21:12
Rus sazly teatry
RUS SAZLY TEATRY

Saz rus drama teatrlarynda XVII asyrdan başlap esasy orny eýeläp gelipdir. Moskwanyň gapy teatrlarynda 1672-76-njy ýyllarda spektakllarda hor, ýekelikde aýdym aýtmak, saz gurallaryny ulanmak, tans etmek, dürli saz žanrlary bilen dini aýdymlary, ýaraşyksyz aýdymlary, şadyýan aýdymlary aýtmak düzgünleri ulanylapdyr. Spektakllaryň bölümleriniň arasynda sazly intermediýalar ýerine ýetirilipdir. "Orfeý we Ewridika” baletem görkezilipdir. Dramany saz bilen birleňdirmek, baglamak XVII-XVIII asyrdaky goýulýan spektakllarda häsiýetli zatlaryň biri bolupdyr.
XVIII asyr rus medeniýetinde, sungatda dünýewi ýeňişiň peýda bolmagy bilen sazly teatrlaryň, professional sazandalaryň, ýerine ýetirijileriň, kompozitorlaryň, öý aýdymçylarynyň giňden ulanylmagy peýda bolupdyr. Öňdebaryjy rus saz sungaty gapy artistlarynyň, sazandalarynyň milli sungat ýönekeýje zat hökmünde garamagynyň, kosmopolit adatlarynyň, salon sazlarynyň, daşary ýurt kompozitorlarynyň käbir opera sazlarynyň garşysyna alnyp barlan göreşlerde ösmegini dowam etdiripdir. Şol bir ýagdaýda daşary ýurt kompozitorlarynyň dünä tejribesindäki ösüşi rus saz sungatynyň, medeniýetiniň öndümli ösmegine öz täsirini ýetiripdir. 1736-njy ýylda Peterburgda F.Araýinyň "Söýgüniň güýji we ýirgenç” operasy ilkinji gezek sahna çykarylypdyr. Şu spektaklyň tomaşaça görkezilmegi rus gapy operasynyň döremegi hasaplanypdyr. Gapy operalaryny esasan Italiýadan ýörire çagyrylyp getirilen kompozitorlar B.Galuppi, T.Traetta, J.Paiziýello ýazypdyrlar. Rus opera sungatynda 1782-nji ýyllarda opera-bufflar, şol bir wagtyň özünde "Sewil dellegi” we başga-da birnäçe opera peýda bolupdyr. Ilki sahnada Italiýan opera aýdymçylary çykyş edipdirler. Şondan kän wagt geçmän rus opera aýdymçylar truppasy peýda bolupdyr. Rus opera aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde A.Sumarokowyň ýazgysyna E.Araýinyň döreden "Şefal we Prokrisi” (1775) operasy sahna çykarylypdyr. Bu çykyş rus opera aýdymýylarynyň operadaky ilkinji rus dilindäki çykyşy bolmak bilen sahnada ilkimji opera aýdymlaryny ýerine ýetirenler M.Poltoraskiý, G.Marsinkewiç, Ý.Belogradskaýa bolupdyrlar. Operada hor toparam çykyş edipdir. Hor toparynyň çykyş etmegi esasan italýan kompozitorlanyň rus operalary üçin hor çykyşlaryna köp ýer bermekleri bilen baglanyşykly bolupdyr.
XVIII asyryň 2-nji ýarymynda köpçülik ýçin Peterburgda, Moskwada tölegli drama we opera teatrlary peýda bolup ygrapdyr. 1780-nji ýylda Moswada Petrowskiý teatry açylýar. Bu teatrda drama, opera we balet spektakllary goýlupdyr. Şol döwürde truppalar aýry-aýrylykda bolman garylan ýagdaýda çykyş edipdirler. 1783-nji Peterburgda sazly spektakllar Uly teatryň jaýynda goýlupdyr. Bu teatryň sahnasynda ilkinji milli rus operalary goýlup onda şol döwrüň meşhur rus aýdymçylary Ý.S.Worobýow, A.S.Krutiskiý, P.W.Zlow, aýdymçy zenan Ý.S.Sandunowa çykyş edipdirler. XVIII asyryň dowamynda şahsy we krepostnoý opera teatrlaram peýda bolup, şol teatrlarda meşhur aýdymçy zenanlar P.I.Žemçugowa, Ý.I.Iwanowa ýaly zehinler ösüp ýetişipdirler.
