11:03
Ruhumyzyñ käbir taryhy gözbaşlary
RUHUMYZYŇ KÄBIR TARYHY GÖZBAŞLARY

Beýik türkmen akyldary hem şahyry Döwletmämmet Azady «Wagzy-Azat» eserinde taryhyň türkmen aňynyň öňünde goýan meselelerine jogap bermäge synanyşdy. XVIII asyrda türkmeniň taryhy ýaşaýşynda täze döwür başlanýardy. Täze taryhy döwrüň esasy manysy bolsa geçişe syrygýardy. Halk Merkezi asyrlardan Täze döwre geçýärdi. Şonuň üçin hem Azadynyň öz eserinde goýan hem paýhasynyň çatdygyndan çözen meselelerini geçiş döwrüniň meseleleri diýip şertli kesgitlemek mümkindir.
Akyldar geçiş döwrüniň meselelerini, esasan, dört topara bölüpdir, muňa laýyklykda-da, öz eserini dört bapdan ybarat edip ýazypdyr. Ol dört topar nämelerden ybaratdyr? Birinjiden, täze türkmen jemgyýetini gurmagyň syýasy-ruhy meseleleri, ikinjiden, sosial-ruhy meseleleri, üçünjiden, intellektual-ruhy meseleleri hem-de, iň soňunda, dördünjiden, ruhy-psihologik meseleleri. Şu ruhy meseleleriň her birini ol adam, şahsyýet bilen baglanyşdyrypdyr. Çünki geljegi gurmak, täze bitewi jemgyýeti döretmek işinde ol esasy zadyň adamdygyna oňat düşünipdir. Allatagala Ýer ýüzünde ýaşaýşy Adam üçin döredipdir.
Azadynyň Adam hem onuň jemgyýetçilik manysy, adamyň ruhy kämilligi we bitewüligi baradaky pikirleriniň hem garaýyşlarynyň esasynda Gündogaryň filosofiki ýörelgeleri ýatýar. Ýaşaýyş sahnasynda esasy hereket edýän şahs adamdyr, Hudaý hem ähli niýetlerini we maksatlaryny adamyň üsti bilen amal edýär, hemme zat adamy kämilleşdirmäge niýetlenendir diýip akyldar pikir edipdir.
«Wagzy-Azat» eseriniň esasy mazmuny-da ynsan kämilligi hem ynsanyň ruhy gözelligi baradaky wagyzlardan ybarat. Ähli jemgyýetçilik ruhy-syýasy meseleler-de adamyň şahsyýetiniň üstünde jemlenýär. Döwletmämmet Azadynyň şu möhüm eseriniň atlandyrylyşynyň içki manysyny iki hili görnüşde ýüze çykarmak, düşündirmek mümkin. Birinjiden, «Wagzy-azat» Azadynyň wagyzlary» diýmegi aňladýar. Ikinji tarapdan bolsa, bu ady adamy azat etmegiň wagyzlary, azat adamy terbiýelemegiň, azat şahsyýetlerden ybarat bolan jemgyýeti gurmagyň wagyzlary manysynda düşündirmek mümkin. Şahsyýet azatlygy meselesiniň Döwletmämmediň öz ömür ideallary we ýaşaýyş-durmuş obrazy bilen baglanyşyklydygyny aýtmak gerek. Akyldaryň beýik ogly Magtymguly Pyragy öz atasy baradaky meşhur goşgusynda şeýle ýazypdyr:

Magtymguly, çagyr Rebbul-ybady,
Bu dünýä – ahyret bergil myrady.
Resululla goýmuş adyň – Azady
Atam – Döwletmämmet molla haky çün!

Şahyryň soňky iki setiri Azadynyň şeýle at almagynyň sebäbini we manysyny düşündirýär. Türkmeniň içinde ýaýran rowaýata görä, Döwletmämmede Azady adyny onuň düýşüne giren Resululla-Muhammet pygamber goýupdyr. Hezreti Muhammet Döwletmämmede «Eden ýagşy amallaryň hem ýagşy niýetleriň üçin sen dowzah odyndan azat» diýipdir. Döwletmämmet Azady öz eserinde hem şol kitabyny ýazmagynyň sebäbini görkezipdir, onsoň ol azat bolmak meselesinde özüniň bilýän zatlaryny nazma-şygyra geçirip, «Wagzy-Azat» eserini döredipdir.
Döwletmämmet molla özüniň dünýägaraýşy boýunça dini akyldardyr. Şonuň üçinem onuň azat bolmak pelsepesi-de mana ýugrulandyr. Onuň aňynda dowzah, behişt, ahyret, kyýamat ýaly düşünjeler iň soňunda meseläni kesgitleýji gymmatlyklar, pikirler bolup durýar. Emma şol bir wagtda-da, aýdaly, dowzah odundan azat bolmagyň deslapky ädimi hem şerti, ilki bilen, adam şahsyýetiniň pis hem pes pikirlerden we hereketlerden ruhy taýdan azat bolmagydyr.
«Wagzy-Azatda» täze gurulmaly türkmen jemgyýetiniň bitewüligi bilen baglanyşyklylykda azat şahsyýetiň dört sany tipi beýan edilipdir. Eseriň birinji babynda şol jemgyýetiň syýasy barlygynyň simwoly bolan patyşanyň ideal suraty berilýär. Azady adyl patyşanyň jemgyýet üçin ähmiýeti meselesinden başlaýar. Ol şeýle ýazýar:

Häkimi adyl – Huda pygamberi,
«Janeşinim» diýip öwüpdir anlary.

