21:00
Reýnhardtyñ terjimehalyndan
M.REÝNHARDTYŇ TERJIMEHALYNDAN

• Parçalar we onuñ režissurasy

Reýnhardt Maks 09.09.1873-nji ýylda Awstriýanyň Baden şäherinde dogulýar, 30.10.1943-nji ýylda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde aradan çykýar. Nemes režissýory, aktýory, teatr işgäri. 1893-nji ýylda Wenanyň konserwatoriýasynyň teatr mekdebini gutarandan soň, Bratislaw, Zalsburg şäherleriniň teatrlarynda işläpdir. 1894-1904-nji ýyllarda O.Bram tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Berlindäki "Nemes teatrynda" işläpdir. Ol esasan üýtgeşik häsiýetli garrylaryň psihologik keşplerini döredipdir. G.Ibseniň "Arwahynda” agaç ussasy Ekgstrandtyň, L.N.Tolstoýyň "Häkimýetdäki garaňkylygynda” Akimiň keşbini döredipdir. O.Bramyň ýolbaşçylygyndaky "Nemes teatrynda" ýokary hilli aktýor ansamblynyň döremegi M.Reýnhardtyň sahna ugrundan bilim almagyna alyp gelýär. Ol ilkinji gezek 1890-njy ýyllarda Berlindäki Sikkeliýanyň "Sesessions býunda” aktýorlar truppasyna režissýorçylyk edýär.
M.Reýnhardtyň özbaşdak režissiýorçylyk ýoly Berliniň "Şagalaň we tüsse” atly aktýorlaryň üýşýän meýhanasyndan başlanýar. Ol şol ýerde satiriki we içýakgyç gülküli sahnajyklary goýup başlaýar. 1902-nji ýylda şol kiçijik meýhana "Kiçi teatra” öwrülýär. M.Reýnhardta özüniň "Kiçi teatryna” zehinli ýaş aktýorlar bolan F.Kaýsleri, R.Walentini, L.Dýumony, E.Reýheri, G.Eýzoldty çekmegi başarypdyr. 1903-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda "Kiçi teatrda” ilkinji gezek M.Gorkiniň "Na dne” pýesasyny "Gijeki düşleg” ady bilen sahna çykarypdyr. Onuň sahna çykaran bu spektakly oňa uly abraý getiripdir. Sebäbi irki režissura bilen soňky realistik režissuranyň arasyndaky gapma-garşylykly adatlary açyp görkezmäge hyzmat edipdir. Ol bu spektaklda öz halypalary režissýorlar G.Laubeden, O.Bramadan alan täsirlerini ulanyp spektakla ýerli aýratynlyklary (koloriti) berip, keşplerde mahsus häsiýetli çäkleri açyp, spektaklda hyýalylykdan gaça durup, "Gijeki düşlegini” nähilidir bir alamata (simwola) öwrüp bilmegi M.Reýnhardtyň döwrüň beýik režissýorlarynyň biri bolup ýetişmegine ýol açypdyr. Spektaklda keşp döreden aktýorlaryň bir bölegi realistik äheňli suratlandyrmalaryň üsti tomaşa täsir etmegiň hötdesinden ussatlyk bilen gelmegi başarypdyrlar. Spektaklda Reýher-Aktýoryň, Eýzoldt-Nastýanyň, Reýnhardtyň özi bolsa Lukiniň keşbini döredipdir. M.Gorkiniň "Na dnesinden” ("Gijeki düşleg”) Reýnhardt Berlinde özüniň meýhanada döreden "Kiçi teatryndan” has ulyrak teatry döretmegiň ugruna çykýar. Ol şeýle teatry "Täze teatr” ady bilen döredip, oňa 1903-1906-njy ýyllarda ýolbaşçylyk edipdir.
