20:23
Poh adamlardan halas bolma güni
POH ADAMLARDAN HALAS BOLMA GÜNI

Özüñiz üçin haýsam bolsa bir güni saýlap alyñ. Şol günem size zyýan edýänleri, janyñyzy awudýanlary, wyždanyñyzy syzladýanlary, hakyñyzy iýýänleri we zulumy kanunylaşdyrýanlary... syryp-süpürip zyñyñ.

Yzda ne-hä aýalyny urup-horlaýan goñşyñyz galsyn, ne şantažist garyndaşyñyz, ne-de jahyllygyñ tarapdary tanşyñyz. Güýjüñiz ýetdiginden garşylyk berip, sessizje ýa-da gygyryp çykaryñ olary durmuşyñyzdan. Ady-da poh adamlardan halas bolma güni bolsun bu günüñ.
Ankaradaky partlamanyñ bolanyna iki gün dagy geçipdi. Gaty bir içgin gatnaşmaýan tanyşymyñ Facebook-da halan bir ýazgysy öñümden çykdy. Ol ýazgyny gönderen kişi "Gadyrdanlar, gynanar ýaly ullakan bolan zat ýok. Ölenleriñ köpüsi çepçi topbakdan. Belli bir derejede arassalaýyş işi boldy diýsegem bolar" diýip ýazan eken. Ol bu ýazgysyny gülýän smaýlik bilen soñlapdyr. Şol gün tanşym bilen nämüçin häzire çenli onçakly içgin gatnaşmandygymyñ sebäbine düşündim we wirtual gatnaşygymy-da kesip, onuñ bilen dostlugymy soñlandyrdym.
Beren garşylygym, belki-de, bir adamyñ zalymlygynady. Belki-de, diñe poh adamy durmuşymdan çykarma mümkinçiligini ulanypdym. Çünki şol gün hakykatdanam adamkärçiligiñ pohunyñ çykandygyna ynanypdym. Içimden gelýän sese hormat goýup, bu hadysa özümçe sessiz we minimal garşylyk görkezdim. Soñra näme boldy diýseñizläñ. Ynjaldym. Poh adamy durmuşymdan çykaryp zyñypdym çünki.

• Nähili ýöntemlik gözleseñ, dünýä liderligini arzuwlaýan ýurtda bar!

Soñ düşünip galdym. Nämüçin şumada deñiç dowamly şeýle garşylyk bermändigime. Garşylyk bermän geçiren günlerime gynandym. Çaga zorlugyndan aýal-gyzlary urup-horlamaga, üsti açylman galan jenaýatlardan sud edilmezden jezalandyrmalara çenli nähili ýöntemlik gözleseñ, dünýä liderligini arzuwlaýan ýurtda bar!

• Ýagşylyk üçin ylgaýan adamyñ we guramalaryñ eden ýagşylyklarynyñ jezalandyrylýan ýurdunda!

Serediñ-ä, üç ýarym ýaşynda zorlanyp öldürilen çagajyga... Serediñ-ä, ýüzlerçe adamy halas eden AKUT-yñ başyna gelenlere! Ýatlañ-a, diñe ynsandygy üçin gynanmalyka şatlanýanlary, aýdylmaly sözler barka dymýanlary, bir bähbit üçin wyždanlaryndan el çekenleri...
Ine, şu sebäplerden ötri adam öz-özüne wagtal-wagtal poh adamlardan halas bolma gününi yglan etmeli. Ha ýalñyşa dur diýmek üçin bolsun, ha wyždanyñy ynjaltmak üçin. Doly dymmagy saýlap alan we içiñize atan günleriñiziñ hasratyny diñdirmek üçin... Durmuşyñyzda näçe köp zalym, näçe köp dönük bolsa-da, iñ bolmanda ýekejesinden halas bolmak üçin...

Çagry GYRLANGYÇ.

24.10.2016 ý.





Просмотров: 88 | Добавил: Gökböri | Теги: Çagry Gyrlangyç | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]