biri bolupdyr. M.Gorkiniň 30-njy ýyllarda ýazan "Pýesalar hakynda” atly makalasynyň girişinde: "...her bir işgär, täze dünýäni gurýan her bir gurluşykçy häzirkizaman dramasynyň baş gahrymany bolmalydyr” diýip, tassyklapdyr.
(Eserler ýygyndysy, tom 26, 1953 ý. sah. 426)
M.Gorkiý dramanyň hereket ugrunyň sosial guramaçy hökmünde çykyş etmelidiginem belläpdir. Ol ýene-de dramada sosial haýasyzlygyň azajyk gözde salynmagynyňam howpuň üstünden etmeginiň ahmaldygyny tassyklap: "...her suratlandyrylýan işiň, keşbiň özüne ýeterlik birligini tapmalydygyny, umumy hereket edýän synplaryň, şahsyýetleriň içinden geçýän özenini häsiýetleriň üsti bilen açyp bilmeklik sosial terbiýäni kesgitlemekden ybaratdyr” diýip, belleýär. (Ýokarda agzalan ýygyndynyň 415-nji sahypasy). M.Gorkiniň öňe süren bu pikirleri sahnada aktýor sungatynyň bir galyba esaslanmagyna, jemlenmegine öz täsirini ýetiripdir.
30-njy ýyllarda sosialistik-estetikanyň öndümli ösmegi dürli nesilleriň wekilleriniň döredijiligine öz uly täsirini ýetiripdir. MHAT-yň aksakallary (korifeýleri) O.l.Knipper-Çehowadan, W.I.Kaçalowdan, L.M.Leonidowdan, I.M.Moskwinden, M.M.Tarhanowdan soň, ikinji nesil N.P.Hmelýew, B.G.Dobronrawow, O.N.Androwskaýa, K.N.Elanskaýa, A.K.Tarasowa, A.N.Gribow, B.N.Liwanow, W.A.Orlow, M.M.Ýanşin ösüp ýetişipdir. MHAT-da özleriniň ilkinji mekdebini geçip ussatlyga ýetişen I.N.Bersenýew, S.G.Birman, S.W.Giasintowa, Kiçi teatrda ýaşuly nesil bilen deň hatarda ussatlyklaryny görkezen A.A.Ýaloçkina, W.O.Massalitinowa, W.N.Ryžowa, Ý.D.Turçaninowa, M.M.Klimow, A.A.Ostužýew, P.M.Sadowskiý sahnsada görnükli ýeri eýeläpdirler. Bulardan başgada Sowetler döwründe zehinleri açylan W.N.Paşennaýa, Ý.N.Gogolýewa, N.A.Annenkow, W.I.Meýer, N.A.Solowýow ýaly sahna ussatlary uly şöhratdan peýdalanypdyr. Kiçi teatryň truppalaryna 30-njy ýyllarda gelen aktýorlar D.W.Zerkalowa, M.I.Žarow, A.I.Zražewskiý, I.W.Ilinskiý, M.I.Sarýow öndümli goşant goşupdyrlar. Leningradyň Akademiki drama teatry hem sahnasyna uly sungat ussatlaryny toplapdyr. Rewolýusiýadan öň uly döredijilik ýoluny geçen Ý.P.Korçagina-Aleksandrowskaýa, W.A.Miurina-Samoýlowa, I.N.Pewsow, Ýu.M.Ýurýew ýaş aktýorlar A.F.Borisowyň, N.K.Simonowyň, B.A.Baboçkiniň, N.K.Çerkasowyň uly sahna ussatlary bolup ýetişmeklerine goldaw beripdirler. Sungatda sosialistik realizmiň düýpli orun tutmagy döredijilikde şahsy we köp taraply çeperçilik ussatlyklaryň açylmagyna alyp gelipdir. Döredijilikleri taýdan dürli ugurlara ýykgyn edýän aktýorlar diňe bir özboluşlylyklaryny saklaman, eýsem bilim alan döredijilik mekdepleriniňem ugruny dowam etdiripdirler. Bu zatlara garamazdan olar birleşmek arkaly öz döredijiliklerini bitewi bir sosial galyba salmagy hem başarypdyrlar. Bu ýagdaý döwrüň uly aktýory B.W.Şukiniň döredijiliginde "Wahtangowçylyk” adatlary ösdürmek, saklamak arkaly Rewolýusiýa we W.E.Meýerhold adyndaky teatrlaryň aktýorlary M.I.Babanowanyň, M.F.Astangowyň, D.N.Orlowyň, M.M. Ştrauhyň, Ý.S.Glizeriň, S.A.Martinsonyň, E.P.Garinyň, döredijiliginden peýdalanmagy başarýandygy has-da duýlupdyr. MOSPS teatryndan W.W.Waniniň, Kamerniý teatrynyň aktrisasy A.G.Kooneniň, Ýu.A.Zawadskiniň şägirtleri W.P.Mareskoýanyň, N.D.Mordwinowyň, R.