17:08
Rus dramaturgiýasy
RUS DRAMATURGIÝASY

Rus dramaturgiýasy XVII asyryň aýaklarynda XVIIl asyryň başlarynda, köp ýyllyklaryň dowamynda dilden-dile geçýän, kähalatlarda saklanyp galan golýazmalaryň, halk dramalarynyň täsirinde emele gelen hasaplanýar. Gadymky toý däp-dessurlaryndan, toýlardaky horowod oýunlaryndan, satiriki "Skomoroşestwo” ("Skomoroşestwo”- gadymy Russiýada ykmanda aktýorçylyk käri.) "Potehalardan” ("Poteha”- teatr manysynda) ugur alsaň rus dramaturgiýasynyň başlangyçlary (elementleri) hasaplamaga mümkinçilik berýär. Bu ýagdaý wagtyň geçmegi bilen halk dramalarynyň dünýä inmeginde, ösmeginde belli bir dereje-de güwänama hasaplanmagynda galýar. Epiki žanrlardaky gan döküşikli, jeza berijilikli suratlandyrylmalar halk dramalarynda öz ýerini ykmanda aktýorlaryň wäşilikleri bilen çalşyrlypdyr. Sahnada hereket edýän personažlar özüni araga aldyran poplaryň, iýse-doýmazlaryň, işi dogry çözmeýän kazylaryň üstünden gülüpdirler. Halk dramalarynyň ssenariýalarynda gapdaldan goşulýan aýdymlar, täze bölümler, gepleşikler, umuman öz döwrüni suratlandyrmak dramanyň meňzeşlik ("fabulasyny") häsiýetini üýtgetmändir. Şol döwürde goýlan halk dramasyndaky "Şa Maksimilianyň”onlarça görnüşi bolup, esasy mazmun gazaply şa bilen oňa boýun egmezek oglunyň arasynda bolup geçýän gapma-garşylyk, çaknyşyk suratlandyrylýar. Bu hakyky halk dramasynyň düýp mazmuny Pýotr I bilen onuň ogly şazada Alekseýiň arasyndaky bolan wakalar bilen baglanyşyklylygynda galýar. Wagtyň geçmegi bilen dramanyň düýp manysy üýtgedilip şa Maksimilianyň oglunyň erkin galtamanlar bilen aragatnaşykda bolandygy suratlandyrylyp halk tarapyndan şa keşbiniň üsti bilen gazaplylyk, rehimsizlik açylyp görkezilipdir. Şol döwürde taryhy gahrymançylykly hasaplanýan "Gämi” (Bu drama "Gaýyk”, "Garakçylar topary” ady bilenem hereket edipdir) drama Ýermagyň, Stepan Raziniň keşpleriniň üsti bilen suratlandyrylypdyr. Dramanyň merkezinde hyrsyz, gazaply, batyr serdaryň keşbi hereket edip, onuň halk tarapyndan goldanylýandygy görkezilýär. Dramanyň täsirini güýçlendirmek üçin oňa "Gozgalaňçylaryň” aýdymlary, garakçylyk, topalaňçylyk ýaly zatlaram goşulyp, gazaply şa bolan halkyň garşylygy örboýuna galdyrylypdyr. "Gämi” dramasy şalygyň daşyny goraýjylary (polisiýasy) tarapyndan yzygiderli gadagan edilipdir.
Bu halk dramasynyň aýdymlary, folklor täsirleri we beýlekileri A.Puşkiniň, A.N.Ostrowskiniň, A.K.Tolstoýyň dramaturgiýasynda ulanylypdyr.
Rus teatrynyň taryhynda Günbatar Ýewropa ýurtlaryndaky buthana dramasy ýaly belli bir gerekli derejäni eýelemändir. Rus buthana dramasy bolan "Aýak ýuwmak”, "Taýharly syýahat” ýaly dramalary, tomaşalary görkezilse-de dini urp-adatlardan aňry geçmändir. Rus dramasynyň ösmeginde öziçine urp-adatlary alýan "Pyýada hereketi” drama belli bir
derelede täsirini ýetiripdir. Dramada gülküli sahnajyklar ýerleşdirilip, iki sany "haldeýiñ” (hyzmatkäriň) durmuşy gürrüňleriniň gödek (buffon) görnüşinde berilmegi dramanyň mazmunyny baýlaşdyrylyp görkezilse-de dini urp-adatlardan aňry geçmändir. Rus dramasynyň ösmeginde öz içine urp-adatlary alýan "Pyýada hereketi” drama belli bir derejede täsirini ýetiripdir. Dramada gülküli sahnajyklar ýerleşdirilip, iki sany "haldeýiň” durmuşy gürrüňleriniň gödek görnüşinde berilmegi dramanyň mazmunyny baýlaşdyrypdyr.
XVII asyryň 70-80-nji ýyllarynda "Mekdep dramasy” peýda bolupdyr.Bu drama öz sýužetlerini "Pyýada hereket”, "Taýharly syýahat” dramalarynda ulanylan urp-adatlaryndan, sýužetlerden peýdalanypdyr. "Mekdep dramasynyň” sýužetlerine ahlak we göçme manyly gepleşikler salynyp keramatly hasaplanýan adamlaryň durmuşyndan habar beripdir. "Hudaýlykly adam Alekseýiň hereketleri hakynda”, "Hristiň jöşgunly hereketleri hakynda” dramalary "Mekdep dramalarynyň”esasy mazmunyna öwrülipdir. Wagtyň geçmegi bilen "Mekdep dramalaram” merkezleşdirilen monarhiýanyň tarapyny çalmak bilen buthana nadanlygynyň, nadara boýarlaryň, Russiýanyň birleşen döwlete öwrülmeginiň garşysyna göreşýänleri paş etmekdenem gaýtmandyr. Şeýle dramalar "Kemçilik”, "Ulumsy”, "Hakykat” ýaly personažlaryň üsti bilen amala aşyrylypdyr. Dramalarda taryhda hereket eden Aleksandr Makedonskiý, Neron, rowaýatlardaky Fartuna, Mars, Injildäki Iisus Nawin, şaIrod ýaly personažlaram hereket edipdirler. "Mekdep dramalarynda” gülküli intermediýalaryň, tansyň, sazyň depginini has-da ýokary götermek maksady bilen gapdaldan çykyşlary götergilemek üçin kybapdaş deklomasiýalar hem okalypdyr. "Mekdep dramasyna” kanonik (katolik buthanasynyň ruhanysy) dramalary salynyp dini-ylmy taýdan öwrenýän monahyň alyp barýan işleri sahnada peýda bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde şahyr Simeon Poloskiniň "Nawhodonosor şa hakynda, onuň endamyndaky altynlar we üç ýetginjegiň ýakylmagyk ýodasy hakynda” tragediýasynda XVII asyrdaky rus halkynyň ýaşaýyş durmuşynyň hakyky çäkleri kesgitlenipdir. Bu tragediýa öz içine "Pyýada hereket we ahlaksyz, düşnüksiz ogul hakynda komediýanam” alypdyr. Dramada Injildäki düşnüksizler gabat gelýän garşylyklar barada-da söz açylpdyr.
XVII asyrda "Mekdep dramalaryndan” başga-da şa Alekseý Mihaýlowiçiň gapy teatry 1672-1676-nji ýyllar aralygynda hereket edipdir. Bu gapy teatry öz repertuarynda iňlis komediýalarynyň sýužetlerinden peýdalanyp "Esfiri hakynda komediýa ýa-da Artakserksow hereketi” (1672), "Iudifi hakynda” (1674), "Baýezit we Teýmirleň ýa-da Teýmir agsagyň hereketi” (1675) pýesalary goýlupdyr. Bu alynma sýužetler beýleki pýesalardan özüniň öwüt berijilik ugry bilen "ganly” we gödek buffonlardan tapawutlanypdyr. Pýesalaryň öňünden berilýän girişinde we soňky bölüminde gündelik durmuşy ýagdaýlar gürrüň berilip, tomaşaça ahlak terbiýäni bermek, döwrüň, ýurduň syýasatyny düşündirmek, Injilden gelip çykýan mazmuny we taryhy çeşmeleri aýan etmek artykmaçlyklaram bolupdyr. "Esfiri hakynda komediýa ýa-da Artakserksow hereketi” pýesasynda rus şasynyň köşgünde bolyp geçýän hilegärlikler, Ýudifiň duşman harby naçalnigi Oloferni öldürişi baradaky edermenligi, Teýmirleňiň taryhy bilen baglanyşykly wakalar, Teýmirleňiň "Zalym hem ganojak” Baýeziti ýeňişi, duşmançylykly rus-türk gatnaşyklarynda seslenme bolup ýaňlanypdy.