XVIII asyryň soňky çärýeginde öňde baryjy edebiýatyň, dramaturgiýanyň, teatryň täsiri bilen milli kompozitorçylyk mekdep emele gelip ugraýar. Bu emele gelen kompozitorçylyk milli mekdep özüniň ýönekeýligi, halkylygy, keşplerde durmuş hakykatyny açmaga bolan häsiýetleri bilen tapawutlanypdyr. Kompozitorlar tarapyndan döredilýän sazlarda esasy üns milli aýdymlara siňdirilipdir. Halk aýdymlarynyň sözleri G.R.Deržawinyň, esasanam A.N.Radişýewiň eserlerinden alnypdyr. XVIII asyryň soňky ýyllarynda ilkinji rus kompozitorlary bolan Ý.N.Fominiň, W.A.Paşkewiçiň, D.S.Bortnýanskiniň, M.A.Matinskiniň, I.Ý.Handoşkiniň, M.S.Berezowskiniň döredijilikleri giň gerime eýe bolupdyr. Şu kompozitorlaryň hemmesiniň gelip çykyşlary krepostnoý we raznoçinler gatlagyň wekillerine degişli hasaplanypdyr. Olaryň döredýän operalarynyň esasy sýužetleri maşgala, maşgala adatlary bilen baglanyşykly bolupdyr. Esasanam kompozitorlar Ý.N.Fominiň "Goşmaça paýtunçylaryň tötänleýin oýny” (1787), W.A.Paşkewiçiň "Arabadan gelen bagtsyzlyk” (1779), M.A.Matinskiniň "Sankt-Peterburg myhmanhanasynyň howlusy” (1779) operalarynda ýokarda bellänimiz öz manysyny tapypdyr. Rus operalarynyň esasy žanrlarynyň ýenede biri gülküli komiki-satira bolupdyr. Şeýle satiralar köplenç gepleşik žanrlarynyň üsti bilen ýerine ýetirilipdir. Şeýle opera sýužetleri öz häsiýetleri boýunça keşplerde saz diline geçirilip, halky aýdymlaryň üsti bilen baýlaşdyrylypdyr. Rus operalarynyň ilkinjileriniň biri A.O.Ablesimowyň ýazgysyna "Jadygöý kilwan-ýalançy we guda” (1779) operasy tutuşlygyna halky aýdymlardan bolup, Moskwanyň Petrowskiý teatrynyň orkestri skripkaçysy M.M.Sokolowskiniň täzeden işle-megi bilen sahnada ugrukdyrylypdyr. XVIII asyryň aýaklarynda Rus kompozitorlarynyň döredijiligine mylaýymlyk, mähirlilik peýda bolup başlaýar. Opera spektakllaryna peýda bolan mylaýymlyk, mähirlilik tomaşaçyda ýumşak, howaýy duýgularyň peýda bolmagyna alyp barypdyr. Şeýle ýagdaý esasan kompozitor D.S.Bortnýanskiniň köp eserlerinde duýlupdyr. Onuň "Ogly-garşydaş, ýa-da Täze Stratonik” operasynda doly ýüze çykypdyr. Sungatda mylaýymlyk, mähirlilik çäkleriniň emele gelmegi tomaşaçyda dramatizm tolgundyrma häsiýetinede eýe bolupdyr. Ý.B.Knýažiniň ýazgysyna kompozitor Ý.I.Fominiň sahna çykaran "Orfeý we Ewridika” (1792) melodramasynda şeýle häsiýetler doly açylypdyr.
XIX asyryň başlaryndan başlap rus saz sungatynyň ösüşi onuň milli adatlaryny özüne birleşdirmek bilen soňky ýüz ýyllyklaryň dowamynda öňe tarap ösmegini dowan etdiripdir. Eserlerdäki taze mazmun jemgyýetdäki bolup geçýän wakalar, jemgyýetde üýtgäp durýan syýasy akymlar kompozitorlardan täze gözlegleriň, žanrlaryň täzeçe görnüşleriniň, çözgütleriniň üstünde işlemegi talap edipdir. Spektakllarda gahrymanlaryň sahna keşbini beýgeltmek, aýdyň drama joşgunlylygy sazyň üsti bilen bermeklik kompozitor O.A.Kozlowskiniň eserlerinde has ýokary galdyrylypdyr. Ol 1812-nji ýyldaky Watançylyk urşunyň dramaturglar W.A.Ozerow, P.A.Katenin taratyndan ýazylan tragediýalary sahna çykaranda döwrüň edýän talaby doly ödelipdir. 1812-nji ýyldaky harby ýagdaýlary suratlandyrýan şol operalara kompozitor S.I.Dawydowyň watançylygy beýge galdyrýan diwertismenti goşulypdyr. Gahrymançylykly oratoriýa S.A.Degtýarowyň "Minin we Požarskiý, ýa-da Moskwanyň azat edilişi” (1811), K.A.Kawosanyň, A.A.Şahowskiniň librettosy esasynda döreden 'Iwan Susanin” (1815) operalarynda ýokary depgin bilen ulanylypdyr. Opera döredijiliginde esasy elementleriň biri aýdym bolýar. XIX asyryň başlarynda halk aýdymlarynyň esasynda gurnalan meşhur rus operasy "Ýakymly Dnepr suw perisi” (1803-07) sahnadan düşmändir. Bu operany I.Kauera, S.I.Dawydow, K.A.Kawosa bilelikde döredipdirler. Kompozitor K.A.Kawosyň beýleki bir operasy bolan "Ilýa batyram” (1807) halk aýdymlaryyň hasabyna döredilipdir. Şol operalar halk aýdymlarynyň hasabyna döredilsede olaryň täzeçe çäkleri bolupdyr. Dowrüň opera sungatyny döredijiler halk aýdymlaryndan, ertekilerden, rowaýatlardan, halk adatlaryndan ugur alsalaram, olary özleriçe işleselerem öňe sürülýän maksat halk aňyny ösdürmekden, olary arzuwçyllyk adatlaryna çagyrmakdan ybarat bolupdyr. Bu çagyryş döwrüň medeniýetiniň ähli ugurlaryny öz içine alypdyr. XIX asyryň arzuwçyllyk operalarynyň uly wekilleriniň biri A.N.Werstowskiý bolupdyr. Onuň döredijiliginiň esasy ösen döwri 20-30-njy ýyllary öz içine alýar. A.N.Werstowskiniň "Askoldowyň mazary” (1835) operasy meşhur saz eseri bolmak bilen ol öz içine demokratiýa, aýdymlaryň täzeligi, sahna salnan serişdeleriň dogry ýerine düşenligi, sahna-sazynyň şertleýinligi bilen belende galypdyr.