Görnüşi ýaly, adyl häkim, patyşa Azadynyň pikiriçe, Hudaýyň pygamberidir. Pygamber sözüniň manysy Hudaýdan habar getiriji, Hudaýyň ýerdäki wekili diýmekdir. Ikinjiden bolsa, ol Hudaýyň janeşini – orunbasarydyr. Şeýlelikde, türkmen jemgyýetiniň baştutany bolan patyşanyň häkimliginiň diňe bir syýasy däl, eýsem dini-ylahy, ruhy manysy-da bardyr. Dünýäde Hudaýsyz çöp başy-da gymyldamaýar. Jemgyýetiň ýaşaýşynda iň uly Hadysalaryň biri bolan patyşalyk hem asla tötänleýin bolýan zat däldir. Haýsydyr bir şahsyýetiň patyşalyk ornunda bolmagynyň özi-de Hudaýyň şol şahsyýete aýratyn garaýşynyň bardygynyň güwäsidir. Şonuň üçin şahsyýetiň sözüniň hem hereketleriniň diňe syýasy ähmiýeti we ýuridik güýji däl, eýsem gudratlylyk ähmiýeti bardyr.
Türkmen jemgyýetini dolandyrmaly, türkmen ýurduny soramaly şahsyýetiň-patyşanyň şeýle ähmiýeti durmuşy esaslandyrmagyň esasy şerti – bir agza bakmakdyr. Jemgyýetiň jemgyýetçilik-syýasy gurnalyşynda bu häkimlik görnüşinde amal bolýar. Syýasy manyda «jemgyýet» diýmek näme? Jemgyýet iki agzany – häkimligi hem raýatlary göz öňünde tutýar. Şunsuz jemgyýet mümkin däldir. Edil adamyň göwreden hem başdan kemala gelşi ýaly, jemgyýet hem döwletden we raýatlardan emele gelýär. Döwletmämmet Azady patyşasyz – döwletsiz jemgyýeti jansyz göwrä meňzedipdir.
Azadynyň ruhy-jemgyýetçilik garaýyşlarynda döwlet-patyşa bakylyk bile dünýäniň, Alla bilen bendeleriniň arasyndaky baglanyşdyryjy hem sazlaşdyryjy esasy halka hökmünde görkezilýär. Elbetde, men Azadynyň patyşa hakyndaky garaýşyny has giňeldip, ony döwlet düşünjesine-de geçirýärin. Bu tebigy hem zerur pikir giňeltmesidir. Sebäp diýeniňde, patyşa hem döwlet bir-birinden gelip çykýandyr, biri-biri bilen baglanyşykly düşünjelerdir. Patyşa – döwletiň baştutany döwletiň, syýasy häkimligiň esasy formasydyr we nyşanydyr.
Jemgyýet – adamlaryň şu dünýädäki ýaşaýşynyň esasy formasy. Jemgyýetiň ýaşaýşyny üpjün etmegiň esasy guraly hem-de serişdesi hökmünde bolsa Allatagala häkimligi, döwleti saýlap alypdyr. Şonuň üçinem Döwletmämmet Azady döwlet baştutanynyň erkiniň gürrüňsiz berjaý edilmegini, onuň diňe bir syýasy ýa ýuridik däl, ylahy kanun derejesinde bolmalydygyny öwran-öwran nygtaýar. Ol bu hakda şeýle ýazýar:
Patyşa kim bolsa ger adly anyň –
Ýer ýüzünde saýasydyr Taňrynyň.
Mähri anyň Haktagala mähridir,
Gahry anyň Haktagala gahrydyr.