Ý.Plýattanyň, merkezden uzakdaky ýerlerde bolan Swerdlowskiniň drama teatrynyň aktýorlary B.F.Iliniň, M.A.Tokarýewanyň, Ýaraslawskiý teatrynyň aktýorlary A.D.Çudinanyň, S.D.Romodanowyň, Saratow şäheriniň K.Marks adyndaky teatrynyň aktýorlary I.A.Slonowyň, Woronež teatrynyň aktýory A.W.Polýakowyň we başga-da köp sanly aktýorlaryň döredijiliginde ýokarda bellänlerimiz aýdyň duýlypdyr. Teatrlarda sosialistik sahna sungatynyň ösmegine zyýzan berýän, garşy durýan haýasyz sosiologik, naturalizm adatlaryny ýeňip geçmekde ýurduň ähli teatrlarynda alnyň barylýan işler öz netijesini beripdir. Şeýle netijeleriň esasy açary nusgawy dramaturgiýa ýüzlenmekden ybarat bolupdyr. Bu ugur dan A.N.Ostrowskiniň dramaturgiýasy has öňe çykarylypdyr. Onuň "Zehinler we muşdaklary” (1933), MHAT-da, "Ähli akyldarlara mahsus sadalygy” (1935) Kiçi teatrda, "Jeňňeli” (1936) Leningradyň A.S.Puşkin adyndaky drama teatrynda goýlupdyr. Klassyky eserleriň üsti bilen sosialistik realizme ýol çekmekde L.N.Tolstoýyň "Ýekşenbesine” (1930) MHAT-da ýüzlenilipdir. Spektakla režissýorlygy W.I.Nemirowiç-Dançenko edipdir. Spektakly awtoryň adyndan alyp baran W.I.Kaçalow, Katýuşa Maslowanyň keşbini Ýelanskaýa döredipdir. NHAT-da L.N.Tolstoýyň "Anna Kareninasyda” (1937) sahna çykarylypdyr. Spektaklda Annanyň keşbini Tarasowa, Kareniniň keşbini Hmelýow suratlandyrypdyr. MHAT-da A.P.Çehowyň "Üç uýalary" (1940) pýesasam tomaşaça ýetirilipdir. Spektaklda uýalar Maşanyň keşbini Tarasowa, Olganyň keşbini Ýelanskaýa, Irinanyň keşbini Stepanowa döredipdir. A.P.Çehowyň bu pýesasyndaky "gowy günleriň gelmegine garaşyp çekilýän gam” çuň şahyrana ýagdaýda suratlandyrylypdyr. Merkezden uzakdaky teatrlaram nusgawy eserler ýüzlenmek arkaly sosialistik realizmiň ýaýbaňlanmagyna öz goşantlaryny goşupdyr. M.Ý.Lermontowyň "Maskaradyny” (1936) Woronežiň şäher teatry tomaşaça ýetiipdir.
Rus aktýorlarydyr režissýorlary tomaşaçynyň ruhy baýlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen daşary ýurt nusgawy dramaturgiýasyna-da ýüzlenipdirler. 30-njy ýyllarda beýik iňlis dramaturgi U.Şekspiriň mirasyna ýüzlenmek bilen wajyp işe baş goşupdyrlar. Onuň harby ynsanperwerçilige ýugrulan ruhuny açyp görkezmek üçin "Otellosyna” (1935) Kiçi teatrda ýüzlenilipdir. Spektakly sahna režissýor S.E.Radlow çykarypdyr. Otellonyň keşbini Ostužýew döredipdir. Onuň "Romeo we Džulettasy” (1935) Rewolýusiýa teatryn-da goýlupdyr. Spektakla A.D.Popow režissýorçylyk Romeonyň keşbini Astangow, Džulettanyň keşbini-Babanowa ýrine ýetiripdir. "Hiç zat ýok ýerinden galmagal” (1936) Ý.B.Wahtangow adyndaky teatrda tomaşaça ýetirilipdir. Spektakldaky hereket edýän Beatriçanyň keşbini Mansurowa, Benediktiň keşbini R.Simonow suratlandyrypdyr. U.Şekspiriň "Nadaranyň nogtalanmagy” (1937) Gyzyl Goşunyň Merkezi teatrynda goýlupdyr. Spektakla A.D.Popow režissýorçylyk edipdir. Sahnada Katerinanyň keşbini Dobražanskaýa, Petruç-çionyň keşbini Pestowskiý döredipdir. Onuň "Bu size ýaraýarmysyny” (1940) Ýermolowa adyndaky teatrda sahna çykarylypdyr. Spektakly režissýorlar N.P.Hmelýow bilen M.O.Knebel sahnada goýupdyr.
