19:53
Pygamberimiz hakda dogrudyr öýdülýän 10 ýalñyşyñ birinjisi
PYGAMBERIMIZ HAKDA DOGRUDYR ÖÝDÜLÝÄN 10 ÝALÑYŞYÑ BIRINJISI

Pygamber dogulmazdan öñ, doglan wagtynda, ýaşlyk ýyllarynda adatdan daşary wakalaryñ bolandygy baradaky rowaýatlarda şeýle diýilýär:
"Pygamberimiz doglanda eýran kisrasynyñ köşklerindäki şemdanlar söndi, sütünler ýykyldy", "Ýaşlygynda depesinde bulut ýörärdi", "Pygamber çagaka Jebraýyl geldi, ony ýere ýatyryp, kükregini ýardy, şerh etdi we ýüregini çykaryp zemzem suwy bilen ýuwdy".
Bularyñ barsy siýer (pygambernamalar) we hadys kitaplarynda geçýär, hiç biriniñem düýbi ýok, hemmesi mifologiýadyr.
Pygamberimiz (s.a.w) doglanda dünýäde hiç hili adatdan daşary hadysa bolup geçmändir, adaty günleriñ biridi. Siz doglanyñyzda dünýä nähili bolan bolsa, pygamber doglanda-da şeýle bolupdyr. Dogluş iki hilidir: biri jismany (fiziki) dogluş, biri magnawy dogluş. Alawy-bekdaşy medeniýetinde mundan köp söz açylýar. Adamyñ magnawy dogluşy - belli karara gelip ýola giren wagtynda ol täzeden dogulýar. Pygamberimiz (s.a.w) bir-ä ene garnyndan doguldy, birem kyrk ýaşanda pygamber bolup doguldy. Kyrk ýaşynda pygamber boluşy sosial wakadyr, ol şähere gelip işe başlaýar, köpçüligiñ öñüne çykyp, özüniñ pygamberdigini aýdýar. Zulumy näletleýär. Adamlary Allanyñ dinine çagyrýar. Bulam bir dogluş.
Hadysalar aslynda şu ikinji dogluşdan soñ başlapdyr. Şondan soñ hakykatdanam galalar sarsmaga, baýlardyr kodamanlaryñ köşgi-eýwanlaryndaky şemdanlar ýere gaçmaga, sönmäge başlapdyr. Kuranyñ "Inşirah" süresinde "E lem neşrah leke sadrek" ("Biz seniñ gursagyña giñlik (inşirah) bermedikmi? Üstüñdäki ýüki almadykmy?") diýen teselli manysynda aýat bar.
Klassyky tefsirde bu aýatlary pygamberiñ kükreginiñ ýarylandygyna ýorulýar. Şeýle diýýärler, "aýatda-da aýdylşy ýaly, biz seniñ gursagyñy ýardyk, şerh etdik, açdyk..." Şerh etmek (inşirah) - açmak manysyny berýär, muña seredip, "pygamberiñ gursagynyñ ýarylyp, Jebraýyl tarapyndan ýuwlandygyny, onuñ ýüreginiñ şol sebäpli juda arassa bolandygyny, asla gümä iş etmändigini we günäsizliginiñ şundan gelip çykandygyny..." aýdýarlar. Ýogsam bolmasa ol ýerde aýdylýan bolunýan zat başga: kyrk ýaşyndan soñ, ýagny pygamber bolandan soñ birnäçe kynçylyklara, basyşlara-gysyşlara uçrady, çetleşdirildi, ýanaldy, ýeke-ýalñyz galdy, iñ ýakyndaky kişiler, garyndaş-doganlary ony terk etdi. Onuñ günleri kynçylykly we aljyraññy geçýärdi, oña göwünlik bermek üçin şu aýatlar geldi we şeýle diýildi: "Biz seniñ gursagyña giñlik, şerh, kynçylygy aýran, gideren, teselli çeşmesi bolup biljek duýgulary ýerleşdirdik. Bu aýatlary Mekgede seniñ bilen bile ýöredip, saña ýol görkezip, üstüñdäki ýüki almadykmy? Seni ýeke goýmadyk, hemişe ýanyñda bolduk, bu kynçylyklar wagtlaýyndyr" diýen teselli aýatlarydyr. Durmuşda hemmämiz kyn ýagdaýa düşýäris, biz bu aýatlary ýygy-ýygydan okap durmaly, her okanymyzda-da biziñ gursagymyzyñ ýarylyp, Jebraýyl tarapyndan (fiziki taýdan) ýuwuldygy bolmaýar. Bu aýatlar şumadam hemmämiz üçin güýjüni saklaýan aýatlardyr. Biz näme kynçylyga düşemzokmy? Dert-belalar, meseleler, kyn günler başymyzdan geçenokmy? Bular ýaly pursatlarda bizem kynçylygy giderip biljek bir teselli tapýarys. Käbirimiz tesellini biri-birimizden tapýas, käbirimiz goşgy ýazýar, käbirimiz öz-özi bilen gürleşýär, käbirimiz diwarlary ýañlandyryp gygyrýar, käbirimiz hiç kime derdinem aýdanok - gidýär agaçlara "içini dökýär". Bularyñ hemmesi teselli çeşmämiz. Pygamberimizem adam hökmünde şular ýaly ýagdaýlary başdan geçiripdir, şonuñ üçin şul aýat inipdir, şol barada aýdylýar. Başga hili düşünenimizde, aýat diñe pygamberiñ gursagynyñ ýarylmagy bilen baglanyşykly bolýar we ol aýat häzir biziñ üçin hiç zady añlatmadygy bolýar, çünki biziñem gursagymyz ýarylmajagyna görä, bolan zat öñ bolupdyr, geçipdir. Şu ýerden şu netijä gelýäris: Pygamberiñ şunuñ ýaly adatdan daşary, rowaýaty, mugjyzawy zatlary başdan geçirendigi hakdaky pikir iki tarapdan howply. Birinjisi, pygamberi