17:30
Razwedka habarnamasy
RAZWEDKA HABARNAMASY

Stratfor…
Bu geosyýasy gurama (ABŞ-nyñ "Barron's" žurnalynyñ atlandyryşy ýaly “Kölege CIA” ("MRU-nyñ kölegesi") hökmünde tanalýar. Wikileaks hem 2012-nji ýylyñ fewral aýynda Stratforyñ bäş milliondan gowrak elektron-poçta hatyny paýlaşyp, çaklamany güýçlendirdi...
1996-njy ýylda gurlan şereket ýekebara we ýuridiki tarap bolup durýan müşderileri ("Goldman Sach", "Coca Cola", "Bank of Amerika" ýaly) üçin (esasanam howpsuzlyk we howp analizi hakda) "razwedka habarnamalaryny" ýazýar.
Düýbüni tutujy - halkara gatnaşyklar strategiýasy boýunça hünärmen Jorj Friedman (Frankfurt mekdebiniñ syýasat pelsepesi ugrundan tezis ýazan)!
Stratfor üçin we şeýle-de ýazan başga-da käbir kitaplaryny aýaly Meredith Friedman bilen ýazdy. ("Uruşyñ gelejegi" kitaby dilimize terjime edildi.)
Şuña gelmek isleýärin:
Stratfor global takyklamasynyñ dördünji çärýegi boýunça habarnamasyny 2021-nji ýylyñ 27-nji sentýabrynda çap etdi.
Otuz sahypalyk habarnamany täze okadym. Eýse, "MRU-nyñ kölegesi" dünýäniñ ykdysady-syýasy ýagdaýyny nädip okadyka? Gysgaça dykgatyñyza ýetireýin...
Ýurdumyz hakyndaky syýasy seljermesinden başlaýyn: (Stratfor Türkiýede “TR 705”, “TR 325”, “TR 326” ýaly kod beren atlaryna ummasyz pullary töleýär. Baý-baýow, razwedka habarlary ruh çagyryp toplanýandyr öýtdüñizmi dagy!)
Türkiýede ýokarlanan syýasy tolkuny "ýerliçilik" (natiwizm) hasaplaýar. Siz muña nasionalistlik-milliçilik" diýip bilersiñiz.
Stratfor ýerliçiligiñ türk syýasatyny eýeländigini aýdýar. Syýasy partiýalaryñ 2023-nji ýylyñ saýlawlaryndan öñ goldaw tapmak üçin ýerliçiligiñ şemalyndan peýdalanmaga jan etjekdiklerini ýazýar. AKP-niñ şu sebäp bilen bosgunlar babatda öñüni alyş çärelerini geçirjegini nygtaýar.
Türk ykdysadyýeti hakda dil ýarmadyk Stratfor türk daşary syýasatynda AKP-niñ seresaply hereket etjegini, Müsür bilej ikitaraplaýyn gepleşikleri ýola goýup, Siriýadyr Liwiýada harby çaknyşyklardan gaça durjagyny çaklaýar...
A dünýä?