Rus saz sungatynyň täze eýýamy milli klassyky saz mekdebiniň düýbüni tutujy M.I.Glinikanyň döredijiligi bilen bagly bolmagynda galýar. Ol özünden öňki kompozitorlaryň ýeten derejelerini birleşdirmek arkaly rus saz sungatyny heniz görülmedik belentlige, baýlyga galdyrypdyr. Durmuşyň köp taraply özboluşly realistik çuňlugyny özünde jemläp, keşpleriň mazmunyny, keşpleriň aýratyn häsiýetli halkylygyny ösen çeperçiligiň üsti bilen berip bilmegi ýetilen ýokary dereje hasaplanýar. Şol sebäplem kompozitor M.I.Glinikanyň döredijiliginiň taryhy ähmiýeti örän beýik bolmagynda galýar. Onuň saz sungaty geljege bolan çuňňur halk ynamyna ýol çekmek bilen tomaşaçyny, diňleýjini watançylyga çagyrypdyr. Rus halkynyň gahrymançylygy, ruhy baýlygy M.I.Glinikanyň "Iwan Susanyn” (1836) operasynda beýiklik bilen ýerleşdirilipdir. Ol A.S.Puşkiniň "Ruslan we Lýudmila” (1842) poemasyny opera geçirip, halkyň batyrlygyny, gahrymançylygyny beýan edýän rus halk epiki operasyny döredip bilipdir. M.I.Glinika rus sazly teatry üçin ýokary çeperçilikli, N.W.Kukolnigiň "Knýaz Holmskiý” (1841) tragediýasyny döredipdir. Bu tragediýa simfoniki, kamerniý opkestrlarda-da, wokal-instrumental sazlarynda-da ulanylypdyr. M.I.Glinika bu operany döredende dürli žanrlara, dürli gornüşlere, dürli serişdelere ýüz uranam bolsa, esasy daýanjy, esasy gözbaşy halky aýdymlary bolup hyzmat edypdir. Umuman W.F.Odoýewsiniň aýtmagyna görä: "M.I.Glinika halk heňlerini tragediýa derejesine çenli ösdürip bilipdir”.
M.I.Glinikanyň döredijiligini dowam etdirijileriň biri, onuň kiçi zamanadaşy, görnükli, meşhur kompozitor A.S.Dargomyžskiý bolupdyr. Onuň döredijiligi Rus edebiýatynda, sungatynda XIX asyryň 40-50-njy ýyllarynda dowam eden tankydy realizm häsiýetlerini özünde jemlän adatlardan ugur alypdyr. Onuň sahna çykaran meşhur operalarynyň biri A.S.Puşkiniň "Suw perisi” (1856) dramasy esasynda döredilen saz eseri bolupdyr. Bu eser özünde maşgala durmuşyny açyp bilen liriki-psihologik opera hasaplanypdyr. Kompozitor bu operada sosial deňligi, halkdan çykan adamlaryň agyr keşiplerini operanyň özeni edip beripdir. A.S.Dargomyžsiý halk aýdymlary bilen bir ha-tarda dürli žanrlary öz içine alýan ýiti häsiýerli realistik sazlaryň gözleginde bolupdyr. Ol maşgala durmuşyndan döredýän operalaryny köpleç gepleşik žanrynda labyzly (itonasiýa) edip bermek arkaly sahnada diri adam keşbini döretmäge-de ýykgyn edipdir. A.S.Puşkiniň adybir eseri boýunça döreden Daş myhman” (1872 ý. eseriň gutarnykly görnüşi kompozitorlar N.A.Rimskiý-Korsakow, S.A.Kýuiniň gatnaşmagynda işlenipdir) operasynda A.S.Dargomyžskiý sazly-drama yzygiderli ýüzlenmek netijesinde ýazgydaky gepleşik žanryny sahna hereketi, saz bilen golaýdan baglapdyr. Ol "Daş myhman” operasynda dowam edip gelýän ariýalardan, sahna ansamblyndan daşlaşyp, ope-rada ýazgydaky düýp mazmuny ugrukdyrmakda inçe psihologiýanyň üsti bilen sazly reçitatiwi ulanypdyr. "Daş myhman” operasy rus kompozitorlarynyň döredijilik gözleglerinde uly täsire eýe bolupdyr. A.S.Dargomyžskiý döredijiliginiň giçki ýyllary bolan 60-njy ýyllarda-da demokratik raznoçin gatlagyň poeziýasynyň täsiri astynda sosial-satiriki operalary-da döredipdir.
M.I.Glinikanyň, A.S.Dargomyžskiniň döredijilik ýollarynyň rus saz sungatynyň ösüşinde realizm tutumlary, halkylygy döwrüň reaksion garaýyşlarynyň, aristokratiýa "beýikligiň” garşysyna agyr we yzygiderli göreşleri alyp barmaly bolupdyr. Ýurdy dolandyryjy häkimýetler meşhur rus kompozitorlarynyň döredijiliklerini inkär edipdirler. Esasanam opera žanrynda XIX asyryň 1-nji ýarymynda meşhur kompozitorlary gorap, döwrüň beýik tankytçylarynyň biri, W.F.Odoýewskiý özüniň arzuwçyllyk-idealistik garaýyşly adatlaryna garamazdan M.I.Glinikanyň döredijiliginiň çuňňur taryhydygyny bellemek bilen ony reakson monarhiýanyň hüjüminden, gazet-žurnallaryň tankydy çykyşlaryndan gorapdyr. Zehinli kompozitorlary, ýerine ýeririjilery gorap çykyş edipdir.