nusgalyk, görüm-göreldelik adam hasaplamakdan çykarýar. "Ol adatdan daşary biri, ol pygamber, biz pygamber däl" pikirini döredýär. Meselem diýýäñiz-ä, Alla Ýusubyñ ýüregine erk indermedik bolsa, Ýusup aýala meýil edäýmelidi. Adam şeýdip, öz eden işlerini aklaýar: "Aý-how, ol pygamber ahyryn, pygamberiñ ýüregine Alla erk beripdir, Züleýha bilen ýakyn gatnaşyga girmesiniñ öñüne bent bolupdyr, emma men pygamber däl-ä, men etsem eder oturaryn. Etdigimem "nämüçin beýtdiñ" diýip bolmaz. Käşgä, menem pygamber bolsadym, biziñem ýüregimize erk inen bolsa bolmaýamy, ýöne nätjek, biz pygamber däl-dä, emma ol pygamber".
Pygamberimiz baýlyk, mal-mülk toplamandyr, ýönekeý ýaşapdyr diýlende, näme diýýärler: "Sebäbi ol pygamber-dä, biz pygamber ýaly bolup bilýäsmi". Añlar, düşünjeler "şoñ ýaly bolubilýäsmi" pikiri bilen şol "mugjyzalar" sebäpli öwrenişdirilýär. Adam bir seredýär: pygamber adatdan daşary, täsin wakalaryñ içinde ulalypdyr, eýýäm çagalygyndan başlap geñsi, adamdan has ýokary bir barlyk bar, onsoñ şu netijä gelýär: "Men nädip muny nusgalyk biri edineýin". Şeýdibem pygamber janly mysal, görüm-görelde bolmakdan çykýar.
Ikinjiden, bular ýaly mugjyzawy gürrüñler musulman añyny belli bir düzgüne, belli bir kada bagly galmazdan ötri, gudrat (güýç) kimiñ elinde bolsa, şonuñ isleýşi ýaly hereket etmeli diýen pikire werziş etdirýär. Şeýle: "Allanyñ gudratyna sowal edilmez, Alla goýan düzgünlerine uýmaga mejbur däl. Ol kadyry-mutlakdyr". Meselem, bir kanun goýupdyr: ot - ýakýar. Adamyñ teni, saçy, eşigi galtaşsa, ot ýakýar, bu eýýäm tebigatyñ kanuny, "emma Alla muña uýmaga mejbur däl". "Ybraýymy oda atarlar, Alla mugjyza görkezer er birdenkä ol ýeri gülzarlyga öwrüler". "Goýan düzgünine, bar bolan ýagdaýa garşy gidip, tersine-de edip biler, bu islendik wagt, islendik ýerde bolup biläýjek zat. Şonuñ üçinem, Onuñ kanunlaryny, düzgünlerini öwrenmegiñ hajaty ýok, çünki islendik pursatda ýagdaý üýtgäp biler". Bu nämä ýol açýar? Şuña: "Pygambere-de belli bir düzgüne eýermek hökman däl, Allaha-da belli bir prinsipe bagly bolmak hökman däl, hemişe hemme zat bolup biler. Gudrat kimiñ elinde bolsa, ol hemme zady şobada üýtgedip bilýär".
Muña öwrenişdirilen musulmanyñ añynda şuña ýol açylýar: "Kada-kanunlary goýsanaýt! Güýç-gudrat sende bolsa, güýç eliñe geçende kada-kanuny, düzgüni bolmadyk ýaly edip üýtgedersiñ". Bu soñabaka nämä getirýär, bilýäñizmi: kimdir biri döwleti ele geçiren wagty "Men etdim, boldy!" diýýär. "Düzgüne eýerme mejburylygym ýok" diýýär. "Güýç-gudrat meniñ elimde dälmi näme" diýen, adalata, hukuga, prinsiplere bagly bolmadyk añyýete, döwlet garaýşyna ýol açýar. "Patyşalar Allanyñ ýerdäki kölegesi, olarda erada bar, kada-kanunlaryñ, düzgünleriñ olaryñ ýanynda güýji ýok. Düzgünler, prinsipler, a:m halk üçin, garamaýak üçin, ýokary eradanyñ oña eýerme hökmanylygy ýok". Bu bolsa Kurana gabat gelýän garaýyş däl. Kuranyñ "Hud" süresiniñ 56-njy aýatynda" "Meniñ Rebbim syraty-mustakym üstünedir", "Engam" süresiniñ 12-nji aýatynda: "Alla özüne söýgini, merhemeti ýazdy" diýilýär. Ýagny, söýgi, merhemet, şepagat Allanyñ özi üçin parz. Allatagala adalata uýaýmaly. Alla syraty-mustakym bolmaly. Muny biziñ özümiz Oña ýöñkämzok. Onuñ özi Kuranda şeýle diýýär.
Bu şuny añladýar: Öñümizde söýgi, adalat, dogrulyk, dürslük bilen, bu prinsiplere uýmaga söz beren Allatagala bar. Ýagdaý şeýle bolsa şundan arkaýyn bolup bileris: Alla bulara gabat gelmeýän iş etmez. Kuranda prinsipial Alla, prinsipial pygamber bar. Öz goýan prinsiplerini özi bozýan Alla we pygamber ýok. Şonuñ üçinem Kuranda hasam köp Allanyñ güýji däl-de, söýgüsi, merhemeti nygtalýar. Alla güýjüni adalat bilen, merhemet bilen çäklendirýär. Döwletem öz güýjüni adalat bilen, merhemet bilen çäklendirmäge mejburdyr. Sen, men, biziñ hemmämiz güýjümizi adalat we merhemet bilen çäklendirmäge mejburdyrys. Ine, şundanam şu netije çykýar, emma muny özüñden aýyran wagtyñda, bularyñ barsy aradan aýrylýar.