"Täze teatryň” repertuary özüniň baýlygy bilen beýleki teatrlardan has tapawutlanypdyr. Bu teatr özüniň modernçilik we täzeçe alamatlary (simwolik) özüne siňdiren dramaturgiýadan başgada, Lessingiň, Şilleriň, Şekspiriň nusgawy pýesalary repertuaryna goşupdyr. L.Tolstoýyň "Magaryflaşmanyň miweleri” (1903) atly eserini sahna çykaryp nemes tomaşaçysyny rus medeniýetiniň käbir ugurlary bilen tanyş edipdir. M.Reýnhardtyň režissýorçylyk ussatlygynyň ikinji döwri 1905-nji ýyldan başlanýar.Haly-pasy tanymal režissýor O.Bramanyň işden gitmegi bilen 1905-nji ýyldan soň ol Berlindäki "Nemes teatryna” 1-nji jahan urşy başlanýança ýolbaşçylyk edipdyr. Ol 1-nji Jahan urşy gutarandan soňam birnäçe arakesme bilen 1933-nji ýyla çenli "Nemes teatrynyň” ýolbaşçysy bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde 1906-njy ýyldan öz döreden "Täze teatryny” taşlap, "Nemes teatrynyň” gapdalynda sahnada synag geçirmek üçin "Kammerşpile” atly "Kamera teatryny” döredipdir. M.Reýnhardt nusgawy dramaturgiýa ýüzlenen-de we häzirki zaman pýesalary goýlanda ,,Kamerniý teatryň” üsti bilen insturmental, wokal sazlaryny goşup sahnany baýlaşdyrypdyr. M.Reýnhardt "Nemes teatrynyň gapdalynda drama mekdebinem açyp, onuň işinem ýola goýupdyr. M.Reýnhardt Berlindäki "Nemes teatryna” we "Kammerşpil” kamerniý teatryna ýolbaşçylyk etmekden başgada, Berliniň "Folksbýun” teatrynada 1915-1919-njy ýyllar aralygynda baştutanlyk edipdir.1919-1920-nji ýyllar bolsa,Berlinäki ,,Grosse şauşpilhauz”teatrynada ýolbaşçylyk edip-dir. 1924-nji ýylda Belinde "Komediýa” teatryny açýar. Berliniň "Kurfýustendamm teatrynda” spektakllar goýupdyr. 1923-1937-nji ýyllar aralygynda käbir arakesmeler bilen Wene şäherindäki "Iozefştadtteatrynada” teatrynada ýolbaşçylyk edipdir. Bu teatrda nemes nusgawy eserlerinden we Şekispiriň pýesalaryndan repertuar düzüpdir.
M.Reýnhardt ýolbaşçylyk eden teatrlarynda ol aktýorlardan ussatlygy we sahna dilini talap edipdir. Ol aktýorlaryň pikir edip bilýän terbiýeçisi bolmak bilen: "Aktýor - şahyr, dörediji bolmak bilen onuň ýeri teatr bolmalydyr”- diýip, belläpdir.
M.Reýnhardt ýaňy aktýorlyga başlan başlangyç aktýoryň hiç bir kynçylyksyz ukybyny duýmagy başarypdyr. Zehinli nemes aktýorlary G.Eýzoltyň, A.Moissiniň zehinini görüp bilen M.Reýnhardt olaryň beýik aktýorlar bolup ýetişmeklerine ýol açypdyr. Şol bir wagtyň özünde ol spektakllaryň bütewiligini gazanmakda belli bir işler edipdir. Sebäbi sahna çykarylan spektaklyň bütewiligini gazanmaklygyň özüniň uly "Ýeňişdigine” jany-teni bilen düşü-nipdir. Ol 1905-1910-njy ýyllar aralykda işlän döwründe ajaýyp sahna ansamblyny döretmekligiň hötdesinden gelipdir. Şol dörän sahna ansamblynda beýik aktýorlar A.Basserman, W.Kraus, E.Ýannings çykyş edipdirler. M.Reýnhardt sahnada peýda bolýan baý dekorasiýalardan daşda bolup, aktýorlardan sahnada gündelik tebigy häsiýetleri, keşpleri döretmek-de ussatlygy talap edipdir. Aktýoryň ýerine ýetirýän keşpindäki manysy, gürleýşi bilen sazyň gabat gelmegini, sahna hereketindäki çeýeligi, beden hereketiniň aýdyňlygyny gazanypdyr. Sahna çykarylan spektakly has güýçlendirmek üçin spektaklyň dowamynda pantomimany, tansy, akrobatikany giňden ulanypdyr.
M.Reýnhardt nemes teatr sungatynda reforma geçirmek maksady bilen realistik dramaturgiýa ýüzlenipdir. Ol şeýle maksat bilen nemes nusgawy eserleriniň täzeden dünýä inmegini gazanypdyr. Şekspiriň "Wenesianly söwdegär”, "Tomus gijesindäki düýş” (ikisem- 1915 ý) "Gamlet” (1904-1910) pýesalaryny sahna çykarypdyr. Ol şeýle etmek bilen nemes teatryny gerekmejek adatlaryň kerebinden çykarypdyr. Sahna örän az çykarylýan nemes ýazyjylary Gýotäniň "Faust”, "Baýguşyň höwürtgesi”, "Klawigo”, "Pluzersweýlendäki ýarmarka”, Lensiň "Esgerler”, Brýuheriň "Dantonyň ölümi”, antik eýýamynyň dramaturglary Eshiliň,
Sofoklyň, Ýewripidiň, Aristofanyň, rus nusgawy ýazyjylary L.Tolstoýyň, N.Gogolyň, A.Çehowyň eserleriniň yzygiderli teatr sahnasyna çykarylmagyny gazanypdyr. Ol ilkinji gezek döwürdeş nemes dramaturglary F.Unrunyň, G.Eýlenbergiň, W.Şmidtbonnyň, meşhur daşary ýurt dramaturglary B.Şouň, R.Rollanyň, J.Singiň eserleriniň sahna çykarylmagynada ýol açypdyr. M.Reýnhardt "Dowzahdaky Orfeý” operettosyny, Gofmanstalyň senarisi esasynda "Gök tüýdük” pantomimany täzeden işläp tomaşaça ýetiripdir.