Allanyň bendeleri – ýönekeý adamlar, jemgyýetiň agzalary, döwletiň raýatlary hut döwlet baştutanynyň şahsyýeti arkaly Hudaýyň öz ýaradan bendelerine gatnaşygyny göz öňüne getirmelidirler, şonuň üsti bilen onuň erkini duýmalydyrlar hem şol erki berjaý etmäge taýýar bolmalydyrlar. Emma Azady döwlet baştutanynyň Hudaý bilen arabaglanyşygyna diňe onuň sözleriniň hem işleriniň hökmürowanlygynyň gürrüňsizligini nygtamak üçin ünsi çekenok. Onuň pikiriçe, adyl döwlet baştutanynyň şahsyýeti her bir raýatyň ýürek ynanjyna öwrülmelidir. Raýatyň Haka wepalylygynyň, ahlaky päkliginiň esasy görkezijileriniň biri döwlete we baştutana bolan ýürekden söýgi we hormatdyr. Hut şu söýgi, hormat bütin jemgyýeti bitewi göwrä öwürýän, sarsmaz güýje öwürýän faktordyr. Munuň özi türkmen milletiniň esasy ruhy daýanç nokadydyr. Ýurt binasy, ilki bilen, şu ruhy esasdan başlanýar. Şonuň üçinem häzirki wagtda – Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistanda beýleki döwlet simwollary bilen bilelikde watançylyk Kasamynyň kabul edilmegi bütinleý tebigy zatdyr. Şol Kasamda her bir raýatyň Türkmenistan watany bilen bir wagtda ýurduň Prezidentine wepalylyk bildirmegi has-da tebigy zatdyr.
Şu ýerde bir pikiri Merkezi atasym gelýär. Musulman halklarynyň ählisi aýat-töwiri, bäş wagt namazy diňe bir dilde – arap dilinde okaýarlar. Mukaddeslik haýsy dilde dörän bolsa, şol dilde hem okaýar. Bu örän dogrudyr. Biziň mukaddes Kasamymyz hem diňe türkmen dilinde okalsa gowy bolardy.
Bu mukaddes Kasamyň ideýa suduryny XVIII asyrda ýaşap öten beýik Azadynyň döwlet baradaky garaýyşlaryndan gözläp tapsa bolýar. Hut Azady döwletiň ýaşaýşa ukyplylygyny adamlaryň ýüreginiň ynanjy hem wepasy bilen baglanyşdyrypdyr. Çünki ol döwletiň döremeginiň hem ýaşaýşynyň ruhy jähetlerine garap geçipdir. Döwletiň ruhy miweleri bilen gyzyklanypdyr. Döwletiň ruhy bolsa diňe ýuridik kanunlarda, ýurduň syýasy hem ykdysady barlygynda däl, eýsem ilkinji nobatda adamlaryň, raýatlaryň ýüreginde ýaşaýandyr.
Diňe raýatlarynyň ýüreginde mesgen tutunan döwlet baky ýaşap biler. Çünki iň baky ýaşaýyş, iň çyn ýaşaýyş ýüreklerdedir.
Ýurt baştutanynyň raýatlara bolan gatnaşygy meselesinde Döwletmämmet Azady birnäçe täsin pikirleri öňe sürüpdir. Azady adyl patyşany Ýer ýüzüniň zynaty, ruhuň tebibi hem ýurt, halk derdiniň dermany diýip atlandyrýar. XX asyryň ahyryndaky taryhy-durmuş aýratynlyklara laýyk getirip, biz Garaşsyz türkmen döwleti Türkmenistan watanynyň zynaty diýip aýdyp bileris. Zynat diýmek – bezeg diýmek ahyryn. Beýik Galkynyş zamanasy biziň Watanymyz nähili zynata öwrüldi: ajap binalar, köşki-eýwanlar, aýna ýaly ýollar, baglyga, güle öwrülen obalar hem şäherler. Hamana, beýik pederimiz Azady edil şulary göz öňünde tutup, öz kesgitlemelerini, sypatlandyrmalaryny işläp düzen ýaly! Watanyň zynaty, esasan, ýurt abadançylygyny, ykdysady, maddy ösüşleri aňladýan ajaýyp jümle bolup durýar. Aýdaly, mundan tapawutlylykda, halk zynaty – halk ýeňşi, halk, ýurt derdiniň emi diýen jümle bolsa Garaşsyz türkmen döwletiniň raýatlaryň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky taryhy işlerini göz öňünde tutan ýaly bolup dur. Bu sözler dünýäde öz raýatlaryny mugt gaz, suw, elektrik togy bilen üpjün edip bilen Türkmen döwleti üçin asla-da ýöne bir gep owadanlanmasy däldir. Bu gep owadanlygy hem däl, howaýy pikir hem däl. Bu her bir raýatyň gündelik ýaşaýşy, güzerany bilen baglanyşykly iň çyn hakykatdyr. Eýsem-de bolsa, «gündelik mugt gaz, tok, suw» diýmek her bir raýat üçin nämedir? Bu ýaşaýşyň gözelliginiň özüdir, bu adamzat hyýalynyň bir görnüşi bolan ertekilerde göz öňüne getirilmedik gündelik eşret ahyryn! Garaşsyz Türkmen döwleti pikiri erteki bilen dahylly zat däl. Bu gün Türkmen döwleti çyndan çyn, hakykatdan hakyky anyk işler hem anyk wezipeler bilen meşguldyr.
Döwletmämmet Azadynyň «Döwlet – ruhuň tebibi» diýen jümlesi giden bir düýpli taglymatdyr. Bu ýerde hut milli türkmen döwleti bilen baglanyşykly taglymat, pelsepe ulgamynyň şinesi saklanýar. XX asyryň ahyrynda döredilen türkmen döwleti öz anyk işlerinde şol düýpsüz manyny aýan etdi hem hakykata öwürdi. Zynat – ykdysady abadançylyk hem berdaşlylyk, hem – sosial eşret, tebip – ruhy rysgal hem gymmatlyklar ulgamy.
Ähli ykdysady we jemgyýetçilik, maddy we güzeran ösüşler ruh bilen başlanýar, ahyrky netijede-de ruhda-da öz berkligini tapýar. Ruh – esasy zat, hemme zatlar ruha kömekçi, ruhuň hyzmatyndadyrlar. Azadynyň pikir ýöretmelerinde ruhuň gözi, ruhuň gulagy, ruhuň aýnasy, ruhuň öýi ýaly jümleler köp duş gelýär. Ruh – jan ikisi bir zatdyr. «Ruh» diýmek hem «bakylyk» diýmekdir.
Islendik ýaşaýşyň manysy – janlylyk, islendik ýaşaýşyň maksady hem bakylykdyr. Beýik Azadyny eline galam almaga iteren, aňyna hem köňlüne agram berip, jan dartyp, oýlandyran hem ruhdur. Onuň şu meselede hut döwletden başlamagy, ähli meseleleri döwlet meselesine bagly edip goýmagy-da tötänlik däldir. Çünki milletiň ruhy bakylygy mekanyna diňe bir ýoldan – döwlet diýilýän köprüden ötüp baryp bolýandyr.
Ruhnamanyň düýp taryhy manysy türkmen döwletiniň – bu altyn köpriniň raýatlaryň ýüreklerindäki direglerini amal etmekdir. Ruhnamanyň düýp taryhy manysy döwleti syýasy, ykdysady binalykdan göwün binasyna öwürmekdir. Ruhnamanyň düýp taryhy manysy döwleti aň, pikir howaýylygyndan her bir raýatyň ýürek ynanjyna, köňül daýanjyna öwürmekdir. Şondan soň ony hiç bir zat ýykyp bilmez, şondan soň ony ýeller almaz hem suw syndyrmaz. Çünki adamyň daşyndaky zatlary ýumrup bolar, emma adam içindäki binany hiç kim, hiç bir güýç ýykyp bilmez. Çünki:

Bu köňül Taňry düzetgen hanadyr.

