08:09
Pygamberimiz hakda dogrudyr öýdülýän 10 ýalñyşyñ üçünjisi
PYGAMBERIMIZ HAKDA DOGRUDYR ÖÝDÜLÝÄN 10 ÝALÑYŞYÑ ÜÇÜNJISI

Şeýle diýýärler: "Pygamber Medina gelende özüne garşy gidýän şahyrlary öldürtdi.
- Agyr şygyrlary aýdyp, meni ynjydýarlar. Meni olardan halas etjek ýokmy - diýdi.
Muhammet ibn Mesleme atly sahaba hem orta çykyp:
- Men bar, ýa Resulalla! O abraýa men mynasyp bolmak isleýärin - diýdi we guşagynyñ aşagyn hanjar bukup çykdy, gije garawullabam, şol aýdylýan şahyry arkasyndan hanjarlap öldürdi"...

Bulary siýer kitaplary ýazýar. Bu wakanyñ düýbi boş! Düýbünden ýalan! Töhmet! Toslama! Bular ýaly töhmetleri kim atýar: bähbitlerine palta urlan ýer eýeleriniñ (mülkdarlaryñ, pomeşikleriñ -t.b.) nesilleri. Bularyñ içinde jöhitlerem bar, jöhit dällerem. Bular pygamberiñ gelmegi bilen öñki statuslaryny ýitirip, Medinede öñki derejelerini giderensoñ, pygamberimizi-de (s.a.w) saglygynda ýeñip bilmänsoñ, garşysyna kitaplarda töhmet toslamaga, ýalan sözlemäge başladylar. Häzir ýer ýüzüne bir göz aýlañ: ähli halk gahrymanlarynyñ, belli şahsyýetleriñ, pygamberleriñ, filosoflaryñ garşysyna tom-tom kitaplara sygjak töhmet görersiñiz. Bu töhmetleriñ iñ köpü-de Pygamberimiz (s.a.w) hakyndadyr: şahyr öldürdenmiş, adam öldürdenmiş...
Kuran Allany we Onuñ kitabyny ýañsylaýan ýere gabat gelseñiz, şol ýerden gürrüñiñ temasy üýtgeýänçä uzaklaşmagy buýurýar. Emma myjabatçylar "Pygamberi we Allany ýañsylan şahyry öldürtdi" diýip, getiren kitabyna çapraz düşýän pygamberi orta çykarýarlar.

Rejep IHSAN ELIAÇYK.





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 68 | Добавил: Gökböri | Теги: Rejep Ihsan Eliaçyk | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]