Pýotr I döwründe tarypnamaly, öwüp arşa çykarylýan pýesalar joşgunly ösmelere eýe bolupdyr. Şeýle pýesalar dini çeşmeler bilen aragatnaşykda bolmandyr. Oňa derek pýesada göçme manyly keşpler, joşgunly monologlar, dabaraly ýöreýişler, hor, saz höküm sürüpdir. Şeýle pýesalar döwre ses goşup, döwrüň syýasatyny kesgitleýän, Pýotr I ýöredýän syýasatyny ýokary göter- ýän sahna eserleri bolupdyr. "Prawoslaw dünýäsiniň baýramçylygy” (1703) pýesada rus Marsynyň (Pýotr I-iň) "gazaply duşmandan” üstün çykyşy suratlandyrylypdyr. Pýesadaky "gazaply duşman” Şwed ýolbarsy keşbinde çykyş edipdir. 1705-nji ýylda ,,Liwoniniň we Ingermanlýandiniň azat edilişi” /Pribaltikanyň basyp alnyşy/,1710-njy ýylda ,,Hudaý tarapyn kemsidilen gop-bam kemsidijiler” pýesasynda Poltawa söweşi suratlandyrylypdyr. Pýotr I zamanynda Intermediýa žanrynda ýazylan şeýle pýesalaryň ugry ösüşe tarap bolupdyr. Şeýle žanryň üsti bilen dyrmuşy-sosial ýagdaýlar we Pýotr I täze-liklerine garşy bolýan duşmanlar gülki astyna alnypdyr. Intermediýalaryň köp bölegi halkyň gepleşik dilinde we "Skomoroşih oýunlarynyň” gürleýişleri ýaly ýazylypdyr. "Mekdep dramalary” Pýotr I Magaryflaşdyrma eýýamynda çykyş eden Feofan Prokopowiçiň pýesalarynda belli bir derejede öňe gidişlikler duýlipdir. Feofan Prokopo-wiçiň ,,Wladimir ähli rus knýazy we hökümdary, ol bizi ynamsyzlygyň tümün-den Ýewangeliň keramatly ýagtylygyna alyp geldi” (1702) tragikomediýany ýazýar. Bu tragikomediýa Wladimir Monamahyň ruslara 988-nji ýylda hristian dinini kabul etdirmegi bilen bagly bolupdyr. Şol döwürde magaryflaşdyrma, Pýotr I-iň ýurtda geçirmekçi bolýan reformasyna dini konserwatiw garaýyşlaryň aýdyň garşy häsiýetleri ýüze çykarylypdyr. Feofan Prokopowiçiň çeperçilige bolan estetiki dünýä garaýyşlary rus dramaturgiýasynyň giçki döwürlerinde-de rus edebiýatynyň tejribesindäki pikir ýöretmek teoriýasyndaky ilkinji ädimler bolup hyzmat edipdir. Feofan Prokopowiçiň bellemegine görä, şahyr "belli we ýeketäk şahsyýet” bolup çykyş etmek bilen "gowulygy we erbetligi” dogruçyl suratlandyrmaly. Eserde getirilýän sýužet- ler bolsa, ýurduň taryhyndan susulyp alynmaly.
Russiýada syýasy we harby güýçleriň ýokarlanmagy sebäpli, döwlet ta-rapyndan ykdysadyýetiň we medeniýetiň çäkleri giňeldilip, Ýewropanyň köp ýurtlary bilen aragatnaşyklar ýola goýlup ugraýar. Eýýam, XVIII asyryň 30-40-njy ýyllarynda Moskwada, Peterburgda Ýewropa ýurtlarynyň aktýor- lar truppalary dramaturglar Molýeriň, Marlonyň we rysarçylyk romanlaryn- dan öwüt beriji, haýsydyr başdan geçirilen wakalardan söhbet açýan eser-lerden inssinirowkalary sahna çykarypdyrlar.
XVIII asyryň ortalarynda Rus dramaturgiýasynyň taryhynda dikeldiş işleri we rus klassisizminiň gülläp ösüş döwri başlanýar. Şeýle ösüşiň düýbüni tutujy we rus ,,klassisizm” dramasynyň teoretigi A.P.Sumarokow hasaplanýar. Ol 1756-njy ýylda rus professional teatrynyň ilkinji direktori bolupdyr. XVIII asyryň 50-60-njy ýyllarynda rus professional teatrynyň repertuarynyň esasy bölegini A.P.Sumarakowyň eserleri eýeläpdir. Ol 9-tragediýa we 12-komediýa ýazypdyr. A.P.Sumarokow döwletiň bir adam tarapyndan dolandy-rylmagynyň tarapdary bolmak bilen,dworýan ahlagynyň saklanmagyny, syn- py göreşleriň bolup durmagyna garamazdan ýurdyň raýatlarynyň joşgunly paýhasyny watana, ýurda gulluk etmäge siňdirmelidiklerini öňe sürüpdir. Şol bir wagtyň özünde-de gazaply ýurdy dolandyryjy monarhiýanyñ kowalaşýan çalasowatlaryň, şöhratparazlaryň, döwlet işine mynasyp däl ulumsy, köpbilmiş dworýanlaryň, dikdüşdileriň üstünde-nem düşmegi başarypdyr. Onuň "Horýew” (1747), "Sinaw we Truwor” (1750) tragediýalarynda hökmürowan,gazaply monarhyň garşysyna çykyşlary öňe sürüpdir. A.P.Surarokow 1771-nji ýylda özüniň "Ýalançy Dmitriý” atly belli tragediýasyny ýazypdyr. Onuň bu tragediýasy ýurduň düzgünine garşy baş galdyrmalaryň tarapynda bolup, esasan Ýekaterinanyň ýurdy do-landyrmakdaky gazaplylygyna çagyryş hökmünde kabul edilipdir.Bu tragedi-ýanyň yzygiderlilik kadalarynyň saklanmazlygy, keşplerde täzelikleriň ýoklu- gy, dilewarlygyň we guralýan hilegärligiň gowşaklygy A.P.Sumarokowyň tra-gediýasyny çeperçilik taýdan pese gaçyrypdyr.
Watançylyk we Magaryflaşdyrma tragediýalaryň awtorlarynyň biri M.W.Lomonosow bolupdyr. Onuň döredijiligi Klassisizme ýykgyn etmek bi- len ynsanperwerçilikli, demokratik adatlary özünde jemläpdir. M.W.Lomo-nosowyň "Temira we Selim” (1751) tragediýasynda esasy öňe sürülýän mesele adamyň tebygy hukuklarynyň goralyp saklanmagy bolupdyr. Onuň bu pýesasyndaky durmuşyň hakykata golaý milli aýratynlyklary, diliniň düş-nükliligi bilen tragediýa garanyňda Klassisizm komediýalaryna golaý bolup- dyr. A.P.Sumarokow ilkinji bolup, rus satiriki komediýalaryny döretmeklige synanyşyk edipdir. Onuň "Zabun”, "Boş jedel”, "Lihoimes”, "Ýalan galyň”, "Narsiss” (1750-1772-nji ýyllarda ýazylan) pýesalarynda "peski” gatlagyň ýetmezçilikleriniň üstünden gülüpdir. Ol şeýle etmek bilen bu gülkiniň öňi bilen pomeşiklere, çinowniklere degişlidiginem ýaňzydypdyr. A.P.Sumarokow şol bir wagtyň özünde dworýanlaryň ýurtda tutýan ýokary wezipelerine düşünmeýändiklerinem berk tankytlap-dyr. Ol öz pýesalaryndaky gülküli ýagdaýlary ösdürmek üçin Ž.B.Molýeriň we beýleki ýewropa ýazyjylarynyň sýužetlerinden peýdalanypdyr. A.P.Sumarokow öz pýesalarynda esasan rus durmuşyny, rus gylyk-häsiýetlerini açmak üçin doly bir ynanyp durmasa-da, rus intermediýalaryna, farslaryna, halk oýunlaryna, adatlaryna ýüzlenmeli bolupdyr.