Göwün Taňrynyň öýüdir. Döwletmämmet Azady ol öýüň içinde türkmeniň ruhy binasyny gurmagy arzuw edipdir. Şol XVIII asyr türkmen halkynyň arzuw-islegindäki taslamasyny beripdir.
Garaşsyz Türkmen döwleti ol arzuwy amala, taslamany hakykata aýlandyrdy.
Döwletiň raýatlaryna gatnaşygyny Azady, köplenç, şu pikir üçburçlugy bilen beripdir: çopan – goýun – ýyrtyjy; ekin – sakçy – ekinçi mal. Häzirki aň adatlarymyza, pikir endiklerimize geňräk görünse-de, bular XVIII asyryň hakyky taryhy durmuşynyň çyň beýanydyr. Azady adamlary, köpçüligi goragsyz sürä meňzedýär. Bu meňzetmede köpçülige göwnüýetmezçilik etmek, ony kemsitmek ýa-da äsgermezlik etmek ýokundysy bar diýip diňe hakykatdan uzakdaky adam pikir edip biler. Bu XVIII asyryň, hatda soňky döwürleriňem, şol sanda sowet döwrüniňem ýowuz taryhy hakykatydyr. Garaşsyz hem milli döwletiň raýaty bolmadyk köpçülik taryhy ýaşaýşyň nämälimligi, agyp-dönmeligi, özakymlylygy hem goragsyzlygy hem-de bölek-büçekligi bilen baş-başdak sürini ýada salýar. Ol şu ýowuz belalardan raýat bolmak bilen gutulýar.
Raýat bolmak – serenjamlylyga hem ulgamlylyga geçmekdir, hususy erkleriň birleşip, bitewi erk hökmünde ýüze çykmagydyr. Bu köpçüligiň millete öwrülmegidir. Şeýdip garaşsyz döwlet öz halkyny taryhy taýdan halas edýär. Nämälimlik, goragsyzlyk, özakymlylyk – ýene köpçülige howp salýan ýyrtyjy taryhy ýowuzlyklar. Şol howplardan halky çopan – döwlet halas edýär. Onsoň köpçüligiň millete öwrülmegi bilen bu ýerde çopanyň-da manysy üýtgeýär. Çünki indi köpçülik döwletiň hususyýeti däldir, sebäbi halk onuň eýeçiliginiň däl-de, jogapkärçiliginiň hem syýasy hukuklarynyň obýektine öwrülýär.
Gürrüňini edýän pikir uçburçlugymyzy Döwletmämmet Azady bir uly hakykaty – döwletiň raýatlarynyň öňündäki bimöçber jogapkärçiligini nygtamakdan ötri işläp düzüpdir. Garaşsyz türkmen döwleti şu manyda türkmen halkynyň öňündäki taryhy wezipelerine hem jogapkärçiligine aňryýany bilen düşünýär. Onuň dörän gününden bäri ýöredýän garaşsyz içerki hem daşarky syýasaty hut şol jogapkärçilikden ugur hem gözbaş alýar. Döwlet guruldy, jemgyýet esaslandyryldy. Dünýäde ilkinji gezek Baky Bitaraplyk statusynyň alynmagy bütindünýä-taryhy edermenlikdir. Çünki bu iş ýüzünde türkmen halkynyň bitewüliginiň, ykdysady hem syýasy barlygynyň taryhy taýdan eldegrilmesizliginiň, pitjiň atmasyzlygynyň dünýä tarapyndan kanuny taýdan ykrar edilmegidir.
«Ekin–sakçy» pikir aňlatmasynda Döwletmämmet Azadynyň garaşsyzlygyň ruhuny geniallyk bilen duýandygy görünýär.
Çünki – türkmen döwletiniň esasy taryhy işi – abadançylyk bilen meşgullanmak işidir. «Ekin» diýmek bolsa «abadançylyk» diýmekdir. Muňa göz ýetirmek üçin «ekin» düşünjesiniň özboluşly many gapma-garşylygy bolan «öri» sözüni göz öňünde tutmaly bolýar. «Örüden» tapawutlylykda ekin –– adam aňynyň hem zähmetiniň usullary siňdirilen döredijilik meýdanydyr. Azadynyň pikirlenmesini taryhy işiň meýdanyna geçirip aýtsak, ekin – jemgyýet, daýhan bolsa döwletdir. Garaşsyz türkmen döwleti täze jemgyýeti abadanlaşdyrmagyň, rejeleşdirmegiň, taryhy taýdan bol hasyly almagyň taryhy işini berjaý etdi we berjaý etmek bilen meşgullanýar. Onuň göze görnüp duran hasylyny bu gün dünýä ykrar etdi. Ol hasyl – türkmeniň Altyn asyrydyr.
Döwletmämmet Azadynyň milli döwlet gurluşygy meselesinde ekin ekmek pelsepesine iki hili manyda düşünmelidigini Garaşsyz türkmen döwletiniň geçen taryhy görkezdi. Birinji many – bu söze gönümel, durmuşy manyda düşünmek. Azady «adyl patyşa ýurtda ekine ýaramly ýerleriň baryna ekin ekdirmeli, ýeke daban hem boş ýeri goýmaly däl» diýen pikiri öňe sürýär. Eýsem-de bolsa, biziň oba syýasatymyzyň manysy we maksady şundan ybarat dälmidir? Bir million bäş ýüz müň tonna ak bugdaý – munuň özi türkmeniň owal-ahyr taryhynda görlüp-eşidilmedik zat ahyryn. Bu bir taryhy gahrymançylyk. Bu ýöne bir sanýetmez guşgursak däne däl ahyryn. Bu türkmeniň rysgaly, bu müňlerçe iş ýerleri, bu – türkmeniň döredijilikli zähmete ukyplylygynyň subutnamasy ahyryn. Galyberse-de, bu taryhyň meýdanynda gazanylan üstünlikdir. Bu eýýäm göçme, pelsepewi manyly gahrymançylykdyr. Döwletiň şeýle gahrymançylygy arkaly raýatlaryň köňüllerine abadançylygyň, ösüşiň hem buýsanjyň hiç haçan çüýremez däneleri ekilýär. Türkmen döwlete ýetip, özüniň kimligine akyl ýetirdi, özüniň nämelere ukyplydygyny bildi. Türkmen öňküden bir gez, belki, on gez beýgeldi!
Taryhy durmuşyň many meýdanynda döwlet ruhy döredijilik bilen meşgullanýar. Ol öz gündelik taryhy işi bilen köňüller bossanynda ynamyň, buýsanjyň hem haýyryň dänelerini ekýär. Döwletmämmet Azady özüniň «Wagzy-Azat» eserinde köňül meselesine aýratyn üns beripdir. Döwlet binasynyň esasy binýatlary köňüllerde goýulýar. Şonuň üçinem ol şeýle ýazýar:

Käbe weýran etmekden müň mertebe
Bir köňül ýykmak ýamandyr, eý, dede!

