11:02
Rum diýdiñizmi?

RUM DIÝDIÑIZMI?

Türk - Soltan Ýawuz Selim üçin eşek diýmekdi...
Türk - Koçi beg üçin bimessep ejnebidi...
Türk - Hoja Nasreddin Ependi üçin maslykdy, hilebazdy, bolgusyzdy...
Türk - Naima üçin azgyndy, betnyşandy, gödekdi, jahyldy...
Türk - Nefi üçin Allanyñ yrfan çeşmesinden mahrum galanlardy...
Türk - Baky üçin gödekdi...
Türk - Hapyz Çelebi üçin atañam bolsa öldürmäge degişlidi...
Türk - Sadrazam Kuýujy Myrat üçin kellesi kesilmeli adamdy...
Türk - Aksaraýly Kerimetdin Mahmyt üçin ýarak itdi. Melgundy...
Türk - Merzifonly Seýit Abdyrahman Eşref üçin deñsiz-taýsyz zalymdy...
Türk - Geliboluly Mustapa Aly üçin kirlidi, hapysady…
Türk - Taşlyjaly Ýahýa üçin neberesi guramyşyñ biridi...
Türk - Baş ilçi Moraly Çuhadyr Ahmet üçin haýwandan tapawudy ýok mahlukdy...
Türk - Tokatly Nuri üçin şäheriñ dilini bilmeýän haýwandy...
Türk - Şeýhulyslam Mustapa Sabri üçin iniñi tisgindiriji nejisdi...
Türk - Soltan Wahdetdin üçin dini, şejeresi, añyrsy, kimdigi, ýurdy näbelli, jahyllar sürüsidi...
Gaharyñyz gelmesin, yzyny dowam etmäliñ!
Osmanly:
– Ermenilere, “Milleti-Sadyka”…
– Araplara, “Kowmy-Nejip”...
– Rumlara “Rimli” manysyny berýän “Romeos” diýip, öz türklerini, ine, şeýdip kemsitdi, masgaralady.
Ýeri, türkler özüni nähili görýärdi?

• Türküñ ahwaly

"Birinji ders meni geñ galdyrypdy. Bu tümen şol wagtky milletiñ bir bölegidi. Hemmesi-de Anadolynyñ türkmen obalaryndan ýygnanandy. Biz obalylary dindar we yñdarma häsiýetli hasaplaýardyk. A meñ görenlerim diñe jahyldylar.
Emma olar meni ikinji dersde hasam geñ galdyrdylar. Birinji berlen sowallara beren jogaplaryndan görnüşi ýaly bu esgerler diñe haýsy dine uýýandygyny däl, haýsy halkdandygyny-da bilenoklardy. "Biz haýsy halkdan?" diýlende her kelleden bir ses çykdy:
"Biz türk dälmi?" diýenimde, hemmesi birden "Estagpyrylla" diýip jogap berdiler. Türklügi kabul edenoklardy. Emma biz türk ahweti! Bu goşun türk goşunydy. Türklük üçin söweşýärdik. Birnäçe asyrlara çeken başdan geçirmelerden soñ bar çykalgamyz diñe türklük bolup bilerdi. Emma, gynansak-da, "biz türk dälmi?" diýip soranymda, "Estagpyrylla" diýip jogap berenleriñ pikiriçe türk diýmek "gyzylbaş" diýmekdi.
Dininde, milletinde bitewilik bolmadyk bu tümen her dersde görşüm ýaly ýaşaýan döwletiniñ adyny, nämedigini, patyşasynyñ adyny, döwletiñ merkezini, serkerdebaşysyny we onuñ wekiliniñ kimdigini bilenok.
Watan meselesine ýetende işler bütinleý bulaşdy. Gepiñ keltesi, watanymyzyñ nirededigini bilýän ýokdy. Aýdýan bar zatlary ugur-utgasyz, esassyz, manysyz we ýalñyşdy…”
Şewket Süreýýa Aýdemir (1897-1976) öz durmuş ýoluny ýazan "Suwy gözleýän adam" (“Suyu Arayan Adam”) kitabynda türkleri şeýle suratlandyrdy...