XVIII asyryň 2-nji ýarymynda rus magaryflaşdyrma ýolunyň uly bölegi geçilip, ösüş we buržuaz gatlagyň bähbitlerini goraýan N.I.Nowikowyň Magaryflaşdyrmasyndan rewolýusion häsiýetli A.N.Radişýewiň dünýä garaýşyna çenli baryp ýetipdir. Rus jemgyýetçiliginiň durmuşyndaky gapma-garşylyklar Ýe.I.Pugaçýewiň ýolbaşçylygyndaky 1773-1775-nji ýyllar araly-gyndaky daýhanlar urşuna alyp barypdyr.bÝurduň ýagdaýynyň durnukly däldigi, krepostnoý gurluşyň ynsanperwerlige garşy çykyş-lary ýiti duýlupdyr. Fransuz rewolýusiýasynyň golaýlaşmagy rus jemgyýetçiligine öz güýçli täsirini ýetirip, ýurtda materialistik ideýalaryň aralaşmagyna, fransuz ensiklopedistleri Walteriň, Didronyň, Russonyň çykyşlaryny russiýanyň öňde baryjy, azat pikirli intelgensiýa wekilleriniň alyp götermegi rus dramaturgiýasyna täsirini ýetirmek arkaly yurtda täze dünýä göz ýetirmeklik peýda bolup başlaýar. Şeýle göz ýetirmeler dini we feodal gatlaga uly urgy bolup hyzmat edipdir. Netijede, ýurtda bolup geçýän hökmürowanlyga garşy Klassisizm mekdebiniň wekille-riniň dürli ugurlarlara bölünmekleri ýiti duýlupdyr. Rus dramaturgiýasynda peýda bolan Ýekaterina II- Alekseýewnanyň (1729-1796 ýý. Rus imperatrisasy edebiýatçy we dramaturg hökmünde hem çykyş edipdir.) "Nirde sen wagt!”, "Hanym Worçalkinonyň mülki” (ikisem-1772) komediýalary özünde ýüzleýje gylyk-häsiýetleri jemlemek bilen tankyda sezewar edilipdir. Sebäbi ko-mediýalarda ýurdyň daş künjeklerinde bolup geçýän özüne garaşly dwor-ýanlaryň ýurda salýan nogsanlyklaryny tankyt etmek bilen adam şahsyýet-lerini we olaryň sosial durmuşlaryny açyp görkezmekden juda daşda bolup-dyr. Ýekatrinaniň ,,Hanym Westnikowa we onuň maşgalasy”, ,,Belli boýary-nyň daşky jaýy” /ikisem-1772ý./, ,,Gama batan maşgalanyň hatyrjemligi we howatyrlanmagy”/1787ý./, "Düşünişmezlik” (1788) komediýalary esasan masonçylygyň /dini häsiýetçiligiň/, häkimýetiň garşysyna baş göterýänleriň, ýurdy agdarmak üçin edilýän dildüwişikleriň garşysyna bolmak bilen çylşy-rymly bolmadyk hilegärlikleri öz içine alypdyr. Ýekaterina II öz komediýala-ryny ,,gülýän satira” atlandyrmak bilen öz döwrüniň iň ösen komediýalary- nyň garşysyna goýupdyr.Ol esasan dramaturglar Ýa.B.Knýažniniň,W.W.Kap-nistanyň ösen komediýalar hasaplapdyr. Ýekaterina II ,,Nowgorod batyry Boeslaýewiç” /1786ý./, ,,Kosometowiç batyryň gamy” /1788ý./, ,,Fedul çagalary bilen”/1791ý./ komiki /gülküli/ operalaram ýazypdyr. Ýekaterina II U.Şekspiriň "Heýwere keselli Wizoraly” pýesasynyň sýužeti boýunça "Ine, şeýle sebetli we iç geýimli” komediýany ýazypdyr. Bu pýesany Ýekaterina- nyň özi U.Şekispiriň eserine ,,erkin we gowşajyk goşmaça” atlandyrypdyr. Ýekaterina II taryhy pýesalary hakykatdan daşda bolup, azat pikirleriň gar- şysyna bolupdyr. Onuň ,,Rýurikiň durmuşyndan” /1786ý./, ,,Olegiň ýurdy başky dolandyryşy” /1786ý./ pýesalary döwrüň taryhyny doly açmakdan daşda bolupdyr. Ýekaterina II öz eserleini halkyň gylyk-häsiýetlerinden al- ýan mekdep hökmünde görkezjek bolup halkyň ýönekeý gepleşik dilinde ýa-zypdyr. Ýekaterina II ýeketäk hökümdarlygyň /absolýutizmiň,sözlüge seret./ we dworýançylygyň tarapdary bolup çykyş edipdir. Ol özüni /tagtda oturan
filosof/ hökmünde görkezmeklige çalşypdyr. Fransuz filosoflary-ensiklopedi-ýaçylary Walter, Didro bilen hat aragatnaşygyny saklapdyr. Şol bir wagtyň özünde Pygaçýow gozgalaňyna gatnaşanlardan gazaply öç alypdyr. A.N.Radişýewiň "Peterburgdan Moskwa syýahat” kitaby üçin ölüm jezasyny berip, soň jezany Sibire sürgün etmek bilen çalşypdyr. Dramaturg N.I.Nowikowiň çykarýan žurnaly üçin yzarlmalara sezewar edipdir. D.I.Fonwiziniň ýazmagy- ny bes etmegine çenli baryp ýetipdir.A.P.Sumarokowy teatryň ýolbaşçylygyndan çetleşdiripdir. Ýekaterinanyň buýrugy boýunça dramaturg Ýa.B.Knýažniniň "Wadim Howgorodskiý” pýesasy ýakylypdyr.
Dramaturg M.M.Heraskowyň "Hudaýsyz” (1761) komediýasy peýda bolýar. Komediýa adyndan belli bolşy ýaly erkin pikirleriň garşysyna ugrukdyrylan sahna eseri bolupdyr. Onuň "Azat edilen Moskwa” (1798) tragediýasy monarhiýany öwüp arşa çykarmaklyk bilen tamamlanýar. Rus klassisizminiň iň oňat ösen raýatlyk çäkleri XVIII asyryň aýaklarynda dramaturglar N.P.Nikolýewiň "Sopren we Zamir” (1784) tragediýasynda, Ýa.B.Knýažniniň "Rosslaw” (1783) zulumkärçiligiň garşysyna alnyp barlan gahrymançylykly tragediýasy hasaplanýar. Şol döwüriň rus klassisizminiň iň ýokary derejesi hasaplanan Ýa.B.Knýažniniň "Wadim Nowgorodskiý” (1789) syýasy tragediýa zulumkärçilige bolan ýirgrnç, gahar-gazap öz watanyny söýýän, şeýle zulmuň guly bolup ony çekenden oňa garşy göreşip ölenini gowy görýän respublikançy raýat Wadynyň keşbiniň üsti bilen berlipdir. Bu tragediýa rus ýazyjylarynyň ugrumy kesgitlänem bolsa, Ýekaterina II buýrugy bilen pýesa ot-da ýakylypdyr. Rus demokratik pikirleriň "ýönekeýje” raýat gatlaklarynyň arasynda ösmegi rus dramaturgiýasynda täze žanrlaryň peýda bolmagyna itergi beripdir.
XVIII asyryň 60-80-ýyllarynda rus komiki operalary giň gerime eýe bolypdyr. Şeýle operalarda pes we orta gatlaga degişli raýatlaryň keşpleri hereket edipdir. Reaksion-goragly, dawa-jenjelsiz çopançylyk däp-lerini beýan edýän W.I.Maýkowyň "Oba baýramçylygy, ýa-da Päk ahlaga ýugrulan” (1777) komiki operasy sahna çykarylypdyr.
Ol operanyň esasy mazmuny krepostnoý daýhanyň agyr gününi beýan etmek bilen ýurtda ös- ýän närazylyklary açyp görkezmekden ybarat bolupdyr.Bu žanryň iň oňatlary M.I.Popowyň "Anýuta” (1772), N.P.Nikolýewiň "Rozana we Lýubim” (1778), I.A.Krylowyň "Kofe saklanýan” (1784), A.O.Ablesimowyň "Jadygöý kilwan, ýalan-gudaçylyk” (1779 ý, sazy Sokolowskiniňki) operalary bolmak bilen tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanypdyr.
Şol döwürde "gözýaş” komediýalary we "meşançylyk” dramalary žanry peýda bolupdyr. Bu täze žanrynyň düýbüni tutujy dramaturg W.I.Lukin hasaplanýar. Bu žanr başga ýurtlaryň nusgalaryna "öýkünmekligi”, Klassisizm mekdebiniň kadalaryna gönüden-göni uýmaklygy, ýönekeýje adamlaryň tebigatynda ýok zatlary gereginden artyk beýgeldip görkezmekligi pet edipdir. W.I.Lukiniň bu teoriýasy rus dramaturgiýasynyň geljekgi ykbalyna uly täsirini ýetiripdir. Bu ýagdaý esasanam Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň pýesalaryny özleriçe işläp, öz atlaryna geçirýän dramaturglara urlan zarba bolupdyr. W.I.Lukiniň "Mot, söýgi bilen döredilen” (1765) nusgalyk pýesasy özüniň baý öwüt beriji äheňleri bilen sahnadan düşmändir.
W.S.Kolyçýewiň "Söwdagärler toplumy” komediýasy, M.A.Matinskiniň "Sanktpeterburg myhmanhanasynyň meýdançasynda” (ikisem-1782 ý.) komiki operasynda, Ýa.B.Knýažiniň "Urup ýykyjy" (1784) komediýasynda dürli gatlaklardan bolan adamlaryň durmuşynyň ähli şertlerinde, gylyk-häsiýetlerinde bolan aýratynlyklar açylyp görkezilipdir. Ýa.B.Knýažiniň beýleki komediýalaram şeýle häsiýete eýe bolupdyr. Şol döwrüň dramaturglary klassisizmiň çäklerinden çykmazdan, daşary ýurt nusgalaryndan peýdalanmazdan, olaryň sýužetlerini özleriçe işlemezden daşda durup, W.I.Lukiniň öňe süren ugrundan peýdalanypdyrlar.Rus gylyk-häsiýetlerine ýykgyn eden dramaturg Ýa.B.Knýažiniň "Öwünjeň”, "Akmak” (ikisem-1786 ý.) operalarynda azda-kände daşary ýurt sýužetlerine golaýlyk duýulsada, onuň dilinde, gepleşik äheňlerindäki ýeňillik XVIII asyryň aýaklaryndaky rus durmuşyny doly açmaga mümkinçilik döredipdir. Dramaturg M.I.Werýowkiniň "Şeýle hem bolmaly” (1773), "Nokatma nokat” (1774-nji ýylda ýazylyp 1785-ýylda çap edilipdir) pýesalarynda ýokarda bellänlerimizi ýüze çykarmak sebäpleri aýdyňlyk tapypdyr. Rus dramaturgiýasynyň ösmegine aktýor we teatr teoretigi P.A.Plawilşikowiň pýesalary belli bir derejede ýardam edipdir. Onuň "Bobyl” (1790) komediýasynda oba adamlarynyň ýaşaýyş durmuşy görkezilse, "Otura” (1793) pýesasynda söwdagärleriň ahlagynyň üstünden gülünýär. Rus dramaturgiýasyndaky meşşançylyk dramalary we "gözýaş”komediýalary jemgyýetçilik garaýyşlary öňe sürmekden, raýatlyk güýçleri açyp görkezmekden daşda bolupdyr. Muňa garamazdan tragediýalaryň klassisizmdäki ösüşi bilen tapawutlanypdyr. Bu ýagdaý özüniň durgunlylygy bilen rus teatr sahnasynda XVIII asyryň aýaklaryndan XIX asyryň başlaryna çenli dowam edipdir.