Eger ykdysady hem sosial binýatlar köňül öýüni gurmagyň daşky şertlerini amal edýän bolsa, Ruhnama gönüden-göni köňül öýüni abadanlaşdyrmagyň işidir.
Ruhnama – türkmen bitewüliginiň soňky basgançagydyr. Hut Döwletmämmet Azady-da milletiň bitewüliginiň iň esasy jähedi hökmünde ruhy bitewüligi göz öňünde tutupdyr.
«Wagzy-Azatda» «Ötgen zamanda hekaýaty iki şahnyň sözleşgeni» diýen bir bölüm bar. Adyndan görnüşi ýaly, bu bölümde iki sany patyşanyň özara gürrüňi berlipdir. Bu patyşa öz ýurdunda alymlara köp üns beripdir, olara dürli halat-engamlary ýapyp, gaty sylaýar eken. Ikinji bir patyşa bu ýagdaşy görüp, birinjä aýdýar: «Sen näme üçin beýdýäň? Sen öz döwletiňi berkitjek bolsaň, gowusy, nökerleriňi, goşunyňy köpelt, olar seniň duşmanlaryňy oňat ýok eder» diýýär. Muňa birinji patyşa şeýle jogap berýär: «Nökerler meniň göze görünýän duşmanlarymy ýok edýär, bular bolsa meniň göze görünmeýän duşmanlarymyňam soňuna çykýarlar». Şu dialogyň Azady tarapyndan getirilmeginiň özi onuň ruhuň meselesine nähili garandygyny aňladýar. Döwletiň berkligi adamlaryň ynançlarynyň, ýürekleriň içinden geçip gidýär. Şol işde bolsa ruhyýetiň işgärleri – alymlar hem döredijilik işgärleri uly rol oýnaýar. Türkmeniň garaşsyz döwlet gurmagy bilen türkmen halkynyň ruhy taýdan görlüp-eşidilmedik derejede ýokary galmagyna ýol açyldy. Ruhy işiň ähli görnüşleri – köpçülikleýin habar beriş serişdeleri sungat, ylym, edebiýat, medeniýet türkmeniň öz ruhy köklerine akyl ýetirmek, özüni milli, ruhy taýdan aňlamak işine hyzmat edip başladylar. Bu beýik ruhy galkynyş boldy. Şeýle taryhy iş türkmen halkynyň sanlyja ýylyň içinde täze ruhy birlige öwrülmegini üpjün etdi. Ol işi ahyrky netijede her bir türkmen raýatynyň köňül öýüniň abadan bolmagyna, watansöýüjilik, wepalylyk hem milli buýsanç däneleriniň ol köňüllerine şine urmagyna syrygýar. Şu manyda taryh Döwletmämmet Azadynyň iki asyrdan hem mundan öň göz öňünde tutan ruhy ýörelgeleriniň durmuş hakykatyna öwrülendigine şaýatlyk edýär. Bu işiň aňyrsynda bolsa ýene türkmen döwletiniň gurulmagynyň hem ýaşaýşynyň fakty ýatýar.
Azadynyň patyşany, ýagny döwlet baştutanyny häsiýetlendirende köplenç iki sany sypatlandyrmany ulanandygyny görýäris. Ol «hekim patyşa» diýen jümläni yzygider ulanýar. Hekim patyşa – akyldar, sowatly, intellektual patyşadyr. Hekim patyşanyň esasy sypaty – onuň ýönebir okumyşlygynda däl-de, eýsem, esasan, ideýa bilen, pikir bilen durmuşy baglanyşdyryp bilýänligidir. Ol durmuşa nähili ideýalaryň gerekdigini bilýär hem şol ideýalary öňe sürmäni başarýar. Döwlet dolandyrmagyň esasy ýoly hökmünde ol maslahatly döwlet dolandyrylyşyny alýar.
Maslahat meselesinde Azady şeýle bir deňeşdirmäni getirýär: her bir mesele düwündir, hiç bir düwüni bolsa ýeke barmak bilen çözüp bolmaýar. Hatda iň ýönekeýje çigini-de ýeke barmak bilen açyp bolmaýar – diýip Azady netijä gelýär.
Garaşsyz hem baky Bitarap türkmen döwleti – hekim döwletdir. Hekim döwlet jemgyýetiň durmuşyna dahylly dürli meseleleriň hut wagtynda dogry, akylly-başly çözgüdini tapyp bilýär. Ol meseleleri ne wagtyndan ir çözjek bolup, jemgyýeti gerekmejek derdeserlere sezewar edýär, ne-de möwriti öten meselelere bulaşýar. Munuň üçin bolsa döwlete hekimlik sypatyndan, aň sypatlaryndan başga-da ýürek sypatlary – sabyrlylyk, kanagatlylyk hem töwekgellik sypatlary mahsus bolmalydyr. Bir söz bilen aýdylanda, döwlet jemgyýetiň tebigy ösüş depginlerini duýmagy başarmaly we şol depginler bilen aýakdaş gitmäni başarmalydyr. Munuň şeýle bolmalydygyny Türkmenistan döwleti, Saparmyrat Türkmenbaşy aýan etdi. Syýasy erjellik bile kanagatlylygyň, töwekgellik bilen giňgöwrümliligiň utgaşygy biziň döwletimiziň esasy ýaşaýyş sypatyna öwrüldi.
Döwlet – raýat gatnaşyklarynda Döwletmämmet Azadynyň tüýs türkmen ruhly iki sany tymsalyny getirmek ýerliklidir. Beýik türkmen döwleti bolan gaznawylar döwletiniň taryhy şöhraty dünýä bellidir. Gaznawylaryň patyşasy soltan Mahmyt bir gün ýaranlaryny çagyryp: «Maňa iň samsyk adamy getirip görkeziň» diýýär. Gözläp-gözläp, ahyr-da iň akmak adam diýip öz oturan şahasyny kesip duran adamy getirýärler. Soltan Mahmyt mundan döwlet ýaşaýşyna degişli beýik filosofiýany getirip çykarýar. SSSR diýilýän imperiýanyň dargamagy çylşyrymly döwri emele getirdi. Demokratiýa, adam hukuklarynyň mukaddesiligine söz bolup bilmez. Emma birnäçe ýurtlarda bulara duwlanyp, döwletiň içki sagdynlygyna, ýaşaýşyna zeper ýetirmäge çenli baryp ýetdiler. Birnäçeleri şeýdip, Azadynyň dilinde aýtsak, öz oturan şahalaryny kesip taşladylar. Şu meselede garaşsyz türkmen döwletiniň pähim-paýhaslylygy köplere görelde alarlykly boldy.
Döwleti – öz oturan şahaňy däl-de, köneden galan, möwriti öten çüýrük pudaklary kesip, döwlet agajynyň ýene-de gülläp ösmegini üpjün etmeli. Çünki onuň gülleri hem miweleri halka, raýatlara derkardyr. Onuň saýasynda bolsa türkmen milleti saýalaýandyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň bagçylyga üns bermegi, şäherleriň gök guşak bile gurşalmalydygy baradaky hereket bolsa üznüksiz ösüşli türkmen ruhunyň içki janlylygynyň şaýadydyr. Agaç ekmek – jan bermek, ýer ýüzünde diriligi köpeltmekdir. Ýaşaýyşa söýginiň, ömre söýginiň tassyklanmagydyr.
Garaşsyz türkmen döwleti – diriligi köpeldiji bir güýçdür.
Azady şeýle diýýär:

