18:19
Pol Robsona
POL ROBSONA

Bize aýdym aýtdyrmaýarlar, gardaş,
Garañky-tümlügiñ, zulumyñ eli
Biziñ agzymyzy baglajak bolýar.
Eý, bürgüt ganatly, halkyñ bilbili,
Pälwan negr, dür dişleriñ ýyldyrýar,
Ähli zatdan heder edýär melgunlar.
Gorkýar olar säher şapagyndan hem.
Gorkýarlar täzeden, akyl, duýgudan.
Biziñ demimizden gorkýarlar bu dem.
Gorkýarlar ýatmaga, görmäge olar.
Gorkýar olar,
oýlanmaga gorkýarlar.
Perhat söýgüsinden güýçli söýgimiz,
Aýdymymyz halkyñ göwnüniñ şady.
(Belki, Perhadyñyz bardyr siziñ hem,
Habar ber, gardaşym, kim onuñ ady?)
Gorkýar olar toprakdan hem ekinden,
Gazap nahalynyñ ösýän kökünden.
Zähmetkeş halklaryñ gazaby çäksiz,
Dar dünýäni böwsüp barýar ol gazap.
Şonuñ üçin bizden gorkýarlar çaksyz,
Gorkýar olar aýdymmyzdan sandyrap!

1949 ý.

Nazym HIKMET.

Terjime eden: Ata ATAJANOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 27 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Nazym Hikmet | Рейтинг: 4.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Hüwdi / Goşgular - 14.04.2021
Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny... / Goşgular - 10.02.2021
Şahyra / Goşgular - 31.05.2021
Bagyşlaň meni! / Goşgular - 21.02.2021
Ýitgi / Goşgular - 06.01.2021
Ýazylmadyk goşgular / Goşgular - 06.02.2021
Bagyşla meni / Goşgular - 12.02.2021
Kaýyllyk / Goşgular - 30.01.2021
Soltansöýünden 40 gazal -2 / Goşgular - 08.02.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]