XVIII asyryň aýaklarynda dramaturgiýada täze peýda bolan awtorlar klassisizmiň estetiki öwüt berijilik sadalyklaryny ýeňip geçip, sýužetleri we häsiýetleri özlerini gurşap alan durmuşdan susup almalydygyny, şol wagtyň özünde duýgulary gereginden artyk edip görkezmekden gaça durup, uly sosi-sial ýagdaýlary biri-biri bilen arabaglanşykda görkezmekligi öňe sürüpdirler. Şeýle mazmunly sýužetleri özünde jemlän dramaturg W.W.Kapnistiň "Şugul-çy” (1798) komediýa-satirasynda ýolbaşçy adamlaryň köpüsiniň satlykdygy, olaryň iki ýüzlidigi açyk beýanyny tapypdyr. W.W.Kapnistiň "Şugulçysyndaky” keşpleriň, häsiýetleriň ösüşleri XIX asyryň ägirt dramaturglary A.S.Griboýedowyň, N.W.Gogolyň, A.W.Suhowa-Kobyliniň döredijiliginde öz ornuny tapyp rus dramaturgiýasynyň taryhyna girdi.
XVIII asyr rus dramaturgiýasynyň çürbaşy hasaplanan D.I.Fonwiziniň komediýalarynda Klassisizmiň içinde realistik adatlaryň ösüşini saklap özüniň çeperçilik kadalarynda durmuşyň ähli görnüşlerini tankydy realizmiň üsti bilen berip bilmeklik has aýdyň duýlupdyr. D.I.Fonwiziniň "Brigadyr” (1766-njy ýyl töweregi ýazylyp, 1780-nji ýylda sahnada goýlan), "Ulalyp oňalmadyk” (1782) pýesalarynda krepostnoý Russiýanyň ähli erbetlikleri hakyky çeşmeleriň üsti bilen açylyp görkezilýär. Bu eserlerde komiki ýagdaýlar rus dramaturgiýasyn- da ilkinji gezek häsiýetleri çaknyşdyrmak arkaly tomaşaça ýetirilipdir. Rus dramaturgiýasynda ilkinji gezek "Mitrofanuşka”, "Skotinin” ýaly açyk belli bir kada getirilen /tipleşdirilen/ keşpler peýda bolupdyr. Awtor dürli sosial gatlaklaryň gürleýiş äheňleriniň aýratynlyklarynam ussatlyk bilen berip bilip- dir.Rus krepostnoý durmuşynyň durgunlylyga öwrülen ähli nogsanlyklarynyň üstüni batyrlyk bilen gorkman berlip bilinmegini A.S.Puşkin hakyky halk komediýasy diýip atlandyrmak bilen onuň awtoryny "azatlygyň dosty” hasap-lapdyr. N.W.Gogol bolsa, D.I.Fonwiziniň "Ösüp ýetişmedik” komediýasyny "jemgyýetiň ähli ýaralarynynyň we kesellerininiň” üstüni açyp bilen eser hasaplapdyr.
D.I.Fonwiziniň we N.I.Nowikowyň satiriki adatlaryny dowam etdirmek bilen I.A.Krylow 1800 sany "degişme-tragediýasyny” ýazypdyr. N.I.Krylow "Dabaramy ýa-da Çümmüklemek” satirasynda ol klassisizmiň aýlawly öýkünme tärlerini ulanmak arkaly şa Pawel I-iň polisiýa düzgüniniň üstünden gülüpdir. Umuman XIX asyr rus dramaturgiýasyny dolulygyna alanyňda Fonwiziniň, Kapnistanyň, Knýažniniň, Krylowyň realistik pýesalarynyň üsti bilen emele gelipdir we terbiýelenipdir.
XIX asyryň birinji onýyllygynda rus dramaturgiýasy özüniň mylaýym (sentimentalizm) tebigylygy bilen adamyň içki dünýäsine girip bilmäge bolan islegi ýokarlandyrypdyr.Bu ýagdaýa garamazdan mylaýym ugra ýykgyn edýän ýazyjylaryň eserlerinde ynsanperwerçilik, deňlik, şahsyýetiň hukuklary biraz peselipdir. Mylaýym poeziýanyň üsti bilen oba durmuşiny suratlandyrmakda tolgundyryjy, süýjülikli edilýän Arzuwçylykly sýužetler we çenden aşa duýgurlyk, suwjuklyk pýesalara bolan güýçli ynamy nähilidir peseldipdir. Rus edebiýatynda mylaýym akymyň düýbüni tutujy N.M.Karamzin bolupdyr. "Karamzin mekdebiniň” täsiri astynda demokratik adatlar bolan rehimdarlyk, şepagatlylyk duýgulara ýugrulan N.I.Iliniň pýesalary bolupdyr. N.I.Iliniň 'Liza, ýa-da minnetdarlyk tomaşasy” (1802), "Pähimdarlyk, ýa-da Rekurt toplamasy” (1803) pýesalary, şonuň ýaly-da dramaturg W.M.Fýodorowyň "Söýgi we pähimdarlyk”, "Töhmet we Günäsizlik” (ikisem- 1805) pýesalary "Karamzin mekdebiniň” adatlaryna gulluk edipdir. N.M.Karamziniň "Liza, ýa-da namysjaňlygyň we maýyl bolmanyň yzarlanmagy” (1803) powestiniň insinirowka (insinirowka eden W.M.Fýodorow) edilip sahna çykarylmagy uly üstünlikden peýdalanypdyr.
Mylaýymlyk adatlary we ynsanperwerçilik meseleleri, adam hukuklaryny goralmaklyk häsiýerleri beýik rus dramarurglarynyň biri W.A.Ozerýewiň "Edip Afinada” (1804), "Teniň gögermegi” (1805), "Dimitr Donskoý” (1807), "Poliksen” (1809) pýesalarynda öz ornuny tapypdyr. W.A.Ozerowyň pýesalarynda rus Arzuwçyllyk sungatynyň adatlaryna mahsus bolan çäkleri öz içine alýan gam-gussalar, Antik sýužetlerini bermekdäki mylaýymlyk, rowaýatlarda wasp edilýän irlandiýaly şahyr Ossiana ýüzlenmeklik ýaly hereketlerem geregiçe ulanylypdyr. W.A.Ozerowyň döredijiligine bolan esasy garşylyklar onuň täze adatlary ulanmagyna garamazdan klassisizm teatryndan daşlaşyp bilmezligi bolupdyr. Onuň pýesalaryna bolan garşylyklara garamazdan rus jemgyýetçiliginde uly goldaw tapypdyr. Esasanam Hapolionyň garşysyna rus jemgyýetçiliginiň aýaga galyşyny açyp görkezýän watançylyk pýesalary, şeýle hem onuň mongol-tatarlarynyň baştutany Mamaýyň garşysyna alnyp balran wakalary, söweşleri suratlandyrýan "Dmitriý Donskoý” pýesasy W.A.Ozerowy hakyky rus dramaturgy hökmünde beýge galdyrypdyr.
Watançylyk häsiýetleri ösdürmekde, jemgyýetiň aňyna täsir etmegi ba-şarýan I.A.Krylowyň komediýalary 'Kaşaňja dükan" (1806), "Gyzlaryma sapak” (1807) pýesalarynda köre-körlük bilen fransuzlara öýkünmeleriň, olara meňzejek bolup, özlerini edil şol halkdan çykan edip görkezjek bolmalarynyň üstünden gülüpdir.
XIX asyryň 10-njy ýyllaryndan başlap, rus teatr sahnalarynda wodewiller we bir bölümli dünýewi komediýalar meşhurlyga eýe bolupdyrlar. Bu ugurdan dramaturglar A.A.Şahowskaýa, N.I.Hmelniskiý, M.N.Zagoskin, A.I. Pisarýew, A.S.Gribaýedow belli bir işler edipdirler. N.I.Hemelniskiniň, A.G. Griboýedowyň, A.I.Pisarýewiň wodawil-komediýalary ýeňil goşgular bilen ýazylanam bolsa, olarda gepleşik žanrynyň äheňleri duýlupdyr. Awtorlar ýiti täsir edýän akyl beriji bentleriň üsti bilen tomaşaça aýtmakçy bolýan pikirlerini ýetirmegi başarypdyrlar. Käbir ýagdaýlarda awtorlar öz komediýalarynyň tomaşaça näderejede täsir edýändigini olaryň özlerini alyp baryşlaryndan, gylyk-häsiýetlerinden duýupdyrlar.