• Ýurtdaşlyk baýramy

Falih Ryfky Ataý (1894-1971) “Batyş ýyllary” atly kitabynda öz deñ-duşlaryny osmanlynyñ soñky nesil çagalary hökmünde suratlandyrdy.
"Özüme birinji gezek haçan türk diýendigim ýadyma düşenok. Biziñ çagalygymyzda "türk" - gödek we ýabany diýmekdi. Yslam ymmatyndan we osmanlydyk. Ylmyhallarda baş dersimiz "diniñ we milletiñ birdigini" öwrenmekdi.
"Watan" sözüni agzamak gadagandy. Ony men ulalamsoñ Namyk Kemaly okan günlerimde kitapda gördüm. Gulagym bilen bolsa diñe "Meşrytyýetden" soñ eşitdim.
Biz patyşanyñ gullarydyk. Mekdebiñ meýdançasynda her gün agşam hatara durup, "Ýaşasyn, patyşahymyz!" ("Padişahım çok yaşa!") diýip gygyrardyk…”
Şuña çenli ýazanlarymyñ, gürrüñsiz, bir maksady bar:
Mustapa Kemalam osmanlynyñ soñky neslindendi. Ol türküñ osmanly häkimiýeti tarapyndan nähili masgaralanýandygyny gördi, başyndan geçirdi. Osmanly intelligensiýasynyñ Babyalyda "Türk" sözüni arap aksenti bilen "Terk" diýip ýazyşlaryny ýatdan çykarmady. ("Terk" sözüniñ köplük manysy arapçada "Etrak" diýmekdi we türklere “İdrâki biidrak”  (Etraki-bidrak") - "düşünjesiz türkler", "akmak türkler" diýýärlerdi!)
A... Türk - Atatürk üçin ýyldyrymdy, tüweleýdi, dünýäni ýagtyldan güneşdi. Şonuñ üçinem...
Togsan bir ýyl öñ... 1928-nji ýylyñ 23-nji maýynda Ýokary Halk mejlisi (TBMM) 1312 belgili "Türk ýurtdaşlygy" ("Türk raýatlygy") kanunyny kabul etdi. Şeýdibem...
Birnäçe asyrlap depgilenip gelnen Türk ýurtdaşlyk statusy bilen derejelendi.
Osmanly bilen respublikanyñ tapawudy, ine, şundady.
Şu günlerde...
Osmanlysyraýan käbir AKP-liler Ekrem Ymamoglynyñ "türk" däl-de, "rumdygyny" aýdyp, ony kemsitmäge çytraşýar! Diýmek indi... "Türk" osmanlyda bolşy ýaly, masgaralanýan-depgilenýän söz däl.
Zamananyñ ruhy özgeripdir: Türk - beýikdir, belentdir...
Atatürk üstün çykdy.
Ýurtdaşlyk baýramyñyz gutly bolsun!

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 23.05.2019 ý.

Категория: Publisistika | Просмотров: 74 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 5
0
5 Jeksparro   [Материал]
Gyzykly subutnamalar getiripsiň Haweran!

0
4 BEG   [Материал]
"Osmanly bilen respublikanyñ tapawudy, ine, şundady"
Respublika döwründede ýokary wezipede ýalňyş hereket edýänler bardyr bolaram. Şonuň üçin tutuş döwletiň resmi adyny taryha haýyn diýip görkezmek dogry däl.
Ependiniň aýtmadyk zatlarynam şoň adyndan aýdylýanny hemme bilýär. Çala gulagyňa degen zady taryhy fakt ýaly edip ýazsaň birine töhmet atylany bolarda. Ýowuz Selimiňem şony aýdanna ynanmak kyn. Özüniňem şol "eşeklerdendigine" kellesi işlemez ýaly samsyk däldirä. Uly döwletiň baştutany. Özüne osmanlyçy diýip gözüni ýumup öwýänlere garşy gidip biler. Osmanly adalgasyna dälde şol döwürde edilen işleriň ajysyna ajy diýmeli.
Taryhy taryhçylaryň ylmy kitaplaryndan öwrenseňem doly ynanmaly däl. Ýazan kim, nähili düşünjedäki adam, haýsy döwürde ýazypdyr şoňada seretmeli. Oguzhany Mogolyň agtygy edip görkezýän taryhçymy, osmanlylara ermenilere milleti sadyka diýdirýänmi ýada ermenileri gyrdyryp genosid etdi diýýänmi. Aý garaz nasistmi, dinçimi, antiislamistmi anyklamasaň ata-babaňa sögdürjegi anyk.
Seljuklaryň Hywa hanlygyna ýada Abulgaza görä türki halklar üçin has peýdaly işler edeni belli zat emma biraz göriplik edýär öýdýän.
Umuman syýasy partiýalaryň propagandasyny edýänler taryhy ýoýmagyň ýerine şugünüň problemalaryny çozmegiň aladasyny etse peýdaly özleri üçinem. Akp-ni erbet görkezmek üçin Ependi pahyry gepletmek ynsaby kemräk adamyň etjek işi.

