12:23
Planmy... palawmy...
PLANMY... PALAWMY...

Nisşe Zerduştyny şeýle gürletdi:
" - Şol bir säwligi gaýtalap durjak bolsañ, bu seni nädip üýtgetsin?"
Soñky döwür bolup bolup geçen siller, ýangynlar, ýer titremeler däl diñe...
Bilýäñizmi; adamyñ öz ýalñyşlyklaryndan döreýän ahmalçylyklaryñ üstünde şo-ol jewelleries ýörüs. Görşüñiz ýaly, arpanyñ boýy ýaly ýol aşyp bilemzok, häkimiýet "tebigy heläkçilik" diýen bolup, "ýazgyt" diýen bolup, başdansowma edip sypýar.
Ýogsam bolmasa:
Ýadymyzdan çykyp ugran Soma kömür känindäki opurlyşygyñ ýangynlardan näme tapawudy bar?
Ýadymyzdan çykyp ugran "Aladağlar" gyzlar mekdebinde bolan ýangynyñ sillerden näme tapawudy bar?
Ýadymyzdan çykyp ugran Afýon şäher merkezindäki harby garnizonyñ ýarag ammarynda dörän partlamanyñ ýer titremede ýykylan binalardan näme tapawudy bar?
Ýadymyzdan çykyp ugran Pamukowa otly heläkçiliginiñ soñky günlerde yzly-yzyna bolup geçýşn awtobus heläkçiliklerinden näme tapawudy bar?
Ýazgytmy bular? "Ýazgyt" (takdyr) aslynda siz nämä mynasyp bolsañyz şonam başdan geçirýänligiñizdir! Ýazgyt hereket etmeýän kişä hiç mahalam kömek etmeýär.
Ýurdumyzdaky häkimiýetler "ýazgydy" - öz emelsizlikleriniñ, geleñsizlikleriniñ tutarygy etdi!
"Mañlaýa ýazylanlyk" iş oñarmazlygyñ örtügi boldy...
Düýp mesele "nämüçin sapak almadyñyz?" sowaly bolmaly dälmi? Nirde olar ýaly zat... Uly heläkçilik bolup geçýär; üç-dört gün gürrüñi edilýär we soñam şobada ýatdan çykyp gidýär!
Hawa, şol bir säwligi gaýtalap durýarys, hiç üýtgämzok!

• ERDOGANYÑ GÖZYAŞY

Kesekileşme...
Kişiniñ (ýa-da syýasy häkimiýetiñ) özünden we daş-töwereginden daşlaşmagydyr.
Kesekileşme - özünden başga her kesi abstraktsirlär, durmuş we hakykat bilen baglanyşygyny üzer. Gymmatlyga bolan garaýşyny ýitirer. Kesekileşme - "Puluña görä gürle!" diýen gödek däbiñ ýüze çykmasydyr! Kesekileşme - doýdumy-doldumy ýok sarp edijilikdir, munuñ üçin her ýol mubahdyr (näme etseñem bolýar diýen manyda).
Kesekileşme - düýp prinsip "özüñ" (menligiñ, egonyñ) mundan beýläk "närseleşmegidir" (jisimleşmegi, galyplaşmagy). Adamyñ ölümidir aslynda...
Fransuz filosofy Gi Deboryñ aýdyşy ýaly "daş görnüşe ýykgyn edýän köpçülige" (“Gösteri Toplumu”) öwürdiler. Şeýlelikde, kapitalizmiñ şekillendiren sarp edijilik gatnaşyklary ýurtdur ideologiýa saýlamazdan daş görnüşe meýilli (göz üçin edýän, dilujy) forma döredýär...
Meselem:
Ýangynlar we siller babatda bolan çekişmeli gürrüñlere seredenimizde, köpüsiniñ heläkçiligi başdan geçirýänler bilen işiniñ ýokdugyny, olara ýardam etmek ýaly derdiniñ ýokdugyny görmek bolýar.
Uludan kiçä hemmesi söz sanaşmanyñ, gep sokmanyñ, "ses çykarmagyñ", ýagny "göz üçin" tomaşa görkezmegiñ ugrunda hallan atýar... Bu baryp ýatan ruhy näsaglykdyr, köp kişi munuñ parhynda däl. Diñe kişilermi?
Geñ galdyryjy mesele sosial mediýadaky kesekileşen-parhlylygy köstli kişilerden ötri häkimiýetiñ özüni alyp barşydyr! Heläkçilik bolan ýerde çaý paýlamak nämäniñ alamaty? Edýän duýguçyl ritoriki çykyşlarynyñ ýasama (ýuwan) görünýändigini bilenoklarmyka? Özem bu täzelik däl, şuny gördük: "Prezident gelýärmiş" diýip adamlary ýykan-ýumranlygyñ astyndan çykarman garaşdylar.
Eýse häkimiýet wekilleriniñ aýdýan sözleriniñ dökýän gözýaşlarynyñ çyn ýürekden çykýandygyna kepil geçip biljek barmy? Oýun oýnaýarlarmy ýa? Bilemzok. Emma meñ çakymça şeýleräk ýaly... Çünki, bu eýýäm näçinji heläkçilik?..
Soñra? Soñra undaññaçlyk!
Soñra ýene kultlaşdyrmaga-gahrymanperwerlige esaslanýan la:pa:zanlyk...
Soñra ýene ýykan-ýumranlyk, ýene ýykan-ýumranlyk...
Bu gysyr halkadan bir tüýsli çykyp bilmän ýörenligimiziñ üstünde durmaga mejburdyrys.