Russyýada ilkinji azat ediş hereketi 1825-nji ýylda dekabristleriň gozgalaňy bilen bolup geçýär. Dekabristleriň gozgalaňy XIX asyryň 20-30-njy ýyllarynda rus arzuwçyllyk edebiýatynyň we realistik dramalarynyň döremegine ýol açypdyr. Rus arzuwçyllyk akymy adamyň içki dünýä garaýşyna çuňňur täsir etmek bilen, garaýyşlaryň, joşgunlylygyň ösüşini iki ugra tarap bölünmegine alyp barypdyr. Birinji ugur özünde synlaýjylykly - arzuwçyllyga tarap bolupdyr. Ikinji ugur bolsa, şahyrana pikirlenişe, adaty bolmadyk syrlara, bulagaýçylyga, topalaňçylyga, gahrymançylyga bolan sowallary orta atmaga dalaş edipdir. Ynha, şu ugur rus drmaturgiýasynda ösüşe tarap hereket edip-dir. Ýazyjy-dekabrist P.A.Katenin tejribe üçin "Andromaha” dramasyny ýazypdyr. Dekabrist W.K.Kýuhelbeker hem tragediýa žanrynda öz güýjüni synap görmek bilen täze häsiýetli rus dramalaryny goldapdyr.
Rus dramaturgiýasynyň ajaýyp eserleri 1812-nji ýylda watançylyk urşy bilen 1825-nji ýylda bolup geçen dekabristleriň gozgalaňy aralykdaky döredilen komediýalar bolupdyr. Şol komediýalar bähbitleriň durmuşdaky özara çaknyşyklaryny, rus jemgyýetçiligindäki has mahsus häsiýetleri açmagy başa-rypdyrlar. Şeýle komediýalaryň ilkinjileriniň biri A.S.Griboýedowyň "Akyl zerarly hasrat” (ýazylan wagty 1824ý. sahnada goýlan wagty 1831ý.) komediýasy bolupdyr. Bu komediýanyň esasy mazmyny döwrüň öňde baryjy dworýan ýaşlaryna erkinlik döretmeklige bagly bolupdyr. A.S.Griboýedow özüniň "Akyl zerarly hasrat” komediýasynda realistik keşpleri häsiýetlendirmekde ussatlygyň ýokary derejesini görkezipdir. Bu ýagdaý rus dramaturgiýasynyň taryhynda ilkinji gezek sahna hereketiniň biri-birine bagly dowam etdirilme-ginden başgada, olaryň häsiýetlerinde, joşgunlylygynda, şeýle hem dünýä garaýyşlarynda bolup geçýän häsiýetlerinde-de bir zynjyr halkasyna düzülip-dir. Komediýadaky söýgi hilegärlikleriniň özara baglanyşyklary döwrüň jemgyýetçilik gapma-garşylyklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy ýüze çykaryl-ýar. Komediýada ulanylýan çuň manyly ötgür owadan sözler, durmuşy halk diline golaýlygy bilen soň halk içinde ulanylýan nakyllara, atalar sözüne öwrülip gidipdir.
Rus dramaturgiýasyndaky täze realistik tragediýa žanry A.S.Puşkiniň "Boris Godunowy” (ýazylan wagty 1825 ý. sahnada goýlan wagty 1870 ý.) bilen baglanyşykly. Tragediýada ýurda bolan wepalylyk, güýçleriň, häsiýetleriň köp taraplaýynlygy, adamlaryň we halkyň, ýurdyň ykballarynyň aýrylmaz-lygy aýdyň suratlandyrylypdyr. A.S.Puşkiniň bu tragediýasy rus dramaturgiýasynda ilkinji taryhy tragediýa bolmak bilen öňden gelýän köre-körlük bilen saklanýan kadalardan (dogmadan), klassisizmiň "bölünmez” düzgünlerinden, ýerliksiz dilewarlyklardan,gereginden artyk mylaýymlyklardan daşlaşyp, dra-maturgiýany täze bir basgançaga galdyrypdyr. A.S.Puşkiniň özem: "Biziň teatrlarymyz üçin Rasiniň gapy teatrlaryndaky ýaly tragediýa adatlary gerek däl-de, Şekspiriň drmalaryna golaý edeplilikleri özünde saklap bilýän, halkyň kada-kanunlaryna gabat gelýän teatr gerek” diýip, belläpdir. Şahyr, akyldar, rus dramaturgiýasyna täzelik giriziji A.S.Puşkin özüniň "Mosart we Salýeri” (Kiçi tragediýa), "Gysganç rysar”, "Daş muhman”, "Çuma keseli wagtyndaky şagalaň” (pýesalaryň hemmesem-1830 ý. ýazylan) pýesalarda öňe sürülýän hakykat filosofik, psihologik çözgüde baý bolup, wakalar çuňňur we in-çelik bilen yzarlanypdyr. Dramalarda durmuşdaky garşylyklary, adam häsiýetlerini doly we real ýagdaýda açyp görkezmeklik eserleriň mazmunyny has-da beýge göteripdir.
XIX asyryň 30-njy ýyllarynda rewoýusion-arzuwçyllyk poýeziýasynyň iň beýik wekilleriniň biri M.Ýu.Lermentowyň pýesalary peýda bolupdyr. Onuň ilkinji bäş bölümden ybarat, şygyr bilen ýazylan "Ispanlar” (1830) pýesasy sosial deňsizlige, gerekmejek milli däp-dessurlara, buthana wekilleriniň ikiýüzliligine garşy çykyş bolup ýaňlanypdyr. Pýesa durşy bilen arzuwçyllyk äheňlere ýugrulan eser hökmünde sahna çykarylypdyr. Sahna çykarylan keşplerde çylşyrymly psihologik häsiýetleriň çaknyşygy, pikirdeş adamlaryň turuzýan gozgalaňlary, zalymlyk bilen dolandyrylýan gurluşdan irenleriň nägilelikleri "Adamlar we joşgunlylyk” (1830), "Täsin adam” (1831) dramalarynda has-da ösdürilipdir. M.Ýu.Lermontowyň dramalarynyň iň ýokary çägi hasaplanýan "Maskarad” (1835-1836-njy ýyllarda ýazylan, 1862ý.sahnada goýlan) dramasy rewoýusion-arzuwçyllyk kadalary özüne siňdirmek bilen sosial-filosofiki äheňlere eýe bolupdyr. Dramada şahsyýetiň ýalňyzlyga baryp ýetmeginiň gutulgysyzlygy, birek-birege bolan ynamyň ýitip gitmeklige baryp ýetmegi, muňa derek adamçylyk kadalaryndan daşda bolan hasaply gatnaşyklaryň ösmegi realistik çuňlyk, batyrgaý hakykatyň üsti bilen berlipdir.
Rus dramaturglary A.S.Griboýedowyň, A.S.Puşkiniň, M.Ýu.Lermontowyň ajaýyp eserleriniň sahna çykarylmagam yzarlanmalar, gadagan edilmeler se-bäpli kynçylyklar döredipdir. Oňa derek arzuwçyllyk äheňli monarhyýany wasp edýän, daşky owadanlygy bilen ýalan watançylygy esassyz öňe sürýän monologly melodramalaryň awtory N.W.Kukolnigiň "Beýik hökümdaryň eli watany halas etdi”, "Prokopiý Lýapunow” (ikisem-1833), N.A.Polewoýyň "Rus flotynyň atasy” (1837), "Igolkin Nowgorodly täjir” (1838) teatr sahnalaryna irginsiz çykarylypdyr. Şol döwürde ýeňil agramlyja,many taýdan boş, yzygiderlikleri bir meňzeş wodewiller, godek farslar, degişmeler rus sahnalarynda möwç alypdyr.
XIX asyryň 40-njy ýyllarynda rus dramaturgiýasynyň taryhynda öňdebaryjy ideýalara ýugrulan jemgyýetçilik hereketleri başlanýar. N.W.Gogolyň, W.G.Belinskiniň döredijiliginde has-da duýlupdyr. N.W.Gogolyň dramaturgiýasynyň estetikasynda tankydy realizmiň şineleri gönüden-göni öz ugruny tapypdyr. N.W.Gogolyň heniz doly gutarylmadyk "Wladimir III derejesi” (1833) pýesasynda öňe sürmekçi bolan täzeligi onuň meşhur "Derňewçisinde” (1836) amala aşyrylypdyr. Ol özüniň meşhur "Derňewçisinde” uly çeperçilik güýç bilen rus ýaşaýyş dyrmuşyndaky bolup geçýän häsiýetleri, wakalary hakyky dogruçyllygyň üsti bilen bir ýere jemlemegi ussatlarça başarypdyr. Pýesadaky şäher häkiminiň (Gorodniçiý) keşbini şeýle bir inçe, şeýle bir üýtgeşik hakykatyň, şahsy çäkleriň, şahsy häsiýetleriň üsti bilen Russiýadaky krepostnoý gurluşyň düýbüniň çüýrändigini görkezip bilipdir. Hlestakowyň keşbini "hlestakowçylyk” diýen düşünjäniň Russiýa dolmagyna çenli ýokary göteripdir. Komediýada ýekejede oňaýly (položitel) gahryman ýok. Ýöne, awtoryň bellemegine görä ýazyjynyň-graždanynyň komediýada keşpleriň üstünden temmi beriji, gazaply çykýan "sap gülküsi” döwrüň hakykatyny açmakda položitel sud bolup hyzmat edipdir. N.W.Gogol "ýokary komediýanyň” tutalgalaryny goramak bilen komediýa žanrynynyň jemgyýetçilik ähmiýetini göteripdir. Ol komediýalarda diňe durmuş hakykatyny suratlandyrman, eýsem, onuň üstünden kazyýet jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagynam öňe sürüpdir. Ko-mediýalardaky yzygiderlilik, mazmun, çeperçilik pýesadaky täzeligi geregiçe kesgitläpdir. N.W.Gogolyň "Öýlenmek” "Oýunçylar” komediýalarynda onuň öňe süren tankydy realizmi has-da ösdürilipdir. Durmuşda bolup geçýän ösüş, edebiýatdaky demokratiýalaşdyrmalar, ownuk çinownikleriň, meşşanlaryň sahna çykarylmagy, bu zatlaryň hemmesi birigip keşpleriň, sahna äheňleriniň 40-50-nji ýylarda "tebigy mekdebiň” emele gelmegine itergi bolup hyzmat edipdir. Rus dramaturiýasynyň meşhur žanrlary bolan melodramalarda, wodewillerde hem üýtgeşmeler bolup geçipdir. Melodramalarda iň pes sosial gatlakdan bolan günäsiz zähmet adamlarynyň, ýetim-ýesirleriň, jenaýatçylykly elhençlikleriň pidasy bolýandyklaram sahna çykarylyp başlanypdyr. Durmuşda gabat gelýän gündelik wakalary suratlandyrýan D.T.Lenskiniň "Stoluň astyndaky hyzmatkär” (1834), "Lew Guryç Siniçkin” (1839), "Ýönekeýje gyz
we terbiýeçi” (1855), F.I.Konyň "Peterburgdaky otag”, "Işjanly adam” (1840), P.A.Karatiginiň "Wismundir” (1845 ý. "wismundir - gadymy Russiýada çinownikleriň geýýän eşigi) wodewilleri peýda bolupdyr. Şol döwürde Perepelskiý lakamy bilen satira ýugrulan N.A.Nekrasowyň "Temeni haltada gizläp bilmersiň, gyzy bolsa gulp astynda” (1841), "Peterburgly süýthor” (1845) wodeweilleri hem ýazylypdyr.