30-40-njy ýyllarda rus teatrynda nusgawy dramaturgiýany sahna geçirmeklik dürli görnüşlere, dürli çeperçilik aýratynlyklara eýe bolupdyr. Nemes dramaturgy K.F.Guskowyň "Uriel Akosta” (1940) tragediýasyny I.Ý.Sudakowyň režissýorlyk etmeginde Kiçi teatryň sahnasynda goýulýar. Spektaklda Uriel Akostanyň keşbini Ostužýew döredipdir. Bu spektaklda erkinlik joşguny başdan aýak dowam etdirilipdir. Özboluşly tebigy herketleri, çuňňur psihologiýasy saklanyp Ž.B.Molýeriň "Tartýuf” (1939) komediýasy MHAT-yň sahnasynda goýlupdyr. Spektakla K.S.Stanislawskiniň ýolbaşçylyk etmeginde M.N.Kedrow, W.O.Toporkow režissýorçylyk edipdirler. Sahnada Tartýufyň keşbini Kedrow, Orgonyň keşbini Toporkow döredipdir. MHAT-yň sahnasyna iňlis dramaturgy R.B.Şeridanyň ýiti satira ýugrulan "Töhmet mekdebi” (1940) komediýasyny W.G.Sahnowskiniň ýolbabaşçylyk etmeginde režissýorlar N.M.Gorçakow bilen P.S.Largin çykarypdyrlar. Spektaklda ser Piteriň keşbini Ýanşin, ledi Tizliñ keşbini Androwskaýa ýerine ýetiripdir. Leningradyň Komediýa teatrynda Lope de Weganyň durşy bilen kinaýaly töhmede ýugrulan "Bedäniň üstündäki iti” (1936) we "Walensianly dul zenany” (1939) sahna çykarylýar. Spektakllaryň ikisinede N.P.Akimow režissýorlyk edipdir. Renesansyň (galkynyş eýýamynyň baý reňki çaýylan iňlis dramaturgy J.Fletçeriň "Ispan ruhanysy” (1934) MHAT-2-de režissýor S.G.Birman tarapyndan sahnada goýlupdyr. Durmuşa bolan uly söýgüni asyp bilen K.Goldoniniň "Meýhanada işleýän gyzy” (Traktirşisa" 1940) Mossowet adyndaky teatrda sahna çykarylypdyr. Spektakly goýan režissýor Ý.A.Zawadskiý. Spektaklda hereket edýän Mirandolinanyň keşbini Mareskaýa, Kawaler Ripafrattanyň keşbini Mordwinow ussatlyk bilen döredipdir.
Rus teatrlary 30-njy ýyllarda öz döredijilikleri bilen belli bir derejede ähli babatda öňe gidişikleri gazananam bolsa, şol onýyllygyň ahyrlarynda ýurdyň ideologiýasyna ters gelýän duşmançylykly adatlar peýda bolupdyr. Şol döwürlerde W.E.Meýerhold adyndaky, Kamernyý teatrlar berk tankyda sezewar edilipdir. Hatda W.E.Meýerhold teatry 1938-nji ýylda ýapylypdyr.
Bu teatrlarda bolyp geçen ýetmezçilikli ýagdaýlar öz täsirini beýleki teatrlara ýaýradanam bolsa, rus teatrlary ösmegini dowam etdiripdirler.