• AÝTAÇ DURAK

Hawa, düýpde labyr atyp ýatanyñ "kesekileşmekdigi" hakykat. Emma bütin bularyñ barsyny diñe kesekileşmek bilen düşündirip bolmaýar.
Mynasypsyzlygam (iş oñarmazlyk) bar.
Geleñsizligem bar.
Hem ýene bir ýaramaz gylygymyz bar: şu günümizi bilip ýaşamak - ertämizi planlaşdyrmazlyk!
Aýtaç Durak "Aýtjaklarym bar" (“Söyleyeceklerim Var”) kitabyny ugradypdyr. Ol hatynda maña şeýle diýýär:
"Ministrlik häzirem gyzyl arça (kızılçam) nahallaryny oturtmak işinde öz bilenini edýär. Häzir ýurdumyzda ot alan tokaýlaryñ barsy Ortaýer we Egeý deñziniñ kenaýakalaryndaky gyzyl sosnalardyr (сосна калабрийская). Kitabymda öwran-öwran ýatladypdym. Sosnanyñ ýerine lawr, hoz, pisse, badam, injir, arnap, zeýtun ýaly agaçlar ekilen bolsa, bular ýaly uly ýangynlar bolmazdy."
Aýtaç Duragyñ pikiri dogrymy, bilemok. Ýöne şu meselelerde hiç hili meýilnamalaýyn işleriñ edilmeýändigini welin bilýärin. Degişli ministrligiñ tokaý ýangynlaryna garşy hiç hili öñüni alyş taýýarlygyny geçmändigini bolup geçen gorkunç haosda gördük. Ortada hiç hili plan ýok, meýilnamalaýyn iş ýok.
Meýilnamalaşdyryş näme? Üstünde ylalaşyga gelnen maksatlary amala aşyrmak üçin işlenip düzülen öñüni alyş işleriniñ jemidir.
Edil Menderesiñ döwründäki ýaly, soñky kyrk ýylyñ içi - Türkiýäni ýene meýilnamasyz goýdular. "Bize plan däl, palaw lazym" diýýänler, jemgyýetçilik meýilnamalaşdyryşy "kommunistlik" diýip ýok etdi.
Ýangynlar, siller, ýer titremeler we ş.m. babatda hiç hili taýynlygymyz, meýilnamamyz ýok, düýp maksadymyz ýok - ýogsam bolmasa meýilnamalaýyn iş gelejekde bolup biläýjek howp-hatarlara üns berip, şu günüñ çözgütleriniñ kabul edilmegidir.
Görşüñiz ýaly, şumatky häkimiýet her başyna näme iş düşende hamana bu zatlar birinji gezek bolýan ýaly aljyraýar, agzy uçuklaýar, näderini bilmeýär we yzyndanam gahrymançylyk nutuguna başlap oppozisiýany günäkärleýär.
Ynha, şudur biziñ ýurdumyzyñ perişan ahwaly: Başarmak üçin hiç zat meýilnamalaşdyrman iş başarnyksyzlyga dañlyp galmak.
Näme diýipdir Nisşe:
" - Şol bir säwligi gaýtalap durjak bolsañ, bu seni nädip üýtgetsin?"

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 27.08.2021 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Publisistika | Просмотров: 64 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.0/1
Publisistika bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]