Patyşa üçin iň oňat aw – raýatlaryň göwnüdir.

Patyşa alsa ragaýat köňlüni,
Dost tutarlar, bes, ragaýatlar any.

Döwlet hem raýat – dostlar! Ine, gadymdan gelýän türkmen milli demokratiýasynyň baş formulasy!
Milli türkmen döwletiniň ikinji bir sypaty – adyllyk. Döwletmämmet Azadynyň pikir ýöretmelerinde, pelsepelerinde adyllyk esasy orunlaryň birini tutýar.
Adyllyk – döwletiň ykrar eden kanunlaryna görä ýaşamak hem şol kanunlar esasynda mesele çözmekdir. Adyllyk – döwletiň kanunlaryndan gylça-da gyşarmazlykdyr. Döwletiň adyllygy haýyr bile şeriň arasyny açyp bilýänliginde görünýär. Döwletmämmet Azady patyşanyň elinde adyllygyň üç sany serişdesi bar diýip pikir edipdir: baýlyk, gylyç hem gamçy.
Baýlygy – mätäçlere,
gamçyny – pyssy-pujurlara,
gylyjy – zalymlara.
Akyldar patyşa şu üç serişdäni dogry işletse, ol raýatlaryny dürli bela-beterlerden aman saklaýar.
Elbetde, Azadynyň paýhasy, biziňkiden tapawutlylykda, dini häsiýetdedir. Şonuň üçinem ol azat bolmagyň, şol sanda patyşa üçin hem azat bolmagyň dini çözgütlerini berýär. Beýle diýmek dowzah odundan azat bolmagyň serişdesini görkezýär diýmekdir. Ol şeýle pikir ýöredýär:
Patyşa bir sagatlap ýurdy adyllyk bile sorasa – munuň sogaby ýetmiş ýylky ybadatdan zyýadadyr.
Başga bir ýerde ol «bir sagatlyk adyllygyň altmyş ýola haj sogaby bar» diýýär.
Sogap bolsa Azady tarapyndan dowzah oduny öçürýän suw hökmünde tymsal edilýär.
Bir agajy suwarmakl ýedi dowzah oduny baglaýar. Şu ýerde türkmen aňynyň häsiýetli bir aýratynlygy görünýär. Azady dini gymmatlyklara dogma hökmünde seredenok. Olary durmuşyň zerurlyklary bilen baglanyşdyrýar. Haj, ybadat, namaz ýaly dini berjaý etmeler bütinleý anyk işler bilen bir terezide goýulýar, tereziniň dünýewilik tarapy öz-özünden agyr gelýär. Hut şu hili deňeşdirme türkmen aňynyň bir artykmaçlygyny berdi – dini dogmalaryň kör alawyndan çykyp, hakyky taryhy durmuşa barmaga mümkinçilik berdi. Bu bolsa akyl-paýhasy durmuşyň hem taryhyň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.
Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň özi-de şol durmuşa ukyply türkmen paýhasyndan dörän hereketlendiriji güýçdür. Ol döwlet akyl-paýhasyň faktory hökmünde hiç kimiň aklyna garaşsyz ýaşap bilýändigini, meseleleri özüçe çözüp bilýändigini, daşdan gelýän dogmalara gulak gabartman, öz anyk meselelerini çözmäge ukyplydygyny birnäçe gezek subut etdi.