Rus teatrlary Beýik Watançylyk urşy döwründe ähli güýjüni, ähli serişdeler arkaly jemläp halky ýeňişe çagyrypdyr. Teatrlarda sahna çykarylan her bir eser watançylygy, gahrymançylygy uly joşgun bilen beýan ediň, tomaşaçyda çuňňur halky häsiýetleri döredipdir. Kiçi teatryň sahnasyna L.M.Leonowyň "Çozuş” (1942-1943) pýesasynyň çykarylmagy öz döwri üçin iň wajyp sahna eseri bolmak bilen sowet teatrlarynyň Beýik Watançylyk urşy döwründäki taryhyna müdimelik girdi. "Göreş” pýesasyny sahna çykaran režissýor I.Ý.Sudakow, sahnada Fýodryň keşbini N.Solowýew, Talanowyň keşbini P.Sadowskiý, Talanowanyň keşbini Paşennaýa, Demidýewnanyň keşbini Massalitinowa, Faýuniniň keşbini Menžinskiý, Kokoryşkiniň keşbini Lebedow döredipdir. Sahnada esasy keşpleri döreden aktýorlaryň ussatlygynda sowet halkynyň, adamsynyň ýeňilmezdigi uly güýç, dogruçyllyk, uly ynam bilen tomaşaça ýetirilipdir. Ýokarda bellän L.M.Leonowyň "Çozuş” (1943) pýesasy Mossowet adyndaky teatryň sahnasyna Ý.A.Zawadskiniň, O.I.Pyžowyň, B.W.Bibikowyň režissýorlygynda çykarylypdyr. Bu teatrda Fýodryň keşbini Astangow, Faýuniniň keşbini Wanin suratlandyrypdyr. Spektaklyň üsti bilen nemes basybalyjylaryň gandöküşikli bu işiniň özlerini heläklemekden başga zat däldigini geregiçe berip bilipdirler. Şu tema degişli K.M.Simonowyň "Rus adamlary” pýesasy Moskwanyň drama teatrynda (1942), MHAT-da (1943), şol ýyllarda Swerdlowskiniň, Ýaroslawskiniň F.G.Wolkow adyndaky teatrlarynda hem goýlupdyr. A.Ý.Korneýçugyň "Front" pýesasy MHAT-da, Kiçi teatrda, Ýe.B.Wahtangow adyndaky teatrda (teatrlaryň üçüsinde-de general Gorlowyň keşbini Dikiý döredipdir), Kalininsk, Swerdlowsk we başga-da birnäçe teatrlarda (1942-1943) sahnada goýlupdyr. Bu spektaklda esasan publisistika ünsi güýçlendirip, urşuň ýetirýän elhençlikleri ýitilik bilen berlipdir.
Beýik Watançylyk ýyllarynda rus teatrlarynda geçmişe, taryha ýüz urmalara uly ähmiýet berlip başlanýar. Uruş ýyllaryndan öň Leningradyň A.S.Puşkin adyndaky akademiki drama teatrynda sahnada goýlan A.N.Tolstoýyň "Pýotr I” (1935), Ý.B.Wahtangow adyndaky teatrynda sahnada goýlan W.A.Solowýowyň "Feldmarşal Kutuzowy” (1940) täzeden teatrlarda peýda bolmagy rus durmuşyndaky uzak geçmişiň üsti bilen halky ýeňişe çagyrmak hasaplanypdyr. Teatr taryhçylaryň bellemeklerine görä W.A.Solowýowyň "Beýik hökümdarynyñ" (1945) Leningradyň A.S.Puşkin adyndaky Akademiki drama, Ý.B.Wahtangow adyndaky teatrlarynda goýulmagy I.W.Staliniň şahsyýet kultunyň döremeginde geçmişiň täsiri hasaplanýar.
40-njy ýyllarda klassyky rus dramaturgiýasyna ýüz uran aktýorlar, režissýorlar öz döredijilikleri bilen ruhy durgunlylygy, pähimliligi, halkyň güýjini häsiýetlendirmäge çalşypdyrlar. A.N.Ostrowskiniň "Soňky pidasynyň” (1944) MHAT-da, "Hakykat ýagşy, bagt ondanam ýagşysynyň” (1941) Kiçi, tеatrda, "Gyzgyn ýüreginiň” (1944) Kazan teatrlarynda goýulmagy, A.P.Çehowyň "Wanýa daýysynyň” (1947) MHAT-da, 1943-nji ýylda Swerdlowskiniň teatrlarynda sahnada peýda bolmagy ýokarda bellänlerimize gönüden-göni şaýatlyk edýär.
Uruşdan soňky döwürde sowet halkynyň durmuşyny, goreşini açyp görkezýän spektakllar rus teatrlarynda dowam etdirilipdir. Şol bir wagtyň özünde käbir teatrlarda ýalňyş adatlara-da ýüz urlupdyr. Teatrlarda şol ýalňyş ýüz urmalary aradan aýyrmak maksady bilen 1946-njy ýylyň 26-njy awgustynda B(b)KP MK "Drama teatrlarynyň repertuarlaryny gowylandyrmak hakyndaky” karary kabul edilipdir. Kararda teatrlaryň repertuarynda gabat gelýän gowşaklyklaryň, ýaşaýşy gereginden artyk sadalaşdyrýan keşpleriň, buržuaz pýesalaryň ideýalaryny kabul etmekligiň, taryhyň ýoýulmagymana alyp barmalaryň aradan aýrylmalydygy bellenipdir. A.A.Fadeýewiň "Ýaş gwardiýa” (1947) romany esasyndaky spektakly Moskwanyň drama teatry (Häzirki W.W.Maýakowskiý teatry) sahna çykarýar. Spektakla režissýorçylyk eden N.P.Ohlapkow. B.F.Çirskowyň "Ýeňijiler” (1946) pýesasy Leningradyň A.P.Puşkin adyndaky Akademiki drama teatrynda, soň, 1947-nji ýylda MHAT-da sahnada goýlupdyr. B.A.Lawrenýewiň "Deňizdäkiler üçin” (1947) pýesasy Kiçi teatryň sahnasynda peýda bolupdyr. Ýokarda atlary getirilen spektakllarymyz şol döwürde döwletiň öňe sürmeleri bilen ruhlanan eserler hasaplanypdyr.