XIX asyryň 1-nji ýarymynda sazly teatrlardaky ýerine ýetiriliş belent derejä ýetipdir. Şol döwürde klassyky wokal mekdebiniň düýbi tutulypdyr. Bu mekdep esasan öňde baryjy estetiki-çeperçilik hadysalaryň,döwrüň halk sungatynyň, rus kompozitorlarynyň döredijiliginde opera we kamerniý wokal sungatynyň, aýratynam kompozitorlar M.I.Glinikanyň, A.S.Dargomyžskiniň eserleriniň täsirleriniň netijesinde döräpdir. M.I.Glinikanyň ýolbaşçylygynda düýbi tutulan wokal mekdebinden döwrüň O.A.Petrow, A.Ýa.Petrowa (Worobýowa), N.K.Iwanow, M.M.Stepanowa, S.S.Gulak-Artýomowskiý, D.M.Leonowa, A.P.Lodiý ýaly meşhur aýdymçylary çykypdyrlar. Olar M.I.Glinikanyň, A.S.Dargomyžskiniň operalaryndaky esasy partiýalary ýerine ýetirijiler bolupdyrlar. Kompozitorlar öz operalaryny döredenlerinde esasy partiýalary şolaryň ýerine ýetirmegini göz öňünde tutupdyrlar. Meşhur kamerniý aýdymçylar L.I.Karmolina we A.I.Molas (Purgold) A.S.Dargomyžskiniň okuwçylary bolupdyr. Wokal mekdebiniň ösmegine kompozotor A.Ý.Warlamow uly hemaýat edipdir.
Rus saz sahna sungatynyň esasy tutalgalary daşky täsirlerden daşlaşyp halk heňleriniň we sözleriniň aýdyňlygynyň, ýürekden çykýan ýerine ýetirijiliginiň, ýönekeýliginiň, hakykylygynyň sahna oýnuna öwrülmeginden ybarat bolupdyr.
XIX asyryň 1-nji ýarymynda merkezdäki teatrlaryň döwlet teatrlaryna öwrülip Imperatorçylyk teatrlarynyň direksiýasyna girmergi bilen repertuarlar daşary ýurtlaryň saz eserlerinden doldurylyp milli sungatyň ösüşine uly zyýan ýetiripdir. Şeýle hem rus sazly teatrlaryň ösmegine saz ugrumdan okuw mekdepleriniň ýoklugam geregiçe zyýanyny ýetirip bilipdir. 50-nji ýyllaryň aýaklarynda 60-njy ýyllaryň başlarynda jemgyýetçilik aňynyň ýokary göterliş döwri hasaplanyp sazda magatyflaşdyrma emele gelip, saz medeniýeti wajyp meseleleriň birine öwrülipdir. 1859-njy ýylda beýik pianinoçy (fortepýanaçy) kompozitor, saz jemgyýetiniň wekili A.G.Rubinşteýn tarapyndan rus saz jemgyýetçiliginiň düýbi tutulýar. Şondan soň, uly konsertlere we sazly magaryflaşdyrma işlerine uly ýol açylypdyr. 1862-nji ýylda Peterburgda ilkinji rus konserwatoriýasy açylýar. 1866-njy ýylda bolsa Moskwada-da rus konserwatoriýasy açylyp, konserwatoriýalaryň ikisine-de A.G.Rubinşteýin we onuň dogany N.G.Rubinşteýin ýolbaşçylyk edipdirler. Konserwatoriýalaryň açylmagy ýurtda saz ugrundan bilimli adamlaryň peýda bolmagyna we saz medeniýetinň ösmegine ýol açypdyr. Saz medeniýeti giň demokratik gatlaga ýaýramagy bilen 1862-nji ýylda Peterburgda M.A.Balakiriýew we G.Ý.Lomakin tarapyndan saz mekdebiniň düýbi tutulyp mekdebe zehinli çagalar mugt kabul edilipdir.
60-njy ýyllarda peýda bolan demokratik hereketiň täsirinde döwrüň iň beýik kompozitorlary bolan ýetişen P.I.Çaýkowskiý, A.P.Borodin, M.P.Musorgskiý, N.A.Rimskiý-Korsakow, M.A.Balakirýew öz döredijiliklerine başlapdyrlar. 50-njiýyllaryň aýaklarynda 60-njy ýyllaryň başlarynda M.A.Balakiriýewiň ýolbaşçylyk etmeginde belli "Могучий кучка” ("Ägirt topbak") atly döredijilik birleşmesi peýda bolupdyr. Bu birleşmäniň esasy maksady ýokary hilli demokratik ideýany, realizmi, sazyň halkylygyny gazanmakdan
ybarat bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde ýüzleýje gedonizmiň saza bolan gatnaşygyna, durmuşdan daşda bolan reaksion akademizmе we ýurdy dolandyryjy toparyň kosmopolit adatlaryna düýbünden garşy bolupdyrlar. M.I.Glinkanyň wesýetlerini dowam etdirmeklik, A.S.Dargomyžskiniň döredijiliginiň ýeten derejesini özleşdirmek arkaly "Ägirt topbagyň” kompozitorlary realistik adatlary ösdüripdirler, baýlaşdyrypdyrlar, täze mazmunlary, täze sýužetleri öz eserlerinde gorkman ulanypdyrlar, täze çözgütleri, täze serişdeleri ulanmak bilen täze sýužetleri we görnüşleri döredipdirler.