(Dowamy bar).. >>

Rejep IHSAN ELIAÇYK.





Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 204 | Добавил: Gökböri | Теги: Rejep Ihsan Eliaçyk | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 4
0
3 Gülmahym   [Материал]
@Myhman0430 bilen ylalaşyan. @mangoñ pikirleri bilenem ylalaşyan. Munuñ yaly dawaly temalardan gelse zyýan geler. Gökböri gowy terjimeçi. Wagtyny muñ yaly gümürtik meselelere yitirmän düşünikli, özüne, çekiji başga temalardan terjimeler etse gyzygyp okardyk
mango, adam adyn kıçı yazanyñy až görüp Allañ adynam kiçi harpan yazyp başlaşyñ sende klawaturada bir näzazlykdanmy yada öz bolup bilşiñdenmi?

0
4 mango   [Материал]
@Gülmahym hanym, belligiňize minnetdar.
ýalňyşypdyryn kiçi ýazyp. düzetdim.
setir harplar bilen ýazmagym, klawiaturamdan däl, bolup bilşimden.
ýöne, adamçylyk, kim öz adyny kiçi ýazanymy görse, ony sylagsyzlyk kabul etmäwersin.
hemmäňizi sylaýandyryn, hormatlaýandyryn...

0
2 mango   [Материал]
sport, syýasat, din – dawaly meseleler.
üçüsinde-de tarap tutulýar. dawa şondan turýar.
men-ä dini temada ynamdar awtor bolmasa okamok.
okasaň: hadyslar - rowaýat, namaz şeklli ýalňyş özüňe görä Allaha derdiňi aýtmaly, ettehyýýaty okamak şirk, we şuňa meňzeş zatlar bilen kelläňi bulaşdyrýalar.
(bulary aýdýakam kelläňizi bulaşdyrmadyk bolsam bolýar).
umuman, çem gelen awtory terjime etmegi dogry hasaplamok, peýdasyndan zyýany kän....

0
1 Myhman0430   [Материал]
Ullakan haýyşt. Dini temalarda seresap bolalyñ. Bolmasa biri "yslam dininde rerkarnasyon bar" diýýä, beýleki "yurt baştutany Allañ yerdäki wekili" diýýä, yene birem yene bir zat diýýä...

Sesiñi çykarmasañam boljak welin... Birhili, dilsiz şeytan bolunayjak yaly...

Bir zat diýseñem, yzy sanaşma yazjak yaly...

Umuman kyn.
______________________

Bu hadys alymlaryny ýalançylykda aýyplamak bolanokmy. Ýa-da, has beteri, olara gürrüñ berenleri (tebei tabiin, tabiin, sahaba).

Biri bir wakany aýdansoñ beýlekiler sesini çykarmasa şony tassykladyklary bolýar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]