Durmuşy gapma-garşylyklaryň hakykat ýüzünde açylmagyny suratlandy-ryp bilýän A.W.Sofronowyň "Bir şäherdesi” (1947) Mossowet teatrynyň, A.Ý.Korneýçugyň "Makar Dubrawasy” (1948) Ý.B.Wahtangow adyndaky teatryň, Ý.P.Çepuriniň "Wyždany” (1950) Gyzyl Goşunyň Merkezi teatrynyň repertuaryna girizilipdir. Leningradyň A.S.Puşkin adynaky drama teatrynda arzuwçyllyga ýugrulan zähmet ýokary göterlişleri şahyrana wasp ed-ýän A.P.Dowženkonyň "Güllere bürenen durmuşy” (1947) teatryň repertuarynda birnäçe ýyllaryň dowamynda saklanypdyr. Döwür bilen baglanyşykly gülküli satira ýugrulan A.Ý.Korneýçugyň "Kalina jeňňelligi” (1950) Kiçi, N.M.Dýakonowyň "Galyňly toýy” (1950) Moskwanyň Satira teatrlarynyň repertuarlarynda ymykly ornaşypdyr. Dünýä ýurtlaryny urşa tarap öjükdirýän käbir jeñbaz ýurtlaryň syýasy häsiýetleriniň üstüni açýan pýesalaram teatrlarda belli bir derejede öz ornuny tapypdyr. Şeýle häsiýete ýugrulan publisistki makalalaryň, çykyşlaryň hasabyna taýýarlanan "Rus soragy” (1947) ýygyndy spektakly I.M.Rapaportyň režissýorçylyk etmeginde MHAT, Ý.B.Wahtangow adyndaky, Moskwanyň Lenin komsomoly adyndaky teatrlaryň repertuaryna girizilipdir. Bu spektakla W.F.Ryndin hudožniklik edipdir.
40-njy ýyllaryň aýaklarynda, 50-nji ýyllaryň başlarynda rus teatrlarynyň sahnasynda I.W.Staliniň şahsyýet kultundan emele gelen ösüş has-da ýaýbaňlangyrylypdyr. Durmuşyň ösüş adatlaryny emeli ýagdaýda dürli ýollar arkaly galdyrmak, hakykatdan daşgary ösdürip görkezmek, hiç hili gapma-garşylyksyz gahrymanlaryň ýeňişlerini suratlandyrmak teatrlaryň hakyky ösüşlerine gereginden artyk zyýan ýetiripdir. Döredijiligi ýokardan berilýän görkezmeler, buýruklar arkaly deňleşdirmek, kybaplaşdyrmak, ähli zady üýtgewsiz (dogmat) guramak bilen sosialistik realizme tabyn etmekden ugur alnypdyr. Bu ýagdaýy teatr tankytçylary "garşylyksyz teoriýa” diýip atlandyrypdyr.
Rus teatrlarynda dowam eden "garşylyksyz teoriýany” aradan aýyrmak, ony ýeňip geçmek dogrusynda belli bir işler SSKP-nyň XX-XXII gurultaýlarynda edilipdir. Şondan soň edebiýatyň we sungatyň öňünde täzeçe çözgütler, wezipeler öňe sürlüpdir. Ýurtda yglan edilen bu çagyryş döredijilik adamsynda durmuşy suratlandyrmakda, çeperçilik ussatlygyna tarap ýol çekmekde käbir öňe gidişliklere ýol açypdyr. Ýurtda höküm sürýän üýtgewsiz gurnamalara (dogmalara), sosialistik realizm atlandyrylýan dar düşünjä garşy bolan göreşler rus teatr sungatyna aýaga galyp azda-kände itergi beripdir. Bu göreşler teatr sungatynda dürli žanrlaryň, dürli döredijilik ugurlaryň mekdebiniň döreme ýol açyp, 50-nji ýyllaryň ortalaryndan soň, rus teatr sungatynyň täze ýokary sepgide galmagyna uly mümkinçilikler döredipdir.