XIX asyryň 60-njy ýyllarynda sazlaryň ideýa-çeperçilik ugurlary dogrusyndaky göreş birden ýitileşmä sezewar bolupdyr. Bu göreş esasan saz meselerine bolan garşylyklaryň arasyndaky çekişmeleriň netijesinde döräpdir.
Esasan çekişmeler opera döredijiligi meseleriniň üstünde bolupdyr. Şol çuňňur, dartgynly çekişmelerde saz tankytçylary A.N.Serow, W.W.Stasow, S.A.Kýui esasy ösüş ýollaryny öňe sürüpdirler. Olaryň batyrlyk bilen öňe sürmelerinde rus sungatyna bolan gyzgyn söýgi jemlenipdir. Sazy inçeden yzarlap bilýän sazanda-analitik A.N.Serow öz barlaglarynda saz hadysalaryna ylmy taýdan baha bermekde berk we dogruçyllyga eýe bolupdyr. Ol rus saz sungatynyň meşhurlyga eýe bolmagyna tankydy magaryflaşdyrma nazarýetden garamak bilen öňde baryjy sungata öwrülmegini isläpdir. A.N.Serow şol bir wagtyň özünde belli kompozitor hökmünde-de çykyş edipdir. Ol kompozitor I.A.Džustimanyň librettosy esasynda "Ýudef" (1862-63), kompozitor D.W.Awerkiýewiň librettosyna "Rogneda" (1865), A.N.Ostrowskiniň pýesalary boýunça "Duşmanyň güýji”, "Bu durmuşy islemeseň, islegiň boýunça ýaşa” (ikisem 1871) operalary meşhurlykdan peýdalanypdyr. 60-njy ýyllarda saz tankytçysy W.W.Stasowyň demokratik ideýalara ýugrulan tankydy ýazgylary "Ägirt topary” döredujiliginde esasy ýeri eýelemek bilen ol şol toparyň ideology hökmünde ykrar edilipdir. "Ägirt topar” döredijilik toparynyň beýleki bir agzasy S.A.Kýui yzygiderli bolmasa-da toparyň öňe sürmelerini gorap çykyş edipdir. Ol kompozitorlar M.N.Glinikanyň, A.S.Dargomyžskiniň döredijiligini gorap yzygiderli çykyşlar gurapdyr. Şol bir wagtyň özünde-de ol birnäçe meşhur operalaryň awtorydyr. S.A.Kýuiniň "Mandarinyň ogly” (1859), "Wilýam Ratkliff” (1869), "Anželo” (1876) operalary döretmek bilen meşhurlyk gazanypdyrlar. Onuň "Anželo” operasy uzak ýyllaryň dowamynda sahnadan güşmändir. Ol "Anželo” operasyny W.Gýugonyň drama eseri esasynda W.Bureniniň librettosy boýunça döredipdir. Opera Marininskiý teatryň sahnasynda goýlupdyr. Operada Anželony Palaçek, Katerinany Raab, Tizbani-Kamenskaýa, Rudolfi Orlow, Galeofi Melnikow, Aksannony Wasilýew döredipdir. Opera drižýorçylyk eden Naprawnik, režissýorçylyk eden Kondratýew bolupdyr. Öňdebaryjy halk-realistik sazlary goramakda kompozitorlar A.P.Borodin, P.I.Çaýkowskiý, N.A.Rimskiý-Korsakow uly işler edipdirler. M.N.Glinikanyň we P.I.Çaýkowskiniň döredijiliklerini wagyz etmekde, olaryň döredijiligini yzarlamakda, goramakda G.A.Laroş yzygiderli köp işleri alyp barypdyr.
