20:17
Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Rupi Kaur
ŞYGRYÝET MELEKLERI / MAKALAJYKLAR TOPLUMY – RUPI KAUR



Men sizi gelip çykyşy hindi asylly, kanadaly dünýä belli ýaş şahyr, ýazyjy, hudožnik we fotograf zenan bilen tanyşdyrmakdan lezzet alýaryn.
Ol özüniň eserleri bilen instagram ýaly platformalarda meşhurlyk gazandy.
Feminizm – onuň eserleriniň özenini düzýär. Rupi – feministka.
Ol 1992-nji ýylda Penjabda (Hindistanda) doguldy.
4 ýaşyndaka onuň maşgalasy Toronta (Kanada) emigrant bolup göçüp barýarlar.
Ýazan eserlerini hiç bir neşirýat çap etmek islemeýär, ýöne ol «öz göbegini özi kesýär»: goşgularyny özi ýygnap, kitaplaşdyrdyrýar.
Şeýlelikde, 2014-nji ýylda ilkinji kitabyny «Süýt we bal» («Milk and honey») ady bilen çap edýär. Ak goşgular, proza we öz çeken grafiki suratlary bilen bezelen bu kitap 2,5 million ekzemplýardan geçirip satylýar.
2017-nji ýylda «Gün we onuň gülleri» («The Sun and Her Flowers») atly kitaby çap edilýär.
Onuň goşgularyndan birnäçesini ýazylan dili bolan iňlisçe bilen bilelikde terjimede hödürleýärin.

Hormat bilen Mango.

***

i live for that first second in the morning
when i am still half-conscious
i hear the hummingbirds outside
flirting with the flowers
i hear the flowers giggling
and the bees growing jealous
when i turn over to wake you
it starts all over again
the panting
the wailing
the shock
of realizing
that you’ve left
– the first mornings without you

* * *
– sensiz ilkinji oýanyş

Daň säheriň ilkinji sekuntlary
meýmiräp ýatyryn
ýarym-ukuly,
eşdilýär daşarda
jikjikiň jikirdisi,
gülleriň kikirdisi,
wyzzyllysy,
gabanjaň bal arylaň.
birden, seni oýarmak üçin öwrülenimde
ýene barysy başdan başlanýar:
demim ýetenok
aglaýan sojap
ýok! ýok!
gidipsiň
sen meni taşlap.

* * *

how is it so easy for you
to be kind to people he asked

milk and honey dripped
from my lips as i answered

cause people have not
been kind to me

* * *

Sorady: ,,nädip başarýaň
beýle mähirli bolmagy?!"

jogap ýerine dodagymdan,
gaýdyberdi süýt bilen bal.

sebäbi men hiç kimden
görmedim mähir.

* * *

he was supposed to be
the first male love of your life
you still search for him
everywhere

– father

* * *

– kaka

Onuň maňlaýyna ýazylany
seni söýýän ilkinji erkek bolmak.
sen bolsa gözleýärsiň ony
her ýerden.

* * *

you were so afraid
of my voice
i decided to be
afraid of it too

* * *

Sesim seni juda
gorkuzdy welin,
menem öz sesimden
gorkup başladym

* * *

every time you
tell your daughter
you yell at her
out of love
you teach her to confuse
anger with kindness
which seems like a good idea
till she grows up to
trust men who hurt her
cause they look so much
like you

– to fathers with daughters

* * *

– gyzlary bolan kakalara

«Söýemsoň
saňa gygyrýan» diýip,
sen her gezek aýdanyňda gyzyňa
öwredýäň bulaşdyrmagy
mähir bilen gahary.
gyzyň özüni ynjytjak
erkeklere sataşýança,
ynanjaň bolup ýetişýänçä
bu pikiriň dogram ýaly.
ýogsa-da, o erkekler
şeýle bir saňa meňzeýär.

* * *

i’ve had sex she said
but i don’t know
what making love
feels like

* * *

Düşekde ýatmagy bilýän - diýdi ol,
emma, bilemok,
näme zatdygyn
söýgüniň.

Terjime: Mango.





