18:58
Prinsipial ynsan
PRINSIPIAL YNSAN

Düýn ýekän-ýekän gazetlere göz aýlap çykdym:
"Hürriyet" - 3, "Karar" - 3, "Star" - 3, "Yeni Şafak" - 3, "Akşam" - 2, "Milat" - 2, "Sabah" - 1, "Milli Gazete" - 1, "Habertürk" - 1, "Akit" - 1…
Görkezijiler gazetde çykan ýazgylaryñ sanyny görkezýär...
Merhum Sezai Karakoçyñ yzyndan ýazylan ýazgylaryñ sany…
Gyzyklanmalar geñ galdyryjy. Çünki:
Ýyllar boýy undulyşa höküm edilen idealist ynsan hakynda metbugat organlarynda şunça ýazgy çykmandy!
Şeýle-de bolsa ölensoñ gadry bilnen bir ynsan bar garşymyzda.
Kimler onuñ şahyrlygyny öñe çykarýar...
Kimler ynançlylygyny...
A onuñ syýasy pozisiýasy näme? Munuñ üstünde kän durjak bolýan ýok! Ýogsam bolmasa olaryñ garşysynda syýasy partiýanyñ başlygy bar.
Ýazgylary okap şuny oýlandym: şunça žurnalist (birküç sanysyndan başgasy) düýn nirdedi?
Sezai Karakoç imperializmiñ Bagdady bombalamagyna-okkupirlemegine garşy çykyp gygyranda, bu ýoldaşlar nämüçin onuñ sesini eşitmediler?
Sezai Karakoç imperializmiñ Siriýany böleklemegine, Liwiýany basyp almagyna garşy çykanda we şol sebäpli "öz mähellesi" tarapyndan "linç" edilende, bu ýoldaşlar nirdedi?
Sezai Karakoç imperializmiñ gysajyndaky Eýranyñ arkasynda durup, türk metbugatyndaky öjükdiriji ýazgylary tankyt edende, bu ýoldaşlar nirdedi?
Sezai Karakoç “çözüm döwri" bilen arasyna çäk goýanda, bu ýoldaşlar nirdedi?
Sezai Karakoç FETÖ-nyñ iñ güýçli döwründe oña "CIA-nyñ taslamasy" diýende, bu ýoldaşlar nirdedi?
Sezai Karakoçyñ bir sözi bar:

“Bu dünýäde bolup geçenleriñ
Bolup geçmezligi üçin
Näme edýärsiñ?..”


Diñe hor bolup solistlik etmegi oñarýarlar, Sezai Karakoç ýaly ýeke özi galjagyny bilse-de göreşmegi däl...

• AKP-ä GARŞYDY

Hiç bir tarykata ýa jemagata agza däldi.
Häkimiýetlerden wezipe hantamaçylygy ýokdy.
Teleýaýlymlara çykaýyn, at gazanaýyn diýen pikirem ýokdy.
Ýatlama agşamlaryna, dokumental gepleşiklere-de gatnaşmaýardy...
Medeniýet ministrliginiñ beren plastina (plaket) we pul baýragyny-da almaga gitmedi. "Puly mätäç birine berip goýberiñ" diýdi.
Sezai Karakoçyñ düşünjeleri, arzuw-hyýallary bardy...
Sezai Karakoçyñ guramasy bardy: Diriliş…
Erdogan tutuş sahypany onuñ ölümine bagyşlatdyrsa-da, Sezai Karakoçyñ şu sözlerini ýatdan çykardyp bilermikä?

"Häzirki partiýalaryñ hemmesiniñ boljagy boldy. Batybilen batgalaryna batdylar. Biri-biriniñ içine geýdirilip ýaşajak bolýarlar..."

"Kürt syýasatçylar, ýüzi galyñ syýasatçylar añsatlyk bilen täze-täze partiýalary gurup bilerler. Uly gohlary turzup bilerler. Täze nikaplar we gözboýagçylyklar bilen watan gözýetim podiumynda çykyş edip bilerler. Emma sen halkyñ gözüniñ agy-garasy, päk ýürek göterýän gardaşym, olara aldanma we ynanma. Köne partiýalarda-da, olardan bölünen ýüzi galyñ syýasatçylaryñ gurjak täze partiýalarynda-da seniñ üçinem, halk üçinem hiç hili umyt ýokdur..."

"Partiýalar geçmişsiz, gelejeksiz halk döretmek üçin elinden gelenini edýärler..."


• MARKSIST GARAÝYŞ

Segseninji ýyllaryñ ahyry...
"2000'e Doğru" žurnalynyñ redaksiýasy Ankaranyñ Nejatibeý prospektiniñ Kumrular köçesiniñ göni garşysyndaky binanyñ ýokarky gatynda ýerleşýärdi.
Golaýymyzdaky Menekşe köçesiniñ ugrundaky binanyñ ýokarky gatynda “Diriliş” žurnalynyñ redaksiýasy bardy. Logosynda “düşünje, edebiýat we syýasat žurnaly” diýen ýazgy bardy.
Sezai Karakoç şenbe günleri redaksiýada hemmeler üçin açyk ýagdaýda çykyş ederdi.
Adyny eşiderdim, emma hakykatda kimdigini "2000'e Doğru" žurnalynda şol döwür Jemal Süreýadan öwrendim. Marksist metbugat organy yslamçy metbugat organyny çykarýan akyldar üçin görüñ nämeleri ýazdy:

" - Oýlap tapyjy adam. Belki-de, ýurdumyzdaky ýeke-täk oýlap tapyjy. Uçursyz ukyply Mehmet Akifiñ magnawy obrazy bilen Nejip Fazylyñ akylly-başly dogruçyl taraplaryny eriş-argaç geçirip, Sezai Karakoçyñ hakyky fotosuratyny görüp bilersiñiz..."

" - Türkiýede, hususanam sagçylaryñ, hususan-da mukaddesatçy gatlagyñ arasynda ýalñyz. Ýeke özi. Hiç bir şärikdeşlige girmeýär. Daşyndadyr we ýokardadyr. Emma ýeke bolmagy onuñ ýeke galandygyny añlatmaýar. Ýasawy şeýle..."

" - Daşara garşy hilesi ýok. Hemme zady jedellip bilersiñiz..."

" - Ol şeýle bir musulman welin: Marksy-da, Nişsäni-de, Rimbaudy-da bilýär. Salwador Dalini hem erbet görmeýär. Nazym Hikmeti-de okaýar. Çetleşen, çetleşdirilen zehin. Açyk göwünliligi bilen belentden uçýar..."


Biz diñe şu gün däl: Sezai Karakoçy elmydama gowy tarapdan tanardyk, ol maddy bähbitlere kowalaşmadyk hakyky prinsipial ynsandyr.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 19.11.2021 ý.





Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 71 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 2
0
2 Haweran   [Материал]
Ertir, nesip bolsa, Sezai şahyry ýakyndan tanaýan, onuñ b.n söhbet etmek nesibesi tartan ýaş şahyrymyz Taýmaz Seýidowyñ ýatlama makalasyny bereris.

0
1 Garayolly1936   [Материал]
Ýalçyn ynsanyýetiñ häsiyetiniñ iñ bir agyryly, ahmyr dörediji gylygynyñ beyanyny beripdir. "Ýekäniñ çañy çykmaz" diylen nakyl makalanyñ duÿp ozeninde yatyr. Garagoç baýdak bolup parlan mahaly şol baydagyñ dessesini tutup durjak kim bar? Hiç kim. Oñat makala-gowy terjime. Sag boluñ.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]