1
1 BEG   [Материал]
Her döwürde her ýerde türk sözüniň ulanylşy başga. Bize-de şuwagt türk diýseler, ýok biz türkmen diýýäs-ä. Gazaklar özbekler we ş.m. olaram şeýle. Sebäbi şuwagt türkiýeli diýip düşünilýä. Şol döwrem käbirleri ýalňyş düşünen bolsa tutuş osmanlyny taýaklamagyň geregi ýok. Türkler şo taýda şuwagt ýaşaýan bolsa ilki seljuklara, osmanlara, soňra respublika borçly.
Biidrak däl-de hakykysy saf idrak. Sada türkana diýjek bolýa.
Galanlarny bilemak welin Hoja Nasreddine şeýle diýdirenleri Alla aňyrda şoň bilen ýüzleşdirsin. Ölüp giden adamlara töhmet atman häzirkileri tankyt ediber-da. Şu wagtky döwletiňi guranlary ekläp-saklap, okadyp ýetişdiren osmanly-da. Syýasatçylar bilen köp çekeleşip taryha girseň şeýle bolýa-da. Dädeňe sögýäň ýalňyşyp.

-1
2 Hаwеrаn   [Материал]
Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýanyndaky Dünýä türkmenlerini öwrenýän ylmy-barlag instituty tarapyndan türk taryhçysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyñ eýesi, professor Faruk Sümeriñ 1999-njy ýylda türkmen dilinde neşir edilen "Oguzlar-türkmenler" kitabynda şeýle setirler bar:

"...Ýurduñ her bir künjeginde asyl nebereler (türkmenler), ýagny begler gatlagynyñ köpüsi ýok bolupdy, kem-käs galanlary bolsa ykdysady taýdan kän zyýan çekmeseler hem, öz mertebelerini ýitiripdirler. Hatda bularyñ köpüsi göze hem ilmeýän jalataýlyga meýilli, garyp-gasara kömek etjek bolup durmaýan adamlara öwrüldiler. Bu adamlaryñ häzirki nesilleri-de şeýledir." (28-nji sahypa).

"...XIX asyrda ýewropaly syýahatçylar hristianlaryñ däl-de türk milletiniñ ýitip ýok bolup barýandygyna göz ýetiripdiflrr. XVI we XVII asyrlarda aglabasy türk asylly bolmadyk osmanly awtorlary anadolyly türklere we esasan-da obalylara "etrak-i bidrak" ("kemakyl türkler" diýipdirler. Emma bu awtorlar we Osmanly döwletiniñ ähli döwlet işgärleri anadolyly türkleriñ döwletiniñ esasy daýanjydyklaryna akyl ýetirip bilmändirler. Şeýlelik-de türk jemgyýeti güýçden gaçanyndan soñ Osmanly döwleti hem öz güýjüni ýitirdi. Osmanly döwleti öz soñky döwürlerine çenli Anadolynyñ halkyny we baýlygyny aýawsyzlyk, isripçilik bilen ulandy, harçlady, ýöne oña hiç zat berip bilmedi. Şu sebäpli anadolyly türkler garyp we yzagalak jemgyýet halyna, Anadoly hem weýran bolan bir ýurt ýagdaýyna düşdi. Anadoly halkynyñ arasynda döwlet edarasyna işlänlere "osmanly" diýip at berlipdir. Şeýle atlandyrylmagy olaryñ köşkde we ojakda terbiýe alanlygy hem-de etniki taýdan türk halkyndan bolmanlyhy bilen baglanyşyklydyr. Anadoly türkleri olara edil kese ýurtly we basybalyjy bir gatlagyñ nesilleri hökmünde garapdyrlar. Osmanly synpyna degişli adamlar Anadolynyñ halkyna, esasan-da obalylara we göçüp-gonup ýörenlere garanyñda ulumsy, doñýürek, hilegär, sözünde durmaýan, biwepa, adalatsyz we men-menlik edýän (egoist) adamlar bolupdyr. (29-30-njy sahypalar).