Категория: Şygryýet melekleri | Просмотров: 148 | Добавил: mango | Теги: Rupi Kaur | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Şygryýet melekleri bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 6
0
6 Hyýalkeş   [Материал]
"Düşekde ýatmagy bilýän -diýdi ol
Emma bilemok
Näme zatdygyn söýgüniñ"

Ilki aýtjak zadym "näme zat" sözi dialektmikä diýýän.Sebäbi şony talyplygymda eşdip başladym dialektli mollumlar we okuwçylar tarapyndan.Ýalñyşýan bolmagymam mümkin.Belki "nämeligin"diýmelidir.
Hakykatdanam şeýtse-de söýginiñ nämedigini bilmeýänler kändir.Çünki söýgi diñe bagty çüwenleriñ başyna gelýän ýagdaý.Beýlekisi bolsa tas hemme kişiñ diýen ýaly başdan geçirýän ýagdaýy. Bir gören kinomda ejesiniñ söýgüden yza çekýän gyzyna aýdan sözleri ýadymda galypdyr.
"Söýgüni tapman dünýäden göçüp giden millionlarça adam bar"
Beýleki bir tarapdan bolsa başga bir sorag serimde selpeýär:
Belki söýgi däldir oñ ady.Ýöne ten ýakynlygynda bolan kişisine garşy hiç hili ruhy ýakynlyk duýmaýarmyka ynsan?Duýaýjak ýaly.Netijede,biz haýwan däl.Instinkt boýunça hereket edemzok.Edýän ähli hereketlerimize duýgularymyz we pikirlerimiz gatnaşýar.

0
4 keyigokara   [Материал]
Terjimeler gowy çykypdyr,@mango! Ýetireniñiz üçin sagboluñ!

0
5 mango   [Материал]
feminist Rupi hanymyň döredijiligine beýle haýran bolmasamam.... gyzyklyja goşgulary bar eken. olardan halanymyň biri barada ýazasym gelip dur.
ol goşgyny täzeden okaly.

Daň säheriň ilkinji sekuntlary
meýmiräp ýatyryn
ýarym-ukuly,
eşdilýär daşarda
jikjikiň jikirdisi,
gülleriň kikirdisi,
wyzzyllysy,
gabanjaň bal arylaň.
birden, seni oýarmak üçin öwrülenimde
ýene barysy başdan başlanýar:
demim ýetenok
aglaýan sojap
ýok! ýok!
gidipsiň
sen meni taşlap.


goşgyň gahrymany, goý, ol Rupi hanymyň özi bolsun, ir säher bilen düşeginden galman daşardan gelýän sesleri diňläp ýatyr. (originalda kolibri guşyň sesi gelýär, ýöne kolibri amerikada ýaşaýan guş bolansoň, terjime-de jikjiki bilen çalyşdym).
hawa... Rupi hanym ýatyr....
sesler gelýär.....
gülleriň arasynda başy aýlanan jikjikiň kelpeň jikirdisi.
bu jikirdä gülleriň aýnak kikirdisi.
bularyň boluşyna gülden güle gonup ýören ary janaweriň gabanjaňlyk bilen wyzzyldysy.... (gülleri jikjikiden gabanýar).
birdenem ol arydaky gabanjaňlyk Rupi hanyma geçýär.
derrew arkasyna öwrülýär, ýanynda ýatany oýarmak üçin (belki-de barlamak üçin)...
görse....
görse, ol ýok.
ýok bolup gidipdir...
başlaýar ýürek agyry, horkuldap aglamaklyk....
düşünemok şu feministkalara....
öňem biriniň aýdyşy ýaly, “bir zat almaga gidendir-dä. ýa ylgamaga.Wa-a-aý, da--a-a-at, meni taşlap gitduuuu diýip dowula düşübermeli däldir-ä”, nämä panika düşýäň?.... derrew erbet pikirleri kellä getirip başlamak nämä gerek?...
ýa feminizm – aşa was-wasylykmyka?
Bu şahyr hanymy internetden diňläp görüň, özi goşgularyny has täsirli okaýar....
Zal dolusy adamlar ony diňlemäge gelipdirler....
Umuman, şeýle....

0
3 Orhideýa   [Материал]
Ak goşgularda- da kapyýa bolýar ahyry...Kapyýa wajybam dàl hasap edýànler hem bar..
emma,barybir,poeziýada ol gerek õýdýàn...Õñ bir ýerden eşidipdim:"Goşgy yazylanda dàl-de,okalan mahaly goşgudyr".Okañda bolsa,nàhilem bolsa,bir owazly sazlaşygy isleýàñ..

0
1 Orhideýa   [Материал]
"sorady ol: nädip başarýaň her kime
beýle mähirli bolmagy.

dodagymdan damdy süýt hem bal,
jogap beremde:

sebäbi men hiç kimden
mähir görmedim."

Bu siziñ terjimelerinizde iñ halanym..Belki,goşgyñ ruhy gowy..(ýogsa,kàn bir kapyýa yok weli..)

0
2 mango   [Материал]
bu goşgular kapiýasyz.
ak goşgy diýilýänlerden.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]