Şol döwürlerde peýda bolan rus ýazyjylarynyň roman, powest žanrlarynyň dramaturgiýanyň ösmegine uly täsiri bolupdyr. N.W.Gogolyň "Şinel”, F.M.Dostoýewskiniň "Garyp adamlar” powestleri rus dramaturgiýasynda "horlanýanlaryň we masgaralanýanlaryň” tarapyny çalýan,olaryň hukuklaryny goramaga çalyşýan dramaturgiýanyň peýda bolmagyna getiripdir. Şeýle häsiýetli dramaturgiýa I.S.Turgenewiň dramalaryna degişli bolup,onuň "Baştutan bilen ertirligi” (1849) N.W.Gogolyň komediýalaryna örän golaý bolupdyr. I.S.Turgenýewiň döredijiliginde "gogolçylyk” ugry onuň "Nan ýagysy” (1848), "Sallah” (1849) pýesalarynda has-da duýlupdyr. Bu ynsanperwerçiluge ýugrulan bu pýesalarda bir kiçijik adamyň öz mertebesini goramak bilen şahsyýetleriň ezilmegine garşy çykyşy beýan edilýär. Komediýalarda personažlaryň häsiýetleriniň inçe psihologik suratlandyrylmalaryň üsti bilen açylmagy eseri has-da belende galdyrypdyr. Onuň "Obadaky bir aý” (ýazylan wagty 1850 ý. sahna çykarylan wagty 1872ý.) komediýasynda durmuşda gabat gelýän täze bir adamy-personažy ýüze çykarypdyr. I.S.Turgenýewiň pýesalarynda çuňňur psihologiýa, inçe şahyranalyk A.P.Çehowyň pýesalarynda- da öz täsirini tapyp realistik dramaturgiýa tarap ýol çekipdir.
Rus dramaturgiýasynyň pajarlap ösmeginde A.N.Ostrowskiniň döredijiligi esasy ýeri eýeleýär. Ol özboluşly milli rus dramaturgiýasynyň döremegine ägirt goşant goşmak bilen beýik dramaturglar Fonwiziniň, Gribaýedowyň, Gogolyň mirasdüşeri bolmagynda galýar. A.N.Ostrowskiý rus adatlaryny öz dramaturgiýasynda ösdürmek bilen realistik dramada täze nusgalyk başlangyçlaryň düýbüni tutupdyr. Ol öz personažlarynda döwrüň sosial-durmuş ýagdaýlaryny suratlandyrmak bilen olara milli özboluşlylyk, milli häsiýetlilik, gürleýiş äheňlerinde gahrymanlaryň çäklerini kesgitlemek ýaly wajyplygy döretmegi başarypdyr. Onuň pýesalaryndaky keşpleriň köp taraply bolmagy adam häsiýetleriniň özboluşly taraplaryny açmakda ýokary çäklere ýetipdir. Şol bir wagtyň özünde onuň gahrymanlarynyň ykballaryna özlerini gurşap alan tebigatyň, hadysalaryň, terbiýäniň, maşgala gatnaşyklarynyň, umumy jemgyýetçilik gurluşynyň ähli taraplary ussatlyk bilen siňdirilipdir. Döwrüň sosial-demokratlary N.G.Çernyşýewskiý, N.A.Dobrolýubow we beýlekiler A.N.Ostrowska döwrüň durmuşyny,ýurtda öz hökümlerini ýöredip bilýän pomeşikleri, buržuaziýany we onuň çinowniklerini dogry suratlandyryp bilýän ýazyjy hökmünde öňe sürüpdirler. A.N.Ostrowskiniň "Tupan” pýesasynda baş gahryman Katerinanyň keşbi N.A.Dobrolýubow üçin halkyň garşylygynyň ýeňip bolmajak güýçdiginiň beýany bolup ýaňlanypdyr. Bu ýerde A.N.Ostrowskiý ýönekeýje rus adamsynyň edermenligini, zähmetsöýerligini, pikirleriniň arassalygyny açyp görkezýär. A.N.Ostrowskiý öz pýesalarynda rus jemgyýetiniň dürli sosial toparlarynyň "suratyny” giňden çekmegi başaran dramaturg hökmünde beýge galypdyr. A.N.Ostrowskiniň "Öz arabaňdan başga münme” (1853), "Garyplyk aýyp däl” (1854), ýaly ilkinji pýesalarynda Domostroýewskiý täjirçillik durmuşyny suratlandyrylypdyr. Onuň "Öz adamlarymyz-düşünşeris” (ýazylan wagty 1850-nji ýyl sahna 1861-nji ýylda çykarylan), "Düşewüntli orun” (oba ýerlerinde 1857-nji ýylda imperatorçylyk sahnada 1863-nji ýylda görkezilipdir), "Tupan” (1859), "Gyzgyn ýürek” (1869), "Guduz açan pul” (1870) pýesalarynda rus hakykatyny, gapma-garşylykly görkezmek bilen "tümlükdäki şalyk” hökmünde suratlandyrypdyr. A.N.Ostrowskiniň 70-80-nji ýyllardaky döredijiligi Russiýanyň kapitalistik gurluşa aýak basmagy bilen baglanyşykly. Onuň "Jeňňel” (1871), "Soňky pida" (1877), "Zehinler we muşdaklar” (1881), "Galyňsyz" (1878), "Günäsiz günäkärler” (1884) ýaly pýesalarynda dworýançylygyň,puluň, iki ýüzli buržuaz ahlagynyň, dürli wezipelerdäki intelligensiýanyň öňdenem agyr ykballarynyň pese gaçmagy, olaryň kimedir birine tabyn bolmaklary suratlandyrylýar. Şol döwürlerde A.N.Ostrowskiniň döredijiligi rus dramaturgiýasynyň komediýa, sosial-psihologik dramalar, durmuşy tragediýalar, şahyrana halk ertekileri we taryhy žanrlary öz içine alypdyr.
Rus dramaturgiýasynyň uly wekilleriniň biri A.W.Suhowa-Kobylin. Ol komediýa-pamfletleri, giperbolalary, täsin, ýiti dawalary öz eserlerinde döretmek bilen keşplere aýdyňlyk bermegi başarypdyr. Onuň üç bölümden ybarat "Kreçinskiniň toýy” (1855), "Gozgalan iş” (ýazylan wagty 1861-nji ýyl, goýulan wagty 1882-nji ýyl), "Tarelkiniň ölümi” (ýazylan wagty 1869-njy ýyl, goýulan wagty 1900-njy ýyl) pýesalarynda rus kazyýetiniň we polisiýasynyň çüýrän býurokratiýa düzgüniniň, satlyk, gereginden artyk zalynlygynyň, samsyklygynyň üstüni açypdyr.
N.W.Gogolyň adatlaryna eýerip, ajy gülküli, gyjyt geriji äheňli, özüniň barlyşyksyz kinaýaly satiriki pýesalary bilen rewolýusion-demokrat M Ýe.Saltykow-Şedrin çykyş edipdir. Onuň "Pazuhiniň ölümi” (ýazylan wagty 1857-nji ýyl, sahna çykarylan wagty 1889-njy ýyl), "Kölegeler" (ýazylan wagty 1865-nji ýyl, sahna çykarylan wagty 1914-nji ýyl) pýesalarynda ýurtda alnyp barylýan çydamsyz ýagdaýlary döredýän çinownikleriň üstünden geregiçe gülünipdir. 50-60-njy ýyllarda dramaturg A.A.Potehiniň oba durmuşyndan ýazan "Bu adamlaň kazyýeti Hudaýyňky däl" (1854) "Içmegi goýun derisinden-ruhy adamynyňky” (1854), "Kesekiniň hoş göwünliligi seniň peýdaňa däl” (1855) pýesalary halky ruhy taýdan galkyndyrmakda belli belentlige ýetipdir. Şol döwürde dramaturg A.F.Pisemskiniň "Ajy ykbal” (ýazylan wagty 1859-njy ýylda sahna çykarylan wagty 1863-nji ýyl) pýesasy peýda bolupdyr. Pýesada 60-njy ýyllarda daýhanlaryñ durmuşynda bolup geçýän agyr günler, olaryň arasynda bolup geçýän tolgunşyklar, rewolýusion-demokratik hereketler, şol hereketleriň häkimýetler tarapyndan zorluk bilen basylyp ýa-tyrylmagynyň suratlandyrylmagy halky özüne çekipdir.