M.Reýnhardt özüniň ilkinji režissýorçylyk döredijiliginiň başyndan başlap, teatr sungatynda naturalizm ugrunyň barlyşyksyz göreşijisi bolup çykyş edipdir. Ol şeýle hem durmuşy wakalary hakykata golaý edip ýüzleýje görkezmekligiň, adamlary we olary gurşap alan tebigaty, şertleri, serişdeleri ujypsyzja nusgalyk hökmünde tomaşaça ýetirmekligiň garşysynada uly göreş alyp barypdyr. M.Reýnhardt bu ugurdan režissýorlar G.Kregiň, A.Ýa.Taýyrowyň öňe süren pikirlerinden peýdalanypdyr. Ol esasan göreşini režissýor G.Laubeniň "slowesniý režissurasynyň” (şeýle režissura adama daşky görnüşi boýunça baha bermeklik) adatlaryna daýanmak we halypasy O.Bramanyň psihologik ýagdaýlary sahnada işläp düzmek häsiýetlerinden ugur almak bilen dowam etdiripdir. M.Reýnhardt öz döwrüniň zehinli we teatr sahnasynda gerekli barlaglary (tejribeleri) batyrgaý ulanyp bilýän, sahna hereketleriniň dürli görnüşlerini ýüze çykaryp bilýän, sahnadaky endigan hereketleriň bütewiligine uly üns bermegi başarýan, sahna bezegini, yşky, sesleri, sazy ýerli-ýerinde ulanmagy ussatlarça başarýan režissýor hasaplanypdyr. Ol dürli sahna meýdançalarynda, goý ol sahna guty şekilli, ýa-da bir sudur ýer, haraba öwrülen bina, estrada üçin niýetlenen, gizlin syrlyja sahna, sirk üçin niýetlenen arena, şäher meýdançasy tapawudy ýok, spektakly ýerleşdirmegiň hötdesinden gelmegi başarypdyr. M.Reýnhardt köpçülikleýin teatry täzeden dünýä indermek maksady bilen Antik, Orta asyrlar teatrlaryna ýüzlenmekdenem çekinmändir. Ol Sofoklyň Gofmanstal tarapyndan täzeden işlenen "Edip şasyna”, Meterlikanyň "Doganlar Beatrise” esasynda döredilen "Mirakl” pantomimasy köpçülikleýin teatry döretmekdäki ilkinji ädimleri bolup hyzmat edipdir. 1920-nji ýylda Zalsburgda teatr festiwalyny döretmekligiň guramaçylygam onuň ady bilen bagly bolmagynda galýar. Ol şol festiwalda ilkinji bolup, orta asyrlar misteriýasyna ýüz urmak bilen Gofmanstalyň täzeden işlemeginde "Her adam” (1920) spektaklyna ýüzlenipdir.
M.Reýnhardt naturalistik ugra ýüzlenip onuň inçe çäklerini kesgitlemek arkaly ony batyrgaý öňe itekläp, sahnada tebigatyň keşbini şahyranalyk bilen halk baýramçylyklarynda, karnawallarda ulanypdyr. Ol şeýle etmek bilen öz spektakllaryna L.Korint, E.Orlik, K.Walzer, E.Ştern ýaly kompozitorlary, baletmeýstrleri, hudožnikleri çekipdir. M.Reýnhardt naturalistik spektakllarynda žiwopisi, howa bilen çişirilip görkezilýän tebigaty, sahna bezegini giňden ulanmagy başarypdyr. M.Reýnhardtyň şeýle öňe sürmeleri netijesinde sahna çykarylan U.Şekspiriň "Wenesian söwdagäri”, "Tomus gijesindäki düýş” (ikisem- 1905) spektakllary ýerine düşen ajaýyp sahna eserleri hasaplanýar. Ol elmydama gözlegde bolan hudožnik hökmünde dürli sahna eserlerine, pýesalaryna yzygiderli gaýtadan ýüzlenmegini dowam etdiripdir. M.Reýnhardt hat-da "Fausta”, "Gamlete” birnäçe gezek gaýtadan ýüzlenipdir. Ol kapitalistik şertlerindäki kommersiýa teatrlarynyň bäsleşiginde-de öz spektakllarynda ýokary çeperçiligi gazanmagy başarypdyr.
