16:46
Poeziýa
POEZIÝA

Poeziýa - eşdilmän diñlenýän owaz,
Poeziýa - ol baky gutarmaz sowal.

Poeziýa - dikelýän aýanlyk däldir,
Ol gola tutdurmaz gussaly päldir.

Poeziýa - salgyma ymtylmaklyk däl,
Onda bol zatlara gultunmaklyk kän.

Poeziýa - ejiziñ gözdäki ýaşy,
Giden harasatdyr töwerek-daşy.

Onda başlangyç ýok, onda ahyr ýok,
Onuñ çägin gören ýalñyz şahyr ýok.

Onda säher süýdün emibem bolýar,
Onda çäkden çykyp eñibem bolýar.

Ýer astyny, älem düýbün görmek bar,
Onda başyñ sallap, aglap ýörmek bar.

Poeziýa - Älemiñ hany-many
Ölenleñ mazara girmedik jany.

Allamyrat RAHYMOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Haweran | Теги: Allamyrat Rahymow | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
"Ýat itiñ guýrugy..." / Goşgular - 15.02.2021
Психея / Goşgular - 03.06.2021
Alla hem şahyr / Goşgular - 25.03.2021
Araba / Goşgular - 29.03.2021
Ýene-de bir owadan goşgy / Goşgular - 20.03.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021
Aýdym / Goşgular - 24.05.2021
Dag we Asman / Goşgular - 10.11.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Revo   [Материал]
Oňat goşgy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]