Indi bolsa şu beýik döwletiň ruhy-taryhy esaslary hem kökleri bolan başga bir beýik şahsyýetiň – atamyz Oguz hanyň paýhas mirasy barada.
Taryhy maglumatlaryň şaýatlyk etmegine görä, beýik Oguz han mundan takmynan alty müň ýyl owal ýaşap geçipdir. Wagt – beýik dörediji, şol bir wagtda-da ol beýik syndyryjydyr. Alty müň ýyl juda uly aralyk, şonuň üçinem bu beýik şahsyýetiň ömri hem işleri baradaky maglumatlaryň diňe parçalary bize gelip ýetipdir. Emma türkmen ruhunyň taryhy üznüksizligini, dowamatyny hem durmuşa çakdanaşa ukyplydygyny görmek üçin, şolar hem ýeterlikdir.
Oguz han mirasy, ilki bilen, biziň buýsanç damarymyza täsir edýär. Alty müň ýyl mundan ozal – entek gaýry birgiden milletleriň ady-sory ýokka, türkmende beýik döwleti guran patyşanyň bolandygy türkmen göwnüni al-asmana göterýär.
Oguz hanyň döwlet baştutany hökmündäki esasy göze ilýän sypaty – onuň beýik özgerdiji bolanlygydyr. Men bu ýerde esasan iki möhüm wakany göz öňünde tutýaryn. Olaryň biri hyýalata ýugrulan, beýlekisi bolsa bütinleý real hem taryhy maglumatdyr. Oguz han eneden bolandan gudratly edip görkezilýär. Rowaýatlara görä, ol ilki enesini emmeýär. Şonda oňa dil bitip, öz enesine: «Sen Hudaýyň birligini ykrar etseň, seniň süýdüňden emeýin» diýip aýdýar. Elbetde, adam hyýalyna eýlenen waka. Emma «adam hyýaly» diýmek «ýalan» diýmek däl ahyryn! Megerem, tersinedir? Çünki hyýala ýugrulan gepiň many gatlagy köpelýär. Çyn hyýal – durmuşyň hem taryhyň sansyz wakalarynyň hakykylyk manysynyň ähli şiresiniň bir ýere jemlenmegidir. Kiçijik Oguzyň enesinden birhudaýlylygy talap etmegi – onuň beýik taryhy hem ruhy özgerdiji, täzelikçi bolandygynyň manyly beýanydyr. Alty müň ýyl mundan ozal ýekehudaýlylyk ideýasyny hem ýörelgesini esaslandyran Oguzyň beýikligi akylyňy haýran edýär.
Türkmen ruhunyň taryhy dowamatynyň nukdaýnazaryndan Oguzyň ýekehudaýlylyk ýörelgesiniň şu gün bilen baglanyşykly birnäçe jäheti bar.
Birinjiden, munuň ruhy manysy bar. Dünýädäki ýekehudaýlylyk ideologiýasynyň döränine iki müň ýyl hasap edilýär. Ýekehudaýlylyk adam ruhunyň ösüşinde juda möhüm döwürdir. Ol adamyň dünýä, tebigata gatnaşygynyň bütinleý täze basgançagy bolup, adamzadyň gutarnykly suratda medeniýetleşmegini hem tebigatdan ýokary galmagyny aňladýar. Siwilizasiýa diýilýäni hut şu ýerde başlanýar. Ýekehudaýlylyk halkyň, soňam tutuş adamzadyň bitewüliginiň giň şaýoluny açýan beýik taryhy öwrülişikdir. Çünki hut şu ýerde haýsydyr bir halky ýa-da adamzady bölekleýän ruhy ýörelgeler aradan aýrylýar. Hemme zat ruhdan başlanýar, hemme zat ruha daýanýar.
Ikinjiden, munuň döwlet-syýasy jähedi bar. Oguz han halky ruhy-ynanç taýdan bitewülige öwrensoň, janly durmuşda milletiň syýasy taýdan bitewileşmek, bitewi döwlet gurmak prosesi başlanýar. Oguz han birnäçe taýpalary öz tarapyna çekip, dünýäde deňi-taýy bolmadyk bir döwleti esaslandyrýar. Oguz hana soňky dünýä taryhçylarynyň türkmenleriň milli pygamberi hökmünde seretmegi ýöne ýere däldir. Umuman, türkmenleriň döwlet baştutanyna pygamberlik sypatlaryny berendigini nygtamak ýerliklidir. Azady hem «patyşa Hudaýyň ýerdäki pygamberi» diýen ideýany öňe sürüpdir. Bu türkmen taryhynyň hem taryhy pelsepesiniň özboluşlylygydyr. Bu, bir tarapdan, türkmenlerde ruhy hem syýasy häkimliligiň bitewüligini görkezýär. Beýleki tarapdan bolsa, ruhy gymmatlyklaryň janly durmuşyň gapdalynda bir ýerde doňup galman, syýasy erk arkaly durmuşyň jümmüşine urýanlygyny, ony herekete getirýän närsä öwrülýändigini görkezýär. Türkmenlerde ruhy özgerdiji hiç mahalam peýdasyz perişde ýaly gury wagyzçy bolmandyr. Täze ideýa hökmany suratda magnitiň demri özüne çekip gelşi ýaly, durmuş tarapyndan özüne siňdirilipdir.
Üçünjiden, Oguzyň enesinden birhudaýlylygy talap etmesiniň ahlak manysy bar. Türkmenlerde adamyň ahlak arassalygy onuň ruhy gymmatlyklaryna bagly edilip goýulýar. Halal ene süýdi – munuň özi, ilki bilen, Hudaýyny tanan, onuň birligini ykrar eden enäniň süýdüdir. Halallyk aň kämilligine bagly. Ruhy arassalyk, ahlak arassalygy hem beden arassalygy – ine, şu üçüň birliginden türkmen idealyndaky şahsyýet kämilligi hasyl bolýar. Ruhuň halallygy bedeni arassalaýan beýik gudrat hökmünde görülýär. Hut öz enesiniň halal süýdüni emen Oguz soňky taryhy gahrymançylyklara ukyply şahsyýet, är bolup döreýär. Pikir edip görüň, eger Oguz bäbekkä Hudaýynyň birligini bilen eneden süýt emmedik bolsa, ol beýik özgerdiji bolup ýetişermidi? Elbetde, ýok! Hut şonuň üçinem türkmeniň taryhy aňy hut şu ruhy hakykaty hyýaly suratda tassyklaýar. Bäbege dil bitirdip, ony uly adam ýaly gepledýär.
Türkmeniň janly durmuşynda ruhy bitewülik, syýasy bitewülik, ahlak bitewüligi häzir hem dowam edýär. Munuň aňyrsynda bolsa beýik taryhy waka – Garaşsyz türkmen döwletiniň döredilmegi ýatýar. Hut türkmen döwletiniň döremegi biziň milli ýörelgelerimiziň gaýtadan janlanmagyna hem örňemegine ýol açdy. Türkmeniň taryhy hakydasy gaýtadan oýandy. Özem, şu ýerde bir zady bellemeli – bu taryhy ýokary göteriliş ýetmiş ýyl mundan ozalky kesilen prosesiň dowamy däldir. Ýok, ol ýedi ýüz ýyl mundan ozal togtan prosesiň täzeden jana gelmegidir! Çünki türkmeniň şol üç bitewüliginiň dargap ugramagy döwletiň elden giderilen ýyllary başlanypdy.
