20:38
Rubagylar
RUBAGYLAR

Sen men hakda näme oýlanýañ, eziz?!
Naçardyryn, ýöne däldirin ejiz.
Bu söýgüde, bu durmuşda, ömürde,
Sen barkañ ejizläp ýörmerin hergiz.

* * *

Söýgi - ýürekleriñ ýalkymy-saby,
Söýgi - köñülleriñ sahy ynsaby.
Söýgi ýaşaýandyr jahana dolup,
Hemem ýerde beýgeldýändir ynsany.

* * *

Deñiz içre çyrpynşyny gör, gaýyñ,
Saý ýerinde ýüzüp ýörün guw deýin.
Seniñ gözleriñde turan tupana,
Alajym ýok, nädeýin-ä, nädeýin?!

* * *

Söýgi barça ynsan ählin baş egdir,
Söýgi söýen üçin baýlykdan ýegdir.
Gök aşyk bolanda Zemin görküne,
Bulutlary lemmerledip, nur ýagdyr.

* * *

Ykbalyn topraga bagş eden, ýigit,
Gyz ýüregni dünýä nagş eden, ýigit,
Gurbany men seni beren ýaýlanyñ,
Ýañagmy ter güle ogşadan, ýigit!

* * *

Gel, dünýäm, şapak deý sürme bolup gel,
Älemgoşar - guşak-tirme bolup gelm
Ornadyñ kalbyma yşk nury bolup,
Men - bahar, göç eýlän durna bolup gel.

* * *

Otly gözleriñden bir şöhle eñdi,
Gelip, göni meniñ gursagma siñdi.
Duýup ony bilmejegini söndürip,
Guýup duran çabga köşeşdi, diñdi.

* * *

Köñle ýetýär kirpikleriñ sanjymy,
Şadyýandym, neçüýn boldum ünjüli?!
Meger, yşkyñ sapagyndan üzülen,
Gezip ýörün kirpiklerim hünjüli.

* * *

Daglar daşyn ýere togalaberse,
Ýeller çöp-çalamy kowalaberse.
Onda ol söýgüdir, söýgüniñ güýji,
Dünýä dolup daşýar, towlanyberse.

* * *

Ter gunçalar penje-penje açylyp,
Yşka düşer müşki-anbar seçilip.
Adam neneñ elenmesin söýgüden,
Söýgä barýar söýgüden ýol geçilip.

Enejan HANGULYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 252 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Enejan Hangulyýewa | Рейтинг: 3.4/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Bütin älem jahan hem..." / Goşgular - 17.02.2021
Garaşýan / Goşgular - 14.03.2021
A.Çüriýewe bagyşlanan goşgulardan / Goşgular - 10.04.2021
"Atsyz bolar eken zyýat şygyrlar..." / Goşgular - 21.03.2021
Baýadowadan täze goşgular / Goşgular - 11.03.2021
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Talyp haky alynýan gün / Goşgular - 01.03.2021
„Gözleglerim boşa gitdi barybir...“ / Goşgular - 18.02.2021
Penjiräňi aç! / Goşgular - 16.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]