Rus teatr sungatynda 50-nji ýyllaryň aýaklarynda 60-nji ýyllaryň başlarynda dörän baş ugur täze daý ahlakly, dürli žanrly, dürli häsiýetli sahna sungatyna ýol açypdyr. A.N.Arbuzowyň "Irkutskiniň taryhy” (1959) Ý.B.Wahtangow adyndaky teatrda goýulýar. Spektaklda Walýanyň keşbini Borisowa, Sergeýiň keşbini Ulýanow döredipdir. Bu spektakl 1960-njy ýylda W.W.Maýakowskiý adyndaky, Leningradyň Uly drama teatrlarynda-da sahna çykarylypdyr. A.P.Şteýniň "Okeany” (1961) W.W.Maýakowskiý adyndaky, Leningradyň Uly drama teatrlarynda, S.I.Alýoşiniň (hakyky familiýasy Kotlýar) "Hemmeler adam bolmalysy” (1962) Leningradyň Akademiki drama teatrynda, onuň başga bir pýesasy "Palatasy” (1962) Kiçi teatrda, I.W.Ştogyň "Leningrad şaýoly” (1962) Mossowet adyndaky teatrda, Pawlowanyň "Wyždanam” (1963) Mossowet adyndaky teatrda, W.S.Rozowyň "Günüňiz haýyrly bolsuny” (1954) Merkezi Çagalar teatrynda, onuň "Toý gününi” (1964) "Sowremennik" we Moskwanyň Lenin komsomoly teatrlarynda, A.M.Sofronowyň "Aşpez aýaly”, "Strýapuhasy” 1959) Ý.B.Wahtangow adyndaky teatrda sahna çykarylypdyr. Ýokarda atlaryny agzan spektakllarymyz rus sowet eýýamynyň teatrlaryndaky galkynyşa täzeçe çekilen ýoluň başlangyjy bolup hyzmat edipdir.
Sowet Russiýasynyň düýbüni tutujy W.I.Leniniň keşbini edebiýatda we sungatda ýokarlandyrmak meselesi 50-nji ýyllaryň ortalaryndan soň, täzeçe çözgüde eýe bolup başlaýar. Öň ýazylan pýesalaryň, goýlan spektakllaryň täzeçe redaksiýalaryna seretmek, olaryň üstünde täzeden işlemeklik ýaly hereketlerem peýda bolupdyr. Täze redaksiýada A.F.Pogodinyň "Kreml kurantlary” (1956), "Üçünji belentlik” (1958), M.F.Şatrowyň (hakyky familiýasy Marşak "Altynjy iýuli” (1965 ý. käbir maglumatlarda 1966) spektakllarynyň üçüsem MHAT teatrynda goýlupdyr. "Üçünji belentlikde” W.I.Leniniň keşbini döredeni üçin aktýor B.A.Smirnow Lenin adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp bolupdyr.
Ynsanperwerçilikli keşpler döredilende olara filosofiki häsiýetleri bermek M.Gorkinyň "Wassa Železnowasynyň” (1952) täze redaksiýasynda Kiçi teatryň sahnasyna çykarylmagy öz döwründe uly şowhun döredipdir. Spektaklda Wassanyň keşbini W.N.Paşennaýa döredipdir. Şol döreden keşbi üçin W.N.Paşennaýa W.I.Lenin adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp bolupdyr. Ynsanperwerçilikli keşplere filosofiki häsiýetleri bermek nusgawy eserlerde-de dowam etdirilipdir. M.Ý.Lermontowyň "Maskarady” (1952) Mossowet adyndaky teatrda goýlupdyr. Bu spektakl režissýor Ý.A.Zawadskiý tarapyndan täze redaksiýada 1963-nji ýylda Mossowet teatrynda sahna çykarylýar. Spektaklda baş keşbi Arbenini döredeni üçin aktýor N.D.Mordwinow W.I.Lenin adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp bolupdyr.
