22:35
Pursadyň ýaňy
PURSADYÑ ÝAÑY

Manysyz ýaşadym käbir pursatlar,
Kä pursadym sowgat etdim gör kime.
Meniň bar ömrümi jemleýän zatlar,
Has ir goýberdiler meni ýelgine.

Bukulmadym kölgeleriň astynda,
Güneşli gün gözüm gyrpmajak boldum.
Başymy gujaga salmaryn munda,
Näbelli esere çekilen goldum.

Gitdim äkitjek deý meni ýelmaýa,
Kök urjak damarlam toprak gözledi.
Sebäp agtarmadym çala gülmäge,
Gussalamam hiç mesele çözmedi.

Pursada garaşdym duýgulam üçin,
Gelermi gelmezmi parhy ýok maňa.
Oňa göz dikmegiň lezzetin datdym,
Indi gitsem-de bor garylyp çaňa.

Indi şemal öňküsinden has çapgyn,
Maddy pikir bilen gozgadym ruhy.
Pessaý ýylgyrşymdan döredip gopgun,
Aýlanýar pelegiň döwülen çarhy.

Seýran OTUZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 69 | Добавил: Mahremlik | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022
Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022
Ýüregimiň zary / Goşgular - 23.01.2022
Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022
Halkyň Arkadagly zamanasynda! / Goşgular - 14.01.2022
Gahrymanyň gelni / Goşgular - 14.01.2022
Gözleg / Goşgular - 17.01.2022
Täze ýylym / Goşgular - 04.01.2022
Могила Гете / Goşgular - 11.01.2022
Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy / Goşgular - 04.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Mahremlik   [Материал]
sag bolun Ybraýym (bagyşlaň dogan sözüni özüm kän halamok, aganam oglanlar ulanýar, köplenç daýy diýäýjek welin ýaşyňyzam bilemok aýyplaşmarsyňyz-da ) Siziň ýazýan teswirlerňiz gaty gowy. Kyn görmeseňiz " Ýaşasym gelýär" hemem " Söý dünýäni" atly goşgulara-da seredip beräýiň, olar öz gosgulam kän tejribä ýok maslahat berseňiz minnetdar bolardym.

0
1 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Seÿran Otuzow Örän gowy šahyr eken, 1-nji gezek okadym.
Aýlanýar pelegiň döwülen çarhy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]