Oguz hanyň birhudaýlylyk ygtykady onuň ömrüniň ikinji bir möhümi pursatynda – öýlenmeginde ikinji gezek özüni bildirýär. Enesinden halal süýt emen Oguz är bolup ýetişdi. Emma ol diňe özi däl, eýsem nesilleriniň halallygy hakynda-da alada etmeli ahyryn. Nesilleriniň halallygyny bolsa onuň aljak aýalynyň halallygy üpjün etmeli. Şonuň üçinem Oguz han kakasynyň alyp berjek gelinliklerinden-de ýekehudaýlylygy kabul etmegi talap edýär. Başky iki gelinlik mundan boýun gaçyrýarlar. Şonuň üçin Oguz han olar bilen ýakynlyk etmeýär. Diňe Hudaýyň birligini hak bilen üçünji gelniniň ýanyna barýar.
Garaşsyz Türkmenistanda şeýle durmuş ýörelgeleriniň täzeden döreýänligi uly zatdyr. Hatda türkmeniň täze döwleti döremezinden öň şol hekaýaty okan hem bolsak, ol döwürler onuň şu manysy bize aýan bolmaýan eken. Gudrat diýip şuňa aýdarlar! Döwrüň ruhunyň özi biziň hakykata akyl ýetirişimize täsir edýär. Ozal bu biziň üçin ýöne bir hyýaly hekaýa bolup görünýärdi. Ýüreklerimize durmuşyň guýan haýyr-sahawaty, ynsanlyk düşünjeleri akylymyzyň işleýşini kesgitleýär. Garaşsyzlygyň beýik taryhy manysy şundan ybaratdyr. Ol manynyň täsin taraplary türkmen döwleti ösdügiçe hasam köp açylar gider oturar. Halallyk indi her bir türkmen raýatynyň gursagyna iň uly gymmatlyk hökmünde guýulýar. Şonuň üçinem garaşsyzlyk zamanynda doglup-dörän adamlaryň ruhy-da, duýgy-düşünjesi-de başgaça bolar. Beýik ruhy güýç, nur olaryň ýüzlerine çykyp durandyr. Bular uly ýa howaýy sözler däldir. Bular beýik zamananyň adam eli bilen edip bolýan-u-bolmaýan beýik gudratlarynyň tekrarlanmasydyr.
Diýmek, baryp müňlerçe ýyl mundan ozal türkmen-oguz döwletiniň gurulmagy halallyk binýatlaryndan başlanypdyr. Edil häzirki ýurtda hem mähriban Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda türkmen döwletini gurduk. Biz türkmen döwletini türkmençe gurduk. Biz halallygy döwlet gurluşynyň esasy prinsipi hökmünde öňe sürdük. Düýbi halallykdan tutulan zatlar bolsa baky bolýar. Emma häzirki gurluşygymyzyň Oguz hanyň döwründäkisinden tapawutlanýan taraplary kändir. Oguz hanyň syýasy-döwlet gurluşyk işleri kakasy bilen uly uruş tutmakdan başlanýar. Ol köne ýörelgeleriň, düşünjeleriň tarapdary bolan kakasy bilen uruşmaga mejbur bolýar. Bu ýöne bir ogul bile atanyň arasyndaky uruş bolman, eýsem köphudaýlylyk bile birhudaýlylygyň, täze bilen könäniň, böleklik bile bitewüligiň arasyndaky göreş bolupdy. Oguz hanyň tarapdarlary, täze durmuşyň tarapdarlary köp bolupdyr, şonuň üçinem ol uly üstünlikler gazanypdyr. Biziň ýetmiş ýylky durmuş, pikir ýörelgeleri bilen göreşimiz has ýumşak halda, agyrysyz bolup geçdi. Muňa täze gurlan türkmen döwletiniň syýasy çeýeligi, paýhas kämilligi hem sabyrlylygy uly ýardam etdi. Jemgyýetiň bir görnüşden beýleki görnüşe geçirmek işinde türkmen döwleti göräýmäge haýal, emma juda dogry hem ýalňyşsyz, ynamly ädimleri ätdi. Şeýdibem, ol dünýäde «türkmen gudraty» diýilýän hadysanyň bolup geçmegine sebäp boldy.
Täze ruhy ideýalary bilen dünýä çykan Oguz han dünýäniň ýaryny özüne boýun egdirdi. Onuň Ýewropany hem Aziýany boýun egdirişi baradaky jikme-jik ýazgylar örän köpdür. Bu ýerde Oguz han beýik serkerde hökmünde çykyş edýär. Iň gadymy «Oguznamalarda» onuň öňüňe düşüp, ýurt görkezýän möjegiň simwoliki manysy bardyr. Ot ýaly gök, tüýleri gök möjek – gökböri türkmen ruhunyň ajaýyp simwolydyr. Täze türkmen döwletiniň gurulmagy bilen şol gadymy Oguz gudraty gaýtalanýar. Emma bütinleý täze görnüşde, täze manylarda hem usullarda gaýtalanýar. Bu gün biziň döwlet Gerbimizde – Tugramyzda möjegiň däl, türkmen bedewiniň şekili bardyr. Munuň simwoliki manysy-da bütinleý başgaçadyr. Bedew ýyndamlygyň, hoşniýetliligiň simwolydyr. Şol simwolikada dünýä halklary türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň hem Bitaraplygynyň manysyny görýärler. Dünýäde ýaragyň barha kämilleşdirilip, halklar arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynlygyň ýetjek derejesine ýeten döwründe bitaraplyk ideýasy bilen çykyş etmek, bitaraplygyň döwlet derejesine getirilmegi dünýä üçin aňk ediji täzelik boldy. Bu halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny berdi. Türkmen «iň oňat häsiýet» diýip erbet ýerde görünmezlige aýdýar. Kişi işlerine goşulmazlyk, şere goşulmazlyk, şere şärik bolmazlyk, tarapgöýlük etmezlik – ine, Bitaraplygyň ýönekeýje adamçylyk manysy şulardan ybaratdyr. Türkmen döwleti şu ýönekeý, emma beýik pelsepe bilen, ol pelsepäni döwlet ýörelgesi derejesine götermek bilen Oguz hanyň birmahal dünýäni aňk edişi ýaly, ýene bir gezek dünýäni haýran galdyrdy.

Osman ÖDE





Категория: Filosofiýa | Просмотров: 709 | Добавил: Нawеran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Filosofiýa bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]