18:56
Quo vadis
QUO VADIS*

Haçanda Osmanlynyñ bady gowşamaga başlanda şeýhulyslamlaryñ XVI asyrdan başlap döwlet apparatyndaky tutýan orny we täsiri artdy. Soñabaka XIX asyrda Şeriýe nazyry (Şerigat ministri) bolup, ministrler kabinetiniñ düzümine-de girdiler.
Din adamynyñ täsiriniñ artmagy Osmanly döwletiniñ yza galyp başlamagyna goşmaça diniñ jemgyýetçilik durmuşyny hasam köp eýelemegi we ideologiýalaşmagyñ netijesi bilen gutardy. Ýogsam bolmasa:
Tradision gurluş we ösüş döwründe müftileriñ pozisiýasy geñeşdarlykdan ybaratdy. Din adamy hukukçy kazylar ýaly güýçli guramaçylyga eýe däldi.
Haçanda yza gaýdyşlyk döwrüne girildi welin, osmanly häkimiýeti "halyf" ünwanynam ýygy-ýygydan öñe somlamaga başlady. Şeýlelikde teokratik döwlet kwalifikasiýasy orta çykdy. Şol sanda bu:
"Hukuk bilimi" hemme zatdan öñ Allanyñ kanunyny açmaga çytraşykdy. Hukuk meseleleriniñ inçe jikme-jiklikler bilen çözgüde gelinmegi diñe Allanyñ eradasyna akyl ýetirmek bilen mümkindi.
Emma... bu yza gaýdyşlyga çäre tapylmady.
Osmanly soñky ädiminde - "Tanzimat" permany bilen başlap, "Yslahat" permany bilen üsti ýetirilen döwürde Ýewropanyñ esasyny emele getiren hukuk döwleti we adam hukuklary düşünjelerine çynlakaý garamak üçin kanunlar çykardy.
Iki permanyñam düýp maksady - dine däl-de, rasionalizme esaslanýan hukuk üýtgeşmelerini girizmekdi. Ahmet Jewdet paşanyñ pikirine görä, Ýewropa bilen ykdysady gatnaşyklaryñ giñemegi hereket edýän kanunlary ýeterlik däl ýagdaýa getiripdi. Meselem, ýewropalylar hristianlaryñ şerigat sudlarynda jogapkärçilige çekilmelerine nägilelik bildirýärdiler.
Ýagny: kanunlara yzygiderli üýtgeşmeleri girizme, kanunlaşdyrma zerurlygyny Osmanla syýasy, medeni we söwda gatnaşyklary mejbur edipdi.
Eýsem 1839-njy ýylds başlan modern hukuk gözlegi-merkezi döwlet düzgüni - 200 ýyla golaý wagtdan soñ - şu gün nirä gönükdi?
Hawa, 2021-nji ýyla ýetdik. Birdenem Osmanlynyñ yza gaýdyşlyk döwrüne düşdük oturyberdik...

• “ŞEÝHULYSLAM” DÖREÝÄR

Taryhyñ dürli döwürlerine seredilende, din we döwlet gatnaşyklarynyñ üç aýry formada kemala gelendigini görmek bolýar:
1). Döwlet toparlanmasyna we hukugyna dini düzgünleriñ hem-de häkimiýetine din adamlarynyñ agalyk etmegi - teokratiýa...
2). Dini toparlaryñ we din adamlarynyñ döwlete tabyn bolmagy, döwletiñ käbir dinlere beýlekilere garanda has köp ýeñillikleri döretmegi...
3). Döwlet we din işleriniñ biri-birinden ymykly aýry bolmagy - dünýewilik...
Türkiýe respublikasynyñ ýoly 84 ýyllap üýtgemedi. Döwletiñ toparlaýyn gurluşy dinden aýrylaşsa-da, diniñ dolulygyna döwlet gözegçiliginiñ daşyna çykmagy barada mesele orta atylmady. Halkyñ wyždan azatlygyny goramak dünýewi döwletiñ öñde tutýan ugurlarynyñ biri boldy. Dünýewi döwlet başgalaryny öz dini gymmatlyklarynyñ penjesine gysmak isleýän her dürli dini akyma garşy garant hökmünde durýardy.
Ine, bu garaýyş häzirki wagt üýtgeýärmi? Çünki ähli dini ynançlara deñ göz bilen garamaly adalatyñ-hukugyñ edara binasynyñ dogalar bilen açylmagyny şu perswektiwadan baha bermelimi?
Üçünji maddany terk edip ikinji madda tarap gönükýärismi? Ýa-da bu gidiş birinji madda tarapmy? Özem:
Din işleri ministrliginiñ döwlet protokolynda öñki hatara alynmagyny...
Din işler ministriniñ sosial mediýa bilen birlikde hemme ugur babatda fetwa bermesini...
Indi din işleri ministri gatnaşmazdan açylyşyñ bolmaýandygyny...
Galyberse-de, "Ynanç adam bilen Allanyñ arasynda bolmaly; syýasata, söwda, suda aralaşmaly däl" diýip, gowur turuzýarlar" diýmegine nähili düşünmeli? Bu görnetin birinji madda gabatlaşmaýarmy?
Indiki saýlawlarda aslynda ýurdumyza "Teokratiýa gerekmi ýa gerek däl?" referendumyny geçiräýjekmikä? Quo vadis…

• MUNDAN BEÝLÄK MÜMKIN DÄL

Edil Osmanly ýaly ykdysady krizis çuñlaşdygyça häkimiýetler dine-ynanja ýapyşýar.
AKP häkimiýetiniñ hususanam soñky bir ýylda taryhy VI asyra çenli uzaýan Aýasofýa muzeýini we Hora monastyryny-Kariýe muzeýini metjide öwrüp, Din işleri ministrliginiñ garamagyna bermegi bilen başlan ynanç syýasatyndan medet gözleme prosesiniñ düşündirişi näme?
Bärde mesele diñe muzeýleriñ metjide öwrülmeginde-de däl, bu ýerlerde Atatürke gönükdirilen gödek sözler aýdylmagyna nähili baha bermeli? Degna degiji jümleleriñ häkimiýetiñ saýasyna bukulyp aýdylýandygyny kim bilenok?
Renessans-akyl eýýamy bilen birlikde meýdana getirilen adamyñ akyl-paýhasyndan dörän uniwersal hukuk kanunlary gaýtadam yslam hukugynyñ galyplaryna salynmak islenýärmi?
Diñe beýleki diaspora dinleri däl, mezhep taýdanam häkimiýet hanafy mezhebiniñ normalaryny girizip, täze "şeýhulyslamlyk" gurmak isleýärmi?
Dünýewiligi doly diýen ýaly kagyz ýüzünde galan güýçsüz konstitusiýa maddasyna öwürjek bolýarmy? Şeýdibem saýlawlarda üstün çykyp häkimiýetde galaýaryn öýdýärmikä?
Eýsem: bu ykdysady krizisiñ dowam edip gidişi bilen häkimiýetde galmasy mümkin däl.

_________________________
*Quo vadis - Gidiş nirä…

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 09.09.2021 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Publisistika | Просмотров: 58 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.0/1
Publisistika bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]