22:09
Polly şahyr
POLLY ŞAHYR

Geçen asyryñ altmyşynjy ýyllarynda:
"Irdim sallahlykdan, bir heleý tapyñ,
Gaçmañ bahasyndan pully bolsa-da"- diýip başlanyan "Sallahyñ aydymyny" aýtmaklyk ýoñ bolupdy. Ilimiziñ ähli künjeginde ýañlanan bu aydymy türkmeniñ meşhur aýdymcysy Öwezgeldi Tekäýew hem ürç edip aýdardy. Aýdym "Şu goşgyny ýazan Polly bolsa-da" diýip gutaryardy.


Eýsem Polly kim?

Balkan welaýatynyñ Magtymguly etrabynda ýaşan Orazaly şahyryñ goşgularynyñ Türkmenistanyñ birnäçe ýerlerinde, dürli awtorlaryñ adyndan aydylýandygynyñ şaýady boldum. Onuñ öz düzen goşgularyny heñe geçirip aýdym edip aýtmasy hem bardy. Ençeme özboluşly goşgularyñ awtory bolan bu şahyr, öz şygyrlaryny redaksiýa hödürlemändi. Şonuñ üçin hem Orazaly şahyr barada gysgaça maglumatlary okyjylara hödürlemegi makup bildim.
Orazaly Annaberdiýew 1938-nji ýylda Balkan welaýatynyñ Magtymguly etrabynyñ Gerkez geñeşliguniñ Arapjyk obasynda eneden dogulýar.
Ol etrap merkezindäki ýerasty suwlar edarasynda ençeme ýyllap zähmet cekdi.
Orazaly Magtymguly etrabynda Polly ady bilen tanalyar. Ýokarda mysal getirilen "Sallahyñ aýdymynyñ" awtory Polly hem, elbetde Orazaly Annaberdiýewdir. Ol nusgawy şahyrymyz Gurbandurdy Zeliliniñ ýegenidir, onuñ ýanýoldaşy Maýa ýeññemiz bolsa Zelilinim çowlugydyr.
Polly 2006-njy ýylda dünýeden ötdi, Gerkezdäki gonamçylykda ýerlendi.

Hormatly okyjylar.
Pollynyñ şygyrýet dünýäsine geçmezimizden öñünçä, Maýa ýeññemiziñ maña aýdan käbir gürrüñlerini size ýetiresim gelýär. Ol: "Amangeldi! Nesil daragty türkmende aýal maşgaladan yzarlanmaýar. Şeýle-de bolsa, eger-de sen Gurbandurdy Zelili baradaky 1960-njy ýylda çykarylan kitapdaky nesil daragtyny yzarlasañ, aýal maşgala tarapdan Polly Zeliliniñ ýuwlugy bolýandyr" diýdi.

Ozal aýdyp geçişimiz ýaly Polly hiç wagt öz şygyrlaryny redaksiýa hödürlemändi. Onuñ sebäbini şeýle düşündirerdi. "Men kalbyma geleni, göwnümden çykanlary beýan edýärin, şygyr düzülişiniñ çäginden cykyp gidýärin, şol sebäplem cap edilmejegini bilip iberemok" diýerdi.

Şeýle-de bolsa men onuñ "Boldum men" "Bilen" "Dokuzlyk"goşgularyny "Halk sesi" gazetine hödürledim. Ol 1993-njy ýylyñ 20-nji oktyabrynda çap edilipdi.Ol metbugatda cap edilen ilkinji goşgularyny görüp "Inijigim! Sag bol! - diýip arkama kakypdy.
Soñra 2010-njy ýylyñ 6-njy noýabrynda Balkan gazetinde "Bilen" "Sygsyn diý" "Süññüm agralýar" "Gamlanmasyn" atly goşgularyny halkymyza ýetiripdik.
Polly goşgy setirleriniñ jemleýji kupledinde "Orazaly" "Oraz" köplen hem "Polly aýdar" - diýip jemleýär.

"Polly" lakamyny alyşyny şeýle beýan edýar:

"Ölçermäýin, açlyk ýyllañ oduny,
Nämä gerek, ýazmak hemme zadyny,
Garnym çişip aldym Polly adyny,
Garlampa oglanlañ biri boldum men"


Pollynyñ kalbyndan çykan şygyr setirlerine aýdylan aýdymlar, aýdym-saz muşdaklarynyñ öýlerinde, toýlarda ýañlanyp dur. Ýöne bereket etrabynda ýaşaýan Türkmenistanyñ at gazanan bagşysy Tąçdurdy Gulmyradowyñ Pollynyñ "Süññüm agralýar" aýdymyny aýdyşy başgaça. Ol elmydama "Bu aýdymy Magtymguly etrabyna toýa baranymda Polly şahyr öz eli bilen ýazyp maña gowşurdy, şonuñ üçindir-dä men bu aýdymy yhlas bilen aýdýaryn, diñlän gaýtadan diñlemäge isleg bildirýär" - diýip bagşy şahyr agamyzy ýagşylykda ýatlaýar.

Amangeldi HYDYR,
suratkeş.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 146 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Amangeldi Hydyr | Рейтинг: 0.0/0
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]