Rus teatrlarynda sosialistik realizmiñ dogmalaryny ýeňip geçmekde rus dramaturglarynyň köp eserlerine täzeden "jan” berlipdir. W.W.Maýakowskiniň "Hammamy” (1953) täze redaksiýada Moskwanyň Satira teatrynda goýlupdyr. Spektakla W.N.Pluçek, N.W.Petrow, S.I.Ýutkewiç režissýorlyk edipdirler. Onuň "Tagtabitiniň” (1955) täzeden işlenen görnüşem Moskwanyň Satira teatrynyň sahnasyna çykarylýar. Bu satiriki komediýa hem W.N.Pluçek bilen S.I.Ýutkewiç režissýorlyk ediňdir. W.W.Maýakowskiniň başga bir komediýasy bolan "Misteriýa Buffy” (1957) režissýor W.N.Pluçek tarapyndan sahna çykarylypdyr. Täzeden işlenilişiň sahna çykarylan bu satira eserleri özüniň syýasy batyrlygy bilen tomaşaçylarda uly täsir galdyrypdyr. W.W.Wişnewskiniň "Optimistik tragediýasynyň” (1955) režissýor G.A.Towstonogowyň täzeden işlemeginde Leningradyň A.S.Puşkin adyndaky Akademiki drama teatrynda goýulmagy uly hadysa hökmünde kabul edilipdir. Spektaklda Komissaryň (Wožagyň) keşbini Ý.W.Tolubeýew döredipdir. Spektaly goýan režissýor G.A.Towstonogowa we baş keşbi döreden aktýor Ý.W.Tolubeýewe W.I.Lenin adyndaky Döwlet baýragy berlipdir. Teatry öwrenijileriň bellemegine görä spertaklda gahrymançylygyň, arzuwçyllygyň, beýikligiň örän çuňňur häsiýetleriň, taryhy hakykatyň üsti bilen ynamly edilip berilmegi spektakly ýokary derejä göteripdir. Dürli tejribäniň üsti bilen nusgawy eserlere ýüzlenmeklik hem rus teatrlarynda öz mynasyp ornuny tapypdyr. Satiriki spektakllaryňam dürli-dürlili görnüşlere eýe bolmagy, çenden aşa ýitiligi, aýdyňlygy artypdyr. A.B.Suhowo-Kobyliniň "Gozgalan işi” (1955) Leningradyň Lensowet adyndaky teatrynda, režissýor N.P.Akimow tarapyndan sahna çykarylýar. Şol teatrda M.Ý.Saltykow-Şedriniň "Kölegede” (1953) satiriki pýesasy goýlupdyr. Bu spektaklada režissýorçylyk eden N.P.Akimow bolupdyr. M.Ýa.Saltykow-Şedriniň "Kölegede” (1953) satiriki pýesasy Moskwanyň A.S.Puşkin adyndaky drama teatrynda-da sahna çykarylypdyr. Bu teatrda spektakla A.D.Dikiý režissýorlyk edipdir. Rus teatrlarynda raýatyñ jemgyýetiň öňündäki borjy baradaky syýasatada üns güýçlendirilipdir. Şeýle drama eserlriniň biri A.P.Çehowyň "Iwanowy” (1955) Moskwanyň A.S.Puşkin adyndaky drama teatrynda goýlupdyr. Spektakla M.O.Knebel režissýorlyk edipdir. Sahnada Iwanowyň keşbini B.A.Smirnow döredipdir.Spektaklda baş gahrymanyň, personažyň üsti bilen haýasyz, ahlaksyz, bir taraplaýyn häsiýetleri açmaklyk A.P. Çehowyň pýesalarynda mahsus talaplaryň biri bolupdyr. Şeýle ýagdaý A.P.Çehowyň "Iwanowynyň” (1960) Kiçi teatryň sahnasynda goýylmagy bilen adamyň, şahsyýetiň jemgyýetiň öňündäki borjunda gabat gelýän dartgynlylyk hasam aýdyň duýlupdyr. Kiçi teatryň sahnasynda goýlan "Iwanowa” B.A.Baboçkin režissýorlyk edipdir. Iwanowyň keşbini B.A.Baboçkin we M.I.Sarýow, Annanyň keşbini K.F.Roýek döredipdirler. A.P.Çehowyň "Çarlagy” (1952) Nowosibirskiniň "Krasnyý fakel” teatrynda sahna çykarylypdyr. Spektakla W.P.Redlih režissýorlyk edipdir. Spektaklda hereket eden Ninanyň keşbini Kapustina ýerine ýetiripdir. Özüniň aýratyn ýitiligi bilen MHAT-yň sahnasyna çykarylan L.N.Tolstoýyň "Magaryfçylygyň miweleri” (1951) atly satirasy has-da tapawutlanan sahna eserleriniň biri bolupdyr. Bu spektakly režissýor M.N.Kedrow sahna çykarypdyr. Halkyň ýokary adamkärçilikli, pähimli häsiýetleri Kiçi teatryň sahnasyna çykarylan L.N.Tolstoýyň başga bir eseri bolan "Häkimiýetdäki tümlükde” (1956) geregiçe açylyp öz beýanyny tapypdyr. Spektakly sahnada B.I.Rawenskiý goýupdyr. Spektakldaky Akimiň keşbini Ilinskiý döredipdir.
