21:41
Pygamberimiz hakda dogrudyr öýdülýän 10 ýalñyşyñ altynjysy
PYGAMBERIMIZ HAKDA DOGRUDUR ÖÝDÜLÝÄN 10 ÝALÑYŞYÑ ALTYNJYSY

Altynjysy - Pygamberimiziñ (s.a.w) fetih (ýer eýelemek häsiýetli, basybalyjylykly -t.b.) hereketlerini amala amala aşyrandygy baradaky pikir...
Şundaky "fetih" sözüniñ özi ýalñyş, pygamberiñ bular ýaly herekete girişendigini öñe sürmegem ýalñyş. Pygamberimiz (s.a.w) hiç bir ýeri basyp almaga gitmedi. Hiç bir halkyñ üstüne çozup, olary musulman edip, paç-hyraja baglap, mallaryny oljalap, aýal-gyzlaryny gyrnak, erkeklerini gul etmedi. Bedir, Uhud, Hendek ýaly Onuñ (s.a.w) gatnaşan ähli söweşleri gorag häsiýetlidir. Meselem, Tebuk söweşini aýdýarlar. Hendek söweşiniñ-ä, adyndanam belli bolşy ýaly, şäheriñ daşyna hendek gazyp, özüni gorapdyr. Bedirde kerwenler ýoldady, Medinä gelmelidi, şony goramak maksady bilen ata atlanyldy. Uhud hem goranmak maksatlydyr. Tebukde Wizantiýa garşy ýola çykylsa çykyldy, ýöne Wizantiýanyñ özi basybalyjylykly ýörişe, Medinäni basyp almaga taýýarlyk görüp ýördi. Wizantiýalylar Pygamberimiziñ (s.a.w) mesjidini ýykyp, Ebu Amir atly bir monahy-da Pygamberimiziñ (s.a.w) ýerine häkim bellemekçidiler. Pygamberimiz mundan habarly bolansoñ, basybalyjylar şähere gelmänkä goragy şäheriñ daşynda gurnamak üçin şol ýörişi gurnady.
Haýbarda-da Nadir ogullary müşrikler bilen dil düwşüp, Hendek gününde Medinäniñ üstüni basdylar. Olaryñ niýeti pygamberi ele salyp, musulmanlary uçdantutma gyrmakdy.
Hendek gazylyp gorag üstünlikli geçensoñ, duşmalar şowsuzlyga uçrap yza dolandylar. Pygamber bu gezek Nadirogullarynyñ ýurduna - Haýbara girip, "nämüçin beren sözüñizde durman, müşrikler bilen dil birikdirip Medinäni talamak we meni öldürmek islediñiz. Biz hendek gazyp Zoran halas bolduk, nämüçin beýtdiñiz?" diýip, hasap soramaga gitdi. Ol ýerde-de hiç basybalyjylyk ýok, pygamber hiç bir ýeri basyp almady, bular ýaly zat ýok. Ýöne pygamberden soñky iki halyfyñ döwründe basybalyjylykly ýörişler bolupdy, olaryñam özleriçe tutaryklary bar, "mazlumlary halas etmäge gidýäris we ş.m." diýipdiler. Amerika hem Yraga girende "demokratiýa getirýäris" diýýär-ä, edil şoñ ýaly-da...
Muña (basybalyjylykly hereketlere) gatnaşmadyk ýeke-täk biri bar, olam Hezreti Alydyr (r.a). Ol hiç bir ýere basybalyjylykly ýöriş etmedi, hiç bir ýeri basyp almady, öñki bar ýerler bilen çäklendi. "Bir ýurda gidende, ilki "üç ýol bar: ýa musulman boluñ, ýa jizýe (salgyt) töläñ, ýa-da gylyç..." Bu toslama! Pygamberiñ bular ýaly syýasaty ýok. Bu syýasaty taryhda ýöredipdirlermi? Hawa, ýöredipdirler. Ýöne Kuranda barmy? Ýok! Pygamberiñem beýden ýeri ýok. Onda sen näme etmeli bolýañ? Ýurduñda, oturan ýeriñde görüm-görelde bolmaly. Ajaýyp sistemany ýola goýmaly. Ýaşaýan ýerinde zuluma uçran, horluk gören saña sygynsyn, senden haraý islesin. Goý, ol "menem şol ýurda gidip ýaşaýsam!" diýip arzuw etsin. Sen şeýtseñ, hemmeler senden görelde alar, hemmeler seni çagyrar. Bizem şeýtmeýäsmi näme: bir mesele ýüze çykanda "beýleki ýurtlar şu ýagdaýda näme edýärkä?" diýýäris. Medeni kanuny Şweýsariýadan alypsyñ, çünki göwnüñe ýarapdyr, mätäçleriñ derdine dowa bolýar. Sen adam bol, sen bal yap, arysy Bagdatdan geler, hiç gaýgy etme.
Fetih - köp düşünilen söz, aslynda fetih diýmek parahatçylyk döwrüni añladýar. Fetih diýlende ýadyñyza näme düşýär? "Atyñ üstünde, elleri gylyçly, "mehter" gimnini ýañlandyryp, "Allah Allah" diýip, dükürdik-dükürdik Wenany eýelemäge gidýäris." Stambulyñ eýelenmegi, Wenanyñ eýelenmegi...
"Fetih" süresi Hudeýbiýe ýaraşyk şertnamasyndan soñ - 6-njy ýylda inipdir. "İnnâ fetahnâ leke fethan mubînâ", ýagny, "Biz saña, aç-açan bir fetih berdik" diýip başlaýar. Hudeýbiýe şertnamasy ýaraglaryñ taşlanyp, uruşyñ soñlanmagy, ikitaraplaýyn çozmazlyk we parahatçylyk döwrüniñ başlamagyny göz öñüne tutýan şertnamadyr. Bu şertnama görä, on ýyllap uruşmaly däldi, ýaraglar ýeriñ teýine gömülmelidi: ine, Kuran şuña fetih diýýär. On ýyllyk fetih - bu on ýylda köp adam bilen gepleşik geçirilmeli. Yslam uruş şertlerinde däl, parahatçylyk şertlerinde ýaýraýar, şunam aýdyp galaýyn. Demokratik Yslam kongresi 2014-nji ýylda parahatçylyk (gepleşik) döwri dowam edýärkä guruldy, işe başlady we çaltlyk bilen ýaýyldy. Emma uruş başladam welin, işi togtady. Nämüçin? Çünki uruşyñ bar ýerinden söz göçýär. Adamlar gyrlyşyp, biri-birini öldürip ýörse, kim seni diñlesin? Maña "Seniñ terrorçylaryñ ýanynda näme işiñ bar? Biz olara garşy urşup ýörüs, olar duşman" diýýärler. Aý, jan gardaşym, bir dursañyzlañ! O nämäñ uruşy, o nämäñ terrorçysy, o nämäñ duşmany! Biz bir zady düşündirmekçi! Şonda näme bolýar, göreliñ. Ýaraglaryñ gürleýän ýerinde söz gutarýar. Pygamber ýaraglaryñ dymyp, sözüñ diñlenýän döwrüni başlatdy, şol döwre-de fetih diýdi. Fetih şudur! Fetih - parahatçylyk döwri diýmekdir. Kalplary açmak, gapylary açmak, köprüleri gurmak diýmekdir, göwünlere ýol salmak diýmekdir. Bulam diñe ýaraglaryñ dymýan wagtynda bolýar.





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 69 | Добавил: Gökböri | Теги: Rejep Ihsan Eliaçyk | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]