Rus dramaturgiýasynda döwrüň iň ajaýyp pýesalary A.N.Ostrowskiniň "Kozma Zahariç Minin-Suhoruk” (2-nji redaksiýasy 1866 ý.), "Woýewod, ýa- da Wolgadaky görlen düýş” ("woýewod”-şäher goşunlarynyň başlygy 1865 ý.), "Şa gelinligi” (1849), "Pskowly gyz” (ýazylan wagty 1859 ý. sahna çykarylan wagty 1888ý. soň bu pýesa kompozitor N.A.Rimskiý-Korsakowyň operasynyň peýda bolmagynda libretto bolup hyzmat edipdir) A.K.Tolstoýyň üç bölümden ybarat "Ioanna Groznyntň ölümi” (1867), 'Şa Fýodor Ioannowiç” (ýazylan wagty 1868 ý. sahna çykarylan wagty 1898 ý. Gadagan edilen bu pýesa bilen 30-ýyldan soň, 1898-nji ýylyň 27-nj i oktýabrynda MHT teatry açylýar) "Şa Boris” (ýazylan wagty 1870-nji ýyl, sahna çykarylan wagty 1881-nji ýyl) pýesalary özüniň psihologik inçeligi, diliniň düşnükliligi bilen tapawutlanypdyr. A.K.Tolstoý özüniň bu pýesalarynda rus feodal gurluşy bolşundan artyk edip görkezse-de, ýurtda bolup geçýän gazaplylyklara, olary döredýänlere bolan nägileligini geregiçe beýan edipdir. Russiýanyň gadymy patriarhal gurluşyndaky düzgüni gereginden artyk mahabatlandyrmak häsiýetleri D.W.Awerkiýewiň "Rus dwarýany Frole Skobeý hakynda komediýa” (1868), "Kaşirli garry” pýesalarynda hem ulanylypdyr.
Russiýada dowam eden gadaganlyklar edebiýatda we teatrda örän uly kynçylyklaryň emele gelmegine alyp barypdyr. Bu ýagdaý synpy göreşleriň emele gelmegine, güýçlenmegine, jenaýatlaryň artmagyna ýol açypdyr. Ýurtda emele gelen şeýle ýagdaýlar kapitalizmiň ýyrtyjylykly hakykatynyň ugruny kesgitläpdir. Dramaturg N.A.Potehiniň "Gazaply gün” (1874), "Ölüm halkasy" (1875), 'Ruhy gedaýlyk” (1879) melodramalary jenaýatçylykly gurluşyň üstüni açmak bilen halky aýaga galmaga çagyryş hökmünde sahna çy-karylypdyr. XIX asyryň 60-80-nji ýyllarynda oňaýly hilegärlik gurluşly döredilen köp sanly pýesalar peýda bolup başlapdyr. Şeýle pýesalar täsirli ýaly wagt geçirmek üçin ýazylan pýesalaram azlyk etmändir. Şeýle pýesalara ýüzleýje psihologik öwüşgün berlen bolsa-da, belli bir meseläni çözmekden daşda bolupdyr. Dramaturg I.W.Şpažinskiniň "Ýönekeý taryh”, "Öz-özüme duşman”, "Girdap”, "Pida”, "Ütüji” dramalaram esasan güýmenje hökmünde kabul edilipdir.
XX asyryň başlarynda A.N.Ostrowskiniň adatlaryny dowan etdirmekçi bolan S.A.Naýdýonow "Wanýuşiniň çagalary” (1901), "Awdotinanyň durmuşy” (1904) pýesalaryny ýazypdyr. Onuň "Wanýuşinyň çagalary” pýesasy meşşançylyk-täjirçilik arasyndaky ýaramazçylyklary açyp görkezip bilendigi üçin uly meşhurlykdan peýdalanypdyr.
XIX asyryň aýaklarynda XX asyryň başlarynda özüniň çişirilen häsiýetleri, hilegärligi yzygiderli gurap bilmegi ussalarça başaran dramaturg A.I.Sumba-tow-Ýužiniň ,,Öňden taplanan” (1895), "Žentlmen” (1897) "Dönük” (1903) pýesalaryny ýazypdyr. Dramaturg-režissiýor W.I.Nemirowiç-Dançenkonyň "Soňky erkinlik” (1888), "Täze iş” (1890), "Altyn” (1895), "Durmuşyň bahasy” (1896) pýesalarynda esasan döwrüň wajyp meseleleri gozgalypdyr. Dramaturg Ýe.N.Çirkowyň "Jöhitler” (1904), "Erkekler” (1907) pýesalarynda rewolýusion
keýpli adamlaryň keşpleri berlipdir.
Rus dramaturgiýasynyň ösmeginde L.N.Tolstoýyň pýesalary esasy ýeri eýeleýär. Onuň pýesalarynda jemgyýetdäki ýetmezçilikler, ynsanpererçilikli häsiýetler, sosial-filosofiki oýlanmalar ýaly mazmun ýokary derejä baryp ýetipdir. Beýik ýazyjy L.N.Tolstoýyň halky eserler bilen baglanyşykly "Häkimýetdäki tümlük” (ýazylan wagty 1886-njy ýyl, sahnada goýlan wagty 1895-njy ýyl) pýesasynda uly güýç we ýitilik hem-de uly gazap bilen hakykaty suratlandyrypdyr. Ol pýesada oba ýerleriniň kapitalizasiýaşdyryljak bolunyp, oba adamlarynyň daýhan durmuşyny bozup olaryň başyna tragediýa getirilişi suratlandyrylypdyr. L.N.Tolstoýyň başga bir eseri bolan "Magaryflaşdyrmanyň miweleri” (1891) komediýasynda dworýan muguthorlygynyň, "Altyn ýaşlar” hasap-lanýan toparyň ruhy gedaýlygynyň, özlerini ylymly hasaplaýan buržuaz boş sözlüligiň üstünden batyrlyk bilen gülmegi başarypdyr. Onuň "Diri maslyk” (ýazylan wagty 1900-njy ýyl, sahna çykarylan wagty 1911-nji ýyl) pýesasynda ikiýüzlilik-leriň, döwrüň jemgyýetçiligindäki ýalanlaryň,ýalan kada-kanunlaryň kazyýetçilikde dowam etdirilýändiginiň üstünden düşüpdir. L.N.Tolstoýyň dramaturgiýasyndaky şeýle aýratynlyklar "Tolstoýçylygyň sagdyn realizmi” bolup rus dramaturgiýasynyň taryhyna girdi.
XX başlarynda A.P.Çehowyň dramaturgiýasynyň peýda bolmagy rus realizminiň ýeňişi hasaplanýar. Onuň özboluşly döredijiligi rus dramaturgiýasyna täzelik getiren we onuň ösmegine goşant goşan dramaturgiýa hasaplanýar. A.P.Çehow özüniň bir bölümli pýesalary we wodewilleri bolan "Hödürleme” (1888), "Toý" (1889), "Ýubileý” (1891) ýaly ownuk eserlerinden soň, döwrüň wajyp meselelerini gozgaýan göwrümli, çeperçilik taýdan sagdyn pýeselere ýüz urupdyr. XIX asyryň 80-nji ýyllarynda syýasy reaksiýa we wagtyndan öň gory gutaran liberal intellgensiýanyň ýagdaýyny özüniň "Iwanow” (1887) pýesasynda ge-regiçe berip bilipdir. A.P.Çehowyň meşhur "Çarlagynda” (1896) esasy pikir rus sungatynyň ykbaly hakynda, dörediji adamyň, hudožnigiň ugruny kesgitlemek hakynda, her bir adamyň halkyň öňündäki öz ahlagyny duýmagy we ony ýürekde saklap bilmegi hakynda bolup geçýär. Ol täze görnüşli drama eserini döretmek bilen özüniň örän çylşyrymly sahna çeperçiligine çuňňur düşünmeklerini isläpdir. "Çarlakdaky” gapma-garşylyklar adamyň şahsyýetiniň ruhy taýdan azat ösmeginde garşy bolýan sosial ýagdaýlaryň esasynda gurnalypdyr. A.P.Çehowyň bu pýesasynda rus dramaturgiýasynyň taryhynda ilkinji bolup, tebigat sahna hereketine öwrülip, onda awtoryň öňe sürýän pikiri personažlaryň keşpleriniň üsti bilen şöhlelendirilipdir. Bu pýesasynda ol gündelik dowam edýän, ýöne aňlanylmaýan ýagday şahyranalyk bilen berip bilmegi başarypdyr. Pýesadaky hakyky ýapyk pikirler gapdaldan dörän replikanyň üsti bilen aýdyň bolýar-da duruberýär. Bu ýagdaý soň rus dramaturgiýasynda ,,suw asty akym” diýen ady alypdyr. A.P.Çehowyň "Wanýa daýy” (1897) pýesasy esasan akylly döredijilik zähmete teşne, bimany geçirilýän rus intelligensiýasynyň durmuşy bilen bagly. Pýesa çylşyrymly gurnalan gepleşigiň, kinaýaly, gizlin manyly berilýän söz-leriň üsti bilen ýazylypdyr. Onuň "Üç uýa” (1901) pýesasy ahlaksyzlygyň, meşşançylygyň, oturymly adamlaryň öz-özlerini köşeşdirjek bolmaklarynyň hakykatynda keşpler döredilipdir.Pýesada uýalar Prozorowalaryň we polkownik Werşininiň geljekde adamzat bagtynyň açyljakdygyna bolan ynamlaram ýokary derejede açylypdyr.1905-nji ýylda bolup geçen wakalaryň öň ýanynda jemgyýetçilik aňynyň ýokary göterilmegi bilen A.P.Çehowyň döredijiliginde täze sebäpler we täze keşpler peýda bolup başlapdyr. Onuň "Ülje bagy” (1904) pýesasynda dworýan gurluşynyň pese gaçmagyny suratlandyryp, awtor täze geljege ynanýan we uly umyt baglaýan talyp Pýotr Trofimowyň keşbini orta çykarypdyr. Ýöne onuň pýesada öňe çykaran gahrymanlary boljak göreşlere taýýar keşpler bolman,şol göreşleriň,ýagdaýlaryň pidasy bolýarlar.