Adamzadyň öňdebaryjy wekilleriniň dumana duwlanan dünýädäki reaksion güýçleriň garşysyna alnyp barýan garşylyklary U.Şekspiriň "Gamletinde” (1954) geregiçe ýüze çykarylypdyr. Bu spektakl W.W.Maýakowskiý
adyndaky teatrda goýlupdyr. Spektakla režissýorlyk eden N.P.Ohlopkow,
sahnada Gamletiň keşbini Ý.Samowlow ýerine ýetiripdir. 50-nji ýyllaryň aýaklarynda 60-njy ýyllarda rus sowet teatrlarynyň sahnasyny daşary ýut dramaturglarynyň ynsanperwerçilikli drama eserleri eýeläp ugraýar. Şol döwürlerde B.Brehtiň "Sezuanadan bolan rehimdar adam” (1964) Moskwanyň drama we komediýa teatrynda goýulýar. Spektakla Ý.P.Lýubimow režissýorçylyk edipdir. Dramaturg E.De.Filipponyň "Filumena Marturano”
(1956) pýesasy Ý.B.Wahtangow adyndaky teatrda sahna çykarylýar. Spektakla Ýe.R.Simenow režissýorçylyk edipdir. Onuň "Meniň maşgalam” (1957) pýesasy A.B.Şatriniň režissýorluk edmeginde Gyzyl Goşunyň Merkezi teatrynda goýlupdyr. A.Milleriň "Gapy gezýän dükança ölümi” (1959) pýesasy Leningradyň A.S.Puşkin adyndaky drama teatrynda sahnada goýlupdyr. Spektaklda Willi Lomeniň keşbini Tolubeýew döredipdir. Rus teatrlarynda ilkinji sapar demokratik ýurtlardan bolan dramaturglar B.Nuşiçiň, L.Kruçkowskiniň, W.Blažegiň, P.Koroutyň drama eserleri öz orunlaryny tapypdyr.
Rus reatrlarynda täze döwrüň häsiýetli we köp taraplaýyn režissýorçylyk gözlegleri 50-nji ýyllaryň ortalarynda aýdyň duýlypdyr. Teatr sungatynda poetiki añlatmalaryñ üsti bilen keşpleri suratlandyrmaklyga bolan ymtylyşlar has-da ösdürilipdir. Şol döwürde tus teatrlarynda režissýorlaryň we aktýorlaryň ýaş nesliniň uly topary görnükli ýerleri eýeläpdirler. Zamana bolan ýiti duýgy, pikirlenmekdäki işeňňirlik, lirikanyň birligi, spektakllardaky döwrebaplyk režissýor G.A.Towstonogowyň sahna çykarýan spektakllarynda aýdyňlygyny tapypdyr. Onuň sahna çykarýan spektakllarynda az sözlülik, wakalary suratlandyrmakdaky serişdeleriň arabaglanşygy, dramaturgiýa siňdirilen gaýtalap bolmajak poýetika höküm sürüpdip. Sahna düzgünlerindäki ýokary göterilişe ýykgyn etmeklik, arzuwçyllyk, belentlik, zamananyň hakykatyny kabul etmeklik režissýor B.I.Rawenskiniň spektakllarynda aýdyň beýan edilipdir. "Wahtangowçylyk” adatlaryň şertleýinlikdäki täzeçe çäkleri, teatra mahsus aýdyňlygy režissýor Ý.R.Simonowyň spektakllarynda öz manysyny tapypdyr. Režissýor A.D.Popowyň adatlarynda häzirki zaman adamsynyň çäklerini çözüji we kesgitleýji ýagdaýda şahsyýetiň üsti bilen bermeklik esasy orny eýeläpdir. Döwrüň döredijilik talabyna laýyklykda Rus teatrlarynda peýda bolan ýaş režissýorlar B.A.Lwowa-Anohinanyň, A.B.Şatriniň, A.W.Efrosyň, 50-60-njy ýyllarda sahna gelen aktýorlardan Ý.K.Borisowyň, N.W.Mamaýewyň, I.M.Smoktunowskiýniň, N.W.Podgornynyň, M.A.Ulýanowyň, T.W.Doronowanyň, Ý.S.Ýurskiniň döredijilikleri teatrlaryň dürli görnüşde, dürli žanrda ösmegine ösmegine direg bolup hyzmat edipdir.
Döredijilik zehinleriň ösmegine täze açylýan teatrlaryň, olarda peýda bolýan ýaşlaryň köpelmegem belli bir derejede goşant bolup hyzmat edipdir. Şeýle teatrlaryň hasabynda O.N.Efremowyň ýolbaşçylyk edýän "Sowremennik” teatrynyň, MHAT-da ýaşlaryň hasabyna döredilen mekdep-studiýasynyň, Ý.P.Lýubimow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän B.W.Şykin adyndaky uçilişäni tamamlan ýaş aktýorlardan düzülen toparyň Moskwanyň drama we komediýa teatryna gelip goşulmagy rus teatrlarynyň geljegine uly ýol açypdyr. Rus teatrlarynda şol döwürde dörän baýlyk şu günlerem dowam edip ýör.

Annameret DURDYMÄMMEDOW.




Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 22 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]