Monarhiýa gurluşy tarapyndan döredilen köp kynçylyklary ýeňip geçmek arkaly XIX 2-nji ýarymynda rus realist kompozitorlary dünýä saz sungatynda öňdäki, ajaýyp ýerlere mynasyp bolupdyr. Şol döwürde rus klassyky operalary dünýä realistik opera sungatynda belli bir belentlikleri eýelemekligiň hötdesinden gelipdir. Rus opera sungatynyň şol döwürlerde ýeten derejesini saz-tankytçylary opera sungatynyň tutýan göwrüminiň ulydygyny, halk durmuşynyň uly we çuň psihologiýasyny jemlemek arkaly dürli sýužetleriň üsti häsiýetlendirip bilendigi bilen baglaýarlar. Şol operalar özleriniň mazmun baýlygy, içki çuňlygy, köp taraplylygy, opera dramaturgiýasynyň görnüşleri we serişdeleri bilen bagly bolupdyr. Halk-watançylygy ideýalaryny özünde jemlän M.N.Glinikanyň "Iwan Susaniny” (Bu opera ilkinji gezek 1836 ý. goýlupdyr) täzeden baýlaşdyrylyp işlenen A.P.Boradynyň "Knýaz Igor” (1890 ý. operanyň gutarnykly görnüşi N.A.Rimskiý-Korsakow we A.K.Glazunow tarapyndan işlenipdir. Şu ýerde iň wajyp bellemeli zat operada ulanylan serişdeler we egin-eşikler türkmenlerden alnyp gidilipdir.) operasy düýpli sahna eseri bolmak bien gahrymançylyk wasp edilipdir. Epiki dramaturgiýanyň çäkleri A.S.Puşkiniñ "Ruslan we Lýudmila” (Bu opera ilkinji gezek 1842ý. sahna çykarylypdyr) operasynda has-da ösdürilipdir. Operada epiki dramaturgiýanyň ösdürilmegi N.A.Rimskiý-Korsakowyň "Sadko” (1897), M.P.Musorgskiniň "Boris Godunow” (2-nji redaksiýasynda 1872-1874ýý), "Howanşina” operasy (N.A.Rimskiý-Korsakow tarapyndan gutarnykly işlenilip 1886ý. sah- na çykarylypdy), N.A.Rimskiý-Korsakowyň "Pskowly gyzy” (1873 ý. 3-nji redaksiýasy boýunça 1895ý. sahna çykarylypdyr). M.N.Glinikanyň adatlaryny ösdürmek arkaly Rus operalarynda täze görnüşli halky-taryhy operalara üns güýçlendirilip, olarda sosial garşylyklar, ýurdy soraýan gatlaga, synpa bolan göreşler aýdyňlaşdyrylypdyr. N.A.Rimskiý-Korsakowyň "Garpamyk” (1882) erteki operasynda poetiki owadanlyk, halk ertekileriniň, ynamlarynyň durmuşa çuňňur akyl ýetirmekdäki tutýan maksady aýdyňlyk bilen suratlandyrylypdyr. N.A.Rimskiý-Korsakow halk ertekilerini ulanak arkaly samoderjawiýa gurluşynuň halka garşy edýän zyýanyny açyp görkezipdir.
Onuň "Kaşeý Bessmertniý” (1902), "Altyn horazjyk” (1909), "Şa Saltan hakyndaky erteki” (1900ý) operalarymyzda ýokarda bellänlerimiz has-da ösdürilipdir. P.I.Çaýkowskiniň "Ýewgeniý Onegin” (1879), "Pikowaýa dama” (1890) operalarynda bagtyň we şatlygyň daşyňy gurşap alan ýagdaýlarynda beýnisiniň göreşiniň zyýan çekýändigi adamçylyk dramasynyň üsti bilen berlipdir. P.I.Çaýkowskiniň "Jadygöý” (1887), N.A.Rimskiý-Korsakowyň "Şa gelini” (1899) maşgala taryhynda bolýan ýagdaýlar giňden açylypdyr. P.I.Çaýkowskiniň "Opriçnik” (1874), "Orlean gyzy” (1881), "Mazepa” (1884) operalary şahsy psihologik drama eýe bolupdyr. P.I.Çaýkowskiniň "Demirçi Wakul” (1876ý. täzeçe redaksiýasy "Çerewiçka” ady bilen 1887), N.A.Rimskiý-Korsakowyň "Maý gijesi” (1878), "Roždestwo gijesiniň öň ýanynda” (1895), M.P.Musorgskiniň "Soroçin
ýarmarkasy” (Gutarnykly görnüşi S.A.Kýui tarapyndan işlenilip, 1917-nji ýylda sahna
çykarylýar) bu operalar özünde çuň realistik häsiýetleri saklamak bilen halk durmuşyndan alnan komiki opera eserleri hasaplanýar. Operalar özlerine poetik ertekiligi, ýumşak lirizmi siňdirmek arkaly komiki žanry janlandyrypdyr. Kompozitor A.G.Rubinşteýniň döredijiligi žanr we sýužet aýratynlyklary boýunça çeperçilik taýdan bahasyna ýetip bolmajak operalar hasaplanýar. Onuň "Demon” (1875) operasy ýokarda bellänlerimizi öz içine almak bilen doly lirizme ýugrulan opera bolupdyr.
