01:55
REFO topary
REFO TOPARY

Russiýanyñ goşuny Ukraina girenden soñ NATO-Günbatar “maksimum gussa” diýilýän nebit ýaly import gadagançylyklary bilen bir hatarda birtopar ykdysady sanksiýalary girizdi.
ABŞ, Germaniýa, Ýaponiýa, Italiýa, Fransiýa, Angliýa, Kanada, Täze Zelandiýa we Ýewropa Komissiýasy köp taraply ykdysady wezipe güýjüni gurdy: REFO - Russiýanyñ Elita wekilleri oligarhlar.
Bu ýurtlaryñ maliýe, ýustisiýa we içeri işler ministrleriniñ gatnaşjak REFO toparynyñ ýygnanşygynda rus raýatlarynyñ emläklerine el urma ýaly sanksiýalar kabul edilmeli!
Birem ýene näme edenlerini bilýäñizmi: ABŞ-nyñ Gazna ministrligi şu aý Kleptoktasiýa Emläk halas etme sylaglandyryş programmasyny (Kleptocracy Asset Recovery Rewards Program) mälim etdi. Ruslar boýunça maglumat getirene 5 million dollar pul sylagy goýlupdyr...
Düýne çenli “iki million sterling getirseñiz, raýatlyk berjek” diýen Angliýa ýaly döwletler, muña ynanyp gelen raýatlaryñ emlägine el urýar!
Aýdylyşyna görä, jemi “el urulan” zatlaryñ puldaky hasaby 1 trillion dollara barabar!
Mysal üçin Russiýanyñ iñ uly, Ýewropanyñ iñ uly üçünji rus banky, 1841-nji ýylda gurlan "Сбербанк"-yñ başlygy Aleksandr Wedýahin şolaryñ biri...
Mysal üçin dünýäniñ iñ uly halka açyk nebit kompaniýasy "Роснефт"-iñ başlygy Igor Seçin şolaryñ biri...
Mysal üçin Putiniñ öñki köregi Kirill Şamalow şolaryñ biri...
Mysal üçin maýa goýum serişdesi "Volga Group"-yñ gurujusy Gennadiý Timçenko şolaryñ biri...
Uzatmaýyn, sanaw uzap barýar...
Çagalara, agtyklara çenli uruş günäkäri edilip görlezilmäge başlandy!
Munuñ hiç bir tarapdan hukuk esasy ýok...

• MRU IŞ BAŞYNDA

Putine ýakyn durýarmyş bahanasy bilen rus işewürleri bir günüñ içinde “saýrylaşdyrylan oligarh” halyna getirildi!
Häzir rus kompaniýalarynyñ işi togtadylýar, söwda gatnaşyklary kesilýär, başlyklarynyñ syýahatlary çäklendirilýär!
Ýüzden gowrak adamyñ we edara-kärhananyñ emläkleri doñduryldy. Uly rus banklarynyñ barsy maliýe ulgamyndan çykaryldy.
Mysal üçin Angliýa rus raýatlary üçin bank hasaplaryna depozit limitini goýdy.
Mysal üçin bitarap ýurt hökmünde tanalýan Şweýsariýa çenli, birgiden rus emlägini doñdurdy.
Mysal üçin, fransuz flotiliýasy Manş deñizinde rus ýük daşaýjy gämisi "Baltic Leader"-a el urdy.
Diñe Günbatar däl. Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Singapur, Taýwan, Awstraliýa dagy bu "şeýtan şikaryna" çykan ýurtlardan.
Günbatarda ýaşaýan ruslaryñ şahsy durmuşlary çepbe çöwrülýär. Şeýle-de, olaryñ bala-çagalaryna çenli "şeýtan şikaryndan" ýaña mekdebe okuwa gidip bilenoklar.
"Alfa-Bank"-yñ sekiz ýyl bäri Londonda ýaşap ýören eýesi Mihail Fridman öýüne iýer ýaly zat alyp bilmeýändigini aýtdy.

MRU-nyñ Aleks Finleý ýaly öñki jansyzlary ruslara degişli hususy ýahtalaryñ atlaryny, suratlaryny, duran ýerleriniñ maglumatyny paýlaşýar...
Londondaky öýünde ölüsi tapylan rus işewüri Mihail Uatfordyñ ölüm sebäbi häzirem nämälimligine galýar...
Londondan syýasy kampaniýa ýöredýän ýazyjy Oliwer Houston ýaly köpbilmişler işewürlere gönükdirilen prowokasiýalaryñ artmagy netijesinde Putiniñ basynyñ gaýtjakdygyna we şeýlelikde onuñ Ukrainadan yza çekiljekdigine ynanýar! Ýewropa dälireme derejesine geldi, kellesini dyrçanaklap başlady!
Şuña ünsüñizi çekmek isleýärin:

• ERDOGANYÑ MÜMKINÇILIGI

Ukraina-Russiýa urşy möhüm hakykaty orta çykardy:
Pul-emläk goýumlary üçin Günbatar indi ynamly ýer däl! Görlüşi ýaly, pursat tapyldygy bikanun ýagdaýda emläklere el urýar...
Diýmek, Günbatar häzirki häkimiýetiniñ oýnaýan spektaklynyñ arkasyndan şol ýurduñ raýatlarynyñ emläklerine el urmaga özünde hukuk bardyr öýdýär...
Hatda bank işiniñ gizlinlik prinsiplerine baglylygy bilen tanalan Şweýsariýa çenli taryhynda görlüp-eşdilmedik kararlary kabul edýär...
Günbataryñ howul-haralyk we bulam-bujarlykdyr boljak iş boldylar bilen adamlaryñ emläklerine el urulma gorkusyny başdan geçirýänler meñ pikirimçe diñe ruslar däl...
Günbatarda ummasyz puly we gozgalmaýan emlägi bar bolan araplaryñ eýýämden içine "gurt düşendigini" çaklaýaryn...
Şübhe gatnaşygy kesýär!
Kapital ynamly we howpsuz ýer gözleýär. Türkiýe muny üpjün edip biljekmi?
Rus milliarderi Roman Abramowiçiñ 360 million dollarlyk läheñ lodkasynyñ Bodruma eñegini diremegi munuñ mysalymyka? Dowamy-da bolarmy?
Bilşiñiz ýaly, Türkiýe "emläk parahatçylygynyñ jenneti” ýurdy... Daşary ýurt puluny, altyn, walýuta we ş.m-leri 2022-nji ýylyñ 30-njy iýunyna çenli Türkiýä getirenlere "munuñ çeşmesi näme?" diýip soraljak däl. Özem munuñ möhletiniñ uzaldyljakdygyny-da çaklamak kyn däl...
Hawa, Günbatardan gaçan kapital Türkiýä gelermikä?
Ykdysady krizis sebäpli 2023-nji ýylyñ saýlawlaryny "torbadaky käkilikdir" öýdýänlere Erdoganyñ mümkinçiliginiñ nähili artykmaçdygyny ýatlatmak isleýärin. Siz bolsa häzirem “NATO herekete geçsin!” diýip bagyryp, “syýasatçylyk” oýnañ!

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 30.03.2022 ý.





Категория: Publisistika | Просмотров: 91 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]