Buržuaz medeniýetine, şol bir wagtyň özünde dramaturgiýa aralaşan pese gaçmalar M.Reýnhardtyň döredijiliginede öz uly täsirini ýetirip, onuň repertuarynda dürli taraplara urunmalara, eklektika ýüz urmaklyga alyp barypdyr. Ol spektakllardaky realistik elementleri köp halatlarda toý däp-dessurlaryndan, naturalistik kabul edişliklerden, meýningençiligiň (Meýningen şäherinde XVIII asyrda hereket eden teatr. Bu teatr XIX asyryň 60-90-njy ýyllarynda öz medeniýeti, sahna ansambly bilen tapawutlanan teatr bolupdyr. Sözlüge seret. ) taryhyndan alypdyr. Onuň realistik öňe sürmelerinde aktýoruň oýny şertleýin sahna bezeginde köplenç çapraz hem gelipdir.
M.Reýnhardt Ýewropa, ABŞ ýurtlarynda gastrollarda bolupdyr. Ol gastrollarda bolan ýurtlarynyň aktýorlary bilen spektakllar goýmagyň hem hötdesinden gelipdir. Ol 1928-nji ýylda Wena şäherinde "aktýorlar we režissýorlar üçin ýörite seminar” gurapdyr. Şeýle seminar Günbatar Ýewropa üçin ilkinji režissiýor mekdebi bolup hyzmat edipdir. Ol şol mekdepde 1938-nji ýylda faşistik Germaniýanyň Awstriýany basyp almagyna çenli işläpdir. M.Reýnhardt faşizmiň ýaýrap ugran ýyllarynda-da öz teatrlarynyň repertuarynda ynsanperwerçilikli, nusgawy nemes dramaturgiýasynyň iň naýbaşy eserlerini saklap tomaşaça ýetirmekligini dowam etdiripdir. Ol şol döwürde dramaturg Gaupmanyň "Gün batmazynyň öňüsyrasynda” (1932) pýesasyny sahna çykarýar. Bu spektakl faşizmiň öz labyryny nemes halkynyň üstüne atmagyny aýdyňlaşdyran eser hökmünde kabul edilipdir. Gitlerçileriň ýurdy öz ellerine almagy bilen M.Reýnhardt 1933-nji ýylda mejbury ýagdaý-da Germaniýany taşlap Awstriýada mekan tutmaly bolupdyr.
M.Reýnhardt Awstriýanyň "Iozefştad" teatrynda "Mariýa Stýuart” (1934) we XX asyryň nemes, daşary ýurt dramaturglarynyň eserlerini sahna çykarmaklygyny dowam etdiripdir. Ol dramaturglar F.Werfeliň "Gijeleriň birinde” (1937), Ž.Koktonyň "Söýgülimiň sesi”, Pirandellonyň "Awtoryň gözlegindäki alty personaž” pýesalaryny sahnada janlandyrypdyr. 1938-nji ýylda Awsriýanyň faşizm tarapyndan eýelenmegi bilen ol özüne Amerikany mekan tutunmaly bolupdyr. M.Reýnhardt ABŞ-nyň Golliwudynda teatr mekdebiniň düýbüni tutupdyr. Ol şol ýerde U.Şekspiriň sýužetleri esasynda "Tomus gijesindäki düýş” we beýleki eserlerinden filmler döredipdir.
M.Reýnhardt XX asyryň ilkinji iki on ýyllygynda Ýewropa we Amerikanyň režissýorlaryna eden täsiri biçak uly bolupdyr. Häzir Germaniýanyň iň uly teatrlarynyň biri onuň adyny göterýär.

Annameret DURDYMÄMMEDOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 40 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 4.0/1
Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 1
-1
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Maks Reýnhardt- gelip çykyşy boýunça ýewreý bolanlygy sebàpli, dõwründe nemes milletçileri tarapyndan bosgunlyga çykarylan adamdygyna garamazdan, soñlugy bn nemes teatr sungatyny dünýà belli eden şahsyýet. Ol tàzeçilligi bn juda tapawutlanan rezissyor. Sahnada aýlanýàn krugy oýlap tapan adam.Iñ geñ ýeri ol şol bir esere (m.ü Şekspiriñ "Gamletine") birnäçe gezek ýüzlenen eken- her gezegem başgaça usulda. Bu gaty täsin.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]