Rus saz teatr medeniýeti XIX asyryň 2-nji ýarymynda özüniň açyk-aýdyň ösüşine ýetipdir. Heniz 60-njy ýyllarda rus teatrlarynda italýan opera truppalary ýeňilliklerden peýdalanypdyr. Şol döwürde rus teatrlaryny birleşdirýän Imperatorçylyk teatrlaryň direksiýasy ýerli teatrlara derekli raýdaşlyk etmekden daşda durupdyrlar. Täze demokratik "raznoçin” köpçüligiň, görnükli öňdebaryjy kompozitorlaryň, saz-tankytçylarynyň üznüksiz göreşleri netijesinde 80-nji ýyllarda Rus milli opera teatrlary görnükli belentliklere çykypdyr. Rus ýerine ýetirijilik mekdebi görnükli kompozitorlar bilen golaý aragatnaşyk saklap asyryň başynda öňden gelýän adatlary dowam etdiripdirler. Realizm, halkylyk, wokaldaky kämillik, ussatlyk, sahnadaky aýdyňlyk, ýerine ýetirijilik döredijiligi beýik aýdymçylaryň ýüze çykmagyna getiripdir. XIX asyryň 2-nji ýarymynda Ý.A.Lawrowskaýa, Ý.F.Platonow, F.P.Komissaržewskiý, I.A.Melnikow, birneme soňrak F.I.Strawinskiý, P.A.Hohlow, N.N.Figner, M.I.Figner beýik aýdymçylar bolup ýetişmek bilen olar milli repertuarda terbiýelenipdirler. Olar öz ýerine ýetirjilikleri bilen döwrüň kompozitorlaryny höweslendiripdirler. Şol döwürlerde operany goýujy dirižýorlaram peýda bolup ugrapdyr. Peterburgda K.A.Kawos, yzýanyndan E.F.Naprawnik, K.N.Lýadow, Moskwada I.K.Altani, U.I.Awrenek görnükli dirižýorlar opera goýupdyrlar. Operada ilkinji sazly režissura tejribesi O.O. Paleçekiň ady bilen baglanyşykly. Rus opera sungatynyň ösmeginde Peter-gradyň Mariinskiý (Häzirki Sankt-Peterburgyň S.M.Kirow adyndaky Akademiki opera we balet teatry), Moskwanyň Uly teatrynyň (Häzir bulam Akademiki teatr) täsiri uly bolupdyr. XIX asyryň 2-nji ýarymynda merkezden yzakda 1874-nji ýylda Kazan şäherinde sazly teatr açylýar. Teatrda rus we daşary ýurt operalary sahna çykarylyp, ol teatrda merkeziň meşhur aýdymçylary bilen bir hatarda ýerli zehinli aýdymçylaram çykyş edipdirler.
XX asyryň başlarynda Russiýada güýçli rewolýusion hereketleriň başlanmagy bilen öňden gelýän ideologiýa üýtgäp, saz sungatynyň öňünde çylşyrymly meseleler goýlupdyr. Beýik rus kompozitorlary N.A.Rimskiý-Korsakow, S.I.Tanaýew, A.K.Glazunow, A.K.Lýadow 1905-1907-ýyllarda bolup geçen rewolýusiýalary goldap seslenipdirler.
XIX-XX asyrlaryň çäklerinde saz sungatynda opera öňde baryjy žanr bolmagyny bes edipdir. Ýaş saz wekilleri A.K.Glazunow, A.K.Lýadow we beýlekiler özlerini N.A.Rimskiý-Korsakowyň mekdebini dowam etdirijiler hasap etselerem "Belýaýew kružogynyň” agzalary bolmak bilen özlerini "Moguçiý kuçkany” dowam etdirijiler hasaplapdyrlar. Kružogyň esasan baş wezipesi insturmental eserleri döretmekden ybarat bolupdyr. Şol döwürde Moskwaly kompozitorlaryň ählisi diýen ýaly P.I.Çaýkowskiniň täsirine düşüp opera žanryna baş urupdyrlar. Kompozitorlar S.I.Taneýew Eshiliň üç bolümden ybarat dramasy bolan "Oresteýa” (1895), A.S.Arenskiý "Wolgadaky düýş” (1890), "Rafael” (1894), "Nal we Damaýanti” (1904), M.M.Ippolitow-Iwanow "Ruf” (1887), "Asýa” (1900), "Dönüklik" (1910), A.T.Greçaninow "Mähirli Nikitiç” (1903) uly göwrümli operalary döredipdirler. Bu operalaryň göwrümli bolmagyna garamazdan operada orta oklanýan meseleleriň ösmän inçelmegi, giň halky we sosial meselerden daşlaşylyp, şahsy garşylyklara ünsüň güýçlendirilmegi operalary nusgawy sazly dramaturgiýanyň derejesine ýetmekden has bärden gaýtarypdyr. XIX-XX asyrlaryň çäklerinde kompozotor N.A.Rimskiý-Korsakowyň operalaryndan soň, S.W.Rahmaninowyň "Aleko” (1893), "Gysganç rysar” (1906 ý. operalaryň ikisem A.S.Puşkiniň adybir poemasy esasynda) "Françeska da Rimni” (1906 ý. Danteniň eseri esasynda) döreden kamerniý operalary rus opera sungatynda uly hadysa hökmünde kabul edilipdir. Bu kameniý operalarda wokal pariýalarynyň inçelik bilen işlenişi, psihologiýanyň ornaşdyrylyşy,orkestr partiýalaryna uly ünsüň berilmegi operalary ýokary derejä göteripdir.
XX asyryň başlarynda rus saz sungatyna modernistik däerr aralaşyp, ýetilen dereje aşak gaçyp başlaýar. Döwrüň uly kompozitorlary N.A.Rimskiý-Korsakow, S.I.Taneýew we beýleki görnükli realistik rus sazandalary modernistleriñ edebi işlerinde çuň, ýiti tankyda sezewar edilipdir. Rus klassyky saz sungatynyň realistik adatlaryny gorap, saz-tankytçylary N.D.Kaşkin, S.N.Kruglikow we beýlekiler çykyş edipdirler.