• COVID BILEN ÝAŞA

Stratfor pandemiýanyñ global ykdysadyýetdäki döreden nämälimliginiñ doly ýok bolup gitmejekdigini, gaýtam "COVID bilen ýaşa!" strategiýasynyñ ýörediljekdigini aýdýar. Muña garamazdan (meselem) Ýewropadaky berk pandemiýa düzgünleriniñ turizmden gelýäj girdejileri peseltmäge dowam etjekdigini ýazýar.
Habarnamada esasan Hytaýyñ üstünde durlup geçilýär!
ABŞ-nyñ Aziýa bolan ünsüni güýçlendirjekdigi, Hytaý bilen söwda ylalaşygynyñ möhletiniñ 2022-nji ýylda dolýandygy we Waşingtonyñ berk pozisiýasyny ýöretjekdigi, yklymara üýtgeşmeler ýaly ählu meselelerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyñ çäklendiriljekdigi nygtalýar.
Stdatfor Hytaýy nyşana alyp, maýa goýumçylary gaçyrmak üçin gatnaw (прокьюремент, поставка - tedarik) zynjyry bilen birlikde "Dat, howpa girmäñ" diýýär!
Gonkongda 19-njy dekabrdaky Pekin bilen demokrat aktiwistleriñ garşyma-garşy geljegini, munuñ syýasy we ykdysady howpy artdyrjagyny çaklaýar!
Dartgynly wakalaryñ boljak ýeri hökmünde Ýewraziýany görkezýär:
ABŞ-Russiýa arasyndaky ýaramazlaşmanyñ dowam etjekdigini, Ukrainadan Belarussiýa çenli sebitde gegemonlyk etmek boýunça dargynlylygyñ bolup geçjekdigini aýdýar.
Russiýanyñ Belorussiýadaky harby bazalaryny köpeltjekdigini, ABŞ-nyñ Ukraina bilen "strategiki ýaranlygy" güýçlendirjekdigi ýañzydylýar.
Russiýanyñ Google, Apple we Facebook ýaly amerikan tehnologik läheñlerine garşy gysyşynyñ dowam etjekdigini aýdýar.
Şeýle-de: Eýranda häkimiýetiñ üýtgändigine garamazdan ABŞ-nyñ bu ýurda bolan pikiriniñ onçakly üýtgemejekdigini ýazýar.
Aslynda Stratfor kän bir bilinmeýän zatlary aýdanok...

• SÜNNI DÖWLETLER

Stratforyñ habarnamasynda agzalan her bir ýurdy ýazyp durjak däl, men onuñ Türkiýäni ýakyndan gyzyklandyrýan ýerleriniñ üstünde gysgaça durup geçeýin. Mysal üçin:
Ýakyn Gündogardyr Demirgazyk Afrikadaky sünni döwletleriñ ideologik çaprazlyklary bir gapdala goýup, ykdysady ösüşe ünslerini bermek üçin özara ylalaşyga geljekdiklerini çaklaýar.
Demirgazyk Afrikadaky basdaşlar Marokko bilen Alžiriñ arasynda diplomatik çatlyşmalaryñ dowam edýändigine garamazdan, olaryñ özara ylalaşyga gelmeginiñ kyn boljakdygyny, Ysraýylyñ Hamasa garşy berk strategiýasynyñ dowam etjekdigini aýdýar.
Owganystanda Talibanyñ azyk we saglyk krizisleriniñ hötdesinden gelmek üçin adam gumanitar kömege mätäçdigini, şonuñ üçinem olaryñ açyk syýasat ýöretjekdigini çaklaýar. Emma "Tehrik-i-Taliban"-yñ (Päkistanyñ Talibany) Kabul bilen Yslamabadyñ arasynda oñşuksyzlygyñ sebäpkäri bolup biljekdigini-de aýdýar.
Günorta Amerikadaky syýasy we ykdysady krizisleriñ Argentinada, Braziliýada, Çilide howsala döredýändigini aýratyn nygtaýar.
14-nji noýabrdaky saýlawdan soñ Argentinanyñ IMF bilen ýene tegelek stoluñ başynda duşuşaýmagynyñ mümkindiginiñ habaryny berýär. (Zambiýadan mysal alýar: "IMF geleşikleri bilen 2021-nji ýylyñ ahyrynda ýa-da 2022-nji ýylyñ başynda binýatlaýyn utgaşdyrma maksatnamasy bilen daşarky bergisini täzeden gurmaga girişer.")
Çilide şu aý geçiriljek saýlawy saglyk, bilim we agyz suw hak-hukuklaryny dillenen çepçi Gabriel Boriçiñ üstün çykjakdygyny çaklaýar.
Stratforyñ nyşanasynda Wenesuela bar. 21-nji noýabrda geçiriljek ýerli saýlawlaryñ maksadalaýyk geçirilmedik ýagdaýynda Meksika bilen gepleşikleriñ arasynyñ üzüljekdigini nygtaýar!
Stratfor habarnamasynyñ näçe göterimi dogry?
Şuny unutmañ: her bir uruş aldawaçlaryñ üstünde gurulýandyr...

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 12.11.2021 ý.





Категория: Publisistika | Просмотров: 50 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]