Täze ideýalary, meseleleri, özünde jemlän proletar azat ediş hereketiniň emele gelmegi bilen Russiýada täze görnüşli realizm ýüze çykyp başlaýar. Şeýle ideýalary, meseleleri ýüze çykarmakda M.Gorkiniň pýesalary has ýokary galypdyr. M.Gorkiniň pýesalaryndaky döredijilik mazmun söweşijilikden yba- rat bolup, golaýlap gelýän rewolýusion tupany duýdurmak bilen gulçulyk zäh-metiň deregine azat zähmetiň ornaşjakdygyna çagyrýan jarnama hökmünde kabul edilipdir. Onuň "Meşşanlar” (1902) pýesasynda ýazyjy köne jemgyýetiň gününiň sanalgydygyny, jemgyýetiň golaýda agdaryljakdygyny beýan etmek bilen ýerli adamlaryň durmuşa bolan geçirimliliklerini ýazgarypdyr. Olary rehimsiz tankytlapdyr. Bu pýesada rus dramaturgiýasynda ilkinji bolup geljege uly umyt bildirýän, jemgyýetde giň köpüçligiň alyp barýan işlerine teşnelik bilen garaýan parawoz sürüji Niliň keşbini proletarýatyň-göreşijisi hökmünde ýokary göterip onuň dünýäni täzeden gurmaga çalyşýan ideýasyny öňe sürüpdir. M.Gorkiý özüniň "Na dne” (1902) pýesasynda jemgyýetiň ýiti syýasy, jemgyýetçilik-filosofi- ki meseleleri gozgalýar.Kapitalistik şäherdäki ýürek gysgynçýalanlaryň, adamlaryryň gedaýlykdan ýaňa gorkunç bir zada öwrülmeleriniň, olaryň hukukla-rynyň, azatlyklarynyň, zähmetleriniň döwlet tarapyndan goralmazlyklarynyň netijesinde bolup geçýän wakalar suratlandyrylýar. M.Gorkiniň "Daçnikler” (1904), "Günüň çagalary” (1905) pýesalarynda rus intelligensiýasynyň pese gaçan ykballary yzarlanylýar. "Duşmanlar” (1906) pýesasynda halkyň
kapitalistik gurluşa bolan ýirgenji giňden açylypdyr. Bu pýesa Russiýada ga-dagan edilenligi sebäpli Berliniň "Kiçi teatrynda” sahna çykarylypdyr.
Rus dramaturgiýasy iki rewolýusiýanyň arasyndaky on ýyllykda çylşyrymly we gapma-garşylykly döwri başdan geçiripdir. Ýurtda emele gelen ýagdaýy tertibe salmak, geljegiň öňündäki gorkyny aýyrmak, "owadan” dünýä ýüz urmak, jadyly pikirlerden daşlaşmak, öňden gelýän bulagaý syýasat- dan el çekmek ýaly ideýalar rus sungatynda we dramaturgiýasynda öňe sür- lüp başlanýar. Dramaturglar N.N.Ýewreinowyň "Owadan zalymlyk” (1907), "Şeýle bir zenan” (1908), W.Ýa.Brýusowyň "Ýolagçy” (1910), F.Sologubyň dekadentlik "Ýeňişiň ölümi” (1907), "Ownuk şeýtan” (1910), "Durmuşyň tussaglary” (1912) pýesalarynda esasy öňe sürmeler nalaç edeýin adamlaryň döwleti dolandyrmaga gelmegi we olaryň ,,ömürlik” hasaplanmagy dogrusynda bar-ýar. Şol döwürde dramaturg M.P.Arsybaşýewiň "Gabanjaň”, "Ýyrtyjylyk kanuny” (ikisem - 1913) pýesalarynda haýwanlara mahsus üýtgemeýän duýgy yzarlanylýar. Dramaturg W.A.Ryşkowyň hapa-ahlaksyz pýesalaram yzygiderli sahna çykarylypdyr.
Şol döwürde A.A.Blogyň dramaturgiýasy aýratyn bir ýeri eýeläpdir. Onuň döredijiliginde Russiýanyň, onuň intelligensiýasynyň howuply ykbalynyň köne dünýä bolan aýrylmaz baglanyşygy duýlupdyr. A.A.Blogyň "Gödek oýun” (1906), "Nätanyş gyz” (1906) ýaly liriki dramalarynda toý däp-dessurlaryndan daşlaşmagyň ýollaryny gözläpdir. Onuň "Meýdançadaky şa” (1906) pýesasynda ýurtda bolup geçýän-real hakykat öz dogry manysyny tapypdyr. A.A.Blogyň ýokarda atlaryny bellän pýesalarmyz üç bölümden ybarat bolan drama eserini emele getirmek bilen ýurtda garaşylýan sosial partlamany, gozgalaňy aňladypdyr. A.A.Blok özüniň arzuwçyllyk dramasy bolan "Bägül we haç” (1913) pýesasynda aýdyň däl, düşnüksiz pikirleriň (abstraksiýalaryň) şertleýinliginden we personažlaryň däp-dessurçylyk gylyklaryndan doly el çekipdir.
Çylşyrymly we gapma-garşylykly ýagdaýlar dramaturg L. N.Andreýewiň döredijilik ýolunda gabat gelýär. Onuň "Ýyldyzlara tarap” (1906 ý, pýesa Wenada ýazylýar), "Sawwa” (1906 ý, bu pýesa hem Wenada ýazylypdyr), "Açlygyň şasy” (1908) pýesalarynda kapitalistik dünýä bolan erbet garaýyşlar öňe sürülýär. Şol bir wagtyň özünde halk gozgalaňlarynyň ýykgynçylyklara alyp barjakdygam geregiçe suratlandyrylypdyr. L.N.Andeýewiň şertleýin teatr üçin ýazan "Adamyň durmuşy” (1907) atly filosofiki dramasynda öňdenem öz gününi zordan görýän intelligensiýanyň pese gaçan agyr halyny suratlandyrmak bilen ondan çykalga gözläpdir. L.N.Andreýewiň "Anatema (1909) dramasynda zalymlygyň tragik ýagdaýda bolup, hemişe gowulygyň üstünden höküm sürýänligi açylyp görkezilýär. Dramaturgyň "Anfisa” (1910), "Ýekaterina Iwanowna” (1912), "Professor Storisyn” (1912) pýesalarynda adamyň özüni ýalňyzlykda, goragsyzlykda duýmagy, joşgunly gara güýçleriň öňünde özüniň gowşakdygyny duýşyny durmuşy psihologiýanyň üsti bilen berip bilipdir.
Şol döwürde göwni çökgünlik, pese gaçmalary öz içine alýan pýesalaryň garşysyna M.Gorkiniň "Iň soňky” (1908ý.- bu pýesa 1910-njy ýylda Berlinde sahna çykarylypdyr), "Wassa Železnowa” pýesanyň birinji görnüşi (1910) ýazylypdyr. A.W.Lunaçarskiý "Şalykdaky dellek” (1906) pýesasyny ýazýar. Bu onuň drama eserini ýazmakdaky eden ilkinji synanşygy hasaplanýar. Şol pýesadan soň, 1913-nji ýylda onuň "Wladimir Maýakowskiý” tragediýasy peýda bolýar. Bu eser öz mazmuny boýunça syýasy çagyryş hökmünde kabul edilipdir.
Rus dramaturgiýasy özüniň bütin ösüş döwründe gylyk-häsiýetleri, Russiýada iň oňat adamlary gözlemek filosofiýasyna ýugrulyp, demokratiýany, ynsanperwerçiligi, adam şahsyýetleriň azat ösmegini, umuman ýaşaýşyň düýp manysyny gözläpdir. Rus dramaturgiýasy gapma-garşylyklary, öňde baryjy adamlaryň, itelligensiýanyň garşysyna bolan reaksion jemgyýetçiliginiň, meş-şançylygyň çaknyşyklaryny doly açyp görkezmegi başarypdyr.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 23 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]