10:37
Poeziýa
POEZIÝA

Poeziýa!
Men seniň yşgyňda gezdim,
Men seni kalbymda göterip geldim,
Göterip gelşi deý ene garnynda
Ölen bäbejigin hamyla gelniň.

Poeziýa!
Sen ömrümiň bahasy,
Nesip etse, ölerin men eliňden
Bäbejigne goýup ýagty jahany
Ýaş üstünden gidişi deý gelinleň...

***

- Hany ertire bir çyklaly inim...
- Ertir barmy?
Ertir öldürildi düýn.

***

Ýyrtyp çykdym dünýäň sabyr-takatyn,
Hakykat agtardym ýalan panydan.
Sag goluma gandal urup, sen meni
Hanjak alyp barýaň goşarsagadym?

***

Meşhurlar döreýär her bir asyrda!
Meşhur bolduňyzmy?
Saklanaweriň!
Masgaralyk bardyr ondan aňyrda...

Nobatguly REJEBOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 99 | Добавил: Ahmet | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gurjakbaşy / Goşgular - 23.01.2022
Boljak bolsa, bolýar bolmajak zadam / Goşgular - 18.01.2022
Watanym / Goşgular - 18.01.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
Atama / Goşgular - 15.01.2022
Aldawaç / Goşgular - 26.01.2022
Gül kimin / Goşgular - 03.01.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Ýaşasym gelýär / Goşgular - 11.01.2022
Ugurtapyjy towşan / Goşgular - 04.01.2022



Всего комментариев: 5
0
5 Hyýalkeş   [Материал]
Ine-de poeziýa! Şunuñ ýaly çuñ ýazyp bolaýsa!

0
4 Taryhçy   [Материал]
Ahmet öz goşgularyña-da garaşýarys jigim

0
3 mango   [Материал]
“poeziýa” ikinji bölegi gaty gowy.
Birinji bölegi “kellämi agyrtdy”

Poeziýa!
Men seniň yşgyňda gezdim,
Men seni kalbymda göterip geldim,
Göterip gelşi deý ene garnynda
Ölen bäbejigin hamyla gelniň.

Birhili kalbyndaky (garnyndaky) poeziýasy entek dogulmanka öli ýaly…

0
1 Edebiyatcy   [Материал]
Meşhur bolduňyzmy?
Saklanaweriň!
Masgaralyk bardyr ondan aňyrda.

Aýylganç!

0
2 mango   [Материал]
- Hany ertire bir çyklaly inim...
- Ertir barmy?
Ertir öldürildi düýn.

Öldürilen ertir.
Ertirimiz öli.
Bu-da aýylganç.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]