15:47
Rokfellerleriň çagalary
ROKFELLERLERIÑ ÇAGALARY

Bilmedim, ýaşymyzyň soňunda Ylýasam, menem futbol oýnuny görmäge gyzygdyk. Sebäpkärem Gurban Berdi. Biz "Rubiniň" oýunlaryny sypdyrman görüp başladyk. Ýakynda-da Kümmethowuzly türkmen Serdar Azmunyň dünýä derejesinde iň ökde oýunçylarynyň 32 oýunçydan ybarat sanawyna goşulandygyny okadym. Ol 32-iň içinde Messem, Ronaldu dagam bar, şolaň hatarynda türkmen oglanam bar. Gurban Berdiňem trenerlikde derejesiniň gaty ýokarydygyny ýazýalar. Dogrusy, men futbol bilermeni ýa-da sport habarçysy däl, men başga bir zat hakda pikirlendim. Umuman türkmeniň dünýädäki derejesi hakynda. Men özümiziň gäty bir elinden zat gelmeýän nalajedeýin däldigimize begendim. Ýöne, öz-özüňi öwüp oturmakdan näme netije bar? Özümizi ösdürip biljek pikirleri aýdasym gelýär. Türkmen çagasyny öte gowy görýär. Her milletem gowy görýändir ýöne biziň gowy görüşimiz gaty güýçli. Mysal üçin Klibern diýip bir meşhur sazanda, pioninoçy bar. Çaýkowskiýiň konkursynda birinji baýragy alan, gaty ussat. Bize Gurbanazar Ezizowyň öz kitaplarynyň içinden okaň diýip beren kitapçasy şol Klibern hakda. Şo wagt Gurbannazaryň kitaby berýärkä "Gaýratyňyz bar bolsa, şuň ýaly boluň" diýmek islänini biz bilmändiris. Gürrüň başga tarapa ýazyp barýa, şo kitapda Kliberiniň ejesiniň bäş ýaşly ogluny, kän gezek, pianinoly jaýa salyp, daşyndan gulplandygyny, sapagyňy etmänsiň diýip, eline lineýka bilen uran gezekleriniňem bolanyny sazanda ýatlaýar hem ejesine kiçijikkä şeýle edeni üçin häzir minnetdardygyny aýdýar. Ýok, men çagaňa ýowuzlygyň tarapdary däl, men biziň hamrakdygymyzyň gürrüňini etjek bolýan. Altmyşynjy, ýetmişinji ýyllarda Amerika juda meşhurdy. Olaryň ýaşaýşy, durmuşy, baýlary hakynda köp gürrüň ederdiler. Şol ýyllar "Delowaýa Amerika" diýip bir kitap meňem elime düşüpdi. Ürç edip okadym. Onda Dýupon diýdi, Rokfeller diýdi uly milliarderler hakynda ýazylan ýerinde olaryň çagalaryny benzin zaprawkasynda we ş.m. ýerlerde gara işlerde işledýändiklerini, şeýdip puluň nähili gazanylýandygyny öwredýändiklerini okap haýran galypdym. Dogry, diňe haýran galyp oňupdym, sebabi, o wagtlar çagaňy pul berip okuwa salmaly, okatmaly, tölegli okuw, daşary ýurda okuwa ibermek diýen ýaly zatlar ýokdy. Köp kişiň çagasy gara zähmeti oglanka görýärdi. Kolhoz diýilýände çagalara çenli işleýärdiler. Indi durmuş, ýaşaýyş gowlandy. Serhetler aýryldy, dünýä çykyp bilýäs. Hemme kişi diýen ýaly çagasyny okatjak bolýar. Ýöne çagalarymyz okajak bolýamy? Çagalarymyz öz ugrundan, höwes edýän kärinden Gurban Berdi ýa-da Serdar Azmun boljak bolýarmy? diýseň gödegräk, ýöntemräk eşdilýär. Emma adam oglanlykdan ene-atadan, töwereginden hemaýat edilmeli, kömek berilmeli diýen düşünje bilen ulalsa, ondan netije az bolýandygyny anyk aýdyp bolar. Ogul kakasynyň kömeginiň degip biljek derejesinden ýokarda pikir etmeýär. Özüne uly maksatlar goýmaýar. Her gününi, sagadyny öwrenen, öwrenmeli zatlarym diýip bölmeýär. Gowşaklardan azajyk gowy okamak üçin eger zehiniň bar bolsa kyn däl. Oglanam şol kyn däli saýlaýar. Sebäbi kyny saýlamak aňsadam däl, oň üçin oglanlykdan özüň derejeler gazanmany öwrenmeli, öwrenmäni öwrenmeli. Tüýs öwrenmeli, ösmeli wagtyny eltelefonyndaky asla peýdasyz zatlara bagyş edýändigini, ýakyp ýele sowurýanyny bilmeli. Şonuň üçinem, belki, edil Kliberniň ejesi ýaly bolmasa-da, talap edýän eje-kaka gerekdir. Bilmedim, göwnüme bolmasa, çagaňy gerşiňe mündürmeli däl-de, ilki bilen eneň-ataň gerşinde oturmagyň aýpdygyny oňa düşündirmeli. Ýöne ýere, megerem Rokfeller çagasyny benzin zaprawkasynda işleden däldir. Gepi uzaltmaýyn, şeýle-de başly-barat hem gereginden artykmaç ýanjap ýazdym. Öte geçen bolsam aýplaşmaň. Men milletimiň ösýändigine, hasam ösesiniň gelýändigine begenýän.  

31.10.2021 ý.

Alynan çeşme: ekizler2.com





Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 57 | Добавил: Gökböri | Теги: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]