Seljuklar barada-da taryhçylaryñ aýdýan zatlary osmanlynyñ öz halkyna garaýşyndan üýtgeşik bolmandygyny görkezýär. Bu barada Abulgazy Bahadyr hanyñ "Türkmenleriñ nesil daragty" kitabynda hem ýañzydylyp geçilýändir. Faruk Sümeriñ ýokarky ady tutulan kitabynda bu barada şeýle setirler bar:

"Çarwa türkleriñ öz içinden çykan Seljukly hanedany bilen bolan gatnaşyklary döwlet gurlanyndan soñ bozulypdyr. Munuñ esasy sebäbi Seljukly hanedanynyñ beýleki yslam kowumlary ýaly pul bilen satyn alnan we aglaba köpüsi başga türki taýpalaryndan bolan mamlýuk, ýagny gulamlardan düzülen hakynatutma goşunlary edinmekleri we döwletiñ ýokary harby wezipeleri olara berenligidir. Hanedan bu goşuna eýe bolandan soñ öz kowumdaşlary bolan türkmenlere bütinleý diýen ýaly ähmiýet bermändir we olary undupdyr. Ähli ýokary harby wezipeleriñ bu goşunyñ elinde bolmagy uruşjañ bir halk bolan türkleriñ arasynda uly närazylyklar döredipdir. Bu närazylyklaryñ Seljukly döwletiniñ gowşamagynda we ýykylmagynda uly rol oýnaýşy ýaly, Osmanly imperiýasynyñ güýjüni ýitirmegine, türk halkynyñ uly heläkçiliklere uçramagyna we Anadolyda uly weýrançylyklaryñ bolmagyna sebäp bolupdyr." (24-nji sahypa).

Taryh tarapgöýlüge we duýguçyllyga gol ýapýan häzirki taryhy-çeper teleseriallardan öwrenilmeýär, taryhçylaryñ ylmy kitaplaryndan öwrenilýär (üns ber: ynanmaly diýemok, öwrenmeli diýýän) we taryhyñ ajysyna ajy, süýjüsine süýji diýmek "ýalñyşyp dädemize sögmek" ýaly zat däl.

-1
3 Hаwеrаn   [Материал]
Belli ýazyjymyz Osman Öde bilen Nobatguly Rejebowyñ söhbetdeşliginden Faruk Sümeri tassyklaýan ýene bir subutnama:

"... entek türkmenler Seljuk döwletiniň taryhyny dikeldip bilenoklar, ony türk gardaşlarymyz bilen ýakyn gelejekde dikelderis. Men oňa ynanýan, özem Nyzamylmülküň Barmakiler ýaly seljuk şalaryny tagtdan agdaraýmagynyň öňýany öldürilendigine-de ynanýan. A-haw, ol Mälik şanyň ynamyndan peýdalanyp, kiçiräk welaýatlaryň ählisine öz ogullaryny häkim edip çykýar, ogullaram ättürşek ýaly san-sajaksyz. Mälik şada şöhrata jinnek ýaly isleg bolmandyr, şondan ugur alybam Nyzamylmülk Merwde gurulýan uly binalara öz adyny dakdyrypdyr. Dogan-garyndaşlaryny, ildeşlerini esasy ýerlere geçiripdir. Mälik şanyň kakasy Alp Arslan döwründe häzirki dilimizde aýdanymyzda, döwlet howpsuzlyk komiteti, içeri işler ministrligi ýatyrylanyndan peýdalanyp, döwleti agdaraýmaga golaý elten mahaly ony zäherleýärler. Hatda garadangaýtmaz seljuklaram ony jogäpkärçilige çekip öldürmekden çekinipdirler. Ol, how, Beriýany suwsuz äkidip, suwsuz getirjek adam!"
http://kitapcy.com/news....24-4144

"...Nobatguly çürt-kesik adam: gowy görenini halys ýürekden gowy görýär, ýigrenenini hem şeýle bir ýigrenýär weli, ýöne goýaý. Onuň ýigrenýäniniň diri gezip ýörenem bar, mundan müň ýyl ozal ölüp gidenem... Hawa, hawa, baryp on ikinji asyrda ýaşap geçen Nyzamylmülk atly wezir bilenem, «Syýasatnama» ýaly beýik eseriň awtory bilenem ýap-ýaňy urşup, aýrylyşan ýaly. Nobatguly hut ony sud edýär.... Nobatgulynyň pikiriçe Nyzamylmülk... türkmen halkyna ymgyr köp ýamanlyk-hyýanat eden adam..., olar taryhy bulaşyklyga salypdyr... Muňa şahyryň öz tutaryklary, delilleri bar."
http://kitapcy.com/news/munyyllykdan_anyrdaky_dusman/2020-05-10-467

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]