Rus saz-teatrlarynda XIX-XX asyrlaryň çäklerinde ýerine ýetirijilik görlüp-eşidilmedik belentlige ýetipdir. Realistik ýerine ýetirijilik wokal sungatynda F.I.Şalýapinyň, A.W.Heždanowanyň, L.W.Sobinowyň, I.W.Ýerşowyň döredijiliginde uly belentlik hasaplanypdyr. Bu beýikleriň sahna-saz sungatynda goýup giden ýerine ýetirjilik keşpleri özlerinden soňky ýerine ýetiriji ýaş nesil üçin nusgalyk bolup hyzmat edipdir. Şol bir wagtyň özünde zehinli opera aýdymçylary bolan W.P.Petrow, W.I.Kastrowskiý, G.S.Pirogow, I.A.Alçewskiý, Ý.I. Zbruýewa, I.W.Tartakow, Ý.K.Mrawina ösüp ýetişipdirler. Opera sungatynda operany goýujy-dirižýorçyltk ussatlygy S.W.Rahmaninowyň döredijiliginde ýokary derejä gelipdir. M.M.Ippolitow-Iwanow, D.I.Pohitinow, F.M.Blumenfeld meşhur, beýik dirižýorlar hasaplanypdyr.
Öňdebaryjy watançylyk repertuar Moskwada S.I.Mamontowyň şahsy rus opera teatrynda wagyz edilipdir. S.I.Mamontowyň şahsy opera teatrynda meşhur opera aýdymçylary N.I.Zabela, W.N.Petrowa-Zwansewa, Ý.Ýa.Swetkowa, N.W.Salina, A.W.Sekar-Rožanskiý, dirižýorlar S.M.Rahmaninow, M.M.Ippolitow-Iwanow, hudožnikler I.I.Lewitan, W.A.Serow, M.A.Wrubel, A.M.Wasnesow, W.M.Wasnesow işläpdirler. Teatrda dirižýorlar bilen bir hatarda sahna çykarylýan operalaryň çeperçillik ugruny kesgitleýän opera režissýorlaram peýda bolup ugrapdyr. Şeýle režissýorlaryň ilkinjileri S.I.Mamontow, W.A.Losskiý, W.P.Şkafer, P.I.Melnikow bolupdyr. 1912-1919-nji ýyllar aralygynda Sazly drama teatr hereket edipdir. Şeýle teatry döreden we oňa ýolbaşçylyk eden režissýor I.M.Lapiskiý bolupdyr. Ol sahna hereketinde hakykaty, aýdyňlygy gözlemek bilen sahna elementlerinde sazyň täsiri astynda kerep (rutina) döretjek bolmalara garşy göreşipdir. Sazly drama teatrynyň saz bölümine dirižýor M.I.Bihter ýolbaşçylyk edipdir. Saz sungatynyň ösmegine Peterburgyň Halk öýi opera teatram belli bir derejede öz täsirini ýetiripdir. Bu teatra N.N.Figner ýolbaşçylyk edipdir. Şolar ýaly şahsy opera teatry Moskwada S.I.Zimin tarapyndanam döredilipdir.
Rewolýusiýanyň öň ýanynda opera artistleri K.G.Deržinskaýanyň, Ý.A.Stepanowanyň, N.A.Obuhowanyň, S.I.Migaýyň, N.N.Ozerowyň, P.Z.Andreýewiň döredijilikleri gülläp ösüpdir. Uly teatrda köp sanly nusgawy operalaryň sahna çykarylmagy dirižýor W.I.Sukyň döredijiligi bilen bagly bolupdyr.
XIX-XX asyrlaryň çäklerinde rus opera teatrlary ösmegini dowam etdiripdir. Merkezden uzaklarda 1895-nji ýylda Perm şäherinde (häziki Perm opera we balet teatry), 1912-nji ýylda Ýekaterinburgda (häzirki A.W.Lunaçarskiý adyndaky Swerdlowskiniň opera we balet teatry) şeýle teatrlar Nižnyý Nowgoratda, Saratowda we başga-da köp şäherlerde açylypdyr. Rus opera teatrlary häzirki Ukrainanyň Kiýew, Harkow, Gruziýanyň Tiflis şäherlerinde döredilipdir.
XIX asyryň 2-nji ýarymynda, XX asyryň başlarynda Rus opera medeniýeti daşary ýurtlara-da giňden ýaýramak bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanypdyr. Rus opera teatrlarynyň uly çeperçilik aýratynlygy, sazlarynyň täzeçe häsiýerliligi daşary ýurt sazandalary F.List, G.Berlioz, Ž,Massne, M.Rawel, A.Dowaržak, L.Ýnaçek, dirižýorlary G.Býulow, G.Maler, A.Nikiş tarapyndan uly öwgä mynasyp bolupdyr. Olar rus opera sungatyny ýaýradyjylar bolubam çykyş edipdirler. XX asyrda rus saz sungatyny gastrollarda bolýan beýik aýdymçylar F.I.Şalýapyn, L.W.Sabinowa, A.N.Naždanowa we beýlekileriň ýerine ýetirýän aýdymlarynyň üsti bilenen wagyz edilipdir. 1908-nji ýyldan başlap, rus opera teatrlary rus möwsümi daşary ýurtlarda” atly gastrol möwsümine başlapdyr. Gastrola gidişliklere S.P.Dýagilýewa ýolbaşçylyk edipdir. Şol bir wagtyň özünde merkezdäki Uly we Mariinskiý teatrlar konserwatiw garaýyşly imperatorçylyk teatrlaryň direksiýasyda garşylyklar güýjäpdir. Reperuarlaryň düzümi gowşpdyr. N.A.Rimskiý-Korsakowyň, M.P.Musorgskiniň eserleri repertuarda daşladyrylypdyr. Rugsat ediläýen ýagdaýda ütgedilip tanalmaz ýagdaýa ýetirilipdir.

Annameret DURDYMÄMMEDOW.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 17 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]