08:19
Pursat
PURSAT

Ýap-ýañam şu ýoldan,
Ine, şu ýerden
Buz dek elim üfläp-üfläp ýyladyp
Geçipdim men... Häzir bolsa barýaryn
Onki süññüm lowladyp.

Dabanmyñ astynda gütürdeýär gar,
Sürçek bu-da gowşadanok badymy.
Gorsanýan ýüregim howsala bilen
Gaýtalaýar adyñy.

Ýaramaz gözlerden,
Ýaman pällerden
Hem betpygyl duýgulardan aýanym -
Goşarlarym sandyraýar çalaja,
Seniñ galan otagyñda hyýalym.

Lowlap ýanýan ýañaklarma dökülýär
Ýap-ýañyja sypan saçlaryñ tary.
Ah, ýüregim syganok-la gursagma,
Senmidiñ zary?!

Senmidiñ gijeler düýjüme girip,
Yşkyñ bal deý şerbetini içiren?
Senmi - umydymyñ algyr laçynyn
Al-asmana uçuran?!

Nemli dodaklarym ýylgyrýar çala,
Bir pursatlyk bagtyñ oduna lowlap.
Ýanaýyn, ýanaýyn ýanmaly bolsam,
Ýa-da ýakdyñmy synap?!

Näzik ANNATYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 36 | Добавил: Haweran | Теги: Näzik Annatyýewa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aýdylmadyk söz / Goşgular - 07.03.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Eje / Goşgular - 03.03.2021
Kem-kemden / Goşgular - 16.03.2021
Конекесир мой! / Goşgular - 19.03.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Talyp haky alynýan gün / Goşgular - 01.03.2021
"Bütin älem jahan hem..." / Goşgular - 17.02.2021
Owadan geline / Goşgular - 16.03.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Gulya   [Материал]
Gowy goşgy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]